22:34 Sorosy goldamak | |
SOROSY GOLDAMAK
Publisistika
GItler 1938-nji ýylyñ başynda Çehoslowakiýadan ilatynyñ agramly bölegi nemes dilinde gürleýän Sudet oblastynyñ özüne berilmegini talap etdi. Sudet krizisi Ýewropa ýurtlaryny urşuñ bosagasyna getirdi. Iñlis premýer-ministri Newill Çemberlen ara girip, Gitler bilen Mýunhen ylalaşygyna gol çekdi. Ol Sudet oblastynyñ Germaniýa berilmegini üpjün edip, urşuñ turmagynyñ öñüni alaryn öýtdi. Ýalñyşdy... Günbatar metbugaty Putiniñ Ukrainanyñ gündogarynda rus dilinde gürleýän Donesk we Lugansk oblastlarynyñ garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar etmegini Sudete meñzedýär. Çyndanam şeýlemikä? Russiýa-Ukraina krizisi arkaly Gitler ýatlandy welin, Netflix-de "Gitler. Bir karýera" dokumental filmine tomaşa etdim. "Tomaşa etdim" diýsemem, ýarpysyna ýetende taşladym. Günbataryñ millionlarça adamyñ ölümine sebäp bolan taryhy şertleri görmezlige salyp, ýeke-täk günäkär hasaplaýan Gitleri mejbur etme, jynsy durmuşy ýaly häsiýetiniñ üstünden gürrüñ bermeginden, propagandasyndan irdik! Gitleriñ häkimiýete gelmeginde Günbataryñ Germaniýanyñ boýnuna eziji şertler dakan Wersal şertnamasynyñ paýy ýokmy näme? "Kommunistler häkimiýete gelmese bolýar" diýip nemes-ýewropa kapitalynyñ we Günbataryñ Gitlere goldaw bermeginiñ uruşda paýy ýokmy näme? We ş.m. Günbatar gopbamsylygy öz kemçiligini görmelidir öýdenok. Günäkäri mydam "kesekiden" gözleýär... • "PYRTYKAL REWOLÝUSIÝA" Şu günem... Günbatar metbugaty Putini urşuñ ýeke-täk sebäpkäri hasaplaýar. Urşuñ sebäbini Putiniñ şahsy häsiýetlerinden gözleýär. Taryhy şertler, üýtgeşmeler ýene görmezlige salynýar! Mysal üçin, soñky otuz ýyla ser salalyñ: 1991-nji ýylyñ 8-nji dekabry. Ukraina garaşsyzlygyny gazandy. Ilkinji prezidentlige Ukrainanyñ Kommunistik partiýasynyñ başlygy Leonid Krawçuk saýlandy. Üç ýyldan soñ ýerini saýlawlar esasynda Ukrainanyñ Kommunistik partiýasynyñ Merkezi komitetiniñ başlygy Leonid Kuçma berdi. ABŞ-Günbatar Russiýa ýakyn durýandygy üçin Kuçmany "halanylmaýan adam" yglan etdi. Onuñ ýerine günbatarçy bankir Wiktor Ýuşşenkony getirjek boldy. Ýeñini çermedi: Serbiýanyñ "Otpor", Gruziýanyñ "Kmara" atly Sorosyñ goldaýan toparlary Ukrainada "Pora" ady bilen guruldy. "Poranyñ" ýolbaşçysy Wladislaw Kaskiwiñ özi öñem Sorosyñ hasabyna işleýän biridi. Sorosyñ Açyk jemgyýetçilik institutynyñ Ukrainadaky ady Halkara Renessans fondydy. Sorosyñ "Azatlyklar öýi" hem dek ýatanokdy. Serbiýada "sorosçy rewolýusiýa" tejribesini başdan geçiren M.Markowiç ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen "Знаю" atly täze raýat-jemgyýetçilik guramasynyñ başyna oturdyldy. Angliýanyñ "Westminster" demokratiýa fondy, Germaniýanyñ "Marshall" fondy hemişe aradady. Garşydaş "Kanal 5" ýaly teleýaýlymlar guruldy. Saýlaw sandyklaryndan anketalaryñ garaşyşyndan başga netije çykdy welin, "saýlawlarda galplyk bar" diýip, halk köçelere döküldi. Saýlawlar täzelendi we Ukrainada ABŞ-Günbatar goldawly "pyrtykal rewolýusiýa" durmuşa geçirildi! Sorosyñ Açyk jemgyýetçilik institutynyñ ýolbaşçysy Boris Tarasýuk daşary işler ministri boldy. Institutyñ ýolbaşçy düzüminiñ agzasy Ý.Mostowanyñ adamsy Anatoliý Grisenko hem Goranmak ministri edildi. "Poranyñ" başlygy Kaskiw täze prezident Ýuşşenkonyñ geñeşçisi boldy we ş.m. • ERDOGAN KIMIÑ ÝANYNDA Sorosçy prezident Wiktor Ýuşşenko: - Ýewropa bileleşigine (ÝB) girjek - diýdi. - NATO guramasyna girjek - diýdi. Ukraina-Russiýa gatnaşyklary dartgynlylaşyp başlady. Mundan öñinçä Ukraina "S-200" raketasy bilen 88 ýolagçyly rus uçaryny düşürdi! Soñra... Häkimiýete gelen doneskli Wiktor Ýanukowiç Russiýa bilen gatnaşyklary düzeltdi. Ukraina-ÝB bilelikde hereket etmek baradaky şertnama gol çekmedi. Bu karar ýurdy içerki gapma-garşylyklara iterdi. Ýüzden gowrak adam wepat boldy. 2004-nji ýylyñ saýlawlarynda sorosçylara ýeñilen Ýanukowiç on ýyldan soñ 2014-nji ýylda ýene sorosçy herekete ýeñildi, ýurdy taşlap gitmäge mejbur boldy. Aslynda ýurtdan kowlan Russiýady we Russiýa Krymy anneksirledi (güýç ulanmak arkaly almak). Ýanukowiçiñ ýerine gelen, pyrtykal rewolýusiýanyñ maddy hemaýatkärlerinden milliarder Petr Poroşenko ÝB-Ukraina bileleikde hereket etmek şertnamasyna gol çekip, integrasiýa prosesini çaltlandyrdy. Russiýa bilen hiç bir babatda hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýdyp, NATO-nyñ düzümine girjekdigini mälim etdi. Dowamynda: "Halkyñ hyzmatkäri" atly teleserialda artistlik edip meşhurlyk gazanan, teleserialyñ ady bilen partiýa gurup häkimiýete gelen Wladimir Zelenskiý şol bir syýasaty ýöretdi. ABŞ-na bolan resmi saparynda NATO talaby we Prezident Jo Baýdeniñ "agzalyk talabyñyzy tizleşdireris" çykyşy Ukraina-Russiýa konfliktini çuñlaşdyrdy. Rus goşuny ukrain serhedine geldi we yzyndan düýn Ukraina girdi. Netijede: Meseläni diñe Putinde görmek nädogrydyr. Meseläni diñe Putiniñ häsiýetinden gözlemek nädogrydyr. Meseläni diñe rus syýasatynyñ üstüne ýüklemek nädogrydyr. Günbataryñ zol-zol Sudet konfliktini ýatladyp durmagy, Ukraina "ýanyñyzdadyrys" diýmegi konfliktiñ urşa öwrülmegine sebäp boldy. Russiýa NATO gabawyna ýol bermedi. Ýeri: Içerki syýasatda Sorosa garşydaşlyk edýän Erdogan Ukrainada Sorosyñ goldawyndakylar bilen haçan we nädip "hempikir" boldy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |