16:59 Şowsuz nika | |
ŞOWSUZ NIKA
Publisistika
Añymda hemişe şu jümle asyl-asyl bolup dur: - Näderejede has köp demokrat bolan bolsak, şonça-da köp ahlaksyz bolduk! Imperializm "medeniýet" sözüni eksplutasiýasyna galkan edindi. Häzir bu sözüniñ ýerini "demokratiýa" aldy. Hasam beteri, din derejesine getirildi. Adamlary, jemgyýetleri, ýurtlary mukaddesleşdirilen "demokratiýa" bilen sandan çykardylar we öldürdiler... Näçe gezek ýazdym: Saýlawlar bizi yzagalaklaşdyrýar, ýabanylaşdyrýar, islendik zady emeli ýagdaýda götergilemek arkaly manysyzlaşdyryp ownadýar (Progressiw yslamy-da şeýdip sozdular). Görýäñiz-ä, bir demokrat öz bolşy bilen köpçüligiñ nädogry ýüzlere ýakynlaşmagyna sebäp bolýar! Biziñ ugrumyz hanjak? Demokratiýa diýip gygyrýanlaryñ köpüsi, çykalganyñ, azat boluşyñ däl-de, öz şahsy bähbitleriniñ, gara nebsiniñ ugunda hallan atýar! Kürsiden, wezipeden başga hiç zady piñine almaýan bular ýaly adamlar käte bilnikli, käte özleri-de bilmän uly syýasy ahlaksyzlygyñ içine düşýär. Bu aýyplamany agyr hasaplamañ. "Şul-a üýtgemez, azmaz" diýlen syýasatçylaryñ syýasy güýji öz şahsy bähbidi üçin ulanýanlygy indi geñ galynybam durlanok... Renessansçy filosof Benedikt Spinoza eger häzir diri bolsa bu ýagdaýa “hoşniýetlilige barýan ýol añsat däl" diýerdi. Serediñ: Ahlak teoriýasynyñ merkezinde jemgyýetçilik bähbidi ýatyr. Kimleriñ halk üçin syýasata baş goşandygynyñ ýeke-täk görkezijisi şudur. * * * Syýasaty we ahlagy deñeşdirip göreniñizde, hemişe bir hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarsyñyz: Demokratiýa gözboýagçylygyñ režimidir... Renessans döwrüniñ akyldary Makiawelli ahlak bilen syýasatyñ şowsuz nikasynyñ bardygyny ýazdy. Adamzat asyrlar boýy başyndan geçire-geçire geldi: Syýasat diñe aldady we bu jemgyýetlere oñyn täsir etmeýän çüýrük gatnaşyk hötjetlik bilen dowam etdirilýär. Bu bolsa elmydama jahyllaryñ dogulmagyna - jahylyýete sebäp bolýar... Syýasy partiýalaryñ arasyndaky şahsy bähbide dañylyp galmalar ýurduñ gelip ýeten soñky gözgyny halyny görkezýär... Ahlakly bolmagyñ talap edýän dogruçyllygyny, ýagşylyksöýerligini, açykgöwünliligini, mylakatlylygyny, ölçegliligini gözleýäris. Köp zat isleýärmi näme? * * * "Tanzimatyñ" awtory Mustapa Reşit paşa öz döwründe "respublikaçylykda" aýyplandy. Birinji Meşrutyýetiñ (Konstitusion monarhiýanyñ) lideri Mithat paşa öz döwründe '"respublikaçylykda" aýyplandy. Respublikanyñ düýbüni tutanam Mustapa Kemal paşa boldy... Aradan asyrlar-asyr geçdi. Kylyçdarogly häzir respublikaçymy? Köp adam onuñ respublikany ýykmak üçin kürsiden el çekmändigini pikir edýär! Bilemok-da. Emma kontrrewolýusioner demokratdygy inkär edip bolmajak hakykat! Köp sanly demokrat ähli gazanylan üstünlikleriñ, esasanam adamyñ "tepbedini okan" pyçagy "sag eli" bilen sünçdi! Ah! Hemişe bir zada gaharym gelýär: aramyzdaky goýun derisine giren şagallara özümizi aldadýarys. Gün geçdigisaýy hapalanyp barýarys. Diñe syýasy partiýalar däl, tutuş jemgyýet bolup jahyl bolduk, taşlandyk, zaýalandyk, düzgün-tertibimiz çüýredi... Öñbaşçy syýasy partiýalaryñ bular ýaly derejede bozulmagy öz içinde uly sarsgyn, umytsyzlyk, ýykgynçylyk döredýär. Iñ erbedi-de, şindizem muña pitiwa etmeýän merkezi oligarhiýa bar... Syýasy partiýalarda özgerişlikleriñ bolmagyny isleýänler ol pyçagy çykaryp, hassany sagaltmasa bolmaýar. Ýogsam bolmasa: Partiýalar ýekän-ýekän öler, hojaýynyndan sylag-serpaý almak ýaranjañlygy kök urar we oñurgasyz-ýiliksiz täsin jandara öwrýler. Iýmiti-de diñe zir-zibildäki poh-püsül bolar! Kongres soñky kararyny bermeli bolar: Ýa-ha her dürli ownaýyşa sebäp bolan "ulufe sistemasy" üstün çykmaly bolar ýa-de respublikany öñe alyp isleýän çepçiler... Syýasy partiýalaryñ gaflatdan, gapyllykdan, batyllykdan halas boljagyna, biragyzdan bir çukura tüýkürip, ýagty geljege çykjagyna ynanýaryn. Çünki jemgyýetiñ, ýurdumyzyñ halas boluşlyga öñbaşçylyk etjek partiýa mätäçligi bar. Şer ojaklarynyñ öñüne diñe sowukganly, hakydasy berk, heýjanyny ýitirmedik syýasy partiýa bilen böwet basyp bolar. Haýal etmän, wagt ýitirmezden... Başgalary gaýtalaman, ýedi ölçäp bir kesjek başlangyja mätäçligimiz bar. Çünki "demokratiýa" gözboýagçylygyna duwlanyp, ähli gymmatlyklaryñ içiniñ köwülmeginden ýadadyk... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |