20:38 Soltanguly Kutubşa | |
SOLTANGULY KUTUBŞA
Taryhy şahslar
Hindistanyň taryhynda uly yz galdyran türkmen nesilşalyklarynyň birem Kutubşa türkmenleriniň döwletidir. Kutubşalar Günorta Hindistanda we Gündogar Dekan welaýatynda hökümdarlyk eden türkmen neberesidir. Bu neberäniň esaslandyryjysy Soltanguly Kutubşa garagoýunly türkmenleriniň baharly kabylasyndan bolupdyr. Soltanguly Öwezguly Piriň ogly, Garagoýunly döwletiniň hökümdary Gara Ýusubyň bolsa ýuwlugydyr. Garagoýunly döwleti dargansoň (1469 ý.), akgoýunly neberesiniň hökümdarlarynyň yzarlamalaryna çydamadyk garagoýunly türkmenleri öňki ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdyrlar. Öwezguly ogly Soltangulyny Akgoýunlylaryň yzarlamalaryndan halas etmek üçin, öz dogany Allaguly bilen bilelikde Hindistana iberipdir. Pakistanly türkmen Şaýmerdanguly Myrady Soltangulynyň Hindistana aşanda, ol ýerde hökümdarlyk edýän Soltanmuhammet Halajy III gullugyna baryp, onuň goşun serkerdeligine bellenendigini ýazýar. (Şaýmerdanguly Myrady. «Dükön» sözi bir hüjümdir, bir batdyr, bu mekan şu günki Haýdarabatdyr // — Türkmen dünýäsi. — 2000. — iýul). Soňra ol Bahmanylar döwletiniň gullugynda durupdyr. 1512-nji ýylda merkezi Golkonda bolan Kutubşalar soltanlygyny esaslandyrypdyr. Soltanguly hökümdarlyk eden 31 ýylynyň içinde döwletiniň çäklerini giňeldipdir. Hindi alymlary N.K.Sinha we A.Ç.Banerji Soltangulynyň hindiler babatda ylalaşykly syýasat ýöredendigini ýazýarlar. Kutubşalar neberesiniň dördünji hökümdary Muhammetguly (1565-1612 ý.) 15 ýaşynda tagta çykyp, 32 ýyl soltanlyk edipdir (hökümdarlyk eden ýyllary 1580-1612 ý.). Onuň dolandyran döwri parahatçylyk we gülläp ösüş döwri hökmünde alamatlanypdyr. Sefewi türkmenleriniň hökümdary Şa Abbas I (1588-1629 ý.) ilçisiniň 6 ýyllap Kutubşalaryň paýtagtynda işlemegi bu iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň dowam edendiginden nyşandyr. 1591-nji ýylda Mogol döwletiniň hökümdary Ekberiň ilçilerini oňat garşylan Muhammetguly, olardan gymmatbaha sylaglary ugradypdyr. Muhammetguly Kutubşa 26 ýaşynda Hindistanda täze bir şäheri — Haýdarabady gurduryp, ony öz paýtagtyna öwrüpdir. 1593-nji ýylda Muhammetgulynyň soltanlygyny elhenç mergi keseli gurşap alypdyr. Kyn ýagdaýa düşen hökümdar «ölüp barýan raýatlaryna rehim etmegini» sorap, Allatagala mynajat edipdir. Öz gezeginde adamlaryň: «Biribaryň keremli häkimligini we onuň rehimdarlygyny» ýatlap durmaklary üçin, ajaýyp bir ymaraty bina etjekdigine söz beripdir. Mergi belasy sowlansoň, Muhammetguly öz sözünde durupdyr. Onuň gurduran dünýäniň dört tarapyny alamatlandyrýan, asmanda seleňleýän dört sany minarasy bolan Çar-Minarasy Hindistandaky musulman binagärliginiň gaýtalanmajak eseridir. Muhammetgulynyň gurduran täze paýtagt şäheriniň ady birnäçe gezek üýtgedilipdir. Rowaýata görä, Muhammetguly ýaşlygynda Bhagmati atly tansçy hindi gyzyna aşyk bolupdyr. Yşk heseri başyna uran ýigit täze şäheri bina etmegi we ony söýgülisiniň hormatyna Bhagnagar (hindi dilinden terjime edilende «şowlulygyň şäheri» diýmegi aňladýar) diýip atlandyrmagy ýüregine düwüpdir. Ol sözünde durupdyr. Emma şaýy ulamalarynyň talaby bilen şäheriň ady dördünji halyf Alynyň hormatyna, onuň ikinji ady bilen baglanyşykly Haýdarabat diýip atlandyrylypdyr. Hindistanyň taryhynda türkmen yzlary hakda ençeme makalanyň awtory Baýramgeldi Çaryýew şäheriň adynyň Soltangulynyň iň uly ogly Haýdaryň hormatyna Haýdarabat diýlip atlandyrylandygyny ýazýar. Bulardan başga-da, Muhammetguly şypahana, adalat köşgüni, metjitleri, howuzlary gurdurypdyr. Mekge metjidiniň düýbüni tutdurypdyr. Onuň döwründe Kutubşa türkmenleriniň döwleti dünýäniň almaz we dür söwdasynyň esasy merkezine öwrülipdir. Muhammetguly 47 ýaşynda aradan çykansoň, Kutubşalar döwleti gowşapdyr. Mogol patyşasy Ewrenkzeb 1687-nji ýylda 8 aýa çeken gabawdan soň, Golkonda galasyny gabap, Kutubşalar soltanlygyny ýykypdyr. Şeýlelikde, garagoýunly türkmenleriniň Dekan ýaýlasynda guran Kutubşalar soltanlygy 166 ýyl dowam edip, öz ornuny taryha beripdir. Kutubşalar neberesine dahylly hökümdarlar yslam we hindi medeniýetlerini utgaşdyrmakda uly rol oýnapdyrlar. Golkonda dürli döwletler bilen söwda etmegiň merkezi bolupdyr. Çünki bu ýerdäki almaz känlerinde öndürilýän göwherler we merjen daşlary täjirleriň ünsüni özüne çekipdir. Häzirki wagtda britan täjini bezeýän meşhur Kohy-Nur almazy hem Kutubşa türkmenleriniň döwletiniň çäklerinden tapylypdyr. Kutubşa türkmenleriniň döwletiniň soltanlary Soltanguly we Muhammetguly şygyr ýazmakda hem ussat bolupdyrlar. Bu neberäniň agzalary pars we urdu dillerinde hem şygyr ýazypdyrlar. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||