SÖZSÜZ ROL
Aga daýa ilki Seýitahmet işanyň sopusynyň roluny tabşyrýarlar. Ol sözsüz roldy. Sahna birnäçe gezek çykýanlygyna garamazdan bir agyz söz aýdanokdy. Belki, şol wagt Aga daýa şeýle rollaryň berilmegi dogrudyr.
* * *
Çaganyň ýörjen-ýörjenligi öwrenişi ýaly, artist hem ilki sahnada ýöremegi öwrenmeli. Çaga ilkinji ädimine begenýär. Artistiň begenjiniňem hem çägi ýok. Asyl artistlik sahnada ýöremekden başlanýar. Uly rol diýmek – sahnada köp ýöremek diýmek. Ýöne ýörjen-ýörjenlik bilen däl, ussatlyk bilen ýöremeli. Aga daýynyň gürrüňi ýadymda galypdyr. Bir gün Maryda gastrolda gezip ýörkäler, Çerkez işany oýnaýan halypasy Hajy Annamämmedow Allagyň rolunda çykyş etmeli bolýar. Allagy oýnaýan aktýor näsaglaýar. Hajy Annamämmedowyň oýnaýan Çerkez işanyny Aga daýa oýnamaly edilýär. O rolam Aga daýynyň daşyna çykaryp bilmän ýörenje arzuwydy. Paşjak bolsa paşybiýr eken. Ýöne bu roluň berlenligi-hä gowy welin, onuň bir ketje tarapam bar: taýýarlanmaga wagt ýok. Günortan oňa agşam Çerkez işany oýnamaly diýip aýdýarlar. Aga daýy ýaşaýan jaýyndan çykyp agaçlaryň kölegesinde roluny ýat tutmaga başlaýar. Hajy Annamämmedowyň döreden Çerkez işanyna, sahnanyň gapdalyndan seretmegi, roluny tiz ýat tutmagyna kömek edýär. Teatr sungatynda roluňy ýat tutmak iň bir halanmaýan işleriň biri. Roluň näme diýjek bolýanyny, maksadyny aýdyňlaşdyrman, töweregindäki gahrymanlaryna garaýşyny kesgitlemän ur-tut roluňy ýat tutsaň, ol rol göwün diýen rol bolup çykmaýar.
Artist diýmek – obraz ýasaýjy diýmek. Ol dramaturgyň hödürlän teskstindäki obrazy köre-körlük bilen däl-de, döredijilikli çemeleşip janlandyrmaly. Wah, janlandyrmaly diýmek dilde aňsat. Bar, bar, şol obrazy sahnada janlandyrmakda iş bar.
Ýasamaly. Ýasaňda ýasandygyňy bildirtmeseň, ýasamadygy duýulmasa, ana onda bu artistiň ussatlygy. Eger ýalňyşmasam, artistiň ussatlygy döreden obrazlarynyň ýasalandygynyň, ýasamalygynyň duýulmaz derejede tebigylygyndan başlanýar.
Sahna seredeniňde köp obrazlaryň ýasamadygyny duýmak üçin teatr synçysy bolmagyň zerurlygy ýok, ýöne käbir adamyň döreden obrazy welin, durmuşda ýakyndan tanaýan adamyň deýin ýadynda galýar. Kinosynyň birnäçe gezek görkezilmegem kömek etse edendir, ýöne «Aýgytly ädim» kinosyndaky Artygyň, Aýnanyň obrazlary şeýle bir janly obrazlar bolup ýadymyzda galypdyr. Baba Annanowa käbir adamlaryň Artyk diýmesi, Abdylla Ýakubowa Bally diýilmesi, olaryň janly obraz döretmegiň hötdeginden gelip bilmekleri diýip düşünýärin.
Aga daýy hem bu zatlara gowy düşünýär. Onsoň hem H.Derýaýewiň adybir romany esasynda goýlan bu oýnuň gahrymany Suhan gatyny ol döwürde tanamaýan ýokdy. Sebäbi roman türkmen okyjylarynyň elinden düşürmän okaýan söýgüli romanlarydyr. Suhan gatynyň içki harasatlary, pikir-ygtykaty bilen olar doly tanyşdy. Olar sahnada Suhan gatynyň hakyt özüni görmek isleýärdiler. Olaryň bu islegine çirk ýetirmeli däl. Sähelçejigem çirk ýetirmeli däl.
– Şu gün halypanyň seretmäni kemem däl, ol seredip otursa ýalňyşmagym mümkin – diýip, öz-özüne göwünlik berýär. Şol wagtam artistleri sahna çagyrýan jaň bolýar. Spektakl başlanýar. Aga daýy sahnanyň gapdalynda çykyşyna garaşyp dur. Özüni näçe giňlige salsa-da, der ýagyrnysyndan donunyň daşyna çykypdy. Sahna çykýar, garşysynda Orazsoltan eje – Türkmenistanyň halk artisti Suraý Myradowa, ine-de Bekmyrat baý – Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew. Olara gözi düşenden, elini-aýagyny ýitirýär. Näme edip, näme goýanyny bilmän, öňüne goýlan çäýnegiň gapagyny oýnap başlaýar. Bekmyrat baýyň:
– Suhan aga, dünýäde näme gep-gürrüň eşidýäň – diýen sözleri özüne getirýär. Sesini titredip:
– Dünýä gürrüňi bolsa siz beriň, Bekmyrat baý. Biziňki näme? Hywa ýoly bolaýmasa, ýa Mary bazarynyň söwdasy bolaýmasa, başga zatdan kän habarymyz bolmaz.
Şu sözleri aýdanyndan soň ussat aktýorlar Gylyç Berdiýew bilen Suraý Myradowany düýbünden unudýar. Indi onuň garşysyna ýer urup, ýerde galan Uzugyň ejesi Orazsoltan hem-de maly ýere-göge sygmaýan, uly baý Bekmyrat otyrlar. Olar bilen arkaýyn gürleşýär. Özüniň mertebesini saklap, obanyň uly baýydygyny unudanok. Her sözüň aňyrsynda özüne bolan ynam, aýyl-saýyl bildirip dur. Teatryň tomaşaçydan doly zalynyň özüne seredip oturandygyny, aram-aram Suhanyň sözlerine gyzyl-gyran gülüşýändiklerinem, wagtal-wagtal Aga gaýyň oýnaýşyna el çarpýandyklary hakda-da pikir edenok. Diňe wakalary yzarlaýar. Bekmyrat baýyň her sözüni makullaýanlygyny, Orazsoltan ejäniň her sözünde kemsidýänligini, tomaşaçylara ýetirýär. Uzugyň kakasy Myrat aga – Aman Gulmämmedow bilen bolan sahnasynda Aman aga bilen ilkinji sahnada duşuşanda injigi saňňyldaýan Aga daýy indi onuň ýakasyndan tutup sahnanyň çüňküne zyňyp goýberýär. Üstüne abanyp, edil gözüniň içine seredip «seni şu wagta çenli ekläp-saklan kim, ýigrimi-otuz ýyl bäri iýýän çöregiň kimiň çöregi ýa-da sen naharyňy iýeýin, tabagyna etjek bolýarmyň» diýip ajysyny pürkýär.
Suhan gatynyň roluny oýnap durka, roldan özi lezzet alýar. Sekizinji görnüşde roluny tamamlap, özüni kürsiniň üstüne goýberýär. Şol wagtam Nazar Bekmiýew jaýyna girýär. Aga daýy nähili boldy diýen soragly nazaryny dikýär.
– Men hemmesini gördüm, gutlaýan, seniň aljyramazlygyň üçin oýna seredip biljek däl diýdim, gaty görmäweri – diýip, ýene-de bir gezek elini gysýar. «Bä ýaşulularda-da beýle oýunlar bar eken-ow» diýip, Aga daýam minnetdarlygyny bildirýär. Aga daýyň «Ykbalda» döreden dördünji obrazy Rahym diwal boldy. Oýuny Türkmenistanyň halk artisti, Halkara Magtymguly baýragynyň eýesi Ata Alowow goýýar. Ata Alowow uly aktýor, zehinli režissýor. Ol köp ýyllar Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna baş režissýor boldy. Ol «Gala» spektaklyndaky Gurbanmyrat işany, «Romeo we Žulettadaky», Romeosy, «General Kulyýewdäki» Polat, «Ret bol, ýaragda» Aleksandr Rinaldi, «Men size ynanýanda» Nurjan... spektakllaryna tomaşa etmek miýesser etdi.
Rahym diwaly öň Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýragynyň eýesi Myrat Seýitnyýazow döredipdi. Aga daýynyň Rahym diwaly Myrat aganyňkydan daş sypatam, gepleýiş äheňem, düýpli tapawutlanýar. Göz-görtele para kowalaşyp Bekmyrat baýa gol ýapýar. Orazsoltan eje bilen gepleşende haýbat atsa, Bekmyrat baýa ýaranjaňlyk edýänligi aýdyň ýüze çykýar. Aga daýy bir spektaklda, biri-birine ýaş taýdanam, sosial gelip çykyşam, gylyk-häsiýetem, meňzeş bolmadyk dört obraz döredýär. Şol rollaryň üçüsini, türkmen sahnasynyň pälwanlary döredipdi. Ussatlara dublýor bolmak örän jogapkärli. Bile oýnaýan aktýoryň döreden obrazyny gaýtalamaly däl. Ýoldaşyň döreden obrazyndan pes bolmaly däl. Awtor tarapyndan berlen şol bir sözleri, özüňçe onki süňňüňe siňdirip, täze obraz ýasamaly. Beýle diýildigi özüňden öň obraz döredenden hiç zat peýdalanmaly däl diýildigi däl. Ussatlaryň gowy däplerini dowam etdirmeli. Teatryň ýaşuly aktýorlarynyň iş tejribesini öwrenmeli. Olar işe juda werdiş adamlardy. Hiç hili işden gaçgalak etmezdiler.
Käbir artistiň döredýän obrazam öz edim-gylymyna deň gelýär. Şeýle ýagdaýda artiste ýöne oýnaýmak galýar. Olaryň edeni gelşip dur. Aga daýy babatda welin, beýle däl: onuň häsiýetine görä obrazy ýok, diýip hasap edýärin. Ine, saňa bir mysal. Suhan gaty nire, Aga daýy nire.
Eger öňünden Suhan gaty çyksa, ýoldaşyna-da nämedir bir zat gerek bolsa, ol Suhan gatydanam haýyş edip, ýoldaşyny, möhümini bitirjek boljak adam. Suhan gaty bermejek bor, bermez asyl. Aga daýy welin, ýoldaşynyň düşen çykgynsyz gününi barybir düşündirjek, yrjak bolup gara gündedir.
Jeren gelnejäniň – ýatan ýeri ýagty bolsun görgüliniň – janygyp aýdan bir sözi hiç ýadymdan çykanok:
– Agamyrat il üçin ýaradylan adam.
Dogrudanam ol il üçin ýaradylan adam. Öz öýümi bezäýin, öýümi baýlykdan dolduraýyn diýen pikir ýok onda. Gelneje gürrüň berdi. Aga daýyň inisi Sary Marydan iki sany toklyny soýup, huruşlyk diýip iberipdir. Kärdeşleriniň biri toý etmeli bolupdyr. Toý etjek adamyň – hawa, toý etmek isleýän adamyň alara, mal soýara puly ýokmuş. Aga daýam gören Aga daýyň. Sarynyň iberen iki toklusyny kärdeş dostunyň öýüne äkidipdir. Gelneje görgüli adamsynyň yzyndan gygyrypdyr. «Bir gezek nahar ederlik bir goýup git ahyryn». Aga daýyň gara çyny: «Jeren, iki tokly diýip, doly eltmesem, gelşiksiz bolar-a!».
Üç-dört günden Sary Aşgabada gelýär. Gelse, öňüne goýulýan oňly zat ýok. Sary agasyna gara çyny bilen maslahat beripdir:
– Para ber welin, Aga, Suhan gatynyň roluny oýnamaňy goý. Ýogsam Suhan gata hakyt meňzäp barýaň sen.
* * *
Haktagala her kimi bir küýde, bir dünýäde ýaradypdyr. Şolaryň biri-birine meňzemeýänligem bir gowy zat.
Adamlaryň içinden edim-gylymy bilen kärdeşlerinden, töweregindäkilerden düýpgöter tapawutlanýan adamlar bolýar. Aga daýy hem beýleki adamlardan düýpgöter tapawutlanýan adamlaryň hilinden.
Aga daýynyň bu sahylygy bilen, bu tarhandökerligi bilen ýer urup ýerde galan garyp bolmaly. Ýöne her kimi bir küýe salan Allatagala olara dürlüçe rysk hem paýlapdyr. Ol Aga daýynyň juda sahy, tarhandöker boljagyny öňünden bilipdir. Elbetde, bilipdir. Bilibem oňa dört-bäş adamlyk rysk-döwlet beripdir.
Ol berlen rysklaram Sarynyň eli bilen Marydan ugradylýar. Berdi Bäşimiň eli bilen Aşgabatdan. Aý, garaz, men gözbaşlarynyň nirededigini doly, jikme-jik aýtmaýyn. Okyjam ony bilmedikden bolsun. Esasy zat, özem iň esasy zat Aga daýynyň rysk çeşmeleri egsilmesin!
– Azap çekilip, der dökülip sahna çykarylan obrazlaryň hiç birinem halaman duramok. Eger-de men, heý, ata öz ýüreginden önen perzentleriniň içinde ýigreneni bolarmy diýsem, mahabatlandyryp aýdýan ýaly bolsa gerek. Belki şeýledirem. Bu deňeşdirme juda mahabatlandyrylan deňeşdirmedir. Ýöne her bir döreden obrazyň ýürekden çykansoň, olar saňa ýakyn, hut öz adamyň ýaly bolup görünýär. Indi soranyňdan soň aýdaýyn. A.Mämiliýew «Kim utdusyndaky» Ýazmämmet (şu roly oýnanymdan soň, tomaşaçylaryň käbiri «Ana, artist daýy» diýip ýüzlendiler. Onuňam sebäbi spektaklyň gahrymanlary maňa daýy diýip ýüzlenýärdiler). H.Derýaýewiň «Ykbalyndaky» Suhan gaty, A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň «Üç çynaryndaky» Goňurja baýy, has ýakynym ýaly duýýan.
Aktýoryň ykbaly teatra bagly. Has takygy, režissýora bagly. Eger ol saňa rol bermese, sen ýanyp duran odam bolsaň, hiç kim.
Aga daýy teatrdanam, režissýorlardanam nalanok. Uly rollaram, kiçi rollaram oýnap geldi. Döreden obrazlarynyň tomaşaçylaryň ýüreginiň jümmüşinde orun tapanlaram, estetiki taýdan o diýen täsirli bolman, guraksy, solgun obrazlaram bolupdy. Biz bu ýerde onuň düýp sebäbini yzarlap oturmakçy däl. Sebäp gözleseň sebäp tapylar. Diňe solak obrazlaryň döremegine aktýorlar günäkär bolman, dramaturgiýanyň materiýaly, režissýoryň traktowkasy, hudožnigiň saýlan eşigi, ýene-ýeneleriň sebäp bolmagam mümkin.
Altmyşynjy ýyllarda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatry san taýdanam, hil taýdanam iň öndümli işlän ýyllary boldy. Ýokary bilim alyp gelen ýaş režissýorlaryň teatrda işlemegi, teatryň spektakllaryna täze öwüşgin berdi. Türkmen dramaturglary bilen arabaglanyşyk güýçlendi. Täze-täze dramaturglar döräp ugrady. O.Akmämmedow, S.Garajaýew, A.Mämiliýew dagy tarapyndan ýazylan «Ynjalyksyz ýürek» spektaklyny Mollanepes teatry sahnalaşdyrýar. Spektakly ýokary bilimli režissýor Durdymämmet Öräýew goýýar. Spektakl durmuşyň köp taraplaryny açyp, täzeçil adamlary, arassa zähmeti, hakykaty ahlak meselelerini gozgaýardy. Wakalar kanal gurluşygynyň daşynda bolup geçýär. «Ynjalyksyz ýürek» spektaklynyň baş rollaryny Türkmenistanyň halk artistleri Ata Durdyýew, Muhammet Çerkezow, Hajy Annamämmedow dagy oýnaýardylar. Aga daýam baş gahrymanlaryň biri Welmyrat aganyň obrazyny döredýär. Welmyrat aga – Aga daýy, Döwlet Saparowyň – Muhammet Çerkezowyň – agasydy. Ýaş aktýor, Muhammet Çerkezowyň agasynyň, ýetmişden geçen ýaşulynyň obrazyny döretmelidi. Ýaş aktýora şeýle obrazy döretmegiň nähili agyr boljaklygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Sähel gowşaklyk etseň ussatlary aýakgaby boljak. Olar obrazyň maksadyna tiz göz ýetirýärler. Özleriniňem döredýän obrazlary öz ýaşyndaky şahslar. Aga daýy kärdeşlerine aýakgaby bolmajak bolup elinde baryny edýär. Başdan roluň düýp manysyny açmaga synanyşýar. Obrazyň esasy maksadyny, matlabyny aýdyňlaşdyrýar. Welmyrat aga mollaçylygy ýöretmek bilen diňe inisi Döwletiň aladasynda ýaşaýar. Inisi Döwletiň halkyň öňündäki borjum diýip, ony ýerine ýetirjek bolup janserek bolup ýörşüni düýbünden oňlanok.
Adam bu dünýä geldimi, diňe özi üçin ýaşamaly diýen pelsepä gulluk edýär. Aga daýynyň ýüz gurluşy, haýal hereketleri, oýlanyşykly geplemegi, kynçylykly ýerlerde degişmä ýüz urmagy, döredýän Welmyrat agasynyň häsiýetine ýakyn häsiýetlerdi. Atýoryň häsiýeti bilen döredýän obrazynyň häsiýetlerinde umumylyk bar bolsa, bu obrazyň şowly çykmagyna uly ýardam edýär.
Ata Durdyýewiň, Muhammet Çerkezowyň, Hajy Annamämmedowyň obraz döretmäge edýän synanyşyklary, biri-biriniňkä meňzänokdy. Ata Durdyýew roluny sünnäläp, howlukman işleýärdi. Iň soňky pursada çenli rolunyň näderejede çykjaklygyny aňmak kyndy. Ol sahnanyň çen-çakyny gowy duýýardy. Gödeňsiz hereketlerden, gelşiksiz ýüz-gözlerini oýnatmakdan hemişe gaça durýardy.
Muhammet Çerkezow her sözüň änigine-şänigine ýetjek bolup «näme üçin» diýen soragy köp bererdi. Onuň döreden obrazlary duýgylaryň, pikirleriň önümi. Hajy Annamämmedow roluň pelsepesine köp agram bererdi. «Ynjalyksyz ýürek» spektaklynda döreden Narlysy şeýle häsiýetli obraz bolupdy. Artistiň ajaýyp daşky keşbi, mahmal sesi tomaşaçyny özüne çekýän mylaýymlygy bilen tapawutlanýar.
* * *
Aga daýy 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini gaýybana tamamlaýar. Uniwersitetden türkmen dilini, edebiýatyny öwrenen bolsa, teatrdaky mugallymlary Aman Gulmämmedowdan giň göwrümliligi, söz aýdylyş usulyny, Gylyç Berdiýewden obraz gözlemäniň ýollaryny, Myrat Seýitnyýazowdan işine mukyt bolmagy süňňüne siňdirýär. Aga daýynyň döreden obrazlaryna siňe seretseň, adam häsiýetleri, olaryň biri-birlerine bolan gatnaşyklaryny kesgitlemekde, ýaş aýratynlygyna üns bermekde, obrazlaryň biri-birlerine meňzemeýän sypatlaryny saýlamakda, gepleýiş äheňini, sahna dilini gowy özleşdirenligini aýdyň saýgarmak bolýar. Gün geldigiçe döredýän obrazlarynyň kämilleşýänligini duýmak bolýar.
Men Aga daýydan, siz kiçi rollary, ýagny teatr dilinde aýdanymyzda, epizodik rollary oýnamaga, komediýany, tragediýany oýnamaga nähili garaýarsyňyz diýenimde:
– «Teatrda kiçi rol ýok, kiçi aktýor bar» diýen öňden gelýän kesgitleme bar. Elbetde, bu dogrusa dogrudyr. Kiçi rol bilen uly manyly obrazlary döredýän aktýorlar, barmak basyp sanardan köp. Ýöne, näme üçindir, şol kiçi epizodik rollaryň adyny teatryň janköýerlerem, teatr tankytçylaram, saldamly uly rollardan az tutýarlar. Meniň pikirimçe, uly rollary oýnamak her bir aktýoryň arzuwy. Meseläniň başga tarapam bar. Hemişe uly rollaryň ýetip durmaýan wagtlaram bolýar. Şeýle ýagdaýda maňa, kiçi rol berildi diýip, rol saýlap, özüňi hondanbärisi tutmaklyk, aktýoryň mertebesini peseldýärmikä diýýän. Şu meselede Ata Durdyýewden görelde alarlyk gowy häsiýeti bardy. Onuň rol dannamasy bolmazdy. Kiçi bolsun, uly bolsun, tapawut goýman jany-teni bilen ýapyşardy. Siz ýaňy aktýoryň komiki, tragiki obrazlary döretmäge çemeleşişleri hakda soradyňyz. Eger aktýor aktýor bolanynda (Men şu sözi köpräk gaýtalaýandyryn, sebäbi hemme aktýor diýip ýörenleriň hemmesi göwün diýen aktýorlar däl. Goý, meni kärdeşlerim bagyşlasynlar) komiki, tragiki rollary deň oýnamaly. Men komiki aktýor ýa-da tragiki roly gowy görýän diýip, şol rollar goýulýança garaşyp ýörmeli däl. Şu ýerde bir mysala ýüzlenesim gelýär. Hakyky aktýor Aman Gulmämmedow A.N.Ostrowskiniň «Düşewüntli orun» pýesasynda durşy bilen gülkä ýugrulan Ýosowyň obrazyny döredip, onuň uýatsyzlygyň, ýalançylygyň, gorkuzyp iliň zadyny alýan, utançsyzlygyň, ýaranjaňlygyň, öwünjeňligiň ähli ýaramazlyklary özünde jemlän deýýusyň simwoly bolup dur. N.W.Gogolyň «Derňewçi» komediýasynda, rus çinownikleriň üstünden gülýän obrazy döretdi. Şäher häkimi Skwoznik–Dmuhanowskiý özüniň nalaç edeýinligi sebäpli gülki taýagynyň astyna düşýär. Aman Gulmämmedow haçan ýene-de komediýa ýugurlan obrazlar bolarka diýip garaşman, W.Şekspiriň «Otellasynda» Otellony, «Korol Lirinde» Liriň tragediýasyny tomaşaça ýetirdi. Ine, aktýor aktýor bolanda tragediýanam, komediýanam deň derejede oýnaýar. Aktýoryň guwanjy, buýsanjy onlarça döreden obrazlarynyň tomaşaçylaryň ýüreklerinde orun tapmagy.
Aga daýy Mollanepes teatrynda biregne kyrk ýyl işledi. Şol işlän ýyllarynda dürli iş usully režissýorlar bilen işleýär. Ý.F.Feldan özboluşly režissýordy. Onuň goýan spektakllarynda köpçülik sahnalary aýratyn orna eýe bolýar. Onuň döwründe teatrda uly-uly spektakllar goýuldy. «Gögegin», «Aýgytly ädim», «30-njy ýyllar», «Şirin-Perhat» (Söýgi rowaýaty), «Magtymguly»... ýaly spektakllar tomaşaçylara hödürlendi. Spektakllaryň hemmesi birsidyrgyn däldi. Käbiri şowly çyksa, käbiri orta gürpdäki spektakllardy. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň aktýorlaryň kämilleşmeginde uly işler bitiren, Türkmenistanyň halk artistleri Durdymämmet Öräýew, Aman Gurbandurdyýew, Ata Alowow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Oraz Hajymyradow, Aman Kömekow, Çary Mommadow ýaly režissýorlaryň adyny uly höwes bilen tutasyň gelýär.
Türkmen halky Garaşsyz, dünýäde ilkinji Bitarap ajaýyp döwlet gurýar. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, geçmiş ýädygärliklerini dikeldilýär. Hormatly Prezidentimiz sözüň doly manysynda edebiýatyň, sungatyň hossary, onuň aladasy bilen, täze garaşsyz teatr sungat döräp gülläp ösýär. Täzeçe oýlanýan aktýorlar, režissýorlar, teatr hudožnikleri döredi. Olar Garaşsyz, Bitarap ajaýyp zamananyň waspçylary boldular. Ozal administratiw-býurokratik zandy ýaman ulgamyň hökmürowan buýruklary bilen ýatyrylan türkmeniň naýbaşy eserleri «Gorkut ata», «Ýusup-Ahmet», «Gül-Bilbil» ýaly dessanlarymyz halkyň söýüp okalýan eserlerine öwrüldi. «Gorkut ata» ýaly ajaýyp eserlerimizi, ilkinji bolup sahna diline geçirip, türkmen tomaşaçysyna hödürlemegi başaran Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet hem Magtymguly baýraklarynyň eýesi Kakajan Aşyrow uly işleri bitirdi.
Her bir işde-de ilkinji bolmak aňsat däl welin, «Gorkut ata» ýaly eseri ilkinji bolup sahna geçirmek has hem jogapkärli. Onuň «Gorkut atanyň» bir şahasyndan ilkinji döreden «Däli Domruly» Kakajana «Jan» teatryna uly şöhrat getirdi. Aga daýy täze pikirli, Garaşsyz dünýäde ilkinji hemişe bitarap döwletimiziň daşary hem içki syýasatyny durmuşa geçirmekde elinde baryny edip işleýän, režissýor Kakajan Aşyr bilen ençeme spektakllary döretmäge gatnaşdy. Kakajan Aşyryň «Oguz oýnunda» Büre bakany oýnady. Büre bakanyň spektaklda sözi köp däl. Ýöne Aga daýyň döreden Büre bakany spektaklyň bütin dowamynda sahnadan çykanok diýen ýaly. Umuman, Kakajanyň spektakllarynyň esasy gahrymany halk köpçüligi bolup durýar. Režissýor Kakajany, ilki bilen, spektaklyň bitewüligi, bir perdeden gopmagy gyzyklandyrýar. Artistleriň sahnada başly-barat hereket etmezliklerini gazanýar. Maňa Kakajanyň köp repetisiýalaryna gatnaşmak miýesser etdi. Kakajanyň duýgurlygy meni haýran galdyrýar. Bir repetisiýada şeýle waka boldy. «Oguz oýny» spektaklynyň repetisiýasy gidip durdy. Artistler ellerinde baryny edip, çynlary bilen repetisiýa edip durdular. Meniň göwnüme, hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Kakajan birden repetisiýany saklady-da, «Aga daýy, nämäniň pikirini edýärsiň, repetisiýa döwründe başga zadyň pikirini etme, diňe spektaklyň pikirini et» diýip, repetisiýany dowam etdirdi. Men haýran galdym, artistleriň hemmesi çynlary bilen işläp duran ýalydy. Göwnüme, Aga daýam repetisiýadan ünsüni sowmadyk ýalydy. Repetisiýadan soň Aga daýy bilen duşuşdym. Ol «Be, haýran galaýmaly, Kakajanyň duýgurlygyny, men şol wagt töweregimdäki bolup geçýän wakalara üns beren bolsamam, ünsümiň başga ýana sowlanyny özümem duýmandyryn, Kakajan weli duýupdyr» diýip, gürrüň berdi.
Talapkär režissýoryň her bir goýan spektakly türkmen tomaşaçylary üçinem, teatr tankytçylary üçinem uly hadysa öwrülýär. «Däli Domrul» spektaklyna türkmen tomaşaçylary öwran-öwran tomaşa etdiler. «Gorkut ata» eposymyzyň bir şahasy bolan «Däli Domrul» spektaklyna diňe türkmen tomaşaçylary el çarpman, Kanadanyň, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň, Belgiýanyň... ençeme ýurtlaryň tomaşaçylaram täsin waka hökmünde el çarpdylar. Gören spektakllaryna haýran galyp, uly waka edip, öz gazetlerinde, žurnallarynda uly baha berdiler. Aga daýy entek Kakajan Aşyryň režissýorlyk kärine baş goşmanka, onuň Mollanepes teatrynyň sahnasynda döreden ajaýyp obrazlaryna uly höwes bilen seredýärdi. Türkmen dramaturglarynyň pýesalarynda döreden döwrebap rollaryna, klassyk eserler «Derňewçi» komediýasynda Helestakow, «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» komediýasynda Turfaldio... ýaly aktýor saýlaýan rollaryna, «Meniň dostum Meleguş», «Guduzlan» filmlerinde döreden obrazlaryna guwanýaryn. «Nadaranyň nogtalanyşy», «Düşewüntli orun», «Suwlugan», «Keseki», «Oguz oýny», «O dünýä syýahat», «Apat»... kimin spektakllar türkmen teatrynyň taryhynda ýatdan çykmajak spektakllar bolup galdy. Aga daýy «Nadaranyň nogtalanyşy» spektaklynda Winçensiony, «O dünýä syýahatda» Derwezebany oýnaýar. Winçensionyň obrazy çylşyrymly roldy. Aga daýy birden Winçensionyň obrazyna girişip gidibermeýär. Kakajan Aşyr «Roluň düýp manysyny aýdyňlaşdyryp bileňok. Maksadyňy kesgitle. Ol türkmen gojasy däl, ýörüşem, gepleýşem türkmen gojalaryndan tapawutly bolmaly, şol hakda köp oýlan» diýip maslahat berýär. Repetisiýa gutarandan soň birnäçe sagatlap täze dörejek obrazyň gürrüňi edilýär. Maslahatlaşýarlar, pikir alyşýarlar. Birek-birek bilen düşünişip işlemek, has dogrusy, ynanyşmak bar ýerinde, şowlulygam bar. «Nadaranyň nogtalanyşyndaky» Winçensionyň, «O dünýä syýahatdaky» Derwezebanyň obrazlary tomaşaçylaryň göwnünden turan obrazlar bolupdylar.
Aga daýynyň ýene-de bir hormat goýýan ýaş talantly, her goýan spektakllarynda täzelik girizmegi başarýan, belli režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Täçmämmet Mämmetweliýew. Täçmämmet ýönekeý bir durmuşy beýan edýän sahnalardan, giň gerimli, umumylaşdyrylan, halk gahrymanlarynyň obrazlaryny sahnada jemlemegi başarýar. Ýokardaky ideýa gulluk edýän «Medeýa», «Soltansöýün we Myraly», «Gysgaldylan duşuşyk», «Gala»... ýaly spektakllaryň onlarçasyny goýdy. Aga daýy Täçmämmediň «Gala» spektaklynda oba ýaşulysynyň obrazyny döretdi. Režissýor gaty işeňňir. Şeýle köp işleri ýerine ýetirmäge nähili wagt tapýarsyň diýeniňi duýman galýarsyň. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň baş režissýory, teatryň keşigi bir adama ýük. Täçmämmet, bir görseň tomaşaçylar bilen duşuşykda goýan spektakly hakda gürrüň berse, radioda, telewizorda, aktýorlar hakda söhbet açýar. Tomaşaçylara umumy teatryň döredijilik ýoly, aktýorlaryň öňünde durýan wezipeleri, dürli konsertlere ýolbaşçylyk etmek, spektakllardan bölekler taýýarlap, aktýorlaryň konsert programmalaryny gözden geçirip, artygyny aýryp, ýetmezini dolup ýörendir. Onuň ýiti zehini bilen hasyl bolan «Gala» spektakly diňe teatryň döredijilik toparyna abraý getirmän, türkmen tomaşaçylarynam çäksiz begendirdi. Täçmämmediň döredijiligine mahsus bolan şertleýin aňlatmalar, pikir çugdamlygyny saklamak, teatr serişdelerinden (yşk, saz, eşik ýaly zatlardan) oňaýly peýdalanmagy başarýar. Täçmämmetde ýene-de bir bellemeli zat, täze-täze aktýorlaryň ýüze çykmagyna, olaryň ussatlygynyň ösmegine giň ýol açýar. Şu günki türkmen tomaşaçylaryna Türkmenistanyň halk artistleri, Halkara Magtymguly baýragynyň eýeleri Oraz Arrykowy, Nurmyrat Annamyradowy, Türkmenistanyň at gazanan artisti J.Paltaýewany tanamaýany az-az bolsa gerek. Bularyň ussatlygynyň artmagyna Täçmämmet gönüden-göni dahylly.
Häzirki Galkynyş döwründe goýulýan spektakllaryň goýulyş usulam, ündeýän pikirlerem öňki durgunlyk ýyllarynda goýulýan spektakllar bilen deňeşdireniňde düýbünden başgaça. Meniň şu ýerde geçeniň üstüne gum sürmek maksadym ýok. Ýöne administratiw-býurokratik sistemanyň höküm sürýän wagty, hiç bir zada ynam etdirmeýän durgunlyk ýyllarynda teatrlarymyzda öňünden kesgitlenen, plança halk artisti, plança at gazanan artist, ýokary kategoriýaly, orta, aşaky munça artist bolmaly diýip öňünden kesgitläp öňüňe oklanandan soň, erkin garaşsyz sungatyň gürrüňini etmek asla mümkin däl. Islendik aktýor ýokary atlara mynasyp bolsalar-da, ýokardan bellenen görkezmeden çykmaga hakyň ýokdy. Şol döwrüň ýaşlarynyň ýaşulylar pensiýa gitse biziňem aýlygymyz, kategoriýamyz galsa diýip dileg edýänleri köpdi. Hudaýa şükür, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde diňe halkyň islegini kanagatlandyrýan sungata giň ýol açyldy. Eger sen mynasyp bolsaň, şol gün at-abraýyň eýesi bolýarsyň.
* * *
Aga daýy kän çarşenbäni başdan geçiren, altmyş ýaşy arka atan ýaşuly adam. Öňki döwürlerdäki ýaly meýlis gurap, daňdana çenli oturlanok. Käte, içim gysan çagty men Aga daýynyň ýanyna gümür-ýamyra barýaryn. Geçeni ýatlap oturýas welin, süňňüň ýeňleýär. Geçeniň ähli zadyny däl, iň gülküli ýerlerini ýatlaýas. Gülküli waklaram durmuşda az bolmandyr. Aga daýynyň üýtgeşik bir häsiýeti bar. Öz kemçiligi hakda aýdylsa, käbir kişiler ýaly, öýkeläp, kine saklap ýörenok. Öz kemçiliginiň üstünden hezil edip gülüp bilýän adam. Öz kemçiliginiň üstünden gülüp bilmek, onda-da söhbetdeşiň dek lezzet almak her kime ýetdirip duran aýratynlyk däl. Pylany degişmäni göterip bilýän däldir, pylanyň kemçiligi hakda gürläýmegin diýilýän gürrüňi kän eşitdim. Diňe men däl, beýlekilerem şeýle gürrüňleri az eşiden däldirler. Meniň bu aýdan zatlarym, göräýmäge ownuk aýratynlyklar ýaly. Ýöne bu ownuk däl. Adamyň esasy aýratynlygyny alamatlandyrýan häsiýet. Ýene bir zat. Özem esasy zat: käbir adam bolýar. Onuň ýanynda islän temaňdan hiç hili aýtjak bolýan gürrüňiň soňuny saýmazdan gürrüň edip bilýäň. Göwnüňe gelen zady aýdyp, heziller edýäň. Gürrüňdeşiňem seniň gürrüňiňe gyzyklanyp häňi berýär. Soň görüp otursam, iliň gürrüňini diňläp bilmegiň özem ullakan başarnyk eken. Adamy köseýän zat seni ýürekden diňleýän adam ýok. Her kimiň öz aladasy, öz derdi. Aga daýy seniň derdiňem edil öz derdi deýin diňläp otyr. Diňe bir diňläp oňaýanok. Gynançly bolsa gynanýar, begençli bolsa begenýär.
Dostlar hem hil-hil boljak eken. Meniň dostlarymyň içinde her hilisi bar. Men olaryň ählisiniň «diline» düşünýärin. Haýsynyň ýanynda nähili bolmaly. Näme temadan gürrüň etmeli. Birinji ýa ikinji gezek duşuşmanymdan soň bilýärin. Olaryň isleýän temalaryndan gürrüň edýärin. Aslynda maňa uzak gürlemek nesip hem edip duranok. Her kim öz derdi-aladasy barada gürleýär. Olaryň gürrüňinden çen tutsaň, dünýäde onuň aladasyndan başga iş-alada ýok ýaly. Eger üns berip gürrüňini diňlemeseň welin, dostuň senden juda öýkelär, gaty görer. Ýöne özgäni diňlemegiň kyndygyna olar bilen oturanymda göz ýetirýärin. Aga daýynyň özgäniň aladasyny edil öz aladasy deýin diňläp bilşine oturyp-oturyp haýranlar galýaryn.
Men öz-özüme sorag berýärin.
– Ýaşymyzam-a deň däl, ýaşlykda bile önüp-ösenem däl, ýöne tanşan günümizden bagry badaşan dek bolup gidiberişimiziň düýp sebäbi näme?
– Men Aga daýy bilen duşanymda zehil göwnüm hossaryny gören dek bolýar, jynlarymyz jyňkyryşýar. Onuň ýanynda islän zadym hakda söhbet edip, içimi döküp, derdinişip bilýärin.
Soňky döwürde Aga daýyny kesel heläk edýär. Juda horlanypdyr. Köçede ýuwaşja ýöräp barýarys.
– Agtyklarym bilen bolanymda, bütin dünýäni unudýaryn. Olaryň dillerine, hereketlerine guwanýan. Umuman, men çagalary gowy görýän. Köçede bolsun, maşynyň üstünde bolubam, tapawudy ýok, çaga görsem lak atman durup bilemok. Ugruny tapyp, olar bilen derrew gürleşýän. Hemme kişem çagany gowy görýändir weli, meniň çaga hamraklygymyň özüne ýetik sebäbem bar.
– O nähili özüne ýetik sebäp?
– Eşider bolsaň, men öýli-işikli bolanymdan soň dokuz ýyllap çagamyz bolmady.
– Bä, şu wagta çenli ol hakda dil ýarmandyň-la?
– Bu zatlary gürrüň bermegiň näme geregi bar. Ol meniň şahsy durmuşymda bolup geçen wakalar ahyry. Eşider bolsaň, men orta mekdepde okap ýörkäm öýlenipdim. Soň tehnikumda, studiýada okadym. Ony ozal saňa gürrüň beripdim. Bir gün inim Sary Aşgabada geldi. Ol meniň bilen uzak gürleşip oturman, «Hany paty-putyňy al-da ýör öýe» diýdi. Men näme bolanyna düşünmän gözlerimi mölerdip oturypdyryn. Näme bolupdyr, düşündir diýdim. «Oba ýaramaz gürrüň ýaýrady, sen şäherlileriň birine öýlenipsiň, iki sany çagaňyzam barmyş» diýip gürrüň edýärler» diýip, bir depen ýerini depip dur. Men şu bela, sen bilýärsiň ahyry meniň öýlenmänimi diýip düşündirjek bolsam, «Kim bilýär, artistsiň-dä. Menem aldap ýören bolsaň bildimmi, onsoňam seniň öýlenmedigiňi obanyň adamlaryna nädip düşündireýin» diýip, şol bir eňegine tutup dur. Teý-ahyr bolmajagyny bilip, Aşyr Mämiliýewiň ýanyna bardym. Şol wagtlar Aşyr Medeniýet ministrliginiň teatr uprawleniýesiniň naçalnigidi. Ol Saryny gowy garşylady. Sary bilen öňden tanyşdy. Sary näme üçin gelendigini, oba ýaýran gürrüň barada bolşy ýaly gürrüň berdi. Aşyr ýylgyryp oturyşyna «haý, kel zaňňar, bizden ogryn öýlendim diýsene, dört gözüň alty bolupdyr» diýip, soňuny degişmä ýazdyrdy. Aşyryň keýpiniň çag wagtlary maňa «kel» diýip ýüzlenmesi bardy. Men beýle zatlaryň ýoklugyny Aşyra düşündirip oturmagyň hajatynyň ýoklugyny bilýärdim. Aşyr maňa beletdi. Günde-günaşa duşuşardyk. Şonuň üçinem Aşyryň özüne görä jogap berdim. Birem däl, özem birnäçesi bar diýdim. Aşyr esli oturdy-da, birden bir zat ýadyna düşüp:
– Bilýärmiň näme, birinji parkyň ilersindäki Oktýabr (häzir Gylyç Kulyýew) köçesiniň 10 «a» jaýyna bar. Öz-ä ýarym ýerzemindir weli, taýak gelýänçä ýumruk diýlişi ýaly, goş-golamlaryňy şoňa taşla. Agşamky otly bilen git-de, obadan zatlaryňy alyp, göçüp gel, ýogsam obanyň gürrüňini ýatyryp bilmersiňiz. Jaýdan kim çyk diýse meniň ýanyma iberäý. Ony Puşkin teatrynyň işgärleri tertibe salypdylar.
Bu waka 1962-nji ýylda bolupdy. 1963-nji ýylda, dokuz ýyldan soň gyzym boldy. Meniň çaga hamraklygymyň sebäbi şol bolsun gerek. Osman, men saňa ýene-de bir zady gürrüň bereýin. Men altmyş ýaşy arka atan adam. Şu döwürde dostlarym, ýoldaşlarym hemişe jaý bolsun, isle iş, tapawudy ýok, goldaw berip geldiler. Men olaryň öňünde ömürbaky borçly. Sen ýylgyrma, näme diýjegiňi bilip durun. Seniňkem öňde biriniň suwdan böküşi ýaly diýjeksiň.
Gulak as, öňem bir meniň ýaly elinden iş gelmeziň biri, ýaşam birçene baran suwly ýapdan böküpdir weli, ýabyň ortarasyna pagşyldap gaçypdyr. Emedekläp zordan suwdan çykyp, «Wah, ýigrimi bäş ýaş» diýipdir, töweregine seretse, hiç kim ýok eken. Onsoň öz-özüne «Aý, ýigrimi bäş ýaşda-da alan galaň ýokdy-la» diýipdir. Ýöne etjek alajyň ýok, şol dostlarym, ýoldaşlarym, gowy adamlara sataşmadyk bolsam, belki men beýle ýaşamazdym. Aga daýam bolmazdym.
Aga daýyň pikiri bilen doly ylalaşdym. Dogrudanam dostsuz, ýoldaşsyz nähili ýaşap bolar. Aga daýy bilen bolan bir wakany gürrüň bereýin. Bir gün ýaraman lukmanyň ýanyna barypdyr. Lukman gowy barlap görýär-de, «Saňa gaty gynanmagam, begenmegem bolanok. Şonuň üçinem gynançly, begençli ýerlere barma» diýýär. Aga daýam:
– Eger men seniň aýdyşyň ýaly, gynançly, begençli ýerlere barmasam on ýyl dagy ýaşarynmy? – diýip lukmandan soraýar.
Lukman «mümkin» diýip kelte jogap beripdir. Aga daýam:
– Eger men dostlarymyň, ýoldaşlarymyz begenjine begenip, gynanjyna gynansam bir ýyl ýaşarmykam?
Lukman näme diýjegini bilmän egnini gysaýýar. Aga daýam:
– Men ikinjisini, bir ýyllyk ömri saýlap alýan – diýipdir.
– Şady-horramlykda ýaşajak diýseňizläň.
Aga daýynyň teatrda işlän kyrk ýylynyň içinde kärdeşleri bilen sene-mene edip, aňry otur diýşenine gabat gelmedim. Studiýada bile okan, bütin ömrüni teatr sungatynyň ösmegine bagyşlan Türkmenistanyň halk artistleri Oguljeren Işangulyýewa, Ýelizaweta Garaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Rejep Hojagulyýew, Enejan Orazmyradowa, Oraz Baýramow, döredijiliginiň gülläp ösen döwri, ir aramyzdan giden Gündogdy Hakgyýew daga uly hormat goýup, diňe teatrda aragatnaşyk saklaman, maşgala gatnaşygynam saklap gelýärler. Aga daýa studiýada sapak beren Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gurbandurdyýew, I.G.Gromow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Hajymyradowa hemişe minnetdarlyk sözüni aýdýar. Men ondan seniň ussat aktýorlar hakda ýazýanlaryňy okaýan, sahna ussatlary bilen hemişe ham-şam bolupsyň, olar bilen köp meselelerde pikir alşypsyň, bu durmuş hakykatymy ýa-da çeper hakykat diýip soranymda:
– Bu durmuş hakykaty, men saňa bir ussat aktýor bilen bolan bir wakany gürrüň bereýin. Ondan soň özüň durmuş hakykatymy ýa çeper hakykat oýlanyp gör.
Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda «Aktýor» diýen diwar gazet çykýardy. Sen ýylgyrma, hakykatdanam şeýle. Aktýorlar mekdep okuwçylary däl ahyry. Şol diwar gazetiň baş redaktory Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýragynyň eýesi Myrat Seýitnyýazowdy. Ol Türkmenistanda belli aktýordy. «Sekizinji hazynada» Kelewi, «Keminede» Keminäni, «Keýmir körde» Çorlyny, «Korol Lirde» Wäşini... «Türkmenfilmiň» önümi bolan «Uzakdaky gelinlik» filminde «Homuç, Homuç» diýip kellesi bilen pökgi deregine çyra çüýşäni döwüp oturan poçtalýon Mergeni, «Çopan oglunda» «Wah, Şekerjan keýp nol» diýip Gadamyň söýgülisi Şekere aşyk-magşuk bolup, ser-sepil Berdi hudožnigi, «Aşyr aganyň mekirliginde» düýäniň üstünde göçme dellekhana gurup, saýawanyny kölege edinen Aşyr aganyň agtygy, Oguljana aşyk ýigitleriň biri Juma dellege tomaşa edensiň. Meniň gürrüň bermekçi bolýanym şol belli aktýor. Biz her zat etmelidik weli, aýda bir gezek diwar gazeti çykaraýmalydyk. Ine, onsoň birimiz direktoryň, baş režissýoryň adyndan, beýlekimiz partiýa guramasynyň, aýallar sowetiniň adyndan makala taýýarlap gazeti çykarardyk. Myrat aga:
– Agamyrat, gazetiň aýma-aý çykmagyna gaty mukyt bolgun. Işden az-owlak gijä galsaň gaty käýýäp durmazlar, ýöne gazet wagtynda çykmasa, ikimiziňem dat günümizedir. Ýerli komitetiň, partiýa guramasynyň ýygnaklarynda uly günä iş eden ýaly boýnumyzy sallap durmaly bolarys – diýip, Myrat aga sargardy.
«Goralan göze çöp gaçar» diýleni boldy: 1963-nji ýylyň oktýabr baýramçylygyna bagyşlap çykarmaly gazeti taýýarlap ýetişmedik. Ertir baýramçylyk diýlen güni ýarawsyzlygyna seretmän Myrat aga teatra geldi.
– Ýeri, indi nätmeli? – diýip meniň ýüzüme soragly garady. Men näme diýjegimi bilmän egnimi gysdym. Myrat aga esli salym pikir edip oturdy-da:
– Geçen ýylyň şu aýyndaky çykan gazeti ýok etdiňmi? – diýdi.
– Bolmaly öz-ä.
– Bolmaly bolsa şony getir.
Men ara wagt salman geçen ýylyň şu aýyndaky gazeti alyp geldim. Myrat aga ýüzüme seredip çalarak ýylgyrdy-da:
– Okaýan barmy, muny asdyk – diýdi. Şeýdibem geçen ýylyň diwar gazetini asdyk. Soňky ýerli komitetiň ýygnagynda gazeti wagtly-wagtynda çykarýanlygymyz üçin bize sag bolsun yglan etdiler.
Şuňa meňzeş wakalar diňe Myrat aga bilen bolman sahna ussatlaryň köpüsi bilen bolupdy. Gylyç Berdiýewlere günde-günaşa diýen ýaly barardym. Her baranymda Mama eje güler ýüz bilen garşy alardy, (Mama eje Gylyç aganyň ýanýoldaşy, Mollanepes teatrynyň aktrisasy) Gylyç agalaryň depmeli sähelçe ýerleri bar. Bir gün Gylyç agalara bardym weli, Gylyç aga:
– Mama, Agamyrat bilen ýer depsek diýýäris. Sen biziň şu pikirimizi nähili görýärsiň.
Mama eje bize ynamsyzlyk bilen sereder. Sebäbi ony eýtjek, muny beýtjek diýen sözi ozalam köp eşidipdi. Gylyç aga bilen depilmeli ýere aýlanyp görýäris. Nädip depilse gowy boljakdygyny maslahatlaşýarys. Soňundanam gürrüňe kelleler gyzýar. Garaňky düşüp, göz baglanandyr, biziň gürrüňimize gutarma ýokdur. Mama ejäniň ýaňsyly: «Bu günlükçe ýer depmäňizi bes edäýiň» diýeninden soň, biri-birimiziň ýüzümize ýylgyryp garap, hil bir iş eden ýaly, öý bikesiniň maslahatynyň garşysyna gitmezligi makul bilip, öýe gireris. Saňa muny gürrüň bermegimiň sebäbi şeýle uly ussatlarda çaga häsiýetleri bar. Dogrudanam ussatlar hakda ýazýan makalalarynda şeýle wakalara köp duş gelýän. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär. Aga daýy «unudylan» aktýorlar hakda ilkinjileriň biri bolup seslenýär. Köp ýyllar ilkinji türkmen aktrisasy hakda suwytly iş edilmedik Türkmenistanyň halk artistkasy Ogulgurban Durdyýewanyň ady unudylyp gelindi. Ýogsam ilkinji açylan, türkmen drama studiýa ilkinji gelen türkmen gyzy Ogulgurban Durdyýewady. A.Garlyýewiň «Aýna» pýesasynda Aýnanyň, «Namysda» Natelliniň, «Zöhre-Tahyrda» Mahymyň... obrazlaryny sahnada döreden bolsa, «Aýgytly ädim» filminde Artygyň ejesi Nurjahany, «Gämiçiniň jany bir» filmde perzendini elinden aldyran enäniň, «Ýanýan furgonyň ýolunda» Mamur ejäniň ýatdan çykmajak obrazlaryny döredipdi. Töhmediň pidasy bolan, ajaýyp aktýor «Şemşatda» Akmyrady, «Hüýrlukga-Hemrada» Hysrow şa ýaly obrazlary döreden Bäşim Durdyýewi, ilkinji türkmen režissýory Allanazar Gurbanow hakda-da ilkinji seslenenleriň biri. Aga daýynyň çeken azaplary bihuda gitmedi. Teatr janköýerlerinden köp hatlar alypdyr. Ol hatlaryň käbirinde özleriniň minnetdarlyklaryny bildirseler, beýlekilerinde maşgala durmuşy, sahna ussatlary bilen gatnaşygy, dostluk hakda garaýşy, artistleriň degişmedir henekleri barada sorapdyrlar. Men Aga daýa açyk aýtdym:
– Hormatly Agamyrat Amanmyradowiç, siz ilkinji türkmen artistlerimiz barada döwürleýin neşirlerde ululy-kiçili makalalar bilen çykyş edýärsiňiz...
– Resmi gürläp ugradyň welin, bir begençli habar aýtjak öýdýän – diýip, Aga daýy ýüzüme soragly bakdy.
– Hawa, gowy habar aýtmakçy bolýaryn. Garaşsyzlyk bize köp zat berdi. Şol köp zatlaryň birem hususy neşirýatlaryň döremegi. Häzir Türkmenistanda 86 sany hususy neşirýat bar. Şol neşirýatlaryň birine-de «Ruh» neşirýaty diýýärler. Şol neşirýatyň ýolbaşçysy hökmünde men size ýüzlenýärin. «Ruh» neşirýaty siziň ilkinji türkmen artistleri baradaky oçerkleriňizi, makalalaryňyzy «Ilkinji türkmen artistleri» diýen at bilen aýratyn kitap edip çykarmagy maksat edinýär. Pikir gowudyr?!
– Gowy, juda gowy.
– Şol kitapdan soň Agamyrat Amanmyradowyň «Artistleriň degişmeleri» diýen kitabyny-da çap etmegi mümkin.
– Sag bol, dogan.
– Üçünji habary-da aýdaýynmy?
– Şu iki habaryň galan ömrümi begenip geçirmegime ýeterlik. Barybir, üçünji habaryňy-da aýt. Ol habaryň o dünýäde rahat ýatmagymy üpjün eder.
– Üçünji habarym, siz hakda kitap ýazmaga girişdim.
– Ony çak edýärin.
– Nämeden?
– Soňky günler söhbetdeşlikde meniň terjimehalym, oýnan rollarym, tirkeşen artistlerim bilen gyzyklanyp ugradyň.
Aga daýynyň «Ilkinji türkmen artistleri», «Artistleriň degişmeleri» atly kitaplar okyjylara gowuşdy. Ýöne meniň Aga daýy hakdaky kitabym soňlanman galdy. Ine, şu setirler – şol kitabyň setirleri.
Eden işiň ýerine düşenligini bilmek, janköýerlerinden minnetdarlyk sözüni eşitmek, bu bir uly bagt ahyry. Men Aga daýynyň köp spektakllardaky çykyşlaryna tomaşa edipdim. B.Amanowyň «Keminesindäki» Kazy reýis, B.Jakyýewiň «Atanyň takdyrynda» Şarşeke, W.Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşynda» Winçenko, A.Gowşudowyň «Jumasynda» Ylýas Töre, A.Mämiliýewiň «Kim utdusynda» Ýazmämmet... hemme gören spektakllaryňy saldarlap seljermeg-ä beýlede dursun, olaryň atlaryny sanardanam köp. Ol obrazlary döretmek üçin siňdirilen zähmet ol diňe artistiň özüne mälim. Şeýle-de bolsa oýnamagy juda kyn, artist saýlaýan rollaryň biri M.Gorkiniň «Ýegor Bulyçýow we başgalaryndaky» Pawlin. Özüniň erkana ýaýnaýan ajaýyp zamanasynyň gözüniň öňünde çagşap gidip barýanlygyny duýup, özüni oda-köze urýar. Pawliniň çekýän gam-gussasyny tomaşaça ýetirmek üçin elinde baryny edýär, aktýor Pawliniň obrazlaryny uly şahs edip tomaşaça ýetirýär. Durdy Baýlyýewiň «Petigara» spektaklyna Aga daýyň uly ogly Kakamyrat bilen bile tomaşa etdik. Spektaklda baryp ýatan ýaranjaň, öz peýdasy üçin hojaýynynyň dabanyny ýalamaga taýýar Gurduň obrazyny döredipdir. Spektaklyň dowamynda Gurduň – Aga daýyň sahna balaksyz, diňe şortikli çykýan ýeri bardy. Bu sahnany tomaşaçylar gyzyl-gyran gülüşip, el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Spektakl gutardy. Biz şowly çykan obraz bilen Aga daýyny gutladyk. Kakamyrat çalarak ýylgyryp:
– Kaka, teatrdan işden çykaýsaň nädýä?
– Weý, bu näme diýdigiň? – diýdi.
– Aý, bizi eklejek bolup, halkyň öňüne balaksyz beri çykma.
Men Aga daýyň çagalaryna belet. Olaryň hemmesi ýokary bilimli. Hersi bir käriň eýesi. Bir gürrüňçilikde Jeren gelnejem:
– Biz Aşgabada göçüp gelenimizde ak çörek almaga güýjümiz ýetmän, gara çörek alardyk. Etli çorba beýlede dursun, zawut ýagdan ýa margarinden edilen çorba atmaga kartoşka-da alyp bilmezdik – diýip, geçeni ýatlady. Şonda:
– Gelneje, artistiň yzyna düşüp gelip, bol-telkilikde, han ýaly ýaşaryn öýdensiň. 65 manat aýlyk alýanyny aýdan däldir.
– Heý, Osman, pul näme, zat näme, saglyk bilen agzybirlik bolsa bolýar. Ýöne käte Aga daýyň dostlary bilen üýşüp gelenlerinde näme äberjegimi bilmän ýaýdanardym – diýip gürrüň berdi.
Jeren gelneje kanagatly adamdy. Aga daýyň dostlary köpdi. Men käte pikir edýän, şeýle köp dostlary nädip daşyna jemläp bilýärkä? Könelerimiz adamyň dosty ýeke bormyş diýýärler. Aga daýyda welin köp. Özlerem synagdan geçen dostlar. Men şu ýerde Aga daýyň dostlarynyň oňa nähili wepalydygyny ýatlamakçy. Kiçi ogly Geldimyradyň gelin toýuna taýýarlanyp ýörkä garaşylmadyk ýagdaýda keselhana girmeli boldy. Toýuň aladasyna hemmeler beletdir. Ýegre dostlarynyň biri Nazar Babaýewiň ýolbaşçylygynda ähli zatlar gurnaldy, hemme zat ýerbe-ýer, gelnaljy ugramazyndan ýarym sagat öň ony keselhanadan alyp geldiler. Şol wagt men ony synladym. Näme üçindir, özi bolmasa-da toýuň şeýle taýýarlyklylygyna haýran galmady. Edil bolaýmaly zat ýaly garady. Bu onuň dostlaryna bolan ynamy üçindi. Ol dostlaryna ynanýar, dostlaram oňa. Bu bir uly bagt ahyry. Ynam seni islendik girdapdan aman alyp çykýar ahyry.
Indiki gürrüň berjek wakamy aýtsammykam, aýtmasammykam diýip köp oýlandym.
Eger aýtsam, Aga daýyň bitmedik ýarasynyň üstüne duz sepen ýaly boljak. Aýtmasam dostlaryň saňa, seniň maşgalaňa bolan hormatyňy kemsitdigim boljak. Şu ýylyň 8-nji ýanwarynda siziň maşgalaňyzyň başyna hasrat indi. Sen wepaly ýanýoldaşyňy, dostlaryň bolsa Jeren gelnejesini ýitirdiler. Men baranymda eýýäm adamlar üýşüşip ugrapdyrlar. Seniň pälwan sypat göwräň kiçelen ýalydy. Hemmeler sessiz ýüzlerini sallaşyp durdylar. Dostuň Kakajan Aşyr ýanyma gelip «gelnejemiz-ä gidirdik, pahyr bilen razylaşmaga ýetişdim. Duzuny köp iýipdik» diýdi. Sen sesiňi çykarman otyrdyň, hiç zadyň aladasyny etmeýän ýalydyň. Belki, hiç zadyň aladasyny edýänem dälsiň, diňe hasrat çekýänsiň. Sebäbi dostlaryň daşyňy gallap durdular. Eýýäm bir sagat geçmänkä Jeren gelnejemi dogduk obasyna äkitjek maşyn taýýardy. Kimleriň seniň bilen gitjegini telläp ýören Nazar Babaýewdi. Dostlaryň köpüsi seslerini çykarman, ellerini egnine goýup duýgudaşlyk bildirýärdiler. Hawa, ol wagt sözüň zerurlygy ýokdy. Goňşy-golamlaryňy, kärdeşleriňi, deň-duşlaryňy hasaba almanyňda-da, taryh ylymlarynyň doktory, ýetmiş ýaşy arka atan Kakajan Muhammetberdiýew, Ýazgylyç Orazgylyjow, taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammet Moşow ýüz adama basalykly adamlaryň içinden saýlanyp durdular. Jeren gelnejemiň jesedini göterip ugramyzda, ömründe gözýaş görmedik Aşyr Mämiliniň horkuldysyny, aňyrdan dyňzap gelýän gözýaşlaryny saklajak bolup, mertlik etjek bolup çytraşýan Nazar Babanyň gözleriniň edil gan guýulan ýalylygyny, beýlekileriňem ýagdaýynyň olaryňkydan gowy däldigini görmek nähili agyrdy. Gülüşmegi, degişmegi başaran dostlaryň, gerek ýerinde aglamanam başarýan ekenler. Ine, hakyky erkek kişiler, hakyky dostlar. Olar seniň hasratyňy edil seniň bagryňdan önen perzentleriň ýaly, iniň Sary ýaly deň paýlaşdylar. Bu-da seniň adamkärçiligiňe goýulýan hormat. Belki, bu zatlary gürrüň bermegiň geregem ýokdur. Men adam hakda gürrüň bermegi maksat edindim. Köp zatlar adamlaryň biri-birine bolan dostlukly gatnaşyklary kesgitleýär. Saglygyňam, işiň rowaç almagam töweregiňi gurşap alan adamlara bagly.
Aga daýyňky ýaly dostlar hemme kişä nesip etsin. Onuň daşyna üýşen adamlaryň hiç biriniň ondan hantama zatlary ýok. Ýaňy-ýakynda ýanyna baranymda: «Adamlaryň hemmesi menden gowy, men olaryň öňünde borçly» diýdi. Kiçigöwünlilik, adamlaryň öňündäki borjuňy duýmak, bu gowy häsiýet. Aga daýyň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda biregne kyrk ýyl işlän döwründe döreden obrazlaryna «Ilkinji türkmen artistleri» hem-de «Artistleriň degişmeleri» diýen kitaplaryna, köp aktly pýesalaryna ussat aktýorlar, teatr spektakllara ýazylan synlaryny çintgäp, olara baha kesmekden saklandym. Spektakllary tomaşaçylar görendirler, ýazylan synlary, kitaplaryny okandyrlar. Men şu ýazgylarymda adam hakda, dostlary, birek-birege hemaýatynyň zerurlygyny nygtamagy göz öňünde tutdum. Aga daýyň durmuş ýoluny yzarlamak bilen, ähli döredýän zatlarynyň öz ykbaly bilen belli bir derejede baglylygyny aýtmakçy boldum.
Üç-dört aýdan soň «Aga daýy keselläpdir» diýen habary eşitdim.
Öýüne bardym. Ýatyr eken. Garysyna galdy. Ýarawsyzlygyny ýaşyrmaga çalyşdy, ýylgyrdy. Barybir, ýarawsyzlygy duýuldy.
– Ýarawsyzlyk size gelişýän zad-a bolmaly däl.
– Kesel maňa agyz urup görýär. Jeren gidensoň öýüň bazary sowlan ýaly boldy. Bazary sowulan öýde keselem uzak durmaz-la.
Aý, ýok, kesel netikaza algydara öwrüldi. Aga daýydan daşlaşasy gelmedi.
Köp wagt geçmänkä Aga daýy gitdi.
Gitdi.
Ýylgyrmasy, degişmeleri dur.
Göwnüm Aga daýyny küýseýär.
Aga daýy diýmek, mähribanlyk, gülki-şagalaň, dostanalyk diýmek ahyryn!..
Aga daýy herki şowsuzlygy, oňaýsyzlygy şowhun-şagalaňa, bazara öwrüp bilýärdi.
Agamyrat Amanmyradow türkmen teatr sungatymyzda özboluşly ruhubelentlik, şatlyk bazaryny döredip giden aktýor. Onuň galyba salan degişmeleri, henekleri, döreden röwşen obrazlary adamlaryň arasynda aýlanyp ýaşap, adamlary güldürip, galkyndyryp ýör. Aga daýynyň bütin ömrüne eden arzuwy-da şudy. Diýmek, Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Amanmyradow öz maksadyna ýeten şahsyýet.
Artistiň ikinji ömri başlandy.
1995 ý.
Osman ÖDE
Teatr we kino sungaty