23:26 Söz mejlisden içeri | |
SÖZ MEJLISDEN IÇERI
Publisistika
Ugur Mumju 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabr harby agdarlyşygyndan bir ýyl gecensoñ, 1981-nji ýylyñ sentýabrynda kitap çykartdy: "Söz mejlisden iceri". Kitabyñ girişinde şeýle diýdi: “Bu kitap arkaly diñe parlamentiñ işine böwet bolýan, münberlerde ýurt we dünýä meseleleriniñ erkin ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmagyna päsgel berýän jogapkärçiliksiz az sanly toparyñ görkezýän hapalyklary tankyt edildi." Ugur Mumju kitabynda mejlis subutnamalaryndan TBMM-däki dawa-jenjelleri, hapa-paýyş sözleri bir ýere jemledi. Mysal üçin: "Halk deputaty Ö.B.: - Begenýäñmi şol eden işiñe *elebiñ çagasy?!. Halk deputaty J.Ş.: - *elebiñ çagasy señ özüñ! Başlyk: - Hormatly egindeşler, gadyrdan agzalar, bular ýaly gürleşmek size gelişmeýär. (JHP-niñ hatarlaryndan "Kim diýdi *elebiñ çagasy?" sesleri, galmagallar, wagyrdylar...) Halk deputaty J.Ş.: - Kim diýdi *elebiñ çagasy diýip? Halk deputaty. Ö.B.: Men diýdim, näme bolanmyş?" Kitabyñ çykmagyndan soñ Ugur Mumju tankyt edilmäge başlandy. Şol döwür: Harby agdarlyşyk mejlisi ýatyrypdy. Harby agdarlyşyk syýasy partiýalaryñ işini gadagan edipdi. Harby agdarlyşyk syýasy liderleri we käbir halk deputatlarydyr senatorlary göz astyna alypdy, tussag edipdi. Agyr syýasy basyş döwründe parlamentiñ gymmatyny peseldip biljek kitap çykarmak ýalñyş hasaplandy. Kimiñki dogry, kimiñki ýalñyş, munuñ jedelini etmekçi däl. Bilýän zadym, kitaplar öz döwri üçin däl-de, soñsuzlyk üçin ýazylýar... Ugur Mumjunyñ kitabyny ýatlatmagymyñ sebäbi, häzir halk deputatlary hakynda ýazjak bolýanlygym. Şeýle tankyda menem uçrap durmaryn diýip umyt edýärin! • DIWARY KIM ÖRDI? Häzir üns merkezinde mejlisiñ garbanyşhanasyndaky naharlaryñ bahasynyñ arzandygy bar. Birinji mejlis, gürrüñsiz, rewolýusion mejlisdi. Iýip-içgi, aýlyk, pylan-pysmydan... gerekdir öýdenokdylar. Frontlardaky esgerleri-de, mejlisiñ deputatlaryny-da halk geýindirdi, halk iýdirip-içirdi. 1876-1909… 1909-1916… 1916-1920… 1920-1924… we ş.m. Şu döwürdäki deputatlaryñ aýlyklaryny, goşmaça posobiýalaryny ýazasymam gelenok. Şu günümiz bilen-ä deñeşdiresimem gelenok. Diñe şuny ýazaýyn: Deputatlaryñ aýlygy 1923-1929-njy ýyllarda ýeke teññe köpeldilmedi. 1931-nji ýylda aýlyklary peseldildi we bäş ýyllap şol bir aýlygy aldylar. Şol döwrüñ ýokary ahlak-idealist ruhunyñ bolandyny ýatlatmak isleýärin. Ýeri: Näme boldu-da nijeme ýyllardan soñ şol halkyñ mejlisi bilen halkyñ arasyna häzirki gün diwar örüldi? Näme boldu-da nijeme ýyllardan soñ halkyñ mejlisini halk indi saýlama-elita gatlak hökmünde görmäge başlady? Bir sebäp ýazaýyn: Aýlygyñ köpeliş grafigine seretseñiz, neoliberalizme geçiş bilen deputatlaryñ aýlygynyñ umma uçandygyny görersiñiz. Mysal üçin: “Bir sente mätäçlik duýlan” döwürde deputatlaryñ aýlyklary, ýagny 1979-njy ýylda 41 müñ 409 lira bolsa,1980-nji ýylda 61 müñ 607 lira çenli köpeldi. Harby agdarylyşykdan soñ aýlyk köpeldilmeler uçuşa geçdi: 117 müñ 667 (1983), 180 müñ 820 (1984), 359 müñ 870 (1985), 515 müñ 422 (1986), 769 müñ 252 (1987), 1 million 331 bin 556 lira (1988)… Ondan soñ: 1992-nji ýylda 25 million 867 müñe, 2001-nji ýylda 3 milliard 301 million 240 müñe, 2006-njy ýylda 7 milliard 808 million 400 müñe ýetdi. Halkyñ hak-heşdegi, aýlygy şular ýaly derejede köpelmedi... Mejlisiñ ygtybarlylygy azaldygyça halk deputatynyñ kisesine girýän pul köpeldi. Geleliñ şu güne: • TÄZE “SYNP” Soñky ýyllarda… Halk köpçüligi deputatlaryñ aýlygyndan nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ iki ýyllyk işden soñ nepaga çykmaga hukuk gazanýandyklaryndan nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ hem pensiýa puluny, hem aýlyk almagyndan nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ wezipe üçin goşmaça hak, ýörite hyzmatlar üçin hak, ýylda goşmaça alty aýlyk, artykmaç işländigiñ üçin goşmaça hak, eklenjiñde adam bardygy üçin hak we ş.m. birgiden goşmaça posobiýalary almagyndan nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ ýol töleglerinden (putýowka harjy) nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ ýeñilleşdirilen tölegli nahar iýmek ýaly sosial artykmaçlyklaryndan nägile. Halk köpçüligi deputatlarynyñ we olaryñ maşgala agzalarynyñ mugt medisina kömegini almaklaryndan nägile. Halk köpçüligi deputatlaryna üç geñeşçiniñ we başgalaryñ berilmeginden nägile. Netijede halk: Kanun çykaryjy organyñ agzasy deputatlaryñ şahsy bähbitlerini gorap adalatsyz kanun çykarýar diýip düşünýär! Halkyñ düşünjesi, duýgusy dogry ýa-da ýalñyş bolup biler, emma häzirki gelinen ýagdaý şeýle. Nädip şeýle bolmasyn? Türkiýäniñ Parlamentar bileleşigi mejlisde partiýalaryñ arasyna aýlanyp, nepagadaky deputatlaryñ aýlyklary boýunça kulis geçirip, "Işgäriñ aýlygyny köpeltmegi däl-de, Prezidentiñ aýalygyny köpeltmegi talap edýäris" diýip çykyş etdi. Talap şobada ýerine ýetirildi. Halk köpçüligine, zähmetkeşlere nämüçin şeýdilenok? Ýa halk depupatlarynyñ pensiýa pullarynyñ dawasy gidip duranyny az görýärlermi? Şuny unutmañ: SSSR-i ýykan sebäpleriñ birem kanun çykaryjy organlaryñ aýlyklary bilen ýaşaýyş-durmuş şertleriniñ aýratyn "synpa" öwrülmeleri dälmi näme? Halkyñ mejlisi halkdan üzñeleşmeli däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |