20:10 Sowukganly ýazgy | |
SOWUKGANLY YAZGY
Publisistika
Mawy ekranda köp gabat gelýärin: ýalňyş pikir alyşmalar guralýar, ýalňyş çemeleşmeler bolýar! Ysraýyl, Palestina, Eýran, Liwan, Siriýa diýilýär. Olam ýeterlik bolanok: Jöhit, musulman, sünni, şaýy diýilýär. Sebäbi, "Sowuk urşuň" soňlanmagy bilen neoliberalizm etnos-medeniýet söweşlerini mazaly möçükdirdi. Faşist Netanýahunyň hüjümlerine-de diñe şu medeni-dini pespektiwa bilen baha berilýär! Taryh garaýşynda nogsanlyk bar ýagny: Meselem, yslamdan öň Ýakyn Gündogarda uruş ýokmudy? Eýranyň alty müň ýyllyk taryhy bar. Himýarlary, gassanileri, nebatileri bilmän arap taryhyna düşünip bolarmyka? Pikir edip görüň, arap adalgasy b.e.öňki IX asyrda ýüze çykdy. Düýne we şu güne düşünmek üçin medeniýeti-dini gürrüňsiz gözden salyp bolmaýar. Ýöne taryh garaýşynda ykdysady-maddy binýady çykaryp bilmersiñiz. Haýsysyny ýazaýyn, garyp gatlaklaryň her täze dörän dine ýapyşmagynyň düýbünde-de ýeke faktor yok. Ýakyn Gündogarda Rim-hristian zulumyndan bizar bolanlaryň yslama gujak açmagynyň synpy reallygy-da bar. syýasy tarapy dini tarapy-da formulirleýär sebäbi. Wizantiýa zulmunyň astynda ençeme ýyllap ezilen sasany eýranlylaryň musulman bolşy ýaly... Paýlanşyk uruşlaryny diňe dini nukdaýnazardan häsiýetlendirmek bärden gaýdar. Düýpde ýatan ykdysady-syýasy sebäpleri görmezden dogry analizleri edip bolmaýar. Etseňiz, Haniýä ýas tutup, Nasrallaha begenersiňiz! Ýa-da tersine... Marks bu reallyk hakda ýalňyş düşünjeleri edinmäge "saýrylaşmak" diýdi. * * * Neoliberalizm tarapyndan çepbesine çöwrülen-özüni ýitiren adamyň häzir ähli tankytlarynyň özenini "etnos" kesgitleýär. Bu bolsa birini başgasyna duşman bolar ýaly etdi. Ýagny, faşist Netanyahuwa dişini gyjaýanlaryň aslynda şoňa meňzeş özüni alyp barmagy geň galdyranok. Aň-düşünje göýdükleşdirilmegi bolup geçýär... Özem bu boluş düýn bolşy ýaly, şu günem Ýakyn Gündogara parahatçylyk getirmeýär. Seretseňizläň, şindizem "Arzy-Mewud" ("Wada berlen ýerler") ýaly metafiziki güýçleriň kesgitleýji rolunyň bardygyna ynanylýar. Öñem ýazyşym ýaly, munuň özi toslama aldawaçdyr. Onuň düýbünde eksplutasiýa bazaryny ulaltmak pirimi ýatyr. Bu düzgün täze däl. Mysal üçin, şu gün portlar bombalanýan bolsa, müňlerçe ýyl öňem şoňa meňzeş zatlar bolýardy. Munuň özi "Mümbit Hilal" ("Bereketli Ýarymaý") ýaly geografiýany eýelemek çaknyşygydyr. Medeniýet-teologiýa munuň diñe örtügi bolup hyzmat edýär. maddy binýady görmäge mejburdyrys: Geosyýasy pozisiýa ýa-da ýerasty-ýerüsti baýlyklar ýaly şertler ýurtlaryň we döwletleriň ykbalyny kesgitleýär. Taryhyň hemme döwründe şeýle paýlaşmalar üçin uruş boldy, häzirem bolup dur. Adamzat öz geljegini özi gurmasa, bu däp dowam eder durar. Adamyň erkinleşmäge, azat durmuşa mätäçligi bar. Seretseňizläň.... Düýn bolşy ýaly häzirem "mukaddes maksatlar" üçin adam öz ýasan ýaragynyň guluna öwrüldi! Munuň parhyny biliň: Gazada öldürilenem, Tel-Awiwde öldürilenem bigünä raýatlardyr. * * * Ideologik bulaşyklyk döretmelerine garşy hüşgär boluň. Günbatar imperializminiň ylmy şahasy gündogarşynaslyk garaýşy bilen üç yklymyň merkezindäki Ýakyn Gündogary öwrenip we baha berip bolmaýar. Galyberse-de, manipulirlemäge gönükdirilen global mediýa serişdelerinden hakykaty gözläbem oturmaň. Özüňizi oýnatmaň. Uruşa meçew bermek, dini-mezhep agzalalyklary sizi gowy adam, "başgany" ahlaksyz adam edip bilmez. Bular diñe haos döreder. Hawa, adamlaryň pikirlerini, garaýyşlaryny, düşünjelerini ykdysady gatnaşyklar kesgitleýär. Düşünje jemgyýetçilik önümidir. Jemläp aýtsam.... Uruşa şu penjireden serediň: Ezýäniň däl-de, elmydama dinine we milletine garamazdan ezilýäniň tarapyny tutuň. Taryha-da şu penjireden serediň. Dini, milleti perde edinýänleriň sizi oýnawaja öwürmegine rugsat bermäň. Sizi oýnadýan ýüpleriň parhyny biliň. Synpsyz jemgyýet-doganlyk idealyndan el çekmäň. Adamy gorajak ýeke-täk galkany - şu belent maksadydyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |