20:56 Boş sakyrdydan ýadadyk | |
BOŞ SAKYRDYDAN ÝADADYK
Publisistika
Size şu gün ýapon ykdysadyýetinden gür berjekdim. Biziñ mediýamyz ne tupanlary turuzdy: - Ýapon bazarlarynda taryhy peseliş... - Aziýany-da täsiri astyn alan peselme aladaly syn edilýär... Kapitalizmiñ bileni-biteni gorkuzmak! Eý-how, gadyrdan, eýýäm ýatdan çykardyñyzmy: 1986-njy ýyldan 1991-nji ýyla çenli Ýaponiýada emläk we bazar bahalary, kredit saýlawlary, pul hödürlemeler arkaly uly möçberde çişirilen şar 1992-nji ýylda ýarylmadymy? Bu näçenji "gara ýekşenbe"? Netijede Ýaponiýa on ýylyny ýitirdi, yzyndan ýene bir on ýyly suwa gitdi. Agramy döwletiñ we halkyñ egnine düşdi! Size Liberal Demokratik partiýanyñ başlygy we dokuz ýyllap ýurduñ premýer-ministrligini eden Şinzo Abeniñ neoliberal syýasatlaryndan 2022-nji ýylda janyna kast edilip öldürilişine çenli kän zatlar barada ýazjakdym. Emma... Biziñ ýurdumyzyñ gündelik gep-gürrüñi boş gybatlardan halas bolup bilmeýär, öz-özlerini iýip gutarýan harçañlaşmalar gutararly däl... Edhem Eldem * * * Gazetiñ adyny agsasymam gelenok, çak edişiñiz ýaly häkimiýete ýakyn gazetleriñ biri... Awtorynyñ adyny-ha hijem agzajak däl, şonsuzam hemmesi bir ketekden çykan ýaly birmeñzeş ýazýarlar... Gürrüñ ýene soñky ýyllaryñ tükeniksiz ýañkalaşmasy: "Ata-babalarymyzyñ mazar daşlaryny okap bilemzok". Ýagny, "ah osmanlyça, wah osmanlyça!" Indi gaharyñy getirmän durmak mümkin däl. Serediñ: Daşary ýurtdaky ylmy jemgyýetçilikden sorap görseñiz, "Türkiýedäki köne ýazgylar bilen birlikde mazar daşlary boýunça iñ köp ylmy-barlag işlerini geçiren alym kim": professor Edhem Eldem... Eýsem mazar daşlary boýunça geçiren düýpli ylmy işleri biken tanalýan professor Eldeme mobbing edip Bosfor uniwersitetinden on bäş gün öñ işden gitmegine siziñ özüñiz sebäp bolmadyñyzmy? "Osmanlyça mazar daşlaryny okap bilemzok" diýýänleriñ näçesi professor Eldemiñ ylmy-barlag işlerini okap gördükä? "Stambulda musulman gonamçylyklary we mazar daşlary" ("İstanbul’da Müslüman Mezarlıkları ve Mezar Taşları"), "Osmanly mazar daşlaryndaky taryh beýtleri hakynda düşünjeler" ("Osmanlı Mezar Taşlarındaki Tarih Beyitleri Hakkında Düşünceler"), "Rumelihisar şehitlik dergähi" gonamçylygynyñ mazar daşlary" ("Rumelihisarı Şehitlik Dergahı Mezarlığı Mezar Taşları"), "Ýanyçar daşlary we taryh hakynda" ("Yeniçeri Taşları ve Tarih Üzerine")... Uzatmaýyn-la... Osmanly mazar daşlary boýunça ussat hünärmen professor Edhem Eldem "Stambulda ölüm. Osmanly-yslam medeniýetinde öli rituallary" (“İstanbul’da Ölüm: Osmanlı-İslam Kültüründe Ölü Ritüelleri”) ýaly ylmy işinde sahypa-sahypa edip, her bir mazar daşynyñ mazarda ýatanyñ ýaşan jemgyýetine sungat eseri formasynda berilen şahsyýetnamasydygyny ýazdy... "Ah osmanlyça, wah osmanlyça" diýýänler şu ylmy işleriñ ýeke sahypasyny okandyr öýdemok... * * * Gürrüñsiz, mazar daşynyñ taryhy many-mazmuny biziñ çak edişimizden has uly. Mazar daşlary degişli döwrüniñ ynançlaryny, adatlaryny, sungat däplerini, tebigy, ykdysady, sosial şertleriñ umumy önümidir... Mazar daşlary taryhy dokumentdir: Şäherçilik, daş işçiligi, ýazuw we bezeg sungaty, etnografiýa, dinler ýaly birnäçe ugurda gymmatly maglumatlary berýär. Ajaýyp arhiw diýsegem bolýar... Ýöne bütin bu zatlaryñ barsyna diñe osmanly dilini bileniñiz bilen düşünip bilmersiñiz. Bar, "dilini" öwrendiñiz diýeli, grammatikasynam çözdüñiz, diliñ gurluşyny we taryhy ösüşini nädip biljek? Mazar daşynyñ ýüzünde ýazylanlar akyp ýatan derýadyr. Onsoñam mazar daşyna ýazgy ýazmak türklerde yslamdan has ir başlapdyr... Hawa, mazar daşy tradiýasy köp taraplydyr. Dil bileniñ bilen bolmaýar, mazar daşynyñ ýüzündäki saryklaryñ, kawuklaryñ, tekkeleriñ (tahýalaryñ), derme-dagyn serpuşlaryñ, külah görnüşleriniñ manylaryny nirden biljek? Şunam sözümiñ üstüne goşaýyn: Türkiýede ýüzüne osmanlyça ýazgy bolan mazar daşynyñ sany örän az. Anadolyda-ha ýok diýen ýaly. Ýazgyly mazar daşy däbi respublikamyz döredilenden soñ başlady. Galyberse-de, seljuklt-osmanly mazar daşlaryna hossar çykanam respublikamyz boldy. Mazar daşlary boýunça birinji ylmy-barlag işlerini "Halk öýleri" ýola goýdy, žurnallarynda ylmy makalalary çap etdi. Bu boýunça birinji kitaby 1932-nji ýylda Nüzhet Ergun ýazdy... Gadyrdan, respublikan režim mazar daşlary boýunça simpoziumlary geçirdi, AKP bolsa 22 ýyllap ýeke simpozium geçirmedi! Häkimiýet mediýasyda häzirem "atalarymyzyñ mazar daşlaryny okap bilemzok" diýseler, gaharlanman näme edeýin dagy? Siz ilki professor Edhem Eldem ýalym alymlarymyzyñ gadryny bilmegi öwreniñ... Neoliberalizmiñ mazar daşlarynda ýazanlarynyñ gürrüñini etsek gowy bolmazmy asyl?.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |