19:25 Söz sungatynyñ ägirdi | |
SÖZ SUNGATYNYŇ ÄGIRDI
Edebi makalalar
Aman Kekilow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, ylymda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesidi. Ol 1974-nji ýylyň 13-nji dekabrynda aradan çykdy. Ir döwürden dürli wezipelerde işledi. Baryp-ha 1935–1938-nji ýyllarda Moskwanyň taryh, filosofiýa hem-de edebiýat institutynda okady. 1938–1939-njy ýyllarda Moskwa şäherinde A.W.Lunaçarskiý adyndaky Teatral institutynyň türkmen bölüminde mugallym bolup işledi. Şondan soň Aşgabatdaky mugallymçylyk institutynda işledi. Türkmen edebiýatynyň taryhy hem-de teoriýasy boýunça iň bir çylşyrymly problemalaryň barlanylmagyna bagyşlanan ylmy işleriň 100-e golaýy onuň galamynyň astyndan çykdy. Onuň «Beýik lirik» («Mollanepes»), «Edebiýat teoriýasy» ýaly uly işleri ylymda uly baha mynasyp boldy. Onuň şol işleri ylmy analiziň çuňňurlygy hem-de köp taraplylygy, teoretiki umumylaşdyrmanyň giňligi bilen tapawutlanýar. A.Kekilow 1971-nji ýylda edebiýat teoriýasy boýunça uly hem-de düýpli işi tamamlady. Bu işiň «Söz sungaty» diýen birinji tomy şol ýylda neşir edildi. Onuň goşgy bilen ýazylan «Söýgi» romany okyjylaryň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýardy hem-de ykrar edilipdi. A. Kekilow ömrüniň soňky ýyllarynda «Syrylan bulut» atly romanyny döretdi. A. Kekilow ylmy we edebi işleriniň daşyndanam birtopar uly jemgyýetçilik işlerini alyp barýardy. Uly ussadyň «ýogaldy» ajy habaryny eşidende şahyr Berdinazar Hudaýnazarow ýürek gynanjyny bildirip, şeýle setirleri döredipdi: Diýdiler: «Çykypdyr keselhanadan», Diýdiler: «Bu günler ýagşymyş taby». Ajal bolsa mydam bukdaklap gelýär – Bu onuň häsýeti, bu onuň däbi. Agşamam öýüňde hokkeýi synlap Oturypsyň telewizor başynda... Birdenem urmasyn goýupdyr ýürek Ýetmiş dördüň güýze meňzeş gyşynda... Ak telefon jyňňyrdady öýümde, Eşdildi aňyrdan şar-gara habar. «Pähimdar atalaň diýen sözi bar: «Ýagşy adam ölse, ýagyş – gar ýagar...» Belki, jany bardyr bu diýlen sözüň, Belki, tötänleýin gelendir gabat. Ýöne seni gaýrak alyp barýarkak Ümürsow asmanyň aglany magat... Aman Kekilowyň adyny biz ilkinji gezek haçan eşidenim ýadymda däl. Ýöne onuň kör garga hakdaky goşgy ertekisini ýatdan bilýärdim. Bir gezegem dostum Sapar bilen Aşgabatda, Ýazyjylar soýuzyna Aman Kekilowa gowuşmaly diýip hat ýazanymyz ýadyma düşýär. Biz şahyrdan özi hakda gürrüň bermesini sorap hat ýazypdyk. Hatyň jogaby uzak garaşdyrman gelipdir. Şahyrdan gelen hat bize gowuşmady. Mekdep direktorynyň Sapar ikimizi iş otagyna çagyryp: «Siz näme üçin şoň ýaly adamlary biynjalyk edýäňiz» diýip käýýäp goýberdi. Ýöne maňa mekdebi tamamlap, uniwersitetiň dil-edebiýat bölümine okuwa giremden soň söýgüli şahyrym Aman Kekilow bilen ýüzbe-ýüz durmak, ony diňlemek miýesser edipdi. Bu 1968-nji ýylyň, ýalňyşmasam, gyş aýlary bolup geçipdi. Şo wagt Aşgabatda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň uly maslahaty geçirildi. Oňa ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň özi ýolbaşçylyk edipdi. Uly zaly dolduryp oturanlaryň arasynda ýaşlar bilen halypalaram bardy. Bu biziň üçin uly baýramçylyk bolupdy. Şahyr Ata Köpermergen bilen bile düşen suratymyz ýaşlar gazetinde çykanda begenjimiň çägi bolmandy. Ine, şonda bize ilkinji gezek Gara Seýitliýewi, Çary Aşyry, Aman Kekilowy diňlemek miýesser edipdi. Aýratynam Aman aganyň biz ýaşlara beren halypalyk pentleri ýadymda galypdyr. Onuň çeper döredijilik, şygryýet hakda aýdanlaryny, goşgy formalarynyň dürli-dürlüligi hakda aýdanlaryny üns berip diňlänimiz ýadymda. Ine, ol şeýle gürrüň edipdi: – Rifma we ritm, meniň pikirimçe, poeziýanyň janydyr, onuň dinamikasydyr. Rifma setirlere sazlaşyk, owazlylyk berýän bolsa, ritm olara akymlylyk güýjüni berýär. Ritmi bozulan goşgyny okan okyjy şüdügär ýerden ýörän ýaly bolýar. Soňky wagtlarda setirleriniň rifmasy saklanylman çeper eser döretmäge synanyşyklar ýüze çykyp ugrady. Bu meýil şahyryň ýüregini gobsundyran duýgyny düýrmegi bilen setire geçirip bilen mahalynda ýerine düşse-de, käbir halatlarda emelsiz ussanyň taraşlap bilmedik nepis şaýyna çalym edýär. Has dogrusy, ritmlilik nazarda tutulman, rifma üns berilmän ýazylan käbir goşgulary okanyňda, olaryň täze forma tapmaklyga gönükdirilen, biziň poeziýamyzyň ösýändigine güwä ýa-da aladasy bilen edilen bir synanyşyk däl-de, şahyryň ejizliginiň, onuň «aňsadyna bakan...» etmeginiň netijesi ýaly bolup görünýär. Eger şeýle bolsa bu ýagdaý biziň poeziýamyzyň ösmegine itergi berip bilmez. Biz, elbetde, täze çeper formalardyr poetiki serişdeleriň tarapdary. Emma munuň özi diňe daşky, formanyň hatyrasyna bolmaly däldir. Haýsy forma şahyryň, umuman poeziýanyň ösmegine şaýatlyk edip bilýän bolsa, şolam gowudyr, ony gutlamak hem gerekdir. Her gezek elime galam alamda Aman Kekilowyň şu pentlerini ýadyma salýaryn! Şygryýet hakynda şeýle pähim-paýhasy aýdan adamyň ömür ýolunyň çarkandaksyz bolmanlygyny biz o wagtlar bilmeýärdik. Biz bular hakda has kän soň bilipdik. Heniz men diýen wagtynda – ýigrimi bäş ýaşlarynda mähriban agasy Şalynyň agyr töhmetiň pidasy bolandygyny görüpdi, ruhy ezýet çekipdi. Men onuň ömrüniň bu pajygaly ahwaly hakda geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrlarynda Ş.Kekilowyň ýanýoldaşy Bibi eje bilen söhbetdeş bolanymda eşidipdim. Bibi ejäniň gürrüňini tolgunman diňlemek mümkin däldi: – Şalyny 37-nji ýylda «halk duşmany» diýip basdylar. Birki ýyl oturandan soň goýberdiler. Ol gören görgüleri hakda hiç gürrüň etmezdi. Ýöne bir gezek şeý diýdi, fronta gitjek uçurlarydy. Baba Baýramow diýip goňşymyz hem otyrdy. Şonda «endamymdan toguň awusy gitmäke, gitmeli boldum» diýdi. Hawwa. Amanam otyr. Aman şonda: «Şaly, hiç yzyňy gaýgy etme. Men çagalam näme iýse, olaram şony iýer, meň çagalam näme geýse, geýerler» diýdi. «Meň janym sag bolsa, pikir etme» diýdi. Şalam: «Aý, Aman, şol oturana ber näme bolsa» diýip, maňa ümledi. Meň horlanjagymy bilýä-de ol. Amanam «Sag-aman gel dogan. Nädeli. Uruş-da. Belki, menem ertir giderin» diýdi. Her hatynda Aman bamy? Gara bamy? (Gara Seýitli – A.Ç.). Şolar saglykmy diýip ýazardy. Ýer titränden soň Aman Çärjewde işledi. Soň ol Aşgabada gelensoň «Gelneje, işlän bolaňda näme aljak? Çagalaryň arasynda otur. Kömek ederin» – diýdi. Kömegem etdi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başynda «buržuaz milletçiler» diýlen ýarlyk bilen türmä basylan O.Abdalow, M.Kösäýew, B.Garryýew ýalylara hemaýat eden diýlip, ýaş edebiýatçy alym we şahyr Aman Kekilowa azar ýamany berlipdi. Şol günler Aman Kekilow üçin beýan edip bolmajak agyr döwür bolupdy. Ol her gün agşam öýüniň ýanynda maşyn togtap ses edende, öz yzyndan geldilermikä? diýip, iňkise galýardy. A. Kekilowyň «Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda» atly makalasy «Sowet edebiýaty» (№ 5, 1950 ý.) žurnalynda çap edilipdi. Haçanda «Gorkut ata» eposynyň zyýany hakda gürrüň ulalyp ýörite karar çykandan soň, Aman Kekilowyň hem üstüne gara bulut inipdi. Žurnalda «Aman Kekilowyň zyýanly bir makalasy hakynda» atly ýazgaryjy makala çykandan soň, ol: «Şalynyň ykbaly meň başyma-da ind-ow!» diýip, biygtyýar gamgyn oýa batypdy. Aşagynda «Redkollegiýa» diýlip gol çekilen makalada A.Kekilow nämelerde aýyplanmaýardy?! A.Kekilowyň makalasy edebiýaty öwrenmekdäki «bir ugur teoriýasy esasynda ýazylypdyr; «Gorkut atadan» başlap, türkmen edebiýatynyň hemme dessanlaryny, şolaryň ideýasyna we mazmunyna garaman, öwüp arşa çykarypdyr; A. Kekilow çeper eserleriň progressiw demokratik häsiýeti bilen reaksion häsiýetini saýgarmaýar; ol «Gorkut ata» bilen «Görogly» eposyny, «Ýusup-Ahmet» bilen «Nejep oglan» dessanyny bir hatarda goýýar. Aman Kekilow edebi hadysalara marksistlerçe däl, formalistlerçe garaýar; ol eserleriň ideýasy, şondaky gahrymanlaryň sosial sypaty we meýilleri bilen gyzyklanman, şolaryň daşky formasy bilen gyzyklanýar; ol eseriň mazmunyny ýatdan çykaryp, diňe formanyň aýratyn elementleri hakynda düşünmek bilen, birinjiden, formany mazmundan aýyrýar. Ikinjiden, taryhy şertleri nazara alman, çeper eserleriň arasynda forma meňzeşliklerini gözleýär; «... Edebiýatdaky formalizm häzirki ýagdaýda milli respublikalarda buržuaz milletçiligiň edebiýat meýdanynda ýüze çykan iň ýigrenji görnüşidir. Şol sebäpden hem Aman Kekilow bireýýäm şol ýalňyşlary emele getiren sebäpleri, özüniň şolara häzirki garaýyşlary hakynda sowet ýazyjysy hökmünde metbugatda çykyş etmelidi. Emma ol sesini çykarmady» diýlip, makalada aýdylýardy. A.Kekilow ady agzalan makalasynda «Bu halk eposy («Gorkut ata» – A.Ç.) XVII–XVIII asyrlarda köp ýüze çykan türkmen halk türkmen dessanlarynyň döremeginde örän uly täsiriniň bolanlygy jedelsizdir» diýýär. Awtory ýene bir zatda aýyplaýarlar. Ýu.M.Lermontowyň «Aşyk Garyp» ertekisini hem sýužet taýdan «Gorkut ata» bilen baglaýandygy göz öňünde tutulypdyr. «A. Kekilow düýbünden türkmen edebiýaty we türkmen jemgyýeti bilen bagly bolmadyk beýik şahyr M.Ýu.Lermontowy hem, öz islegi boýunça şol ganly eposa baglap, açykdan-açyk oňa töhmet atýar. M.Ýu.Lermontowyň üstüne şeýle töhmet atmak A.Kekilowa näme üçin gerek bolduka?» – diýip, awtorlar sypaldan ýapyşýarlar. «A.Kekilow «buržuaz milletçiler O.Abdalowyň, M.Kösäýewiň we B.Garryýewiň pozisiýasynda durýar» diýilmeginiň özi 40 ýaşly alymy soragsyz-zatsyz zyndana atmaga şert döredýärdi. Haýdan-haý «öz ýalňyşyňy» boýun almalydy. Otuz ýediň adalatsyzlygyny gözi bilen gören A.Kekilow «boýun almak – ugruny dogry hasaplapdy». Her niçigem bolsa gara bulut syrylypdy (A.Kekilow soň täze ýazan romanyny «Syrylan bulut» diýip atlandyrmagy hem ýöne ýere däl bolsa gerek!). 1971-nji ýylyň güýz günleriniň biridi. Men şol ýyl uniwersiteti tamamlap, ýaşlar gazetinde edebi işgär bolup işleýärdim. Şenbe güni bolansoň halypam Kakaly Berdiýewlere bardym. Ol öňki güni jaň edip, «Akýaýladan geldim. Wagtyň bolsa gelip gitseň» diýipdi. Onuň howlusyndaky sekiniň üstünde üç-dört adam mesawy gürrüň edip oturan ekenler. «Boh-ow, inim, geldiňmi? Gel, geç saçak başyna – diýip, Kakaly aga mürähet etdi. Men başda birhili ýaýdansam-da, oturan adamlaryň ýüzlerindäki mähri duýup rahatlanypdym. Görkezilen ýere geçip oturdym. Oturan adamlary men bada-bat tanapdym. Olaryň biri Aman Kekilowdy, beýlekisi hem Rejep Allanazarowdy. Gökdepeli oba mugallymy Akmämmet bolsa Kakaly aganyň bajasydy. Kakaly aga meni olar bilen tanyşdyrdy: «Allaýar, dagly ýigit, özem «Ýaş kommunist» gazetiniň işgäri, «Gel, obamyň lälesi» aýdymynyňam awtory» diýdi weli, Aman aga «Bä, men bu aýdymyň sözleri Garaňkydyr diýip ýördüm» diýdi. Şundan soň Aman aga meniň bilen gyzyklanyp başlady. Ol: «Dag obasynyň haýsyndan?» diýip sorady. Men «Könekesir obasyndan» diýdim. «Hä-ä, Şalyň ilki işe başlan obasyndan diýsene» diýip, ýüzi ýagtylanan ýaly boldy. Dogrudanam, şahyr Şaly Kekilow ýigriminji ýyllaryň ortalarynda mugallymçylyk işine biziň obamyzdan başlan ekeni. Men obamyzda onuň ýaşan jaýyny hem görüpdim. Şo döwürlerde obamyzda ilkinji kolhoz başlygy bolan Oraz ýetim Şaly Kekilowa öz öýünden ýer beripdir. Şalynyň ýaşan öýi ýaňy-ýaňylaram bardy. Oraz ýetimiň ogly Öwez Orazow soň Aşgabatda okan ýyllary Şalydyr Aman Kekilow bilen aga-ini gatnaşygyny edipdi. Oraz aga bolsa biziň agamyzdy. Muny bilenden soň, Aman aganyň şähdi açylyp, öz ýaşlyk ýyllaryna dolanan ýaly boldy. Soňabaka gürrüň gyzyşdy. Gürrüň edebiýat hakdady, täze eserler hakdady. Meni aýratynam «Söýgi» romany gyzyklandyrýardy. Onuň ýazylyşy hakda iň kiçijik pursatlara çenli bilesim gelýärdi. Ýygralyk päsgel berse-de, ussatdan käbir zatlary eşitmek miýesser edipdi. Ine, ýadymda galanlary: Aman Kekilow «Söýgi» poemasyny ýazmak üçin galama ýapyşmazdan owal, onuň sýužet ýordumyny kellesinde gowy bişiripdir. Näçe bapdan ybarat bolmalydygyna çenli ilik-düwme edipdir. Poemany nähili formada ýazmalydygy hakda ilkinji gezek Hajy Ysmaýylow bilen maslahat edipdir. Mesnewi formasynyň kem bolmajagy hakda Aman Kekilow Haja maslahat salanda, ol «Gatyşyk formany ulansaň boljak ýaly-la!» diýipdir. Hajy gatyşyk forma diýýänini şeýle düşündiripdir: «Mysal üçin, bir baby mesnewi bilen ýazdyňmy, ikinji baby başga bir goşgy formasynda ýaz. Gahrymanlaryň içki oý-pikirlerini ýüze çykarmaly bolanda, klassyk şahyrlarymyzyň goşgy formalaryny ulan. Men goşgynyň diňe bir formasyny däl-de, amatly boljak ýerinde onuň her dürli formasyny ulanaýsaň nähili bolarka diýjek bolýaryn. Gatyşyk forma diýýänim şu». Soňam ol: «Iň gowusy, tizräk ýazmaga girişsene, goluňa galam alanyňdan soň, bu zatlaryň hemmesi öz-özünden anyklaşar gider!». Aman Kekilow öz ýazyjy dostuny ugradandan soň, öýe gelip, ýerine girse-de, gözüne uky gelmändir. Ahyrda gije ýatymdan agyp geçenden soň, ol ýerinden turup, stoluň başyna geçipdir. Wagt geçse-de galam ýöremändir. Ahyrsoňy ol ýelejiremek üçin howla çykypdyr. Tämiz howadan dem alypdyr. «Bir başlap bolsa, gider-le» diýip, öz-özüni köşeşdiren şahyr ilkinji setirleri döretmegiň her hili ýollaryny agtarýar. Birden-de, kellede täze bir pikir peýda bolaýjak ýaly edýär. Ol howlukmaç öýe dolanyp, stoluň üstünde ýatan kagyzyň ýüzüne çagalykda ýadynda galan şu aşakdaky dört setir goşgyny ýazýar: Gelermen diýp wada etdi, Geler wadasyndan ötdi. Ertirden çäş wagta ýetdi, Ne boldy ýarym gelmedi? Şu setirlerde birinji babyň esasy mazmuny berilýärdi. Iki gahrymanyň – Ogulnabadyň we Begenjiň duşuşygy ýaz paslynyň bir gününde bolmalydy. Şonuň üçin-de ol bu baby bahar paslyny beýan etmek bilen başlamalydy. Uzak wagtyň oýlanmasyndan soň, iki setir peýda bolýar: Gyş ýeňsäni berip, ummaga gaçdy, Gün ýagty şöhlesin Äleme saçdy. Bu iki setiriň näçe gezek taraşlanyp, näçe gezek timarlanany şahyryň ýadynda däldi. Emma olar onuň üçin iki sany möhüm ähmiýeti bardy: birinjiden, böwet böwsülipdi – iş başlanypdy, ikinjiden, poemanyň goşgy formalarynyň esasan haýsynda ýazylmalydygy kesgitlenipdi. Poemanyň ýazylan baplary ilkinji gezek «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1945-nji ýylda çykan 4-5 hem-de 7-8 sanlarynda çap edilipdi. Indi poemany gyzgyny bilen kitap görnüşinde çap etmek galypdy. Onuň neşirýatyň planyna nähili girizilişi hakda Aman aga şeýleräk gürrüň edipdi: «1945-nji ýylyň maý aýy bolsa gerek, men poemany maşynkada iki ekzemplýar çap etdirip, türkmen döwlet neşirýatynyň şol ýyllardaky direktory G.Husaýynowyň ýanyna bardym. Ol meniň habarymy alandan soň: – Aman, gutaranyňam gowy, getireniňem gowy, emma seniň bu eseriň bu ýylyň planynda ýok. Şonuň üçin-de häzir men seniň munyňy kabul hem edip bilmen, ol hakda seniň bilen şertnama-da baglaşyp bilmen. Däliden dogry habar. Hawa-da, «Elli gepden belli gep!» – diýdi. – Eýsem men indi näme etmeli? – Senmi? – Ol äýnegini aýyrdy-da, ýaglygy bilen gözlerini süpürdi. Mylaýym ýylgyryp maňa seretdi: – Kitabyňy çykartjagyň çynyň bolsa, sen meniň aýagymdan Şaja Batyra arz etmeli. – Oňa näme diýmeli? – Men bir gowy poema ýazdym welin, planda bolmany üçin, Husaýyn aga kabul etmejek bolýar diýmeli. – Soňy näme bolarka? – Soňumy? Soňy belli zat: ol maňa jaň kakar, menem seniň bilen şertnama baglaşaryn. – Oň ýanyna barmagam bir hyllalladyr. – Onuň hyllallasy bolmaz – diýip, Husaýyn aga derrew telefona ýapyşdy. Sekretary bilen gepleşip, Batyrowyň bardygyny bilenden soň, trubkany maňa uzatdy. Men telefonda Şaja Batyrow bilen gepleşdim, onluk işim bardygyny aýtdym. Ol meniň üçin wagt belläp durmady-da, «Häzir geläý» diýdi. Men onuň ýanyna ugradym. Ol wagtlar Şaja Batyrow TKP Merkezi Komitetiniň propaganda boýunça sekretary bolup işleýärdi. Şol gün Şaja Batyrow işiniň juda köplügine garamazdan, poemany awtoryň okamagynda boýdan-başa üns bilen diňläp görüp, oňa degerli bellikler edipdir we Demidow familiýaly bir işgärine neşirýata, Husaýynowa jaň edip, poemany plana girizmek hakynda görkezme beripdir. Ş. Batyrow poemany aýny wagtynda ýazylandygyny, niçeme-niçeme ýaraly göwünlere teselli berjekdigini ýüregi bilen duýupdyr. «Söýgi» poemasyny ýazmagyna itergi beren bir waka barada Aman Kekilow şeýle ýazgy galdyrypdy: «Urşuň gazaply ýyllarydy. Oba mugallymlaryndan fronta gidýänleriň sany barha artýany üçin, ýaş türkmen gyzlaryndan mugallymlar taýýarlamak üçin Aşgabada ýörite kurs açylypdy. Şol kursda okaýan gyzlaryň biri meniň tanyşlarymdan biriniňkä käte-käte gelip gidýärdi. Ol biçak görmegeý, menikli hem alçak maşgalady. Bir gün men ony örän ýüzi salyk gördüm. Näme, munuň ýaly zada birden ähmiýet berlip durulaýýarmy? Keýpsizligiň, ýüzi salyklygyň müň-de bir sebäbiniň bolmagy mümkin, ylaýta-da, ýaş gyzlarda, olar näzik bolýar ahyry! Emma bu gyzyň ýüzüniň salyklygynyň sebäbi düýplüräk bolmaga çemeli, ol bäri-bärde öňki hetdine gelmedi, görüm-görki-de üýtgän ýaly boldy. Men munuň sebäbi bilen gyzyklandym. Tanşymyň aýaly bu gyz hakynda maňa gürrüň berdi. Görüp otursam, ondaky bu ýüzi salyklygyň bir ýany fronta baryp ýetýän eken. Ykbalyň şunuň ýaly bolan gyzlara, ýaş gelinlere ol ýyllar obada-da, şäherde-de kän duş gelinýärdi. Şu ýagdaýyň özi meni kän oýlandyrdy. Ine, şu oýlanmalaryň netijesinde men uruş döwrüniň gelin-gyzlary hakynda has anyklaşdyryp aýdanymyzda, şol agyr ýyllaryň olaryň synasyna salan ýitmez ýarasy hakynda bütewi bir eser ýazmagy ýüregime düwdüm». «Söýgi» poemasy 1947-nji ýylda kitap bolup okyjylara ýaýrapdy. Poema türkmen edebiýtynda waka bolupdy. Okyjylar bu kitap hakda öz täsirleri hakda bir-biregi bilen maslahat edýärdiler, okyjylar konferensiýalary geçirilýärdi. Gazet-žurnallarda poema hakda makalalar çap edilýärdi. Okyjylar «Söýginiň» ikinji kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ikinji kitap, ýaňy awtoryň öz sözleri bilen aýdanymyzda, ilkinji kitapdan on ýyldan soň okyjylara gowuşdy. Çünki alymyň ylmy gözlegleri ara düşüpdi. Aman Kekilowyň ýetişdiren şägirtleri barmak basyp sanardan köp. Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, J.Allakow, D.Nuralyýew, S.Atanyýazow... Durdymuhammet Nuralyýew bilen men ýogalmazyndan bir aý öň Aman aga hakda söhbetdeş bolupdym. Ine, onuň beren bir gürrüňi: – 1963-nji ýylyň 5-nji dekabrydy. Şol gün alymlar geňeşi ýaňyrak aspirantura kabul edilenleriň temasy tassyklanylmalydy. Menem çagyryldym. Üç bolup, bir çetde durus. Gezek maňa ýetende, geňeşiň başlygy Bäşim Şamyradow – şol wagt ol institutyň direktorydy – nähili tema saýlap alýanymy sorady. Çekine-çekine, türkmen edebiýatynyň rewolýusiýa çenli öwrenilişi meselesini işlemek höwesindedigimi, bu hakda köp arhiw materiallarynyň entek dagynyk ýagdaýdadygyny aýtdym. Hiç kimden ses çykmady. Ahyram ol-bu ýerden «Kyndyr» diýenler tapyldy, «Material ýeterlik bolmaz, kösenersiň» diýip gorkuzdylar, başga tema saýlamalymy maslahat berdiler. Men ýene öz tutan temamy haýyş etdim. Aman aga bir gyrada sesini çykarman diňläp oturan eken. Dogrusy, biz o wagtlar onuň sorag bermezligini, umuman, sesini çykarmazlygyny isleýärdik. Öňen garşylykly pikir döreden tema Aman Kekilow bir zat diýdigi, puja çykaýjak ýalydy. Birdenem: – Şu oglanyň özi isleýän bolsa, beriň şo temany. Göwünli zadyň soňy gowy çykýar, göwnelmedik zatdan hiç bir netije bolanok – diýdi goýberdi. Al, saňa gerek bolsa, tema-da tassyklandy, geňeşem gutardy. Daş çykdyk. Aman aga synlaýjy nazaryny dikdi-de, ýanyma golaýlaşdy: – Sen şo-ol «Isgender Jahangir türkmen edebiýaty hakynda» atly makalany ýazan oglan dälmi? – Hawa. – Onda bolupdyr. Edil ýaňky temaň ugry eken, işläber. «Edebiýat we sungat» bu günem gyzyk harplar bilen çykypdyr... Şeýle diýdi-de, gidiberdi. Asyl men alymlar geňeşinde ediljek gürrüňden howatyrlanyp, tolgunyp şol günki gazeti almagy unudan ekenim. Gazetiň şo günki sanynda «Çeper döredijiligiň ösmeginde edebi däbiň roly» atly makala çap edilen eken. Ertesi işe gelenimde, direktoryň kabinetine çagyrdylar-da: – Seniň ylmy ýolbaşçyň Aman Kekilow. Ähli toplan materiallaryňy al-da, ýanyna bar. Kandidatlyk minimumyny tabşyranyň üçin aspirantura möhleti iki ýyl, galanyny özüň bil – diýdiler. Şeýlelik bilen, ussatdan tälim almagyň hakyky etapy başlandy. Ol köp gürlemeýän eken. Ýöne juda aýgyt ediji äheňde «Hany temaň giňişleýin plany, nämeden başlaýaň, nähili materiallary topladyň?» diýip sorady. Hemmesini ýazgyda okap, birsalymdan soň: – Mysaly planyň bolýar welin, arhiwleri dörmeseň, bu tema başartmaz. Wagtyňam az. Täze ýyldan Moskwa ýa-da Leningrada komandirowka ibereris – diýdi. Aýdyşy ýaly, 1964-nji ýylyň mart aýynyň ýigrimisinde Leningarada ugradym. Komandirowkanyň möhleti bir aýdy. Tema boýunça material ummasyz kändi. Onsoňam meniň bagtyma akademik A.N.Samoýlowiçiň köpýyllyk el degrilmän ýatan arhiwi ýaňy açylypdy. Oňa girmeklige ilkinji rugsat edilenleriň biri-de mendim. Leningradyň Saltykow-Şedrin adyndaky döwlet jemagat kitaphanasy açylanyndan tä ýapylýança işleýärdim. Wagt gutaryp barýardy. Material bolsa uçursyz köpdi. Ýolbaşçyma hat ýazyp, ýene wagt soradym. Aman aga dessine jogap berdi. Şonda ol bir şäherde iki aý komandirowkada galyp bolmaýandygyny, ýöne öz hasabyňa mümkindigini ýazýardy. Şeýtmeli-de bolupdy. Komandirowkadan dolanyp gelenimden soň, ähli materiallary onuň bilen bile gözden geçiripdik. Tejribeli alym pikiriň nähili detallar, deliller bilen berkidilmelidigini, döwrüň aýratynlyklaryny, gelinýän netijeleriň umumy däl-de, anyk berilmegini talap edýärdi. Ýazan makalalaryny okaýardy, sahypanyň gapdallaryna arap grafikasynda bellikler ederdi, makalalaryň ýazylyş stilini ylmy ýagdaýa getirerdi. Aspiranturany gutaranymdan soň, ol meni öz sektorynda galdyrypdy. Aman aganyň ýolbaşçylyk edýän edebiýat teoriýasy we tankyt sektory onuň öz tagallasy bilen açylypdy. Ilkinji şahyrana ýygyndysy çapdan çykanda, Aman Kekilow ýigrimi ýaşynda eken. 1932-nji ýylda onuň «Goşgular ýygyndysy» çykýar. 1935-nji ýylda «Iki okuwçy», «Öňe» kitaplary halka ýaýraýar. Aman Kekilow «Magtymguludan akyl», «Mollanepesden şekil öwrenseň kem däldir» diýmegi halaýan eken. Elbetde, ol birinde pikir, beýlekisinde duýgy köplük edýär diýen manyda aýdýan eken. Aman Kekilow 1943-nji ýylyň 23-nji iýunynda kandidatlyk dissertasiýasyny gorapdyr. Ol türkmen ýaşlaryndan filologiýa boýunça bu hili alymlyk derejesini alanlaryň bäşinjisidi. Ol wagtlar munuň özi her kim üçin uly üstünlikdi. Iki-üç ýylyň žurnalistligini hem-de Moskwada geçen okuw ýyllaryny hasap etmeseň, ol tä 1959-njy ýyla çenli mugallymçylyk bilen meşgul bolupdy. Ýokary okuw jaýynda edebiýatyň teoriýasyndan studentlere tälim beripdi. Türkmen filologlarynyň mugallymy professor Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý, olaryň ösmegi üçin uly tagallalar edipdi. Ol 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde heläk bolupdy. Ine, şol adam duşuşyklaryň birinde Aman Kekilowa Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessany hakynda doktorlyk dissertasiýasyny ýazmagy maslahat beripdir. Ol hormatly mugallymynyň maslahatyna eýerip, öz ähli oý-pikirini ylma beripdi. Bu onuň edebi döredijilik işinden daşlaşdyrypdy. Dogry, döwrüň talabyna görä dürli temalarda goşgular, uly bolmadyk poemalar ýazylýardy, emma düýpli bir eser üstünde işlemäge ylmy iş mümkinçilik bermeýärdi. Gepiň gysgasy, Aman Kekilow «Söýgi» poemasyna ikinji gezek aradan on ýyl çemesi wagt geçenden soň dolanypdy. X X X Aman Kekilowyň döredijilik ýoluna içgin nazar aýsalaň, onuň ýüreginiň joşa gelen wagty ýazandygyny aňmak kyn däl. Kitabynyň sanyny artdyrjak bolubam azara galmandyr. Şahyrana kitaplaram onçakly köp däl – bäş-alty sany, alym hökmünde çykardan kitaplary-da şonçarak. Ýöne onuň metbugatyň sahypalarynda çykan makalalarynyň sanyna seretseň weli, onuň örän ýetişikli adam bolandygyna göz ýetirýärsiň. Elbetde, gep bärde kitabyň sanynda däl-de, onuň hilinde. Okyjylaryň ýüreginiň töründe ýer alşynda. Henize – bu güne çenli edebiýatymyzda «Söýgi» romany bilen deňeşip biljek eser ýokdur diýsem, lap edip aýtdygymyz bolmaz. Şonuň üçinem sözümizi beýik ussat Kerim Gurbannepesowyň «Söýgi diýseň, Aman düşýär ýadyňa!» diýen goşgy setirleri bilen jemlemegi makul bildim. Örän jaýdar aýdylan sözler! «Edebiýat we sungat» gazeti, 23.07.2010 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |