12:15 Spartak / powestiñ dowamy | |
■ W E Z U W I Ý K R A T E R I N D E
Taryhy proza
Öňde, pöwrize daşy ýaly gök asmana gezelip duran Wezuwiý dagynyň belent gerşi garalyp görünýärdi. – Biz müň ýyl bäri ýatan bu dagy ukudan oýaýarys2 – diýip, gullar gürrüň edýärdiler. – Onuň gerşinde gozgalaňyň ýagty ýalny alaşyp, bütin Italiýa ýaýrar. Otrýad Neapol şäheriniň gapdalyndan geçip gitdi. Ýolda gymmat bahaly finikiýa mebeli, halylar hem gaýry zatlar ýüklenen arabalar häli-şindi duşýardy. Ol ýükler Spartagyň çagyryşyna ses goşup, gozgalaň turzan gullardan gorkularyna mülküni terk edip gaçyp barýan baýlaryňkydy. Gladiatorlaryň gelýänini eşiden şäherleriň ählisi derwezelerini gulplap, diwarlara saklaw goýýardylar. Spartak öz otrýadyny dogry Wezuwiý dagyna tarap alyp barýardy. Onuň belent gerşine ýekeje ýoda uzalyp gidýärdi. Dagyň eteginde giden meýdany tutup üzüm hem zeýtun agaçlary enaýy bolup ösüp otyrdy. Olaryň arasynda mermerden salnan kaşaň jaýlar agaryp görünýärdi. Ýanaşyk gurlan üç şäherjigiň biri edil deňziň kenarynda ýerleşýärdi. Onuň gämi duralgasyndaky ýelkenleri ýegşerilişip giden köp kürekli gämileriň dik göwreleri tolkuna çaýkanjyraýardy. Ýoda bilen ýokary galdyklaryça otrýaddakylaryň gözleriniň öňünde gök deňziň çäksiz giňlikleri has aňry uzalyp gidýärdi. – Belki, basym biziňem gämilerimiz bolar? Şolara münüp, bu ýowuz, rehimsiz ýurdy terk edip gitsediň! – diýip, gullar göwün ýüwürdýärdiler. Dagyň gerşine golaýlaşdyklaryça töwerekdäki görnüş üýtgäş ugrady: üzüm agaçlary çuň, tutuk jülgeler, bilen ornuny çalyşdy. Diş-diş gara gaýalardyr wulkanyň geň görnüşde doňup galan garamtyl-gyzyl lawalary jülgeleriň üstüne howala bolup durdy. Dagyň çür depesine çykanlarynda töweregi gaýalar bilen gurşalan suwdan doly çuň oýa gladiatorlaryň gözi düşdi. Gaýalaryň mähnet daşlary doňup galan aýylganç haýwanlary ýadyňa salýardy. Göze ilýän ähli zat aňyňda bu ýerde görülmedik ýangyn bolandyr diýen duýgy oýarýardy. Şeýle-de bolsa daşlaryň arasynda göýdük güljagazlar hem ýere süýrenip ösýän ösümlikler göze ilýärdi. Ýüz ýaşly üzümleriň çybyklary gaýalardan ýylan ýaly sallanyşyp, biri-birine çolaşyp, ullakan tokga tutup durdular. Spartak ýodanyň birnäçe ýerinde gizlenip gözegçilik eder ýaly garawullar goýdy. Daga çykmagyň örän kyn bolany üçin, üstüne çozular gorkusy bolmadyk Spartak öz dagynyk hem ugursyz ýaraglanan goşunyna uruş tälimlerini öwretmäge girişdi. Ol goşunyny ýüzlüklere hem onluklara bölüp, hersine tejribeli gladiatorlardan baştutan belledi. Baştutanlar öz adamlaryna tizlik bilen bir ugra düzülmäni, ýygjam durmany, dargap, ýene-de zynjyr ýaly berk hatara düzülip hüjüm etmäni hem rim goşunynda bar bolan beýleki harby sungatlary öwredýärdiler. Spartak öz gladiatorlaryny birnäçe gezek pese – baýlaryň gülläp oturan mülküne ýollady. Olar bolsa gatyrlardyr eşekleri nandan, miwelerden hem gaýry iýer ýaly azyklardan mas ýükläp gelýärdiler. Bulardan başga-da ol sirkiň arenasynda öz masgara ölümlerine garaşyp oturan müňlerçe ýesirleriň üýşen ýerleri bolan Italiýanyň gladiatorlar taýýarlanýan uly mekdeplerine gizlin çaparlar ýollady. Spartak özi ýalylaryň ählisini ýowuz Rim bilen göreşmek üçin gozgalaň turuzmaga çagyrdy. ■ H O W P L Y S Y Ý A H A T Birnäçe gün geçenden soň dagdan düşülýän ýeri Rimden iberilen otrýad eýeledi. Ol üç müň urşujydan ybarat goşuny tejribeli komandiriň baştutanlygynda: «Spartagy kellekeserleri bilen birlikde gözläp tapmaly hem-de ýok etmeli» diýen berk buýruk astynda dowla düşen senat ýollapdy. Goşunbaşy Klodiý Pulhr alawyň, gapdalynda alabeder halynyň üstünde gyşaryp ýatyşyna bol-telki agşamlyk naharyna gümrady. – Topalaňçylaryň indi meň elimden sypjak ýerleri ýok – diýip, Klodiý öz senturionlaryna (ýüzbaşylaryna) düşündirýärdi: – Spartagyň menden gaçyp sypara ýeri barmy? Ol gödek gladiator diňe sirkiň arenasynda gylyç oýnamaga ökde. Ýöne tutuş, goşuna baştutanlyk etmek, heý, oňa başartjak zatmy? Heý-de, akyly bolan adam ol ýere ýekeje ýodanyň barýanyny bilibem, Wezuwiniň gerşine çykarmy? Biz ol garakçylar açlygyndan ölerine gelýänçäler sabyrlylyk bilen şu ýeri saklap ýatarys. Janlary bokurdagyna gelip, halys güýçden gaçansoňlar, özleri bu ýere düşüp ugrarlar. Biz bolsa olary berk penjämize gysaga-da, eltip ýene sirkiň arenasyna dykarys. Şol ýerde-de olar biri-biriniň başyna, ýetip gutararlar. görersiňiz – olaryň özleri Spartagyň elini-aýagyny sarap, meň elime getirip, bererler. Klodiý öz gepinden hoş bolup, Wezuwiniň tylla şapak çaýylan, asmanda diş-diş gaýalary gyzgylt öwsüp görünýän gerşine nazar saldy. Şol wagt Spartak hem onuň ýoldaşlary dagyň kert gyralaryny aýlanyp, düşüp bolaýar ýaly amatly ýer gözleýärdiler. Gaýalar diýseň kertdi. Çar tarapdaky garalyp görünýän çuň jülgeleriň depesinde ullakan bürgütler gaýyşyp ýördi. Ine, gowy çykalga tapyldy! diýip, Spartak begençli, seslendi-de, bütin otrýada ýabany üzümiň gollaryny çapmagy hem tal çybyklary bilen birlikde daňmagy buýurdy. Agşam işe başlan gladiatorlar alawlaryň ýagtysyna uzak gijeler erjellik bilen uzyn, çeýe çybyklardan merduwan ýasadylar. Dagyň öň ýanynda merduwany usullyk bilen uçutdan salladylar. Merduwanyň berkligini barlamak üçin ujuna adamdanam agyrrak daş daňdylar. Kiçijik Geta ilki sallanmaga döwtalap boldy. Batyr oglanjyk düýpsüz garaňkylygyň goýnuna girip ugrady. Merduwanyň soňy, ýok ýaly görünýärdi. Emelsiz daňlan üzüm gollaryny şemal çaýkaýardy. Ahyry aýagy ýere ýeten Geta iki gezek sygyryp, sag-aman düşenini habar berdi. Soňra beýleki urşujylar, sallanyp ugrady. Bu howply syýahat uzak dowam etdi. Iň soňky urşujy galan ýaraglary sallady. Ol äpet göwreli Kriksdi. Merduwan onuň agramyna howsalaly jygyldaýardy. Özleriniň howpdan halasdygyna ynanýan rimliler dagyň beýle tarapyndan gaýgy-aladasyz hor çekişip ýatyrdylar. Garawullar açlykdan eňkamy agan gaçgaklar basym gara beräýseler gerek, diýen tama bilen ukuly gözlerini ýoda dikýärdiler. Birden garawullar gijäniň ýarymynda howsala turzup, goşunbaşy Klodini çagyrdylar. Olar ýodada gykylyk hem aýak seslerini eşidipdiler, kimdir biriniň, aýagynyň astyndan togalanan daşlar şakyrdaşdy. Eli gylyçly Klodiý tümlüge üns bilen garap durdy. – Dur! Ýeriňden gozganaýma! – diýip, öňdäki garawul gygyrdy. Jogaba derek çasly aňňyrma ýaňlanyp, alawyň ýagtysynda birnäçe eşek göründi. – Serediň, – diýip, garawul seslendi – bu eşegiň boýnundan asylgy tagtanyň ýüzüne nämedir bir zatlar ýazylypdyr! Urşujylaryň biri haty okady: «Paýhasly hem edermen Klodiý Pulhra. Wezuwiniň depesinde galan eşekler öz günäleriniň geçilmegini hem garynlarynyň doýurylmagyny, senden towakga edýärler, Spartak». – Bu gowy alamat – diýip, baştutanyňa gowy görünjek bolan ýüzbaşylaryň biri seslendi. – Topalaň turuzanlary üçin, gladiatorlar özlerini eşek diýip atlandyrypdyrlar. Olar çaky, açlykdan hem gorkudan ölümiň bäri ýanyna barypdyrlar» diýip gülüşýän wagtlary Spartak öz edermen ýoldaşlary bilen garaňkyny penalap, rimlileriň lagerine golaýlaşypdy. Ürken guşuň ganatynyň sesinden hem döwülýän gury şahalaryň şatdyldysyndan başga ses-selem bolmadyk ümsüm gijede Spartagyň otrýady duşmanyň dym-dyrs lageriniň edil alkymyna geldi. Olar uly gykylyk edip, ukuda ýatak rim esgerleriniň üstüne duýdansyz döküldiler. Klodiý Pulhr ýalaňaç atyny münüp ilki gaçdy. Gorkularyndan zähreleri ýarylan legionerler goranmak hakynda pikirem etmän, duw-dagyn boldular. Bütin rim lageri ähli ýaraglary, azyklarydyr gaýry zatlary bilen söweşsiz diýen ýaly Spartagyň eline geçdi. ■ A R A S Y K E S I L E N O Ý U N L A R Rimde nobatdaky baýramçylyk geçýärdi. Reňk bilen jaýlaryň diwaryna ýazlan bildirişler uly sirkde üýtgeşik tomaşa boljagyny habar berýärdi: «Ýabany öküzleri awlaýan ýolbarslar», «On skifiň on sany gazaply aýy bilen söweşi», «Numidiýaly atlylaryň «deňziň aňyrsyndan getirilen serçe»1 bilen çapyşygy» – ol serçäniň aýaklary atyňkydan uzyn, boýny naýza meňzeş, guýrugynda ýekeje per bar, söýýän iýmiti – daş, çüýler hem mis pullar.» Mundan başga-da şadyýan darbazçylaryň, ot ýuwudýanlaryň, böküjileriň, gözbagçylardyr tansçylaryň gülküli çykyşlarynyň boljakdygy söz berilýärdi. Ahyrsoňy gladiatorlaryň oýunlary – kiçijik adamlaryň hem tälim berlen üç ýüz jübüt urşujynyň göreşi yglan edildi. Tomaşa uzak günläp dowam etdi. Gladiatorlaryň söweşi ýowuzdy. Ýaralananlaryň galkanlaryny bir çete zyňyp, çep eliniň barmagyny galdyryp, aman dilemekleri ýer tutanokdy. Ganly söweşden keýpleri göterilen tomaşaçylar sag elleriniň başam barmagyny aşak ýatyryp: «Öldür ony!» diýip gyryşýardylar. – Gladiatorlara hiç hili eglişik etmeli däl! – diýip, tomaşada oturan baýlar gürrüň edýärdiler. – Basym Klodiý Spartagy hem ýoldaşlaryny zynjyrlap bu ýere getirerler. Şonda olaryň arenada biri-birini öldürişlerine tomaşa ederis. Elleri ýaýbaň gaply hyzmatkärleriň tomaşaçylaryň arasyna aýlanyp, dürli tagamlary paýlap ugramagy bilen, hödür-keremden ýetdik paýyny aljak bolup, adamlaryň başagaýlyk turzup ugran mahaly iki konsulyň2 oturan mer-mer aýmançasyna üst-başy tozana gömlen çapar geldi; Çapar hormat bilen tagzym etdi-de, elini öňe uzadyp, daşyna gyzyl sapak saralyp, mum möhür basylan kagyzy olara uzatdy. – Hat kimden? – diýip, arenadaky söweşe üns berip syn edip oturan konsul ýaltalyk bilen sesini sogduryp sorady. – Klodiý Pulhrdan. Töwerekdäkiler bir zat aňjak bolýan ýaly haty okamaga başlan konsulyň sakgaly syrylgy ýygyrt-ýygyrt ýüzüne tiňkesini dikdiler. Konsulyň bütin hereketi tolgunýanyny äşgär edýärdi. Ol beýleki konsula tarap egildi-de, guduzlan ýaly, demi-demine ýetmän pyşyrdady: – Görlüp-eşidilmedik masgaraçylyk! Ujy çiş simler bilen ýaraglanan gullar Klodiý Pulhryň bütin otrýadyny çym-pytrak edipdirler! Özi zordan başyny gutarypdyr. Tutuş lager, ähli ýaraglar ol hapa ýeňiýoluklaryň eline geçipdir! – Bu ýagdaý eýýäm Rimiň üstüne howp abanýanynyň alamaty! – diýip, beýleki konsul seslendi, – Indi Spartak islän tarapyna ýola düşüp, täze güýçler toplap, beýleki gullara-da topalaň turuzmaga meçew berip biler... Klodiý Pulhryň özi niredemiş? – Ol şäheriň daşyndaky mülkde gizlenip ýatyşyna: «Başyma kül urup, plaşyma çolanyp, ýüzümi gözýaş bilen ýuwup, iýmek-içmekden ýüz öwrüp ýatyryn» diýip hat ýollaýar. – Onuň aglanynyň-güleniniň bize, heý, jinnek ýaly haýry barmy? Ony suda berägeden, jezalandyrmak gerek! Baýdagyň astyna täze goşun toplap, edermen birini goşun-başy bellemeli-de, başyna giden garakçylaryň ýakan alawyny haýal etmän söndürmäge howlukmaly. – Klodiý Pulhryň goşunynyň sany näçedi? – Üç müň esger. – Biz indi alty müň ýollarys. Azmy? Onda on müňe ýetireris. Ýöne her zat etmeli welin, Spartagyň ýoguna ýanmaly! – Kimi goşunbaşy bellesekkäk? – Garry Publiý Warinini belläýeliň. Harby işde tejribeli, çozuşda batyrgaý adam. Ol Klodiý Pulhr ýaly haçan duşmanyň özi penjäme gelerkä diýip garaşyp ýatmaz. Rim goşunynyň heläk bolany hakyndaky habar sirke tomaşa edip oturan adamlaryň arasyna ýaýrady. Spartagyň ady ondan-da-mundan eşidilip ugrady. Tolgunyşyk garyplaryň üýşüp duran ýokarky hatarlaryna çenli ýetdi. Iki konsul hem senatorlar birden ýerlerinden turdular-da, sirki taşlap çykyp gitdiler. Oýunlaryň arasy kesilip, tomaşaçylara bu gezek «deňziň aňyrsyndan getirilen serçäniň» ylgaşynam, skifleriň aýylar bilen söweşişlerinem görmek nesip etmedi. ■ S P A R T A G Y Ň L A G E R I N D E Spartagyň dagyň eňňidinde ýaýrap oturan lagerinden Kampaniýanyň hasylly meýdanlary, çyrpynyp ýatan garamtyl-gök deňiz edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Lageriň töweregine çuň garym aýlanyp, onuň daşyndanam seňňer galdyrylypdyr. Neapol bilen Rimiň aralygyndaky esasy ýoly saklaýan otrýad günortadaky Sisiliýa adasyndan gelýän däne ýükli ulaglary sypdyrman ele salýardy. Şahalardan örülip edilen çatmalaryň ortasyndaky darajyk meýdançada atyň çiş demirlere berkidilen alabeder içirgileri gerlipdir. Olar bu ýerde ýaşaýan Spartagy ýagyşdan hem şemaldan penalaýardylar. Gaplaňyň hamynyň üstünde oturan Spartak kerpiç bölegi bilen gylyjyny arassalaýardy. Oduň ýanynda dyzyna çöküp oturan Amika bürünç gazanda turp bilen bir bölek goýun etini gaýnadýardy. Spartagyň ýanyna gelen Kriks şeýle diýdi: – Ýaşamak üçin mülkdäki jaýa geçseň bolmaýarmy? Janynyň gadryny patrisiýler bilýär. Mülkde suwa düşer ýaly howuz, ýumşajyk per ýassyklar, ajaýyp mermer heýkeller bilen bezelip salkyn otaglar bar. Spartak saçlaryny silkeledi-de, güldi. Onuň çep gulagy kümüş halkaly güne ýanan ýüzi goşunbaşynyň däl-de, dagda mal bakýan çopanyň keşbine çalym edýärdi. – Gör, seň göwnüň nämeleriň höwesinde! Ol mülklerde biziň garnymyzy ýag alyp, gylyç urmagy basym ýatdan çykarys. Men mülki başyma ýapaýynmy? Ol maňa duzakdan enaýy görnenok. Biz, frakiýalylarda şeýle söz bar: «Kimde atyň içirgisi bolsa – onuň öýli boldugy. Kimde onuň daşyndan goýun derisem bar bolsa – onda üçekli ýyly jaýly boldugy.» – Eýsem, sen ýoldaşlaryň adam şekilli dynç alanlaryny isläňok-da? Olaryň indi näçe ýyldyr ejir çekip ýörüşleri! – Men bu masgaraçylykly sözleri kimiň agzyndan eşidýän? – diýip, syçrap turan Spartak gylyjyny aýlady. – Her ädimde duşýan howp-hatarly hem ölümli ýoly biz baý rim mülklerinde ýazlyp-ýaýnamak üçin saýlap aldykmy? Biz bir sagat wagtymyzam bihuda ýitirmän, öňde duran aýylganç söweşlere taýynlanmaly. Eger häzir bölünişip mülklere dargaýsak, baýlar hem olaryň ýalýagylary edil jojuk soýan ýaly edip, ählimiziň damagymyzy çalarlar. Biz erkin hem batyr adamlardan güýji, düzgün-nyzamy boýunça rim legionlaryndan sähelçe-de pes oturmaýan goşun döretmeli. Olara tekepbir Rim ezijilerini tar-mar edip biler ýaly derejede uruş tälimlerini öwretmeli. Kriks birden topuldy-da, Spartagy garsa gujaklady: – Seň aýdýanlaryň hak, edermen dostum! Az salymlyk ejizlikden dilime alan sözlerim üçin meň günämi öt! Taýýar bolup durarys! Şol wagt ýollaryň çatrygynda goýlan aňtawçylar ylgaşyp gelip, habaryny berdiler: – Uzakdan bulut ýaly tozan görünýär. Ullakan otrýad süýşüp gelýär. Biz öňdäki rim atlysyny ele saldyk. «Warininiň baştutanlygynda on müň esgerli goşun üstüňize gelýär» diýdi. Rimliler bizi gabamak üçin ähli ýollara legionerleriň otrýadyny dargadypdyr. Spartak çatmanyň ýanynda duran atyny çözdi-de, gaplaňyň hamyny üstüne taşlap, çekisini berk dartyp daňdy. Soňam kelte ýüň plaşyny geýdi-de, üç naýzany eline alyp, ýeňillik bilen atyna böküp mündi. At rimlileriň gelýän tarapyna ýüzin salyp gitdi. Bu töweregiň ähli zadyna belet birnäçe çopandyr hiç wagt öz uly dostuny ýeke goýmaýan Geta-da Spartagyň ýany bilen gitdiler. Atlylar üzüm agaçlarynyň arasyndaky ýodalar bilen gidip, baýra çykdylar. Şol ýerden rim legionerleriniň ullakan dört burç lageri oňat görünýärdi. Hatar edilip ýakylan alawlar tüsseleşip durdy. Urşujylaryň birnäçesi çadyr dikse, beýleki bir topary külüň bilen garym gazyp, agaç haýatly berk gorag seňňerini dikeldýärdiler. Spartak ýanyndakylara: – Golaýrak baryp, gürrüňlerini diňlemeli. Olaryň bu ýerde näçe wagt durjaklaryny anyklamak zerur – diýdi. – Aňtawa biz ugraýas – diýip, çopanlar atlaryna böküp mündiler-de, sessiz-üýnsüz jeňňellige siňip gitdiler. – Maňa-da olar bilen gitmäge rugsat et! – diýip, Geta dostuna ýüzlendi. – Men edil inçejik ok ýylan ýaly, ähli ýerden sümlüp geçmegi başararyn. Spartak oglanjyga üns bilen garap: – Gitseň git. Ýöne häzirräk bol! – diýdi. Geta atynyň jylawuny ýanynda duran çopanyň eline tutdurdy-da, inçejik ýoda düşüp, gür ot-çöpleriň arasyna siňdi. ■ Ý E S I R L I K D E Geta hatar-hatar edilip ekilen üzüm agaçlarynyň arasy bilen gidip barýardy. Uzyn daş haýatlar tiz-tizden onuň ýoluny bekleýärdi. Ol haýatlaryň üstünden usullyk bilen aşyp, gür gök şahalaryň arasyna siňýärdi-de, şagaldyr, tilkileriň gatnaýan ýodalaryny sypdyrman, öňe hereket edýärdi. Bir ýerden emedekläp geçmeli boldy. Birden zarp bilen dürtülen naýza plaşynyň synyndan parran çümüp, ony ýere çüýledi. Çigninden berk ýapyşan güýçli penje Getany nirädir bir tarapa süýrekläp äkitdi. Töweregi ösgün ot-çöp bilen gurşalan täzeräk agdarylan meýdançada alaw ýanyp durdy. Oduň gapdalynda oturan iki esger ellerindäki syhy eýläk-beýläk öwrüp, et bişirinýärdi. – Bu süýräp gelýäniň kim? – Aňtawçy! Hany, oglanjyk, şu ýerde otur-da, bäriňe bak. Geta görkezilen ýere çökdi. Oglanjygyň garşysynda garry esger otyrdy. Keş ýaly çuň ýygyrtlar onuň ýüzüni mazaly torlapdyr. Eňeginiň aşagyndan kemer bilen berkidilen garalyp giden bürünç tuwulga ýeňsäk agyp durdy. Gataňsy matadan tikilen geými ýama-ýamady. Oglanjyga üns bilen syn eden garry tüýlek ýumruklaryny onuň burnunyň ýanyna somlap: – Bu ýumrugym – seniň ajalyň, bu bolsa – tabydyň. Gönel-de, dogrujaňy sözle, nirä barýardyň? – diýdi. Geta elini uzadyp, naýynjar seslendi: – Nan beräýiň-dä!.. Garry gözlerini gyrp-gyrp edip, gapdalynda bölek köne halynyň üstünde ýatan gaýyş torbasyna elini ýetirdi. Ol çykaran nanyny elinde öwrüşdirip, iki döwdi-de, kiçi bölegini oglanjyga uzatdy. Geta ol bölegi agzyna salsa-da, gorkusyndan ýaňa ýuwdup bilmän düwündi. – Topalaňçy! Sen ýaly gaçgak başga-da känmi? Diňe kellesini yralaýan Getanyň «hawa» ýa-da «ýok» diýýänine düşünip bolar ýaly däldi. Syhynyň ujunda bir bölek et bugaryp duran esger Getanyň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, ýokaryk galdyrdy. – Gullardanmyň? Spartagyň nökeri diýsene! Seret, Spuriý, munuň döşüne çapyp barýan atyň şekili çekilipdir. Bu hem frakiýaly eken. Hany, berk tut-da, sorag et... Gaçjak bolup dagy synanyşaýmagyn. Edil garnyňy silkerin! – Onuň aşak basan güýçli goly Getany ýene ýerinde oturtdy. Garry esger oglanjygyň boýnuna syrtmak saldy-da, kemeriň bir ujuny öz eline orady. – Ind-ä gaçaýmasaň gerek! Ol Getadan sorag edip başlady; topalaňçylar uzakdamy? Olaryň sany näçeräk? Naharlanyşlary ganymatmy? Spartak nähili sypatdaky adam? Ol aýy ýaly äpet, her naharyna bir goýun iýýärmiş diýilýäni dogrumy? Geta öňküsi ýaly kellesini yralap durşuna, düşnüksiz bir zatlar mydyrdaýardy. – Spuriý, näme ol oglanjyk bilen ýaňkalaşyp dursuň? – diýip, beýleki nöker gaharlandy. – Kow, güm et-de. Nanam berme! – Men muny özüme ýarag göterýän edinjek. Goý, meniň yzymdan galman, naýzamy göterip bersin. Basym iki esger garawullary çalşyrmaga gitdi. Spuriý bilen Geta ikiçäk galdy. Garry, görnüşine görä, geplemsekdi, oglanjyk bolsa tersine, erjellik bilen dymýardy. Spuriý bölek goýun etini oda tutup oturyşyna öz başyna hümürdäp ugrady: – Esger bolup ýörenime näçe ýylyň içidir. Ýöne hany meniň sylagym? Sullanyň baştutanlygynda Gresiýanyň hem Frakiýanyň şäherdir obalaryny oda gabsanlaryň biri men. Şonda-da endamymdaky tyg yzlarydyr ýaradan başga gazanan zadym ýok. Uruşdan öwrülip gelsem – tünegimiň halys deregi dargapdyr. Üçegi çöken külbäm gyşaryp dur. Güýçden gaçan kempir halyna ýeten aýalym görgüli agtyklaryna nädip ölmez-ödi tapjagyny bilmän, elewräp ýör. Sähelçe ýerimizem baý goňşymyz gaňryp alypdyr-da, gullaryna agdardyp ýör. Serkerdelerimiz bize «Ata-babalaryňyzyň mazary hem mähriban topragyňyz üçin söweşýärsiňiz» diýen bolýarlar. O zatlar howaýy gürrüň! Biz ýaly garamaýak nökerleriňem bir öz ýeri bolarmy?! «Ýabany haýwanlaryň öz hinleridir sürenleri bar, ýöne Italiýa üçin söweşýänleriň ýagtylykdyr howadan başga hiç zady ýok». Bu – garyp halkyň goragçysy Tiberiý Grakhyň elli ýyl mundan ozal aýdan sözleri. Heý, ol döwürden bäri üýtgän zat barmy? Biz diňe az sanly patrisiýleriň baý hem elpe-şelpelikde ýaşamagy üçin urşa gidýäs, söweşde baş goýýas... Eger-de meniň ýesir alan gaty kän gullarymyň azajyk bölegi elimde bolsady, onda olary işledip, biraz özümi tutardym, azda-kände baýardym. Ýöne ähli gullary baýlar satyn alýar. Biz garyp biçärelere welin başarjaň, düşewüntli hünäri bolan gul edinmek hakynda arzuw edesi işem ýok... Indem biz ýaly garry nökerleri çagyryp, «Gozgalaň turzan gullary tutmaly» diýýärler. Men-ä uruşdan bizar! Hany, oglanjyk, özüň aýt. Men nädip ýörişe gideýin? Meni çagyryp: «Urşa gitjekmi?» diýdiler. Menem: «Aýagym ýalaňaç» diýdim. Aýdýanymyň dogrudygyny gördüler-de, iki sany kaligi1 berdiler. Olaň ikisem sag aýagyňky. Bir-ä holparyp ýatyr, beýlekisem gysyp, janyňy alyp barýar. Garry nökeriň hereketlerini synlap oturan Getanyň bar pikir-küýi gaçmakdady. Täze garawullar geldi. Spuriý kiçijik köne halysyny düýrledi-de, kürşgesini torbasyna salyp, Getanyň boýnuna dakylan kemerden dartdy. ■ R I M L I L E R I Ň L A G E R I N D E Çalarak agsap Spuriý Getany yzyna tirkäp lageriň içinden geçip barýardy. – Idip gelýäniň Spartagyň özi-hä däldir-dä?! – diýip, esgerler gygyrdylar. – Bu güjügi tutjak bolup birneme azab-a görensiň? Spuriý san-sajaksyz gaýyş çadyrlaryň arasy bilen geçip, gymmat bahaly gündogar matasyndan tikilen belent çadyryň ýanynda aýak çekdi. Gapynyň agzynda ýarag baryny asynan sakçy naýzasyna söýenip durdy. Güberçek dört burç galkany bolsa aýagynyň ýanyndady. Sakçynyň aýagy kemerden örülen ädiklidi. Döşünde hem ýagyrnysynda söweşde naýzanyň urgusyndan goraýan ýasy demir bardy. Kemerinden keltejik göni gylyç asypdyr. Ýüzüni tutuş diýen ýaly örtýän demir tuwulgasy kemer bilen alkymynyň aşagyndan aýlanyp berkidilipdir. – Näme gerek saňa? – Möhüm aňtawçy tutup geldim. Hojaýyna habar ber. – Çadyrdan iki esger çykdy-da, hersi gapynyň bir tarapynda durdy. Olaryň egnindäki kemer bilen berk daňlan üýşmek şahalara ýaldyrap duran palta sanjylypdyr. Olaryň yzyndan goşunbaşy daş çykdy. Onuň ýarysy çalaran gür gaşlary sowuklaç ýaldyraýan gözleriniň üstüne bürelip durdy. Ýygyrt-ýygyrt ýalyň ýüzünde gulagyndan eňegine çenli uzalýan tyg yzy bildirýärdi. – Muny nireden tutduň? – Bukdaklap biziň lagerimize gelende ele saldym. – Aňtawçymy? Öldüriň onda – diýip, goşunbaşy kesgitli aýtdy. – Bu frakiýaly. Döşünde atyň suraty bar. Goý, sakçy mundan sorag etsin. Ol Frakiýany dyza çökermäge gatnaşany üçin, olaň dilinem bilýär. Sakçy sorag edip ugrady: – Hany, güjük, seň adyň näme? Gözlerini gyrpyldadyp duran Geta sesini çykarmady. – Tur ýeriňdeň! Seň bilen şöhratly goşunbaşy Wariniý gepleşýär! – Sen gladiatorlaryň lagerindenmi? – diýip, Wariniý sorady. – Hawa. Ýöne men ol ýerden gaçdym. – Duşmanlara ýalan sözlemegi ýüregine düwen Geta gürrüňiniň üstüni ýetirdi. – Meni uranlary hem aç saklanlary üçin şeýtdim. – Spartagyň goşunynyň sany köpmi? – Ozal köpdi, indi azaldy. Ähli kişi ondan gaçyp, daga siňýär. – O garakçylaň maksady näme? Uruşmak isleýärmi ýa-da gaçmaga meýillimi? – Gullaryň urşaslary gelenok. – Görüň bu akmak jüýjejigi – ähli bilýänjesini aýdaýdy! Munuň indi bize geregi ýok. Tygdan geçiriň-de, itleň öňüne zyňyp goýberiň. Spuriý ara goşuldy: – Edermenleriň buýsanjy hem penakäri hormatly hojaýyn! Men köpden bäri yzyma düşüp, naýzamy hem goşhaltamy götäre adam gözläp ýördüm. Bu wagşy oglanjygy maňa bagyş ediň. Men muny edermen rim legioneri edip ýetişdireýin. – Bolýar. Bagyş etdim. Şeýlelik bilen, Geta Spuriniň guluna öwrüldi. Ol lagerde täze hojaýyny nirä gitse, yzyna düşüp ýördi. Guýudan suw daşamagam onuň boýnunady. Ýöne şunça peýlese-de, gaçmaga ýagdaý ýokdy: seňňer belentdi, ähli ýerde eserdeň sakçylar durdy. Olar lagere hem rimli esgerleriň gaçyp gitmezligine esewan edýärdiler. Ilkinji gün lagere odun getirmäge iberilen esgerleriň bir bölegi «öýlerine, öz melleklerine» gaçdy. Beýleki bir otrýad gladiatorlaryň lagerine aňtawçy bolup gitmekden ýüz dönderdi. Agşamlaryna alawyň başynda egele bolşup oturan esgerler Spartak hakynda «ol gylyjy bir salanda adamy dogry iki bölýärmiş» diýip, gorkuly gürrüňler edýärdiler. Gazaply frakiýalylar hakynda bolsa şeýle diýýärdiler: «Olaryň iýmiti çig etmiş. Söweşde hiç wagt yza çekilmeýärmişler. Özlerem gaty rehimsiz adamlarmyşyn». ■ S P A R T A K N I R E D E Spuriý ýerde düýrülip ýatan Getany aýagy bilen depip goýberdi. Nämäň nämedigini oňly aňşyrmadyk oglanjyk böküp ýerinden turdy. Ertir çagynyň howasy salkyndy, Gündogara şapagyň elwan reňki çaýylypdyr. Esgerleriň galmagaly bütin töwerege ýaň salýardy. Ýöriş şaýyny tutýan esgerler haýdaşyp ýaraglaryny dakynýardylar. Gylyç sallanyp duran kemerlerini eginlerinden, aýlaýardylar. Eýýäm taýyn bolup duran Spuriniň elinde naýzasy hem ortarasynda güberçek mis tümmerýän gaýyş galkany bardy. Sowukdan galpyldaýan oglanjyk goşhalta elini ýetirdi. – Häzir söweş bolar – diýip, Spuriý burnuna salyp hümürdedi. – Menden bir ädimem yza galaýma. Diýenimi etmeseň, edil gurbaga ýaly naýzadan geçirerin! Spuriniň kellesi garalyp giden bürünç tuwulganyň astynda gizlendi. Onuň ýüzi tutuşlygyna diýen ýaly urgudan goralyp, diňe dilkaw yşlardan närazy gözleri ýyldyrap görünýärdi. Esgerler lageriň gapdalyndaky meýdançada göni hatar bolup nyzama düzüldiler. Meýdançanyň ortasyndaky daşlardan örülip salnan gurban berilýän ýerde ot ýanyp durdy. Onuň daşyna halkalaýyn aýlanan uzyn geýimli birnäçe garry gezek-gezegine sosna şahalaryny oda oklaýardylar. Olaryň biriniň geými has uzyndy. Egnindäki giň plaşynyň etegi bolsa kellesine oralypdyr. – Bu biziň baş žresimiz. Ol häzir, söweşiň, şowly ýa-da şowsuz boljagyny öňünden anyklap berer. Ýagly doňzy, gara goýuny hem ak öküzi idip getirdiler. Doňuz çirkin sesi bilen çygyrýardy. Öküz näme üçin getirilenini duýan ýaly gaharly bögürip, toýnaklary bilen ýer gazýardy. Esgerler olaryň ikisinem dessine öldürdiler. Garry žres olaryň bagryny, ýüregini sogrup aldy-da, ilki synlap, soňam durşuna gana boýalan gollaryny asmana göterin, nazym bilen doga okamaga başlady, Onuň aýdyşyna görä, söweş şowly bolmalydy. Asmana galan gün tozanly ýoldan uzyn hatar bolup ýörişe ugran otrýadyň depesinden gyzgyn howruny döküp ugrady. Hemmeleriň gürrüňi garry žresiň: «Gysga ýol uly şowlulygyň alamaty» diýen weliligi hakyndady. Goşun düz meýdan bilen gidip barýardy. Altyn öwüsýän bugdaýly peller miweli baglardyr üzümçilik bilen ornuny çalyşýardy. Günortanlar öňlerinde gullaryň lagerine gözi düşen goşun togtady. Olam edil rim legionerleriniň lageri ýaly dört burçdy, daşy seňňer hem belent agaç haýat bilen gurşalandy. Her burçdaky agaçdan salnan çaklaňja gözegçilik diňlerinde gymyldaman duran garawullar göze ilýärdi. Lager ümsümlikdi. Mes ak atyň üstünde oturan rim goşunbaşysy, soňky buýruklaryny berdi: – Duşmana hiç hili rehim etmeli däl! Ýesir aljak bolman edil guduz itler ýaly çapyp taşlamaly! Söweş tüýdügüniň boguk sesi ýaňlandy. Rimlileriň goşun birikmeleri howlukmaçlyk bilen öňe okduruldylar. Ýasy tagtalary köpri edip, garymdan geçdiler-de, merduwan diräp, agaç haýata dyrmaşdylar. Çuň gömlen, pürsleri palta bilen çapyp ýykdylar. Olara garşylyk görkezen bolmady. Esgerler lagere kürsäp girdiler. Emma onda ýekeje-de janly-jemende ýokdy. Uzyn hatar bolup duran çadyrlardyr şahalardan gurlan çatmalarda goş-golamlar, düşekler ýatyrdy. Burçdaky gözegçilik diňlerinde gymyldaman duranlar bolsa ölen esgerleriň jesetleri bolup çykdy. Üç ýüz atly çar ýana alakjap, tizden birnäçe çopany öňlerine salyp getirdiler. Goşunbaşy Wiriniý olaryň üzlem-saplam gürrüňlerine gulak asdy: – Gullar geçen gije, pişik ýaly, ses-selemsiz lageri terk edip gitdiler. Olaryň ugry günorta – Lukan daglaryna tarap. – Diýmek, olar çopanlardyr garakçylaryň watanyna gidipdirler-dä! – diýip, Wariniý ahmyrly seslendi. – Dagda olary ele salmak aňsat düşmez. Hany, olaň bizden sypyşlaryny göreli! Rim, olar üçin sirkiň arenasyny taýýarlaber! Otrýad gyssagly ýola düşdi. Ýol baýyrlaryň arasy bilen uzalyp gidýärdi. Öňe giden aňtawçylar atlaryny ýüzin salyp gelişlerine habarlaryny berdiler. – Spartagyň otrýady edil gabat garşymyzda dur! Edil küşdüň öýleri ýaly dörtburç peller ýaýylyp ýatan baýyrda gladiatorlar söweşe taýyn bolup durdudar. Olaryň sany rimlileriň çak edişinden azdy. Legionerler tuwulgalary bilen ýüzlerini örtüp, baýyrdan düşüp ugradylar. Hatarlaryny deňläp, söweşe taýynlandylar. Öňden elleri drotikli1 ýeňil ýaraglylar yzdan bolsa durşuna gorag lybasyna giren agyr ýaragly esgerler barýardylar. Yzky hataryň orta gürpünde duran Spuriý hüňürdedi: – Gullar näme üçin gozganman durlarka? Bir mekirlig-ä etjek bolýarlar öýdýän? Spuriniň arka tarapyndaky kiçijik depä münen Getanyň ýüregi gürs-gürs urýardy. Alysa garap durşuna, ol gullaryň alabeder hatarlarynyň arasyndan gara atynyň arkasyna gaplanyň hamy atylan atlyny agtaýardy. Gullaryň hatarlary gozgandy. Ilki haýal süýşüp ugran goşun soňra çaltlyk bilen rimlilere golaýlaşdy. Frakiýalylaryň iniňi düýrükdiriji: «Ulala!» diýen gykylygy töwerege ýaň saldy. Gullar ilkinji çaknyşykda rimlileriň ýeňil ýaraglanan öňdäki hatarlaryny, ýok etdiler. Ondan soň agyr ýaraglanan esgerler hüjüme geçdiler. Gladiatorlar diýseň gazaply söweşerdiler. Olaryň ellerindäki ujy çiş demirlerem duşman üçin ýowuz ýaraga öwrülipdi. Spuriniň duran üçünji goşun birleşmesi gyssanmaç hüjüme geçdi. Garry nöker ökje ogurlap ullakan daşy penalap oturdy-da, ädigini çykarmaga başlady. – Ädigiň şu bolsa, asyl urşup gönendirmersiň!.. Bilýärmiň näme, Geta, gel, şu urşy goýbolsun edeli-le! Ikimiz bize gideli-de, mellege güýmeneli. Hany, onda «Assa gaçan – namart» etdikmi? Ädigiňem peýdasyndan geçjek.. Aýak ýalaňaç has çaltrak ylgaryn. Başly-baratlykdan peýdalanan Geta başga tarapa ýumlukdy. Yzyna seredende, Spuriniň höküdikläp, söweş meýdanyndan ara alyp barýanyny gördi. Rim goşunynyň hatarlary bozulyp başlady. Käbir bölümler gullaryň saklap bolmajak hüjümine tap getirip bilmän, ýan berdi. Frakiýalylaryň «Ulala!» diýýän söweşjeň gykylyklary has gazaply hem batly ýaňlanýardy. Ahyrsoňy rim goşunynyň ilki ortadaky soňam çep ganaty ýaraglarydyr galkanlaryny taşlap, basga düşüp, ýeňse berdiler. Olar öz lagerlerinde gizlenmäge-de ýetişmän, aňry gaçdylar. Ähli iýmit, ýarag skladlary hem pully ýaşikler lagere kürsäp giren gullaryň eline geçdi. Spartak lageriň ortasyndaky ullakan çadyryň ýanyna at çapdyryp bardy. Soň ol geçen gije rimlileriň goşunbaşysy Warininiň ýatan bu çadyrynyň gapysyndaky tutyny bir ýana serpdi-de: – Kriks nirede? – diýip, gygyrdy. – Kriks, seň dynç alasyň gelýärdile?! Seret, öz ýatan ýumşak düşegini, mymyk müsür halylaryny hem endamyňa çalynýan hoşboý ysly ýagdan doly küýzelerini Wariniý saňa goýup gidipdir. Ol duranlar nämekä? Häzir biläýeris!... – Spartak atdan towsuz düşdi-de, ylgap çadyra girdi. Ol ýerde biri-biriniň üstüne golaý birnäçe gaýyş gutular durdy. Spartak olardan çykaran togalangy papirus kagyzlaryny ýazdy-da, ýakynda duran mürzä uzatdy. Ol bolsa gyssanmaç okap başlady. – Dostlar, serediň! Bu kagyzlara senatyň gozgalaň turzan gullary tutmak hakyndaky gazaply buýruklary ýazylypdyr – diýip, Spartak güldi. – Bizi tutup, Rime eltmeli diýlipdir. Hany, bu iş ynanylan goşunbaşy Wariniý görnenok-la? Ine, men oň öz çadyrynda durun. Näme üçin meni tutanokka?! Oglanjygyň çasly sesi oňa jogap berdi: – Wariniý öz legionerleriniň yza çekilip başlanyny görenden, ilki bolup ýazzyny berdi. Geta mürzäni diňläp duran Spartagyň ýanyna bardy-da, aşak çökdi. Berk oralan kemeriň ujy onuň boýnundan sallanyp durdy. – Kemeri kessene, Spartak. Men ýesirlikde boldum. – Ikimiziň ganymyz bir! – diýip, Spartak kemeri kesip durşuna seslendi. – Biz ähli zada tabyn bolup duran mal däl-de, azatlyk söýüji adamlar. Şoň üçinem, sen ýesirlikden gaçmagy başarypsyň. Eý, ýoldaşlar, şu çadyry kesişdiriň-de, heriň özüňe ýazynar ýaly düşeklik bölüp alyň! ▶ I K I N J I B Ö L Ü M Ý O W U Z A T Spartagyň, ady bütin Italiýa doldy. Ýurduň günortasyndan ýaşaýan gullar, aýratynam, azatlyga çykmagyň garaşylmadyk mümkinçiligine begenen edermen, ýarym ýabany lukan çopanlary onuň goşunyna topar-topar bolup gelmäge başladylar. Birnäçe aýyň içinde gozgalaňçylaryň, sany ýetmiş müň adama ýetdi. Spartagyň ýap-ýaňy taşlap giden ýeri bolan Kampaniýanyň hasylly oblastyny olar ýene-de eýelediler. Ol ýere baýlaryň mülküni goramaga iberilen rim korpusy tutuşlygyna dargadylyp, ýok edildi. Indi bütin günorta Italiýa azatlyga çykan gullaryň elindedi. Iň-esasy şäherleriň hiç biri olaryň hüjümine, hötde gelip bilmedi. Ozal hojaýynlar boýun egmeýän gullary gerjeşdirip agaja saraýan bolsa, indi öňki gullar tekepbir aristokratlary basyp alan şäherleriniň derwezelerine daňyp, içlerini sowadýardylar. Gaty köp obalardyr şäherlerde gozgalaň turdy. Zynjyrlaryny owradan gullar özlerine gün ýamanyny görkezen hojaýynlaryny öldürip, zyndanlary ýumurýardylar. Agyr salgytlardan halys çöken daýhanlar azaldyr pillerini taşlap, çopanlar bakýan sürülerini başyna kowup, gozgalaňçylara goşulýardylar. Spartagy deňsiz-taýsyz edermenligi, her bir zada paýhasly çemeleşýänligi, goşuny dolandyrmakdaky adalatlylygy hem ele düşen oljany esgerlere deň derman paýlaýanlygy üçin gowy görýärdiler. Haçan-da Spartak Italiýanyň günorta kenarynda ýerleşýän Furiý gämi duralgasyny eýelände, deňiz garakçylaram mis, bürünç, demir hem goşuna zerur bolan beýleki zatlary getirip, oňa kömek berdiler. Ussalaryň uly topary gije-gündiz işläp, ol getirilen zatlardan ýarag ýasadylar. Söweşlerde düşen oljalary satyn almak üçin çar tarapdan Spartagyň ýanyna söwdagärler gelýärdi. Ýöne Spartak olara altyn ýa-da beýleki gymmat bahaly zatlary Getirseler, berk jeza berjegini duýduryp, urşy dowam etmek üçin zerur bolan azykdyr ýarag söwdasyny etmäge rugsat berdi. ■ B I G A M G A L L A R Dumanly gyş gijesi gladiatorlaryň haýwanlaryň derisinden ýasalan kiçijik çadyrlarydyr şahalardan örülen çatmalarynyň göni hatar bolup ýerleşen lageriniň üstüne gerildi. Çal dumanda has-da ýagty görünýän san-sajaksyz alawlaryň gyzyl dilleri urşujylaryň agyr ýörişlerde sakgal-saçlary ösüp, hyrsyzlanan tutuk ýüzlerine ýagty salýardy. Bir alawyň töwereginde goňur ýüň plaşlaryna çolanyp, aýratyn bölümleriň baştutanlary oturdylar. Aram-aram köwsar urýan şemal közleri üfläp, küldür uçgunlary asyl-asyl bolup duran çal bulutlara tarap gaýdyryp alyp gidýärdi. Käte gaýmalaýan ýeňiljek gar tozgalary esgerleri plaşlaryna has ykjamrak çolanmaga mejbur edýärdi. Oduň ýylpyldysy esgerleriň garaýagyz ýüzlerini, güne hem şemala gatan gujurly gollaryny, çytyk gaşlarydyr ýanyp duran gözlerini ýagtyldýardy. «Indi näme ederis?» Bu pikir oturanlaryň ählisini köpden bäri howsala salýardy. Ençeme adam ýüregindäkini aýdypdy. Ýöne esasy köpçülik entegem dymýardy. Alawyň ýanyna naýzaly, çep eli kiçiräk tegelek galkanly urşujy geldi. Maňlaýyna üç sany gyzyl ýelek gysdyrylan mis tuwulgasy onuň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly ýapyp durdy. – Serdarymyza salam! – diýip, ol seslendi. – Edil häzir lagerimiziň derwezesiniň agzyna iki sany nätanyş adam geldi. Olar: «Rimden örän möhüm habar getirdik. Ýöne ony diňe Spartagyň özüne aýtjak» diýýärler. Nähili adamdyklaryny aňar ýaly däl. Belki, aldaýandyrlar. Meň baştutanym olary näme etmelidigini sorap gelmek üçin siziň ýanyňyza ýollady. Talap ediji gyryljyk sesler eşidildi: – Goý, şu ýerde aýtsynlar. Olaryň nähili guşduklaryny saýraýyşlaryndan bileris. – Bärik alyp gel! – diýip, Spartak buýurdy. Garaňka siňip giden garawul dessine dolanyp geldi. Onuň yzyndan gelýän etegi giň şlýapaly iki adamyň görnüşi gaty uzak ýol sökene çalym edýärdi. Kelte plaşlaryny dyzlaryna çenli çolan ol adamlaryň aýaklarynda tozup ugran köwüşleri, ellerinde bolsa hasalary bardy. Biri – uzyn saçly, seçelenip duran çal sakgally, arryk ýüzi ýadaw görünýän adamdy. Beýlekisi – semiz, ýaňaklary gyzaryp duran, gara gözleri ýeserlik bilen oýnaklaýan adam dymma goşun başlyklarynyň keýpini göterjek bolýan terzde ýakymlylyk bilen ýylgyryp, hemmelere baş atdy. – Salam size, ýeňilmez urşujylar, deňsiz-taýsyz gahrymanlar! – diýip, ol şelaýynsyrady. – Men grek Elpidor. Akter, aýdymçy, tansçy hem şeýlekin şadyýan adam bolan men şan-şöhrada beslenen serdar Spartagy görüp bilermikäm? Biz gös-göni Rimden gelýäris. – Hany, ilki bir oduň başyna çök-de, ýylyn. Soň belki, ony göräýmegiňem ahmal. – Sen özüň haýsy taýpadan? – diýip, oturanlaryň biri garra ýüzlendi. – Men erkin grek, filosof Aristomen. Gözleýänim hakykat, söýýänim bilim. Doglan ýerim ýowuz Ewksin deňziniň kenarynda ýerleşýän alys Sinopa şäheri. Ýöne pähim-paýhasy Gresiýanyň ajaýyp şäheri Afinyda öwrendim. Rimliler meni tutdular-da, bikanun ýerden gula öwrüp, hoşniýetli patrisileriň çagalaryna süýji dillilige hem filosofiýany öwrederim ýaly, Rime alyp gitdiler. Men ol ýerde tüçjar Mark Lisiniý Krassyň guluna öwrüldim. – Şeýdip, takdyryňa kaýyl bolaýdyňmy? – Adamyň eline, aýagyna zynjyr urup bolar. Ýöne filosofyň pikirlerini, erkini gula öwrüp özüňe tabyn, edip bilmersiň. Siziň gozgalaň turzanyňyzy eşiden badyma men hojaýynymyň elinden sypyp gaçmaga amatly pursat agtaryp ugradym. Ahyram adam-gara gatnamaýan çet ýollardan gaçyp, siziň araňyza özümi atdym. Bu ýerde näme bilen Meşgullanmakçy? Heý, bize kömegiň degjek zady barmy? – Gylyçlaşaýyn diýsem, oň-a güýjüm ýetjek däl. Ýöne ýaralylary bejermek elimden gelýär. Üstüňize nähili howp abansa-da siz bilen bolasym gelýär. – Oda golaýrak süýş. Nähili möhüm täzelik getirdiňiz? Akter Elpidor töweregine köp manyly garanjaklap, öňe eglip, bir barmagyny çommaltdy-da, pyşyrdap gepledi! – Men gös-göni Rimden gelýän. O ýer ber-başagaýlyk, ähli kişi gorkuda. «Ebedi şäher, dünýäň täji Rim howp astynda. Ähli zat elden gidip barýar. Konsullar näme iş edýärler? «Ýurduň atalary» – senatorlar näme pikirde?» diýşip gygyryşýarlar. Ahyry senatyň buýrugy boýunça ýurduň ýokary derejeli hökümdarlary bolan konsullaryň ikisem goşuna baştutan bellendi. Olar erte-birigün ýörişe ugrarlar. Ýöne olar size kär edip biler öýdemok. Ilkinji çaknyşykda towşan ýaly, olaň hersi bir ýana gaçar. Siz – ýeňilmezek gahrymanlar ahyry! – Goý, gelsinler bärik! – diýip gladiatorlaryň biri seslendi. – Gazaply aýynyň penjesine düşmegiň nähilidigine şonda göz ýetirerler. Elpidor güldi: – Ikimiz pikirdeş ekenik. Men bir zada geň galýan: şatlanyp, göwün açmagyň deregine, nämüçindir hemmäňiz pikire batyp, ýüzüňizi sallap otyrsyňyz? Siziň dynç alýan ýeriňiz nirede? Ýa-da şu meýdanda ýagşyň-garyň astynda gün görüp ýörmüsiňiz? Sizi kim gorkuzyp biljek? Hiç kim! Näme üçin şäheriň ýel-ýagmyr kär etmeýän ýyly jaýlarynda ýaşaňzok? Ol ýerde bolsaňyz, häzirkiňiz ýaly oda gerlip oturmazdyňyz. Özüňiz gul eýeleri bolup, agalyk sürüp biljek mahalyňyz, aladasyz durmuşda şady-horramlykda ýaşamaly halyňyza, gullar ýaly daşarda gagşap oturmakdan bir mydar bolarmy? – Saňa synym oturýar! – diýip, bir ýaş esger seslendi, – Şu gün sen gall Kriksiňkide myhman bolup, öz iň, gowy aýdymlaryň bilen hezil ber. Gallar bolan biz şahandaz adamlar. Aýdymy, tansy ölemen gowy görýäs. – Filosof Aristomen, hany seňem pikiriňi eşideli? Ýoldaşyň aýdanlaryny nähili görýäň? Biz şähere geçmelimi ýa-da häzirkimiz ýagşymy? – Bu sowallary beren adam sowuklaç nazaryny filosofa dikdi. Onuň çep gulagyndaky halka oduň ýagtysyna ýaldyrap gitdi. Onuň ýanynda oturan buýra saçly garaýagyz oglanjygyň bilesigeliji nazary bir serdara, birem filosofa gönügýärdi. – Eger siz kuwwatly Rimiň garşysyna baş göteren bolsaňyz – diýip, filosof söze başlady. – Onda bu taryhda henize çenli görülmedik edermenlik. Siziň bar pikiriňiz adamlara gulçulyksyz, bagtly, azat durmuşy gurup bermek bolup, ähli güýjüňizi şoňa sarp etseňiz, onda bütin Dünýäniň ejir çekýän ilaty zynjyrlaryny gyryp, hataryňyza goşularlar. Şondan soň siziň garşyňyzda durup biljek güýç tapylmaz. Bilip bolmaz, eger işiňiz şowsuzlyga uçrap, başyňyza bela inäýse-de asyrlap siziň adyňyz garyp-gasarlaryň dilleriniň senasy bolar. «Nähili edermen adamlar, eken! Näme üçin biz şolar ýaly, zynjyrlarymyzy gyryp, azatlyk ugrunda jandan geçmeli däl?» diýip gürrüň ederler. – Gürrüňiň maňzyma batdy! – diýip, gulagy halkaly serdar seslendi. – Sen şu gün Spartagyň myhmany, bolarsyň. – Sen meni tanaýarmyň? – diýip, Oglanjyk filosofa ýüzlendi. – Men, sen hem frakiýaly gyz Amika üçimiziň garakçylaryň gämisinde Furiý Şäherine baranymyz, ol ýerde ählimizi gul bazaryna salyp satanlary ýadyňa düşenokmy? – Hä sen şonda garynlak söwdagäriň barmagynam dişläpdiň!.. – diýip, filosof hoş boldy – Seni şu lagerde gahrymanlaryň arasynda görýänime örän şat. Tansçy gyz Amika nirede? – Olam ähli kynçylyklara mertlik bilen döz gelip, hatda söweş wagtam biziň ýanymyzdan galanok – diýip, alawyň başynda oturanlar jogap gaýtardylar. Şol günüň ertesi bigam Kriks öz baştutanlygyndaky ýigrimi müň adamdan ybarat gallary hem Germanlary bilen Spartagyň esasy goşunyndan bölünip aýryldy. Olar miweli baglary bilen şöhratlanýan demirgazykdaky baý şähere gitdiler-de, özbaşdak lager bolup ornaşdylar. Akter Elpidoram olar bilen gitdi. Şondan birnäçe gün geçensoň alty sany gall atlaryny ýüzin salyp Spartagyň ýanyna geldi. Olaryň letde bilen saralan ýaralaryndan akan ganlar gatap, üst-başlary durşuna çaň tozana gömlüpdir. Zordan atdan düşüp suw dilediler hem tebip çagyrmagy haýyş etdiler. Olar gözýaşa hem hasrata boglup, bolan wakany Spartaga gürrüň berdiler: – Ýigrimi müňlük goşunymyz durşuna gyryldy Elpidor konsul Lýusiň Gelliniň ýollan jansyzy eken. Ol rimlileriň arasyna gaçyp baranoň biz gallaryň aýratyn lager bolup bölünenimizi habar beripdir. Ine onsoň biz gaýgy-aladasyz meýlis gurup otyrkak, rimliler uly goşun bilen bildirmän daşymyzy gabap, garaşmaýan mahalymyz duýdansyz üstümize döküldiler. Bizem gazaply garşylyk görkezdik, ýöne rimlileriň ýaragy biziňkiden gowudy hem... – Kriks nirede? – diýip Spartak onuň sözüni böldi. – Kriks ýolbars ýaly, söweşdi. Köp duşmanyň başyna ýetdi, ýöne özem gylyçdan jan berdi!.. – Gally esgerler şeýle diýdiler-de, gygyrmaga, gahar bilen geýimlerini ýyrtmaga başladylar. (Dowamy bar)... ____________________________ 1 Senat – Rimiň şol wagtky iň ýokary hökümet organy. 2 Wezuwiý ol döwürde ömürlik sönen wulkan hasaplanylypdyr. Onuň atylyşy Spartagyň gozgalaňyndan 150 ýyl soň boldy. Pompeý hem Rim şäherleriniň beýleki birnäçeleri şonda ýoga çykypdyr. __________ 1 Rimliler Afrika düýeguşuny «deňiz aňyrsyndan getirilen serçe» diýip atlandyrypdyrlar. 2 Konsullar – respublikanň bir ýyllyk möhlet bilen saýlanýan iki sany ýokary derejeli baştutany. __________ 1 Kaligi – tasmadan örülen, bagjykly esger ädigi. __________ 1 Drotik – gysgajyk agaç saply, zyňylýan ýarag hökmünde gadym döwürde ulanylan naýza. (Terjimeçiniň belligi). __________ 1 Korpus – bu ýerde uly goşun birikmesini aňladýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |