07:07 "Sowuk urşuñ" jansyz pişikleri nämüçin şowsuzlyga uçrady? | |
"SOWUK URŞUÑ" JANSYZ PIŞIKLERI NÄMÜÇIN ŞOWSUZLYGA UÇRADY?
Taryhy makalalar
Pişiklerden birinji gezek çynlakaý peýdalanmagyñ ugruna düşenem ABŞ boldy. "Project Acoustic Kitty" maksatnamasy MRU-nyñ bäş ýylyny we 20 million dollaryny ýele sowurdy we netije masgaraçylykly gutardy. Surat: L.Prang & Co/Library of Congress Pişikler adam oglunyñ diñe dostlukly gatnaşyk saklaýan seýrek haýwanlaryndan. Özem hemme medeniýetde diýen ýaly ýagdaý şeýle. Uzak Gündogardan Gadymy Müsüre çenli pişik diñe pişikligine galýar. Ol it ýaly garawulçylygam edenok, atdyr eşek ýaly arkasynda ýükem daşanok. Gerinýär, pallaýar, oýnaýar, dyrçanaklaşýar. Özünde bar bolan efsundan bolsa gerek, adam ogly oña dygysyz manylary berip gelipdir. Mysal üçin, gadymy müsürliler pişikleri ýerasty dünýäsiniñ sakçylary hasaplapdyr, pişikleriñ ýaramaz ruhlardan we doga-jadydan goraýandygyna ynanypdyr. Rimde arassa we owadanja öý pişiginiñ bahasyna birnäçe guly satyn alyp bolupdyr. Anadolyda pişik Pygamberimiziñ (s.a.w) söýgüsine mynasyp bolandygy sebäpli yrsgal-bereketi añladypdyr. Osmanly döwrüniñ şahyry Naili ölen pişiginiñ yzyndan şeýle setirleri ýazypdyr: Serçe deý tutardy towuk bilen gazy, Öz ýakyny deý şir bilen ederdi ba:zy Ençe kapyr syçany öldüripdi ol gazy, Nädeliñ, ah pisi, neýläliñ wah pisi Asyl nusgasy: Serçe tutar gibi tutar idi tawukla kazy Kendi akran gibi şîr ile ederdi bâzy Nije kâfir syçan öldürmüş idi ol gâzi Nidelüm ah pisi neýleýelüm wah pisi Bu janawerleriñ başdan geçiren şum döwri orta asyrlar bolupdyr. Kimden, nädip eşidenem bolsalar, inkwizisiýanyñ sudýalary jadylaryñ pişikler bilen arasynyñ sazdygyna ynanypdyr. Bir adamyñ jady hökmünde sud edilmeginiñ subutnamalarynyñ biri-de onuñ pişik saklamagy bolup bilipdir. Pişigiñ reñki gara bolsa-ha, onda ýagdaý hasam erbetleşipdir. Hususanam, Rim papasy Grigoriý IX-niñ döwründe köp sanly aristokrat pişikler bilen jadyly rituallary guramakda aýyplanandan soñ, pişikleri ymykly ýigrenipdirler. Grigoriý IX-niñ döwründe pişik genosidi şeýle bir sepgide gelip ýetýär welin, hernä Hudaýyñ gargyşy bu geñsi jandarlaryñ dadyna Hydyrata bolup ýetişäýipdir. "Hyýarjymakly garahassa" diýlen ýokanç keseliñ garşysynda ýeke-täk çykalga pişikler bolupdyr, sebäbi bu howply keseli özünde saklaýan syçanlary duruzyp biljek ýeke-täk güýç pişiklerdi. Tä britan imperatrisasy Wiktoriýa pişikler bilen ýakyndan gyzyklanýança. Imperatrisa Wiktoriýanyñ pişikleri aşa gowy görmegi ilki bilen-ä iñlis buržuaziýasynyñ arasynda, yzy bilenem bütin Ýewropada pişik saklamak modasynyñ başyny başlapdyr. • "Sowuk uruşyñ" jansyz pişikleri Pişiklerden birinji gezek çynlakaý peýdalanmagyñ ugruna düşenem ABŞ boldy. ABŞ bilen SSSR-iñ arasyndaky "Sowuk uruş" gyzgalañly dowam edýän döwründe ABŞ-nyñ MRU-si (CIA) ýörite maksatnamany işläp düzüpdir: "Project Acoustic Kitty". Maksatnamanyñ düýp maksady göwresine diñleme enjamy ýerleşdirilen pişikler arkaly esasanam Kremldäki käbir ýygnaklarda edilen gürrüñleri öwrenmek bolupdur. Şeýle gizlin maksatnamanyñ çäginde sözüñ doly manysyndaky robot pişikler döredildi. Pişikleriñ gulagyna diñleme enjamy we kelleçanagyna radiomikrofon ýerleşdirildi. Mikrofonyñ we antennanyñ ýerleşdirilmegi Maksatnamanyñ ýene bir möhüm ädimi pişikleriñ nyşanadaky rus syýasatçylaryny tanap, olaryñ arasyna girmegi üçin taýýarlanmagydy. Uzak wagta çeken türgenleşiklerden we düýpli maýa goýumlaryndan soñ MRU şeýle netijä geldi: Pişikleri syýasy maksatlar üçin taýýarlap bolmaýar. Amerikanlar näçe çytraşsalaram, garny ajygan pişigiñ içki duýgularyna gözegçilik edip bilenokdylar. Itleriñ we maýmynlaryñ tersine bu täsin jandarlary öz bilýän zadyny etmekden asla yza gaýtaryp bolanokdy. Pişikler ajygyp başlanda ähli tabşyrylan ýumuşlary taşlap iýmäge bir zat gözläp başlaýardylar ýa-da hiç bir sebäp ýokka nämedir bir zat bilen oýun oýnamaga başlap, tabşyrygyñ şowsuz gutarmagyna sebäp bolýan ses parazitlerini döredýärdi. Bu maksatnama MRU-nyñ bäş ýylyny we 20 million dollaryny ýele sowurdy we netije masgaraçylykly gutardy. MRU-nyñ altmyşynjy ýyllarda synag pişiginde elektron beýin stimulýasiýasyny ulanandygy aýdylýar / Fotosurat: AP Adam ogly pişikler bilen ýakynlaşan gününden bäri pişikler adamlara dostlugyndan başga zat bermegi ret etdi. Döwrebap dünýäniñ özüne ýüklän syýasy missiýasyny ähli türgenleşiklere we zorluga garamazdan kabul etmedi hem-de öz içki duýgularynyñ edýän talabyny adam oglunyñ edýän talabyndan öñde tutdy. Nailiniñ aýdyşy ýaly: Şirdi, mertdi, bahadurdy, ýowuz gürbedi, Garry sanmañ ony, ýaşdy, gaty körpedi. Murtunyñ her gylynyñ biri jeñe deñdi, Nädeliñ, ah pisi, neýläliñ wah pisi. Asyl nusgasy: Şîr-i merd idi bahâdurdı yavuz gürbe idi Yaşlu sanman anı genç idi katı körpe idi Bıyığı kıllarının her biri bir harbe idi Nidelüm âh pisi neyleyelüm vâh pisi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 30.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |