13:03 Spartak / powestiñ soñy | |
■ S P A R T A G Y Ň U R G U S Y
Taryhy proza
Spartak özüne iň golaý duran gallyň çigninden ýapyşyp silteledi: – Urşuja batgada ýaşaýan gurbaga ýaly warryklamak gelşenok. Häziriň özünde sesiňi goý. Bolmasa-da, lagerden almytyňyzy beriň kowaryn! Onuň gazaply sesi gygyrýanlaryň ählisini agzyna suw alan ýaly etdi. – Oturyň! Häzir biziň tebiplerimiz size em ederler. Meniň sowallaryma gysgajyk jogap beriň. Häzir ýumurtga bişer ýaly salym eglenmäge-de wagt ýok. Söweş nirede boldy? Duşman goşunlarynyň sany näçe? Siz gaçan wagtyňyz olaram söweş meýdanyny terk edip gitdilermi ýa-da şol ýerde galdylarmy? Gall urşujylary biri-biriniň agzyndan kakyp, Spartagyň sowallaryna jogap berdiler, bolan wakany bolşy ýaly aýtdylar. – Rimliler entek söweş meýdanynda bolmaly – diýip, gallar sözlerini jemlediler. – Olar henizem ölenleriň söweş geýimlerini sypyryp, lageri talap bolan däldirler. – Boldy! Dessine söweş teblini kakyp, goşuny aýaga galdyryň! Häziriň özünde ýörişe ugraýas. Uzak gije ýol ýöremeli bolarys, ýük arabalaryny şu ýerde galdyryp gid» ýäs. Ýanymyza diňe iki güne.eter ýaly azyk almaly. Edermen urşujylar, öz borjuňyza düşünýäňizmi? – Düşünýäs! Aýdyşyň ýaly ederis! – diýip, jogap beren urşujylar öz bölümlerine gyssanmaç ugradylar. Goşuna ýygnanmalydygyny habar berýän tüýdük sesleri lageriň çep künjeginden ýaňlandy. Ýaraglaryny dakynyp, ýöriş şaýyny tutan Gladiatorlar çadyrlaryň arasy bilen meýdança tarap ylgaşdylar. Bütin lager gorjalan ary ketegine döndi. Tizden öňdäki ýüzlükler derwezeden çykyp ugrady. Gara atyna atlanan Spartak alawyň ýanynda biraz eglenip, gyzyl lybasly oturan frakiýaly gyzyň howsalaly balkyldaýan gara gözlerine garap: – Hoş gal, Amika! – diýdi. – Ýa ýeňiş bilen dolanarys, ýa-da öňkümiz ýaly gandally gula öwrüleris! Plaşa çolaşan Geta sönüp barýan alawyň sähelçe ýylysyna meýmiräp, irkilip otyrdy. Gijäniň ýarynda frakiýaly gyz ony yralady. Olar torbalaryna azykdyr arassa mata salyp, atlandylar. Lager tutuş diýen ýaly boşap galypdy. Diňe onda-munda köreýän alawlaryň başynda ýaralylardyr keselliler otyrdy. Amikany tanan sakçy elini silkip: – Bar, hernä hoş habar bilen dolanyp gel! – diýip, geçirip goýberdi. Ýol baýyrlaryň arasy bilen uzalyp gidýärdi. Olar gije eýeleri taşlap giden, üçekleri gamyş bilen ýapydan garyp obalaryň ikisiniň içinden geçdiler. Esli ýere gidýänçäler obada galan aç itleriň sesi yzlaryndan eşidildi durdy. Daň atyp, jahan ýagtylanda üstlerine bor-bolgusyz goş-kötel ýüklenen öküzleridir eşeklerini öňlerine salyp gelýän, eginleri, sebetli bir topar adama gabat geldiler. Olar demirgazyk taýa ellerini salgap: – O ýanda aýylganç uruş-barýar! Sizem öldürerler. Gowusy, gitmäň!... – diýip, gygyryşdylar. – Olar siziň hem ähli ezilenleriň gününi gowulandyrmak üçin uruşýan özüňiz ýaly garyplar – diýip, Amika düşündirdi. – Ýörüň, gowusy hemmämiz olara kömek bereliň! Onuň sözlerine göwni bölünen ýaş ýigitler yza dolanmaga taýýar bolup aýak çekdiler. Ýöne bir garry baryny bulaşdyrdy: – Seň diýýänleň akyly ýerindäki adamyň gürrüňi däl. Muňa gulak asmaň! Ähli ejir, külpedi kaýyl bolup çekmeli. Ozaly-ebedinde biziň kysmatymyz şeýle. Rimli baýlaryň kuwwatly häkimligini syndyrmak, heý, bize başartjak zatmy? – Onda bütin ömrüňizi şolaryň elinde gul bolup geçirmekçi-dä?.. – Bize hudaýyň buýrany şeýledir! – Garry gürrüňi gutardym edip ýaşlaram yzyna tirkedi-de, ýoluny dowam etdi. Ir bilen gabat gelen obanyň ýoly pürslerdir daşlar bilen bekleneni üçin, daşyndan öwrülip geçmeli boldy. Obanyň çiş demir, çalgy, palta ýaly tapan-tupan zatlary bilen ýaraglanan ilaty golaýlaşanyň üstüne daş ýagdyryp, hiç kimi ýakyna goýberenokdy. Agşama golaý uzakdan rim legionerleriniň öňdäki toparlarynyň gelýäni göründi. Atyň üstünde oturan biriniň gan bilen gatan sargylary onuň agyr ýaralydygyndan habar berýärdi. Ygym-sygym görünýän urşujylar ýaralylara goltgy berip gelýärdiler. Legionerler atymyzy alaýmasyn diýip gorkan Amika bilen Geta dessine ýoldan çykdylar-da, bugdaýly meýdanyň içinden gitdiler. Rim goşunynyň toparlary barha seýrek duşýardy. Ýaraly urşujylar mejalsyzlykdan hem ýadawlykdan ýykylýardylar. – Rimliler gaçyp gelýär! Biziňkiler ýeňen ýaly-la! diýip, Geta begençli seslendi. ■ T Ä Z E Ý Ö R I Ş Birden öňde – ekinleri geçip giden müňlerçe urşujylaryň aýaklarynyň astynda depgilenen, düz meýdanda san-sajaksyz otlaryň ýalny ýalpyldap göründi. Öldürilen adamlaryň ýodanyň üstünde kese ýatan jesetlerinden ürken atlar özlerini bir gapdala zyňdy. Amika bilen Geta Spartagy kynlyk bilen tapdylar. Ol ullakan alawyň gapdalynda kaddyny dik tutup, gymyldaman durdy. Ullakan agaçlar biri-biriniň üstüne çalşyrylyp basylypdyr. Alawyň äpet ýalny üstünde goýlan adam jesetlerini gabsap ugrady. – Şadyýan, edermen Kriksden hem onuň batyr ýoldaşlaryndan galan ähli zat – diňe şu bir üýşmek kül – diýip, Spartak ahmyrly pyşyrdady. Gallardan hem germanlardan ölmän, galan urşujylaryň bir topary alawyň ýanynda üýşüp durdular. Olar gylyçlaryny depelerine göterip, güýz şemalynyň iňňildisine çalymdaş tukat söweş aýdymyna ses goşup gygyrdylar-da, hatar tutup, alawyň daşynda aýlanmaga başladylar. Kriksiň hem beýleki gurban bolan ýoldaşlarynyň edermenliklerini ýatlap, gylyçlaryny galkana urup, uzak aýdym aýtdylar. Soňra bolsa biri-birine halka şekilli gyslyşdylar-da, gylyçlaryny atanaklaýyn tutup: – Gannik, bärik gel! Biziň serdarymyz Gannik bolmaly! – diýip gygyryşdylar. Endam-jany ýaraly bir ýaş ýigit orta çykdy-da, atanaklaýyn goýlan gylyçlaryň üstüne mündi. Urşujylar ony gylyçlary bilen ýokary galdyrylyp öldürilen Kriksiň deregine serdar saýladylar. Howsalaly ýaňlanan tüýdük sesleri ýene-de ähli urşujylary ýörişe çagyrdy. Ýygnananlaryň köpüsiniň egninde öldürilen duşman urşujylaryndan sypyrylyp alnan geýimler bardy. Hemmeler öz otrýadlaryna ýygnanyp, beriljek buýruga garaşýardylar. Spartak Kriksiň hem onuň ýoldaşlarynyň jesetleri ýakylan alawa garap köp durdy. Şemal alawy tüsse bilen gabsap, uçgun syçradýardy. Ahyry ol aýňaldy-da, ýanyna getirilen atyna böküp münüp, baýra tarap sürdi. Töwerekde üst-başlaryny çaň basan ýadaw gladiatorlaryň hem olara goşulan meýletinleriň hatarlary garaňka duwlanyp, sessiz durdular. – Edermen dostlar! – diýip, Spartak goşuna ýüzlendi. – Siz diňe bir öz gurban bolan ýoldaşlaryňyzyň aryny alman, gül söwdasyny edýän baýlaryň özüňizi ýene-de zynjyrlamak üçin ýollan goşunynam çym-pytrak etdiňiz. Ýöne biz bu ýeňşimize begenip, bigamlyk bilen kaşaň mülklerde dynç almaga ugrasak, hüşgärligi elden beren gallar ýaly öz işimiz üçin hiç hili peýdasyz jan bereris. Edermen urşujylar, aýdýanlaryma üns bilen gulak asyň. Beýleki konsulyň baştutanlygyndaky goşun üstümize sürnüp gelýär. Olar bizi gözleýärler. Özlerem golaýda. Gladiatorlaryň hatarlaryndan: – Gulak asyň! Gulak asyň! – diýen sesler çykdy. – Şonuň üçinem, biziň ýekeje çykalgamyz bar – diýip, Spartak sözüni dowam etdi. – Biz ol goşunyň üstüne duýdurman çozmaly-da, ýok etmeli. Siziň gaty ýadawdygyňyzy bilýän. Ýöne alys ýurduňyzdaky külbäňizde öz aýallaryňyzdyr çagalaryňyzyň ýoluňyza göz dikýänini ýadyňyza salyň. Eger biz azat bolsak, ýene-de öz ojagymyza dolanyp baryp bileris. Ýöne azatlygy gylyç bilen gazanmaly. Şonuň üçinem, duşman bilen bellisini etmäge häziriň özünde täze ýörişe ugraýas. Erkinlik ýa-da täzeden gul bolmak siziň gylyjyňyza bagly! Urşujylaryň müňlerçesiniň batly sesleri ýaňlandy: – Erkinlik! Erkinlik! Öňe, dostlar! Spartak, bizi ýeňişe alyp git! Tüýdükleriň sesi ýörişiň başlananyny yglan edenden, gladiatorlaryň soňsuz hatarlary ýola düşüp ugrady. Gullaryň görülmedik çaltlyk bilen hereket eden goşuny Rimiň ikinji konsulyň baştutanlygynda ýollan ýygynynyň üstüne döküldi. Diýseň gazaply söweşýän gladiatorlar çykgynsyz ýagdaýa düşen pursatlarynda ajalyň gözüne garap, duşman naýzasynyň üstüne özlerini oklaýardylar. Duşmanyň dişine çenli ýaraglanan, gowy taýýarlykly bäş legiony derbi-dagyn edildi. Olar ähli ýüklerini taşlap gaçmaga ýüz urdular. Rim söwdagärleriniň, jerçileriniňdir iri ýer eýeleriniň hakynatutma goşuny özleriniň hem beýleki özleri ýaly ezilen garyp-gasarlaryň erkin durmuşy, bagty ugrunda göreşýän gladiatorlaryň zarbasyndan kül-uşak boldy. ■ A G Z A L A L Y G Y Ň B A Ş Y Iki aýgytly ýeňişden soň gladiatorlaryň goşunynyň öňünde Italiýanyň ähli ýollary açylyp, olaryň badyny saklap biljek başga hiç hili güýç galmady. Näme üçin Spartagyň ýüzi ýagmazak bulut ýaly gamaşyp dur? Näme üçin ol öz goşunyna goşulmaga isleg bildirip gelýän topar-topar adamlar bilen sowuklaç, göwünli-göwünsiz gepleşýär? – Siz näme üçin geldiňiz? – diýip, ol bir topar garry gula ýüzlendi. – Bize diňe garnynyň doýanyny bilip, bir pisselik peýdasy degmejekler däl-de, urşujylar, tebipler, demir hem mis ussalary ýaly hünärli adamlar gerek. Gaýtjak bolanyňyzda uruş üçin gylyç, naýza, iň bolmanda, ullakan pyçak gerek boljagy ýadyňyza düşmedimi? Siziň niýetiňiz kömek bermekmi ýa-da bizi penalap, iýip-içip ýatmakmy? Biz öz söweşlerde maýyp bolan ýaraly esgerlerimizem kynlyk bilen ekleýäs. Olary arabalara ýükläp, ýanymyzdan goýman ýörşümize bize tizlik bilen ýol aşmak aňsat düşenok. – Biziňem zynjyrymyzy taşlasymyz gelýär! – diýip, garrylar jogap berdiler. – Biz ähli ezijileriň soňuna çykýançak garaşyň. Şondan soň sizem azat bolarsyňyz. Bu ýagdaýyňyzda biziň göreş gylyjyny ýokary göteren ellerimizi baglap, ölümimizi tizleşdirersiňiz. – Yzymyza gaýdyp, ýene zynjyra baglanandan, gowusy şu ýerde azatlykda ölenimiz gowy! – diýşip, garrylar bir diýenlerini tutdular. Şeýdip, olara-da lageriň töwereginden ýer tapyldy. Serdarlaryň maslahatlarynda her hili jedeller, ylalaşyksyzlyk ýüze çykyp ugrady. Haçan-da hemmeleriň üstüne umumy howp abanýan mahaly olar Spartaga gürrüňsiz boýun egýärdiler. Onuň okgunly hüjümleri hem duşmanyň niýetini öňünden aňyp, puja çykarmaga bolan başarnygy ýeňiş yzyndan ýeňiş gazanylmagyna getiripdi. Indi bolsa, şeýle seredeniňde howp sowlan ýaly görünýän, gladiatorlaryň goşunynyň Italiýanyň ýarsyny eýelän häzirki ýagdaýynda serdarlaryň köpüsi Spartagyň hereketlerini ýazgaryp, aýratyn, özbaşdak goşun döretmäge meýil bildirip başladylar. Spartak meseläni kesgitli goýdy: – Biziň Italiýany terk etmegimiz gerek. Demirgazyga ugrap, Alp daglaryndan geçeliň-de, öz watanymyza dolanyp baralyň. – Entek gyssanmalyň! – diýip, beýleki serdarlar seslendiler. – Häzir Italiýa biziň elimizde. Bu ýerde ýene bir ýyl dagy bolalyň. Iň uly şäherleri basyp alarys-da, toplan ummasyz baýlygymyzam alyp, watana soň dolansagam bolar. Bu jedellere gulak asyp oturan garry filosof Aristomen gaharly gürledi: – Akmaklar! Spartagyň paýhasly maslahatyny ret etmäge neneň ynsabyňyz çatýar? Bir ýyl mundan öň nähili ýagdaýdadygyňyzy ýadyňyza salyň! Watana dolanmak hakda arzuw etmek ýadyňyza bir düşýärmidi? Ähliňize sirkiň arenasyndan öz doganyňyz ýaly gladiatoryň gylyjyndan gutulgysyz hem masgara ölüm howp salýardy. Indi ähli ýollaryňyz açyk wagty nämä köwejekleşip dursuňyz? Depämizde ýene-de gara bulutlar toplanyşyp ugrady. Rimiň esasy harby güýçleri häzirlikçe alysda – ýurduň çäginden daşarda. Ol güýçleriň häzir Ispaniýada, Frakiýada bolany bilen, Italiýa dolanmasy kyn däl. Olar geldigem, siziň öz dogduk obalaryňyza ýüzüňiziň düşmejegi hak. – Gelibersinler! Öňküleriň gününi olaryňam başyna salarys! diýşip, gladiatorlar özlerine göwnüýetijilik bilen gülüşdiler. – Akmak güjük diýerler size! – diýip, Aristomen has-da gaharlandy. – Siz häzir aristokratlaryň elinde ejir çekýän adamlaryň ählisi hataryňyza goşulyp, göreşiňizi goldar ýaly hereket etmeli. Näme üçin käbiriňiz parahat obalary talap, masgaraçylyga meýilli bolýaňyz? Özüňize dost bolup, goldaw berjek adamlardan duşman gazanmak nämä derkar? Nä aklyňyza özüňiz öňki gul halyňyza erkin adamlary gul etmek hyýalyna münýäňiz? Şunça arabany talap alan oljaňyzdan ýüklemek size nämä gerek boldy?.. Bir gezek jedeliň ortasynda Spartak ýerinden turdy-da, elini göterdi. Hemmeler sesini kesdi. – Akly çaşanlar, maňa gulak asyň! Entek giç dälkä men size Italiýadan gitmäge çagyrýan. Öňde Alp daglary ýatyr. Ondan geçdigimizem öz ýurdumyz. Ol ýerler rim baýlarynyň penjesi ýeterden daş. Biz o ýerde azat, erkin ömür süreris. Azatlyk! Bu sözüň nähili ýakymly, neneňsi arzyly ýaňlanýanyny eşidýäňizmi? Biz azat, deňhukukly, bagtly adamlaryň henize çenli görülmedik döwletini dörederis. Ol güneşiň hem şatlygyň ýurdy bolar. Başga halklaram bizden görelde alyp, aramyza goşularlar. Hatarlarymyz gün-günden artar. Gozgalaň turzanlaň sany häzir ýüz ýigrimi müň. Tizden bu san ençeme esse köpeler. – Aýdýanlaň ertekä meňzeýär! – diýip, golaýda duran urşujylaryň biri seslendi. – Henize çenli hiç ýerde beýle zat bolmandyr. – Bolmasa – bolar! Serdarlaryň biri ara goşuldy: – Entek öňde Mutina şäheri bar. Ol ýerde rimli prokonsul öz legiony bilen biziň goşunymyza garaşyp dur. Özem uzaklaşman... – ...üstümize sürner, bizem külüni çykarys! – diýip, Spartak onuň sözüni agzyndan kakdy. – Niredemiş ol prokonsul? – diýen gykylyklar çykdy. – Belki, ol üstüne döküläýsek, özüniň tar-mar ediljeginden gorkusyna sandyrap durandyr? Bu ýeri taşlap, ilki Mutina, soňra bolsa ondanam aňry gidýäs – diýip, Spartak kesgitli aýtdy. – Siz islemeýän bolsaňyz, onda bir özüm gidýän. Meniň hiç hili agyr ýüküm ýok. Plaşym, gylyjym hem gaplaňyň hamy – ine, ýanym bilen bar aljak zadym şular. – Menem seň bilen gitmekçi! – diýip, filosof Aristomen dillendi. – Menem! – diýip, Geta-da oňa ses goşdy. – Ýok, sen bizi taşlap gitmersiň! – diýip, serdarlar hem töwerekde duran urşujylar gygyryşdylar. – Ilki gozgalaň turzanam, ýeňilmez beýik goşun döredenem sen. Biz rimli urşujylaryň ýaraglaryny aldyk. Indi hiç kimden çekinemzok. Spartak goh-gowur ýatyşýança sesini çykarman garaşdy. – Ölüm bize hemişe howp salýar. Men siz bilen deň durup uruşmaga-da, bile ölmäge-de taýyn. Ýöne garakçy ýaly, siz bilen şäher talamaga gitmejegim çyn. Maksadymyz näçe belent bolsa, şöhratly ýolumyzam şonça aňryk uzalar. Serdarlaryň käbiri şeýle diýdi: Näme üçin biz gös-göni dünýäniň ganyny sorýan baýlaryň, zalymlaryň, pul dellallarynyň höwürtgesi bolan Rimiň üstüne gitmeli däl? Eger bize onuň güýjüni syndyryp, gaty kän gullary boşatmak başartsa, ezilen halklar olaryň zulmuny başlaryndan aýlap, täzeçe ýaşap ugrarlar.. – Biz bilen gal! – diýip, serdarlar gygyryşdylar. Nirä gitseň, yzyňdan galmaly. Serdarlaryň maslahaty uzak hem şowhunly dowam etdi. Spartagyň: «Rimiň üstüne giderden entek ir. Birbada garaşmak, demi dürsemek gerek» diýip, janykmasyna garamazdan, köpçülik Italiýadan gitmezligi makul bildi. Spartaga goşuny wagtlaýyn dem-dynç bermek üçin günortadaky hasylly welaýatlara äkitmegini maslahat berdiler. Gladiatorlaryň goşuny gorkusyndan sandyraýan «Ebedi şähere» degmän, günorta tarapa geçip gitdi. ■ «Ş A H Y S A M A N L Y Ö K Ü Z» Gladiatorlaryň iki konsulyň goşunynam çym-pytrak edendigi hakyndaky habar paýtagtda ber-başagaýlyk döretdi. Töwerekdäki welaýatlardan gaçyp gelen patrisiler gozgalaň turzan gullaryň edýän aýylganç işleri hakynda ýapa degmez çypdyrmalary ýaýradýardylar. Olar atly senatorlaryň töweregini gallaşyp, öz janlaryny, baýlyklaryny. halas etmeklerini towakga edip ýalbarýardylar. – Biziň mülklerimiz ot içinde. Gullar ähli işleri başdan aýlap urup, Spartagyň ýanyna gaçyp geçdiler. Bu bidüzgünçiligiň öňüni almak gerek! Hojaýynlaryna baş göterip, gulak asmany bes eden gullaryň gözünde ot ýakmaly! Rimiň hökümdarlaram: «Eger-de Spartak «Ebedi şäheriň» üstüne döküläýse nähili bolar?» diýen pikir kellelerine gelende, gorkularyndan sandyraýardylar. – Onda gullar ählimiziň damagymyzy çalarlar! – diýip, rimliler biri-birine pyşyrdap, howsalalaryny mälim edýärdiler. – Rimde gullar erkin adamlardan birnäçe esse köp ahyryn! Mülklerinden gaçyp gaýdan baý patrisiler ýygnak üstüne ýygnak geçirip, kyn ýagdaýdan çykalga tapyp bilmän heläk bolýan senatyň bizar-peteňini çykarýardy. Senatorlar «zerur çäreleri görmäge» söz berip, olary başlaryndan sowjak bolýardylar. Senatorlaryň biri ýagdaýy düşündirdi: – Biz olara hötde gelip biläýjek serkerde tapamzok. Birtoparynyň ýakasyndan tutduk, hiç birem boýun alyp bilmedi. Tüýs bolaýjak serkerdelerimizem saýlama goşunlarymyz bilen birlikde alysda – başga ýurtlarda. Bisabyrlaryň käsi sesine bat berdi: – Ýok adamlar ýa-da häzirki howply pursatda ýigrenji gullaryň garşysyna çykmaga gorkýanlar hakynda gürrüň etmek nämä gerek? Olaryň garşysyna «şahy samanly öküz» tapmaly. Goý, urşujylar ondan duşmandan beter gorksunlar. – Dogry aýdýar! «Şahy samanly öküz» tapmaly! Rimlilerde şeýle däp bardy: olar gaharjaň, süsek öküziň şahyna saman daňypdyrlar. Şeýle öküziň gelýänini gören adamlar gorkularyna zut gaçyp, janlaryny gutarypdyr. Ähli häsiýeti gabat gelýäni üçin adamlar belli ýer eýesi, baý Krassa «Şahy samanly öküz» diýip lakam dakypdylar. Gaharjaň hem hiç kimde aryny köýdürmeýän bu mekir adamdan her kim daşyrak duranyny kem germändir. Gabady gelse, şöhrat gazanmagyň pikiri bilen ýaşap ýören Krassyň satyn alan adamlary ýerli-ýerden gygyryşdylar: – Krassy goşunbaşy saýlamaly! Şol tüýs mynasyp! Biz Krassa belet. Onuň ýerem, gullaram hemme kişiňkiden köp. Öýleri, bugdaýly urulary köp otlanýanam ýene şol. Gullardan has köp ejir görýäni üçin şolardan ýaňa onuň, içi tütäp dur. Senatorlar Spartak bilen söweşmäge iň uly gul eýesi, baý, birgiden kaşaň jaýly süýthor hem söwdagär Krassy ýollamagy karar etdiler. Harby işe ökde, men diýen goşun serkerdeleriniň birnäçesini oňa kömek bermäge bellediler. Daýaw, saçy düşen, ýagly ýeňsesi gat-gat bolup duran tutuk ýüzli Krass bu teklibi arkaýynlyk bilen kabul edip? öz şertlerini orta oklady: – Eger bu işe gatyşmagymy respublika zerur hasap edýän bolsa, onda men garakçylar bilen göreşe çykmaga razy. Ýöne men respublikanyň ähli harby güýçleriniň öz golastyma geçirilmegini talap edýärin. Mundan başga-da, maňa günälini sud etmezden jezalandyrmaga, göwnüme ýaran adamlaryň öz islegime görä gadyryny bilmäge ygtyýar berilsin. Talap edýän serişdelerimiň ählisini almaga, adamlary ýaşyna garamazdan urşa çagyrmaga hukugym bolan halatynda men guduz frakiýalyny hem oň topalaňçylaryny ele salmagy başararyn. Uzak gije ýygnak geçiren senat Krassyň ähli talaplaryny ýerine ýetirmäge boýun bolup, özünem «imperator»1 diýip yglan etdi. Krass köçelerde ençeme müň üsti tagamly stol goýduryp, Rimiň ähli ilatyny mugt naharlady. Her kime üç aý iýmäge ýeter ýaly bugdaý paýlady. Garry, tejribeli urşujylaryň ählisine aýratyn sowgat etmegi wada berdi. Rimiň baý ogullaryny «respublikany halas etmäge» çagyryp, olardan örän gowy ýaraglanan aýratyn atly otrýadlar düzdi. Krass ilki bilen on legion toplady: oňa täze çagyrylan hem Spartagyň dargadan goşunyndan galan urşujylar girdi. Töweregine tejribeli goşun serkerdelerini ýygnan Krass öz howpsuzlygy üçin aýratyn çäreler gördi. – Haýsydyr bir gul janyma kast etmez ýaly, men özüme örän meňzeş rimlileriň ikisini hakyna tutdum – diýip, ol ýakyn dostlaryna gürrüň berdi. – Edil meňki ýaly, olaňam egninde imperatoryň gyzyl plaşy bar. Olar goşuna esewan ederler, postlary barlarlar, ýadan urşujylaryň ruhuny götärler, gerek bolan halatynda söweşe-de gatnaşarlar. Men bolsa, gizlin ýerde durup, ähli zada ýolbaşçylyk ederin. ■ F R A K I Ý A L Y Ş I R Rimli gullar Krassyň ýüz müň urşujydan ybarat goşunynyň gelýänini, olaryň altmyş müňüniň harby tälim berlen rim legionerleri, kyrk müňüniň bolsa «soýuzdan»1 ýygnanan adamlardygyny Spartaga habar berdiler. – Olaryň ýaraglary gaty gurat – diýip, gelenler tekrarladylar. – Gowy-da şol – diýip, Spartak arkaýyn gürledi. – Gaňryp alarys welin, o ýaraglar biziňki bolar. – Üsti azykly örän köp arabalaram bar. – Olam bize gerek. – Atly goşunlarynyň sanam birnäçe müňe ýetýär. – Ol-a hasam gowy – diýip, Spartak jogap berdi. Biz, frakiýalylaram edil skifler ýaly at üstünde uruşmaga halys endik edipdiris. Pyýada uruşmaly bolsa, günümiz kyn. Olaň atlaryny alarys welin, bar zat düzeler duruberer. Şol wagt Spartagyň goşuny çetde ýerleşýän, hasylly welaýatlaryň birinde durdy. Onuň özüne gulak asýan harby işi birkemsiz öwrenen, frakiýaly, grek hem siriýaly esgerlerden düzülen otuz müňlük goşuny uly ýygynyň özeni hasaplanýardy. Beýleki, takmynan kyrk müň adamly goşun gallardan, keltlerden, germanlardan, iberlerden, siriýalylardan hem ş.m.-lerden düzülendi. Öz aýratyn serdarlary bolan ol toparlar mahal-mahal esasy goşundan bölünip, Italiýanyň dürli künjeklerine ýola düşýärdiler. Şäherleri basyp alyp, mülkleri otlap, talaňçylyk bilen ýygnan oljalaryny lagere getirýärdiler. Krassyň goşun çekip gelýäni hakynda habar gulaklaryna degen serdarlaryň ählisi Spartagyň ýanyna maslahata ýygnanyp: – Bizi Rimiň üstüne äkit! – diýip, talap etdiler. Öz edähedine görä, gylyjyny arassalap oturan Spartak olaryň gürrüňini sesini çykarman diňledi. Hemişekileri ýaly ol gaplaňyň hamynyň üstünde otyrdy, depesine gerlen at içirgisi ony hem ýanyp duran alawy şemaldan penalaýardy. Onuň gapdalynda oturan frakiýaly oglanjygyň elinde hat salynýan tegelek gaýyş guty bardy. Spartak ör turup, gutudan bir kagyz aldy-da, alawyň töwereginde egele gurap oturan serdarlara ýüzlendi: – Häzir siz menden özüňizi Rime äkitmegimi talap edýärsiňiz. Filosof dostum Aristomeniň bize nähili hat ýollanyndan habaryňyz ýok. Ol filosofy siziň hemmäňizem gördüňiz. Häzir ol Rime baryp, gedaý görnüşinde adamlaryň arasynda aýlanyp, gürrüňlerine gulak asýar. Ol Krassyň öz urşujylaryna ýüzlenip aýdan sözlerini diňläpdir. Ine, onuň diýen zatlary: «Maňa «Şahy samanly öküz» diýýärler. Men gazaply, şol bir wagtyň özünde-de keçjal öküzdirin. Spartagy yzarlap, tä ol garakçyny şahym bilen diwara direýänçäm ynjalmaryn. Haçan-da, ýeterlik goşun toplap, Spartakdan iki esse güýçlüdigime göz ýetiren wagtymda men ony edil bir süri ýabany öküziň gamyşlykdaky kuwwatly şiri depgiläp öldürişleri ýaly edip mynjyradaryn». – Şiriň öküzi tike-tike etmäge güýji ýeter! – diýip, serdarlaryň biri seslendi. – Görýäňizmi, dostlar! – diýip, Spartak sözüni dowam etdi. – Bize uly hem aýgytly söweşe berk taýynlanmak gerek. Eger duşman bilen çaknyşygyň öz zyýanymyza boljagyny duýdugymyz – edil şirleriň edişi ýaly, çaltlyk bilen arany açmaly. Ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döredigi, okgunly hereket edip çozmaly. Ýöne biziň otrýadlarymyzyň şirlere meňzeýän ýeri barmy? Siz öz çadyrlaryňyzy mebeller, gymmatly wazalar, halylar, hatda agyr heýkeller bilen doldurdyňyz! Kim siz köne-küşül satýan söwdagärmi ýa-da urşujymy? Men ähliňize daňdanlar ýörişe ugraljagyny yglan edýän. Ýanymyzda arabalardyr ýükçi mallar bolar. Ýöne olara gerek boljak iýmitden hem agyr ýaralylardan başga zat ýüklemek gadagan. Talap alan gymmat bahaly zatlaryňyzyň ählisini şu günüň özünde otlamaly. Kimiň zatlaryna gözi gyýmaýan bolsa, şu ýerde galsynda Rimlilere garaşsyn. Krassyň ilden deger-degmez bahasyna zat satyn almagy gowy görýänini özüňiz bilýäňiz. Belki, ol köne-küşül zatlaryňyz bilen birlikde soň çiş gazykda oturmak üçin özüňizem satyn alar. Menem sizsiz günümi görjek bolaryn. – Talanyp alnan zatlaň ählisini ýakmaly! – diýen sesler ýaňlandy. Zat bilen gözi gapylan söwdagärler ýok bolsun! Bizem seň bilen, Spartak! Lageriň ähli künjünde äpet alawlar tutaşdy. Urşujylaryň baý mülklerden talap getiren ähli zatlary sähel salymyň içinde küle öwrüldi. Spartagyň goşuny daňdanlar lageri taşlap gitdi. – Häli-şindi ugruny üýtgedip, Krassyň atly aňtawçylaryna al salýan spartakçylar tiz menzil aşyp öňe barýardy. Rimlileriň ýüz müň urşujydan ybarat goşuny hem olaryň yzyny çalyp, yňdarylyp gelýärdi. ■ B I J E L I Ö L Ü M Krass otrýadlaryna Spartagyň goşunyny yzarlamak, ýöne häzirlikçe uruşdan gaça durup, öz berjek görkezmelerine garaşmagy buýruk berdi. Krassyň iň öňdäki otrýadyna ýaş Mummiý komandirlik edýärdi. Ol öz otrýady bilen barýarka gladiatorlaryň dagyň eteginde dynç alyp oturan bir bölek goşunyna gabat geldi. Alaw ýanyp durdy: Syrçaly hem bürünç gazanlarda nahar atarylypdyr. – Ýeňijiler sud edilmeýär! – diýip, Mummiý urşujylaryna ýüzlendi. – Eger bu hapa nejisleri ele salyp, imperator Krassyň gaşyna eltsek ýeňişimiz üçin bizden Nägile bolmasa gerek. Tüýdükleriň söweşe çagyrýan sesi ýaňlandy. «Barra!» diýip, söweş çakylyklaryna gygyran legionerler gladiatorlara tarap okduryldylar. Gladiatorlar olaryň ýakynlaryna gelerine garaşdylar. Düňňürdili düwmejikler sallanyşyp duran deprekleriň batly gübürdisi «Ulala!» diýen gykylyk bilen utgaşyp, gullaryň otrýady okgunly hüjüme geçdi. Bu otrýad Spartagyň jan ynanýan urşujylary bolan frakiýalylardan hem siriýalylardan düzülendi. Olar rimlileriň hataryna gazap bilen süsňäp giren mahallary gizlenip duran frakiýaly atlylar baýryň aňyrsyndan atylyp çykdylar-da, duşman yza çekilip bilmez ýaly, ýeňse tarapyna aýlandylar. Aljyran rim urşujylary ýeňse berip, jyn dagan ýaly boldular. Otrýadyň diri galan ujypsyzja bölegi Krassyň lagerine gaçyp özüni atdy. Şonda Krass özüniň hakykatdanam «şahy samanly öküzdigini» görkezmek isledi. Ol dessine Italiýada köpden bäri ýatdan çykarylan «ondan biri ölüme» atlandyrylýan gadymy harby düzgüni yglan etdi. Goşun ortadaky daşdan edilen gurban berilýän ýeriň töweregine dört burç görnüşde aýlandy. Ol ýerde ot ýanyp durdy, uzyn geýimli žreňler aýdym aýdyp, towsuşyp, dogadyr gargyş okaýardylar. Mumminiň duşmandan ilki ýeňlip gaçan öňdäki otrýadyndan bolan bäş ýüz urşujyny on-ondan bölüp duruzdylar. Onluklaryň hersi gezek-gezegine gurban berilýän ýere barmalydy. Žresleriň elinde suwly gap bardy. Ol gabyň içindäki on daşyň dokuzysy ak, birem garady. Urşujylaryň hersi bir daşy çykaryp, žresiň eline berýärdi-de, gyra çekilýärdi. Ak daşy çykaran saga, gara daşy çykaran bolsa çepe gidýärdi. Ol ýerdäki plaşlaryny başyna bürenip duran adamlar ýanyna baran urşujy ullakan daşlar bilen urup öldürýärdi. Şeýdip, söweş meýdanyndan gaçyp gelen urşujylaryň ellisi bütin goşunyň gözüniň alnynda öldürildi. Olaryň jesedini jaýlamak gadagandy. Krass goşunyň öňünde söz sözläp, her urşujynyň öz baş serkerdesinden Spartakdan beter gorkmalydygyny, eger ýene kimde-kim söweş meýdanyndan gaçyp gelse, «ondan biri ölüme» düzgüniniň gaýtalanjakdygyny yglan etdi. ■ «D E Ň I Z K N Ý A Z L A R Y» Goşunyna iň ýowuz çäreler bilen tertip hem düzgün-nyzam girizip täze urşujylar toplan Krass öňküsi ýaly söweşden gaça durup, Spartagyň yzyndan galman barýardy. – Men Spartagy dagyň dar jülgesine gabap, bir urguda başyna ýetirin – diýip, ol öwünýärdi. Spartagyň şol günorta gidip oturyşydy. Ol ilki daglyk Lukaniýa girdi, soňam özleriniň iki ýyl mundan ozal duran ýerleri bolan Furidäki gämi duralgasyna ýetdi, gämiçiler hem deňiz söwdagärleri bilen gepleşdi. Spartak hem onuň ençeme ýoldaşy deňziň üstüne abanan uçut kenarda durdular. Öňde gaý-da-gaýmalaşyk, gämi duralgasyna gytak ak hem gyzyl ýelkenli gämileriň girýäni, gaty kän balykçy gaýyklarynyň suwluşyp barýany görünýärdi. Kenaryň golaýynda söwdagärleriň reňklenen gämileri endigan çaýkanyşyp durdular, şemalyň hem günüň derdinden garalyp giden ýarym ýalaňaç, aýaklary zynjyrly kürekçiler uzyn oturgyçda irkilişip oturdylar. Deňiz asuda däldi. Gerişleri ak köpürjik tolkunlar tirkeş gurap kenara sürünýärdiler. Ýalňyz hurma agajynyň çür başyndaky saýawan ýaly bir çugdam ýapraklary güýz şemalyna birgeňsi galgaýardy. Lukan daglarynyň gar basan gerişleri gyşyň golaýdadygyndan habar berýärdi. Eginleri alabeder uzyn geýimli, başlary gyzyl keçe telpekli billerinden agaç gynly pyçaklary sallanyşyp duran bir topar deňizçi latyn dilini bilgeşlin ýoýup, gödek sesleri bilen Spartaga ýüzlendiler: – Biz seň çakylygyň boýunça geldik. Deňziň bu peşgeşlerini kabul et. Olar iýilýän-u-beýleki balykgulaklardan hem ullakan garamtyl deňiz leňňejinden doly sebedi Spartagyň öňünde goýdular. Spartak olara ýüzlendi: – Siz öz gämileriňizde näçe adamy äkidip bilersiňiz? – Nähili adamdygyna bagly. Eger gullar bolsa, onda gäminiň ýük goýulýan içki jaýyna üsti-üstüne edip, näçe sygsa dykýas. Tä barmaly ýerlerine ýetýänçäler olar turubam bilenok, gymyldabam. Ýöne erkin adamlary beýdip ýükläp bolanok. – Näçe gämiňiz bar? – Biz – «deňiz knýazlary»1. Özümize nire bähbitli bolsa, şol ýana-da gidýäs. Eger ganymat tölejegiňizi bilsek edil çarlak sürüsi ýaly, bu ýere müňläp gäminem getirip bileris. – Hakynyň gürrüňi ýok. Ýöne sözüňizde tapylyp, barmaly ýerimize wagtynda eltseňiz bolýar. – Nirä barmakçy? – Sisiliýa adasyna. – Häzir deňiz asuda däl. Şoň üçinem, aňryk – Italiýany Sisiliýadan aýryp duran Messin bogazynda garaşyp, gladiatorlaryň goşunynyň galan böleginem ada geçirmeklerini gürleşdiler. Şondan birnäçe ýyl ozal Sisiliýada gullaryň gozgalaňy bolup, Rim ony güýç bilen basyp ýatyryp, gazaply öç alypdy. Şonuň üçinem, gladiatorlaryň goşuny sisiliýaly topalaňçylaryň goldawyna bil baglaýardy. Şol günüň özünde üstünde Spartagyň goşunynyň bir bölegi ýerleşen kyrk gämi kenary ýakalap, günbatara ýöneldi. ■ Ý E N E - D E D U Z A K Iň soňky gämiler ugramazynyň öňüsyrasynda «deňiz knýazlary» Spartakdan gämidäki agyr ýaralylaryň ýanyna girip çykmagyny haýyş etdiler. Gämä çykan Spartagyň ýanynda Geta-da bardy. – Şu merduwan bilen içki jaýa düş. Seň dostlaň aşak-da! – diýip, gämini dolandyryjy iki bükülip tagzym etdi. Spartak birden aýak çekdi. Göwnüne bolmasa, töwerekde duran deňizçileriň ýüzünde şübheli gülümsireme alamaty bar ýaly duýuldy. Şol wagt gapdalynda duran Getanyňam dolandyryjynyň otagynyň kiçijik penjiresine gorky bilen seredip duranyna onuň gözi düşdi. Penjiredäki tutynyň aňyrsyndan bir garrynyň eňşäp duran gazaply keşbi görnüp gitdi. «duzaga düşürjek bolýarlar» diýip, pikir öwren Spartak tizlik bilen töweregine garanjaklady. Ol elleri ýalaňaç gylyçly birnäçe deňiz garakçysynyň özüne tarap bukdaklap gelýänini saýgardy. Şol wagtam dolandyryjynyň komandasy boýunça gämi duralgadan saýlanyp ugrady. Kürekçiler uzyn küreklerini aldygyna işledýärdiler. Gytak gyzyl ýelken jygyldap ýokary göterildi. Spartak hasyr-husur Geta ýapyşdy-da, suwa bökdi. Gäminiň üstünden eşidilýän gazaply gykylyklar kenardaky gaýalara düşüp ýaňlanýardy. Ol ýerde giden mähelle üýşüp durdy. – Spartak biz bilen! – diýip, olar gygyryşdylar. – Ol bizi taşlap gitmedi! Ol gämili öz watanyna gitmek isleýär diýip, bize ýalan sözläpdirler!.. – Spartaga ölüm! – diýip, gämidäkileriň sesi gelýärdi. Has beterem ýüzi ýygyrt-ýygyrt semiz adam oda-köze düşýärdi. – Görýäňizmi, gämide Krassyň hazynaçysy bar eken! Ol Spartagy öldürtmek üçin garakçylary satyn alypdyr! Gämiden atylan peýkamlaryň hiç birem olara degmedi. Spartak bilen Geta ýüzüp kenara çykdylar-da, şadyýan gygyryşýan adamlaryň ýanyna galyp ugradylar. Gullaryň serdaryny alyp gitmäge eden synanyşygy şowsuz gutaran, Krassa satylan deňiz garkaçylarynyň gämisiniň ýelkenine ýel düşüp, barha arany açdy. Gladiatorlaryň goşuny deňiz ýakasyndaky ýol bilen ugrady. Dagyň eňňidinde injir, badam hem üzüm agaçlary ösüp oturdy. Ähli ýerde birkemsiz bişen narlar gyzaryp görünýärdi. Göze ilýän ähli zat parahat, bagtly durmuşa çagyrýan-da bolsa, ýadaw urşujylar dynç almak hakda pikirem etmän, gidip barýardylar. Spartak gara atyň üstündedi. Uzyn, arryk filosof Aristomen onuň bilen gapdallaşyp barýardy. – Çaltrak Sisiliýa aşmak gerek – diýip, Aristomen gaty sesine bat berip gürledi. – Rimlileriň gozgalaň turzan gullary öz gazaply penjelerinden jezasyz sypdyrmajagy hak. Krass bizi Sisiliýa geçirmejek bolup, elinden gelenini eder. Gullaryň goşuny dördünji gün diýlende belleşilen ýere – Regiý şäherjigine ýetdi. Ol ýerdäki bogazda goşuna deňiz garakçylarynyň gämileri garaşmalydy. Gök suwly bogazyň o tarapynda Sisiliýanyň kenarlary salgym atyp görünýärdi. Ugurdaş şemal öwüsse ol ýere birnäçe sagatda ýetip boljakdy. Ýöne gämi duralgasy gugaryp ýatyrdy, deňizde-de ýekeje gäminiňem ýelkeni görnenokdy. Mekir gämiçileriň aldanyna şübhelenere ýer galmandy. – Krass deňiz garakçylaryny satyn almak üçin altynyny gysganmadyk bolara çemeli! – diýip, Aristomen seslendi. – Ol talaňçylaryň bu ýere gelmejegi indi belli boldy. – Bize yza dolanyp, gylyç bilen özümize ýol arçamakdan başga çykalga galmady – diýip, gullar göwünlerini bire bagladylar. Ýöne yza ýol ýokdy: Krassyň goşuny adatdan daşary tizlik bilen, ähli güýjüni tijäp, birnäçe günüň dowamynda belent seňňerli çuň garym gazyp, Bruttiý ýarym adasyny o çetinden beýleki çetine çenli tutuşlygyna kesipdi. Içi gülýän Krass bu iş üçin urşujylaryndan sylag-serpaýyny gysganmady. – Indi frakiýaly şir berk haltaň içinde – diýip, Krass göwnühoş seslendi. – Men ony deňiz kenaryna gysdym. Şo ýerde-de ýagty jahan bilen hoşlaşmaga mejbur ederin. Hakykatdanam, gladiatorlaryň azygy gutarmagyň öň ýanyndady. Şoň üçinem, her urşujy adatça berilýän paýyň dörtden biri bilen oňmaly boldy. Göräýmäge, gutulgysyz ölüm edil alkymlap gelen ýalydy. ■ G Y Ş G I J E S I N D E Bruttiý ýarym adasynyň depesinde ýagyş hem gap gatyşykly güýçli şemal köwsar urýardy. Regiý şäherjiginiň hem golaý-goltumdaky obalaryň ähli ilaty öz külbelerine sümlüpdi. Ýöne Spartagyň lagerinde şadyýanlyk höküm sürýärdi, Indi ikinji gije gaýyş çadyrlaryň arasynda aýlanyp ýören Spartak batly sesi bilen urşujylaryň göwnüni göterýärdi: – Iýiň, içiň, şatlanyň! Hiç zat goýmaň! Şöhratly ölümiň öňüsyrasyndaky soňky günlerimizi şady-horramlykda geçireliň. Biz tekepbir rimlileriň eline düşmeris. Erkin adamlar bolup ölmek üçin iň soňky minutda hanjary öz böwrümizden dikeris. Krassyň gullaryň arasynda-da jansyzlary bardy, Olar Krassy Spartagyň lagerindäki geň gürrüňlerden hem baýramçylyklardan habardar etdiler. – Beýle bolsa hasam gowy. Diýmek, ölümlerini boýun alypdyrlar! – diýip, Krass makullady. Belent gallanan alawlaryň daşynda biri-biriniň kemerinden ellerini geçiren frakiýalylar kä saga, kä çepe çaýkanyşyp tans oýnaýardylar. Ululy-kiçili tüýdükleriň endirewük sesleri ýaňlanýardy. Spartak hem goşunyň ähli beýleki serdarlary gadymy däbe eýerip, urşujylar bilen birlikde söweş tansyna goşulyp, köne harby aýdymlara gygyrýardylar. Soňra gladiatorlar ýöriş mahaly düzülen aýdymy ses goşup aýtdylar: Sen-ä agyr «Külüň», men bolsa «Pil» däl, Senem, menem-ikimizem deň adam! Zynjyrlar zyňyldy hem ähli ýollar Öňümizde açyk. Öňe, doganlar! Gör, indi ýyldyzlaň nuram has ýagty, Howa-da, öňküden duýulýar hoştap, Ýel ösýär ejem dek egnimi sypap, Tagamy bir başga ýoldaky çeşmäň, Sen indi azad-a! Ir bilen günüň Çoguna oýanyp şähdaçyk turýaň. Gün nury – gözegçiň zorra sesi däl, Ädikli aýak däl, hütledip urýan. Sen azat ahyryn! Indiden beýläk Sirk arenasynda dökülmez ganyň. Indi saňa gülüp tomaşa etmez, Bir topar garnyny ýag alan zalym. Eger birden ajal howpy abansa, Bilersiň öljegňi azatlyk üçin Aýdym bilen adamlary çagyrys Hem-de ynanarys arzyly ýeňşe! Biz gaty kän! Derýa ýaly akýarys. Goşup akymmyza çeşmeleň baryn. Çaýkanarys düýpsüz umman deý joşup, Gark bolar gulçulyk gomlaň teýinde! Numidiýalylar gylyçlaryny galgadyp, giň-giň böküşip tans edýärdiler. Goşalanyp çykýan grekler gylyçlaryny kelleleriniň töwereginde ýeserlik bilen aýlap, biri-birine çakyşdyryp, aýlanýardylar. Hazlap öwsen şemal ýanyp gutaraňkyrlap alawlaryň uçgunlaryny pytradyp, tüssesini ýer bilen aýlady. Has gürän garyň iri-iri tozgalary gullaryň ala-goh lagerini goýnuna gaplady. Gladiatorlaryň goşunynyň birinji topary rimlileriň gazan garymlarynyň öňden göz astyna alynan ýerine bakan garaňkyny penalap, usulluk bilen süýşüp ugrady. Olaryň birnäçesi pürs göterse, birnäçesiniň goltugy şahalydy ýa-da bolma-sa galkanlaryny dolduryp gum alyp barýardylar. Garymyň sähelçe aralygyny dessine gömüp, arabalar geçer ýaly köpri gurnadylar. Gladiatorlaryň bir böleginiň alawlaryň töwereginde öňküleri ýaly aýdym aýdyşyp, tans edýän, tüýdükleriň çirkin sesi ýaňlanyp, daşyna gaýyş tutulan boş gaplaryň ýel düşüp güňleýän mahaly goşunyň ýarysy eýýäm ganawdan, aňry geçipdi. Frakiýaly atlylar uly ýoluň ýakasyndaky baýyrlaryň üstünde ot ýakyp, ýoldaşlaryna garaňky gijede az aşmaz ýaly ugur görkezýärdiler. Rimlileriň lagerinde ukuda ýatan legionerleri turuzmak üçin çalynýan tüýdükleriň çirkin sesleri ýaňlanyp, ullakan başagaýlyk ýüze çykdy. Urşujylar biri-biri bilen çaknyşyp, gijäniň garaňkysynda hatara düzüldiler. Ujuna letde oralyp otlanan taýaklaryň şemala galgaýan ýalny dumly-duşda göze ilýärdi. Aýry-aýry otrýadlaryň aldym-berdimli çaknyşanlaryna garamazdan rimlilere gladiatorlaryň goşunyny saklamak başartmady. Daňa ýakyn Spartak öz goşuny bilen mazaly arany açyp, Lukan daglarynyň gum-guk jülgelerine ýetdi. ■ B I Z I R I M I Ň Ü S T Ü N E Ä K I T Gladiatorlar daşly dag ýoly bilen uzyn hatar tutup barýardylar. Üstünde pesräk boýly sosna agaçlary ösen gaýalar howalanyp görünýärdi. Geýimleri sal-sal, sakgallary ösen, elleri gylyçly, çiş demirlerdir paltaly urşujylar kynlyk bilen ädim urup barýardylar. Ýaralaryna daňlan hapa sargylaryna siňen ganlar gyzaryp görünýärdi. Nirä barýanlarynam aňşyrman gidip oturyşlaryna sag-aman agşama ýetjeklerine-de ynamlary ýokdy. Olaryň ählisini: «Duşmana boýun egmeli däl!» Diýen pikir birleşdirýärdi. Kämahal kimdir biriniň şadyýan aýdyma gygyrmagy urşujylaryň kaddyny dikläp, ýeňil ädim urmaklaryna, göwün göteriji henek atyşmaklaryna sebäp bolýardy. Töweregi birnäçe atly bilen gurşalan, Spartak gara atyny säpjedip, kä öňdäki aňtawçylaryň arasyna barsa, käte iň yzdaky urşujylaryň deňine ýetip, hoş söz bilen göwünlerini göterýärdi. – Yza galmaň! – diýip, ol urşujylara sargaýardy. – Rimli itler söbügimizi sydyrdyp gelýär. Lukan daglarynda mal bakyp ýören, geýimleri geçi derisinden tikilen çopanlar urşujylary guzy eti, ýabany arylaryň baly hem täzeje peýnir bilen hezzetlediler. Çopanlardan amatly ýollar, dag geçitleri hakda soraşdyran Spartak yzlaryndan galman gelýän rim goşunlaryna al salmak üçin häli-şindi ugruny üýtgedip, öz goşunyny öňe alyp barýardy. Goşunyň esasan gallardan hem germanlardan düzülen bir bölegi dag kölüniň ýanyndaky owadan ýerlere, ýaşyl öleňlere, otlaşyp ýören sygyrdyr goýun sürülerine göwünleri gidensoň, Spartagyň gadagan edendigine garamazdan, dynç almagy makul bildi. Gladiatorlaryň beýleki otrýadlary dag geçitlerinden kynlyk bilen aşyp, öňe gitdiler. Tizden Spartaga Krassyň goşunynyň dynç almaga galan gallaryň üstüne dökülip, ählisini gyrandyklary hakynda habar gowuşdy. Kowgudan sypmak islän Spartak barýan ugruny üýtgedip, günorta ýöneldi. Erjellik bilen galman gelýän Krassyň goşuny iki ganata bölünipdi. Ol şeýdip, ele düşmezek spartakçylary gysaja gysmak isleýärdi. Duşman «ähli zadyny zyňyp, gyssanmaç gaçyp barýar» diýip oýlanar ýaly, Spartak bilgeşlin ýük mallarydyr arabalary ýolda galdyrdy. Haçan-da, gladiatorlar ölüm pellesine ýetendir öýdüp kowup gelýän duşman golaýa gelende, Spartak tizlik bilen yza dönäge-de, duýdansyz ýagdaý-da Krassyň uzyn hatar bolup gelýän ýarpy goşunynyň üstüne çozdy. Bu hüjümden haýýatlary göçüp, basga düşen Rimliler öz ýaralanan baştutanlaryny söweş meýdanyndan zordan alyp çykdylar. Indi öz garşysyna hiç kim çykyp bilmez öýdüp ynanýan gladiatorlar Spartagyň daşyna egrilip, talap etdiler. – Uruşda säwlik goýbermeli däl – diýip, Spartak olary köşeşdirjek boldy. – Ähli zatdan öňürti biz Krass bilen bellisini etmeli. – Biz hiç zatdan gorkamzok! Heý, bizi ýeňip biljek barmy? Ýöne uruşdan halys bez bolduk. Soňky urgymyzy ýigrenji Rimiň depesinden inderägeden, bir ýaňalyk edesimiz gelýär. Ol ýerde dynç alar ýaly kaşaň köşkler kän. Bizi Rimiň üstüne äkit! ■ S O Ň K Y S Ö W E Ş Krassyň bir özüniň Spartagyň goşunyny ýok edip biljegine ynamy gaçan rim şol wagtlar Ispaniýadan gelen Pompeýi oňa ikinji baş komanduýşiý edip belledi. Brundizide bolsa ýakynda Kiçi Aziýada Mitridaty ýeňen Lukull öz goşunlary bilen durdy. Şeýlelikde, Spartak gabawyň içinde galdy. Ahyry gladiatorlaryň goşuny bilen Krassyň legioneriniň iň soňky garpyşyk pursaty geldi. Agşam düşdi. Gladiatorlaryň duran ýerine golaýlan rimliler olaryň gözüniň alnynda ähli harby düzgünleri berjaý edip, lager gurmaga, ganaw gazyp, seňňer dikeltmäge başladylar. Rimlilere gözi düşen spartakçylar bitertip halda ganaw gazýanlaryň üstüne çozdular. Iki tarapyň urşujylarynyň özleriniňkä kömek bermek üçin topulmagy bilen, söweş barha gyzyşdy. «Bu nähili baş-başdaklyk? Hany goşundaky öňki göni hatarlar , tertip-düzgün? » diýip, Spartak ahmyr bilen içini gepletdi. Gullaryň aglaba köpüsiniň özleriniňkä kömek üçin, eňen mahaly baýyrlaryň aňyrsyndan rim legionerleriniň täze otrýadlary göründi. Gizlenip, aýgytly pursada garaşyp duran rimliler ýygjam hatarlaryny bozman, egin-egne berip bitertip söweşýän gladiatorlaryň üstüne ugradylar, Olaryň getiren ballistalaryndan hem katapultalaryndan1 ýagýan daşlardyr ullakan oklar gladiatorlary pürreläp ugrady. Bu ýagdaýa syn edip duran Spartak birden Geta ýüzlendi: – Hany meň atym? Çaltrak alyp gel! Ylgap giden Geta dessine onuň söýgüli gara atyny idip geldi. Golaýda duran gladiatorlar: – Serediň! Spartak bizi taşlap gitmekçi bolýan ýalyla? – diýip, howatyrlandylar. – Ýok, beýdip bilmez! Ol bize hatda iň soňky söweşem bolsa rimliler bilen garpyşmaga söz beripdi. – Dostlar! – diýip, Spartagyň sesi ýaňlandy. – Meniň sizi, heý, aldan wagtym barmy? Üstüňize howp abanan wagty taşlap gidenim ýadyňyza düşýärmi? Men şu günem beren sözümde tapylmakçy. Spartak gara atynyň egrelip duran boýnundan hoşamaýlyk bilen sypalady. Soňam ýaldyrap duran gylyjyny gynyndan sogurdy-da, atyň edil ýüreginden boýyn sokdy. – Edýäniň näme! Nämüçin beýtdiň? – diýip, soňky deminde urnup ýatan owadan ata ýaşly gözlerini dikip duran Geta gygyrdy. – Häzir soňky söweş başlandy – diýip, Spartak jogap berdi. – Duşmanlar meni bu atyň üstünde kän görüpdiler. Meniň ýigrenji Krass bilen duşup, ony öz ellerim bilen öldüresim gelýär. Ol pyýada ýeňilräk düşer. Söweş barha gyzyşdy. Adatdan daşary güýç hem çakganlyk bilen uruşýan Spartak duşman hatarlarynyň arasyndan özüne ýol arçap, Krassy agtarýardy. Rim goşunbaşylarynyň birnäçesini çapyp taşlan Spartagyň özem budundan agyr ýaralandy. Dyzyny ýere urup, tegelek galkanyny depesine tutan Spartak çar tarapdan topulýan legionerlere garşy uzak mahallap, gazaply söweşdi. Gladiatorlaryň gaýduwsyz serdary şu ganly garpyşykda jan berdi. Söweş garaňky düşýänçä dowam etdi. Iki tarapdanam ölen adamlaryň sany ummasyzdy. Diňe daga tarap çekilen gladiatorlaryň birnäçe müňüsi aman galdy. Olar yzlaryna düşen duşman otrýadlaryna el bermän, kän wagtlap ondan-oňa gaçyp gezdiler. Gije ujuna letde oralyp otlanan taňklaryň ýagtysyna Krass söweş meýdanynda peýda boldy. Tüýdükçiler hem eginleri paltaly iki urşujy onuň öňüne düşüp gelýärdi. Onuň töweregi belent mertebeli adamlardyr köp sanly garakçylar bilen gurşalandy. Krass biri-birine degşip ýatan jesetler bilen örtülen düzlükden zordan geçdi. Dumly-duşdan ýaralylaryň hem soňky demini sanap ýatanlaryň naýynjar iňňildileri eşidilýärdi. – Ertir dabaraly jaýlanyşyk geçirip, gurban bolan rimlileriň jesetlerini ýakarys – diýip, Krass seslendi. Ol öz töweregindäki adamlar bilen söweş meýdanyndan ara açansoň, aýyň kümüşsow ýagtysynda gaýanyň aňyrsyndan çykan üç adamyň göwresi salgym atyp göründi. Olar ölen esgerleriň arasy bilen seresaply ýöräp gelişlerine ýatanlaryň ýüzüne seredýärdiler. – Biziň dostlarymyzyň ählisi gurban bolupdyr – diýip, Aristomen, dillendi. – Bu ýatanlar garadan gaýtmaz numidiýalylar, ana, olar edermen grekler, ine bular bolsa gallar hem siriýalylar!.. Rimli garyp daýhanlardyr çopanlaram bularyň arasynda ýatyr... Olar erkinlik ugrunda baş göteren gullara goşulyp batyrlarça jan beripdirler!.. – Baky uka giden dostlarymyzdan biziň görenlerimiziň sanam eýýäm ummadan çykdy – diýip, plaşa çolanan aýal seslendi. – Ýöne Spartak niredekä? Men onuň bedenine hoşboý ysly ýag sepip, algyr göreçlerini elim bilen ýumdurasym gelýär. – Gamlanma, Amika, – diýip, garry oňa ýüzlendi. – Onuň jesedini tapyp bilseg-ä gowy, bolmasa-da» bähbit bolsun. Bu ýagty jahandan rişdesi üzülenleň hemmesi hemmesi dogan. Şoň üçinem hoşboý ysly ýagyňy bulaň ählisiniň üstüne sep. Şeýtseň, bu gahrymanlaryň ählisiniň hatyrasyny hormatladygyň bolar. – Geta! – diýip, Amika ýanynda duran oglanjyga ýüzlendi. – Seň gözüň ýitidir. Bu ýatanlaryň ýüzlerine seredip çyk. Belki Spartagy tapaýmagymyz ahmal. Ýetim galan üç dost gullaryň hem Rim legionerleriniň gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan meýdanynyň içinden haýaljak ädim urup geçdiler. Gozgalaňçylaryň gaýduwsyz urşany bildirip durdy: ölüm ýarasy ählisiniň diňe döşünden düşüpdir. Spartagyň jesedi şol wagtam, soňam tapylmady. Ir bilen söweşde jan beren rimlileriň jesetlerini gabsan alawlaryň ýalny jülgäniň ähli ýerinden çabrap asmana göterildi. Aristomen, Amika hem Geta üçüsi yns-jynssyz dag ýodalaryna düşüp, ol etrapdan arany açdylar. – Furide meniň grek dostlarym bar – diýip, garry filosof söze başlady. – Olar bize, gämili, meniň mähriban watanyma aşmaga kömek ederler. Ýigrenji rimden alysda biz täzeçe ýaşap ugrarys. Kiçijik dostumyz Geta öz mugallymyna mynasyp göreşiji, spartakçy bolup ýetişer. Rimlileriň ummasyz gurban berip gazanan şol ýeňişinden soň aristokratlaryň goşuny gullardan aýylganç ar almaga başlady. Olar göreşiň hem azatlyga ymtylyşyň iň soňky uçgunlaryny belli-külli öçürmegi niýet edýärdiler. Ýöne şondan soňam gozgalaňçylaryň iň soňky otrýadlaryny ýok etmek üçin Rim on ýyl çemesi wagtlap göreşmeli boldy. Spartagyň heläk bolanyndan bir ýyl soň konsul Pompeý Etruriýanyň gullarynyň bäş müň adamdan ybarat otrýady bilen çaknyşdy. Spartakçylar Italiýanyň günortasynda-da saklanyp galypdylar. Furiniň golaýynda ýerleşýän tutuş oblast entek 63-nji ýylda-da olaryň otrýadlarynyň ygtyýaryndady. Mundan başga-da, gozgalaňçylaryň aýry-aýry toparlaryna Sisiliýa ýetmek başartdy. Rimliler ondan-da-mundan turýan gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin kän wagtlaryny sarp etdiler. Ýesir alnan gladiatorlaryň alty müňüsiniň diriligine çüýlenen ullakan haçlary – Krassyň Spartagyň üstünden gazanan ýeňşiniň ganly ýadygärligidi. Ýeňijiler ol haçlary gozgalaňyň başlanan ýeri bolan Kapua şäherinden tä Rime çenli uzalyp gidýän ýoluň bütin aralygynda dikdiler. Paýtagtyň atly hökümdarlary uly şatlyk bilen dabaraly baýramçylyklary geçirmäge, gladiatorlaryň oýunlaryny täzeden guramaga başladylar. Ýöne ezilenleriň hem gullaryň dosty gaýduwsyz Spartak hakyndaky hekaýatlar bütin ile dolup, nesilden-nesle geçdi. Ol hekaýatlar Italiýanyň çäklerinden has alyslara ýaýrap, azatlyk ugrunda göreşe galkan ýoksullar üçin ýol görkezýän çyraga öwrülen erkinlik söýüji frakiýaly gerçegiň adyny biziň günlerimize alyp geldi. Soñy. _____________________________ 1 «Imperator» sözi ol wagtda häzirki döwürdäki «baş komanduýuşiý», «hökümdar», «ýokary serkerde» ýaly manyny aňladypdyr. Krass goşuna prokonsul derejesinde komandirlik edipdir. __________ 1 Gelip çykyşlary boýunça rimli bolmadyk, ýöne çakylyga ýygnanyp, aýratyn goşun bolup birleşen adamlar şeýle atlandyrylypdyr. __________ 1 «Deňiz knýazlary» – deňiz kenaryndaky obalarydyr şäherleri talap, ýesir alan adamlaryny gul edip satýan garakçylar özlerini şeýle atlandyrypdyrlar. Ol döwürde deňiz söwdagärlerem galapyn garakçylyk bilen meşgullanypdyrlar. __________ 1 Ballistalar hem katapultalar – daş zyňýan maşynlar. Terjime eden: Kakabaý GURBANMYRADOW. Elektron görnüşe geçirenler: Erkin ÇARYÝAROW, Nurgylyç NURGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |