04:40 Söwdany gadagan etmek | |
SÖWDANY GADAGAN ETMEK
Maliýe we ykdysadyýet
Spirtli içgileriñ satuwy gadaganmy, dälmi? Meselä şu nukdaýnazardan serediñ: Spirtli içgileriñ söwdasyny gadagan edýän kelle kripto pul alan-aldylygyna neçüýn tomaşa edip oñduka? Ýüzlerçe ýylyñ meselesi - spirtli içgileriñ gadagançylygy we onuñ düýp-teýkarynda din bar! Osmanlynyñ ilkinji soltanlary ýeke damja içgi datmady. Soñra Fatih Soltan Mämmet dagy içip başlapdyr. Spirtli içgileri ilkinji bolup gadagan edenem Soltan Süleýman Kanunydyr. Osmanly bazarynyñ durgunlaşmagy onuñ zamanynda başlady... Osmanly döwleti söweşlerde ýeñlişe uçradykça spirtli içgileri gadagan etmek wajyp meselä öwrüldi: ähli şowsuzluklaryñ sebäbi "şum içgidi"! Soltan Myrat IV özem içýändigine garamazdan alkogolly içgiler bilen birlikde çilimi we kofe önümçiligini gadagan etdi. Soltan Selim III içgini gadagan eden patyşalaryñ hataryna goşuldy. Soltan Mahmyt II gadagançylygy böwseni bilenem çäklenmedi, iñ içegen patyşalaryñ biri boldy. Soltan Abdylmejit barypýatan alkaşdy, ol kämahal gije ýarymdan soñ lülgammar halda arabasyna ýüklenip köşge getirilerdi. Rom içen Abdylhamyt II-niñ ýatlamalarynda aýdylyşy ýaly dogany Myrat V-i içgä öwrenişdiren Namyk Kemal eken... Mehmet Reşat we Wahdetdin agyzlaryna içgi degirmedik osmanly patyşalaryndandyr. Şular ýaly ygtybarsyz bazara spirtli içgiler üçin maýa goýumlaryny goýmaga ýürek edip bilersiñizmi? Sözüme ýokardaky taryhy maglumatlar bilen başlamagymyñ sebäbi-de, spirtli içgileriñ söwdasynyñ gadagan edilmeginden düýpgöter başga netije çykarmakdyr. Şeýle: ■ JÖHIT TÄSIRI Werner Zombart (1863-1941)… Nemes ykdysatçysy... Onuñ 1911-nji ýylda ýazan “Die Juden und das Wirtschaftsleben” eseri biziñ dilimize "Jöhitler we zamanabap kapitalizm" (“Yahudiler ve Modern Kapitalizm”) ady bilen terjime edildi. Ol jöhit dini bilen kapitalizmiñ arasyndaky parallelligiñ manysyny tapmaga synanyşdy. XVI-XXV asyrlarda kapitalizmiñ kemala gelmeginde jöhitleriñ oýnan roluny öwrendi. Jöhitleriñ "Täze Ierusalim" diýip atlandyran Amsterdan ýaly Ýewropanyñ birnäçe şäherlerindäki söwda statistikasyny seljerdi. Mysal üçin... Leýpsig sergisine gatnaşan jöhit söwdagärleriñ sany: 1675-1680-nji ýylda 416 bolsa, 1830-1839-nkjy ýyllarda 6 müñ 444-e ýetipdir! Amerika yklymyna gadam basan ilkinji söwdagärlerem jöhitlerdendi. (H.Kolumbyñ özüniñem eje tarapy jöhit ahyryn!) Berlindäki 54 sany piwo zawodynyñ 27-sine jöhitler eýeçilik edipdir. Ol haýsy pudalda näçeräk jöhit ýolbaşçynyñ bardygyny anyklapdyr. Meselem... Germaniýanyñ deri we teker önümçiliginiñ 31,5 göterimi jöhitleriñ elinde. Zombart bulary atma-at, şereketme-şereket ýazdy. Ýagny... jöhitlere diñe maliýeçi-süýthor hökmünde garamak ýalñyş. (Olaryñ maliýe dünýäsindäki güýjüne kiçi-girim baha berip bolmaz, 1690-njy ýylda Oppenhaýmer diñe Ýewropada däl, dünýä derejesindäki bankirdi.) Netijede Zombart jöhitleri "erkin söwdanyñ atasy" hasaplady. Şu soraga gelesim gelýär: ■ POPULIST ADATYLYK Zombart zamanabap kapitalizmiñ öñbaşçysy hasaplan jöhitlerini toparlara böldi: Ispaniýadan we Portugaliýadan kowlan sefarad jöhitleri aşkenaz jöhitlerinden hemişe bir ädim öñdedi. Olaryñ baýlygyna hiç kim bäs edip bilenokdy. Osmanla 90 müñ sefarad gelen bolsa, Italiýa 9 müñ, Fransiýa 3 müñ, Gollandiýa, Angliýa, Germaniýa 25 müñ, Amerika 5 müñ sefarad gidipdir. Zombartyñ "dörediji zehin" hasaplan sefarad jöhitleri Günbatarda (oñarýan käbir hünärleri boýunça işlemek gadagan edilendigine garamazdan) zamanabap kapitalizmi kemala getiren bolsalar, olaryñ Osmanla ýerleşen agramly bölegi nämüçin osmanly ykdysadyýetini galkyndyryp-özgerdip bilmedi? Zombartyñ ýakyn dosty Maks Weber tradision ykdysady hereketleriñ nähili özgerip-üýtgeýşini beýan edýän "Kapitalizmiñ ruhy we protestant ahlagy" kitabynda yslamyñ kapitalizme garşy gelýändigini aýtdy. Bu kesgitleme jedelli bolup biler. Emma “çileli ýaşaýyş formasy”, “konserwatiw ahlakçylyk” we ş.m. düşünjeleriñ kapitalizmiñ öñüne böwet bolýandygy hakykat… Hawa, jöhitler osmanlynyñ sap basybalyjylyga-olja esaslanýan ykdysady düşünjesini-feodalizmi näme sebäpli aşyp bilmedi? Ne döw çaldyka olaryñ söwda ugrundaky ukyp-başarnyklaryna? Näme bolduka oýlap tapyjy jöhitlere? (Galyberse-de Marokka 20 müñ, Alžire 10 müñ, Müsüre 2 müñ sefarad bosguny göçüp baran eken we musulman ýurtlarda-da kapitalizme geçilmedi!) Munuñ jogabyny Zombartyñ şu sözünden tapdym: "Jöhitleriñ özboluşly aýratynlygy - baran ýerlerine çalt uýgunlaşmagydyr." Ýagny... jöhitler osmanlylary-musulmanlary däl-de, osmanlyly musulmanlar jöhitleri özlerine meñzedipdi aslynda! (jöhit taryhynyñ iñ uly “çileçi mistiki” mesihçilik hereketiniñ-sabetaýistleriñ osmanlylaryñ arasyndan çykmagy tötänlikmi näme?) Hamala osmanly jöhitleri garyplygy näletleýän, baýlygy mazamlaýan "Talmudy" ýatdan çykaran ýalydy! Ýa-da: Günbatary özgerden jöhitleri Osmanly dürli gadagançylyklar arkaly söwda etmez ýaly ýagdaýa düşürdi... Sözümi jemlär bolsam: 2021-nji ýylda gezip ýörüs. Ýurdumyzda spirtli içgileriñ söwdasynyñ gadagan edilmeginiñ üstünde pikir alşylýar! Ýurdumyz çöküş döwrüniñ Osmanlysy ýaly gündelik durmuşa goşulyşýan "mistiki çäklendirmeler" bilen öwünmegi diýseñ halaýar. Şular ýaly syýasy atmosferada zamanabap kapitalizmiñ etaplaryny XXI asyrda näme sebäpli häzirem geçip bilmändigimiz kimiñ piñine? Populizmiñ werziş bolnan adatylygyndan sypyp bilenoklar… Soner Ýalçyn "SÖZCÜ" gazeti, 05.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |