09:54 Spartak / taryhy powest | |
SPARTAK
Taryhy proza
Gadymy Rimiň gullarynyň biziň eramyzdan öňki I asyrdaky beýik gozgalaňy. Biziň eramyzdan öňki I asyrda Gadymy Rimde deňsizligiň, kemsitmeleriň hem-de zulumyň garşysyna gullaryň gozgalaňy bolýar. Gullaryň serkerdesi Spartak adalatyň jarçysy hökmünde dilden dile geçip, narisatel obraz bolup halkyň aňynda galýar. W.Ýan «Spartak» powestinde dünýäni sarsdyran şol gozgalaňy ussatlyk bilen beýan edýär. Ýazyjynyň gürrüň beriş stili, sada dili ýaş okyjylar üçin düşnüklidir, bu bolsa eseriň esasy aýratynlygydyr. ▶ BIRINJI BÖLÜM ORTAÝER DEŇZINDE GOPAN GAÝ Däli-porhan bolup möwç uran gaý üç güne çekdi. Deňziň göwsünde çişip, gerişleri ak köpürjikli mawumtyl äpet tolkunlar biri-biriniň yzyndan yňdarylyp gelşine, aýylganç güýç bilen pagşyldap urulýardy. Göwnüňe bolmasa, görülmedik güýç bilen hazlap öwüsýän ýeliň gazabyna hötde gelip biljek hiç hili zat ýok ýaly görünýärdi. Gaýdan öňinçä duralga özüni atyp ýetişen gämiler kenara çekilip, goşa tanap bilen berk baglanypdy. Ýöne gazaply tolkunlaryň bady bu ýerigem gelýäni üçin, syrdam bogaldaklar çaýkanyp, gämileriň aganlary edil pytraýjak ýaly şatyrdaşýardy. Aljyraňňylyga düşen aýallar porta girilýän ýerdäki ýaýbaň meýdançada hem çagylly kenarda ýeliň bady bilen şarpyldap urulýan ýagyşa-da üns bermän, iki-baka alakjaýardylar. Olar gollaryny asmana göterip, eňreşip, balyk tutmaga giden ärleridir kakalarynyň başyna bu betbagtçylygy inderen hudaýlara garryş okaýardylar. Biçäreleriň bihuda nazary garamtyl gomlaryň arasyndan özlerine tanyş ýamaly ýelkenler görnäýer öýdüşip, dumanly alyslyga gönügipdi. Agşama golaý lemmer bulutlary böwsüp çykan gün şöhlesi ýalňyz gyzyl ýelkene düşdi. Kiçeňräk gämi kä tolkunlaryň gerşine çykyp, käte bolsa gaýnap duran,ýaly oýa süssürilýärdi. Biraz salym geçensoň ýene ýokary çykýan ol gämi gytak ýelkenli bogaldagyny gyşardyp öňe omzaýardy. Diwar ýaly bolup sürünýän gerşi ak köpürjik gomlar gämini iki ýana elesledip, aýagyňy ýer tutduranokdy. Munuň ýaly gaýda gämini batyrman ugrukdyrmak diňe edenli, näçe diýseň tejribe toplan deňizçilere başardýardy. Ahyrsoňy gämi porta girilýän ýerdäki belent diwaryň ýanyndan böwür berip, duralga ýetdi. Ýelkenini ýatyryp, on bir jübüt uzyn küreklerini suwa diredi-de, usullyk bilen hatar tutup duran söwda gämileriniň gapdalyndan geçdi, Gäminiň daýaw, eginlek, ezilen sakgaly gapak ýaly döşüne ýelmeşen eýesi yzda abşarylyp durdy. Ol boguk sesine bat berip kä bütin göwrelerini ruldaky kürekleriň üstüne atan iki sany äpet negre, käte bolsa zynjyr bilen oturgyja mäkäm saralan ýigrimi iki kürekçä gygyrýardy. Gämi çakganlyk bilen öwrüm etdi-de, iki bürünç labyryny taşlap, duralganyň ortasynda togtady. Duralgadaky mähelle ol daýaw hojaýynyň kenara çykyp, deňizde nähili gämilere gabat gelenini gürrüň bererine garaşýardy. Sakgallak deňizçi' töweregindäki goh-galmagala pitiwa etmän, ýokary göteren elini aşak goýberdi. Onuň bu hereketi – ähli duşan gämiler suwuň teýine gitdi diýdigi-di. Soň ol gäminiň ýük goýulýan içki jaýyna gitdi. Gäminiň yz tarapyndaky kiçijik penjireden öçügsi yşyk ýylpyldap görünýärdi. Gaý gije-de köşeşmedi. «Bu garaňkyň içinde duralga gämi gelesi ýok-la?» diýip oýlanan portuň garawullaram özlerini ykyşak ýere atdylar. Şeýle-de bolsa, duralganyň ortasynda iki labyr taşlan geň gäminiň ýanyna birnäçe gaýyk ýüzüp bardy. Gäminiň üstüne çykyp gaýmalaşýan kölegeler ol ýerden adamlardyr ýükleri gaýyklara salladylar. Üzlem-saplam buýruklar, gykylyklar, sögünçdir basyk iňňildiler eşidildi. Ertesi jahan ýagtylyberen uçurlarynda gaý bütinleý ýatdy. Tep-tekiz deňizde uşajyk kümüşsow tolkunlar şypyrdaşýardy. Deňziň garamtyl öwüsýän göwsi gazaply söweşde ýadan pälwanyň kükregi ýaly bir galyp, bir peselýärdi. Kenara çaýylýan tolkunlar gämileriň ýaýrap ýatan döwük tagtalaryny, çagşan ýaşikleri, balyk tutulýan torlaryň böleklerini hem mämişi reňkli nar gabyklaryny sypalap, ýene yza serpikýärdi. Gün käte gündogar taýa haýdap barýan gaýyň yzyndan galman alakjaýan lemmer bulutlaryň arasyndan ýeserlik bilen jyklaýardy. Ir bilen Furiý portunyň hojaýyny gümrükhana barlagçylaryny özüne şübheli görnen gäminiň ähli ýerini jikme-jik gözden geçirmäge ýollady. «Gämiň eýesiniň sypaty birhili, garakçy pisint!» diýip, oýlandy-da, ol jaýyň ýasy üçegine çykdy. Ýöne şübhelenýän gämisine onuň gözi düşmedi, Oňa «Gaý perzendi» atlandyrylýan gyzyl ýelkenli gäminiň gijäniň garaňkysynda açyk deňze çykyp, dumana duwlanyp gözden ýitenini habar berdiler. ■ GUL SATYN ALÝANLAR Şol gün tomaşa höwesek adamlaryň giden mähellesi Furiý şäheriniň esasy – giň meýdanyna ýygnandy. Agaç sekileriň üstünde satmaga çykarylan gullaryň uly topary hatar tutup otyrdy. Syrdam, güýçli frakiýalylar, ýüzleriniň reňki öçük, hüwjük saçlary seçelenişip duran siriýalylar, inçe bedenleri bürünç reňkli, göni eginleri dartylyp duran müsürliler hem gaýry näbelli milletlerden bolan gullar hatarlanyşyp, ellerini döşlerine atanaklaýyn tutuşyp durdular. Olar ýalaňaç diýen ýalydy; diňe örülen her dürli güller bilen bezelendi. Uýat ýerlerine gyzyl daňy saralyp, aýaklary bolsa hek çalnyp agardylypdyr. Hersiniň boýnundan asylan tagtajykda atlary hem näçe ýaşyndadygy ýazylypdyr. Furiý şäheriniň söwdagärleri, töwerekden gelen çakyr ýasaýanlar hem bagçylyk bilen meşgullanýanlar gullaryň nyrhyny sorap, nähili hünärleriniň bardygy bilen gyzyklanýardylar. Hemmesiniň islegi tejribeli ussalary satyn almakdy. Ädikçimi, çelek ýasaýanmy, mis ussasymy ýa-da küýzegärmi – iki-üç sany işine ezber, hünärli guly bolan hojaýyn öz bütin maşgalasy bilen bol-elin durmuşda ömür sürüp biljekdi. Şonuň üçinem her gülüň gapyrgalaryny, eginlerini, aýaklaryny mazaly gözden geçirýärdiler. Ellerini epip-ýazmaga mejbur edýärdiler. Gullar göwünleri bir tabynlyk bilen agyzlaryny açyp, teşnelikden ýaňa gus-gury bolan dillerini çykarýardylar. – Ýaramaz gul aldygyň – agsak ýaby alan ýaly bir zat: idili düşewünt görmersiň! – diýip, gürrüň edýän söwdagärleriň aladasy özüne ýetikdi. Şyry çykan bölek boýranyň üstünde oturan üç kişi – bir erkek adam, bir gyz hem oglanjyk beýleki gullardan aýratyn saýlanýardy. Erkek kişi – saçlary ösgün, sakgalynyň, ýarysy agaran grekdi. Ol melewşe reňkli köne plaşyny egnine atypdyr, elinde bosla hat ýazylyp togalanan birnäçe papirus1 bardy. Ol täze hojaýynyň eline geçýäni üçin howsala düşüp, ýitirilen azatlygyň hasratyny çekýän beýleki gullardan tapawutlylykda müzzerilmän göwnübir halda parahat durdy. Gaýta tersine – onuň keşbinde «hiç kime garaşsyz adamyň tekepbirligi hem şadyýanlygyň alamatlary duýulýardy. Soralýan zatlara latyn hem grek dillerinde göwünjeňlik bilen ýylgyryp jogap gaýtarýany üçin, bu adamyň üýtgeşik geplerine haýran galan bilesigeliji mähelläniň uly topary onuň töweregine üýşüpdi. Üç guluň eýesi – görnüşinden çen tutsaň kiçi aziýaly gelmişege çalym-edýän, ýalpyldawuk kepje sakgally, giň gyzyl donunyň etegi alabeder jähekli adam sesine nazym berip gygyrýardy. – Tapylgysyz gullara geliň! Arzan satýan! Amatly pursaty duşdan geçirmäň. Gyrmyzy reňkli plaşa çolaşan garynlak biri gregiň ýanyna baryp, tekepbirlik bilen oňa ýüzlendi: – Näme başarýan zadyň bolsa aýt, eşdeli? – Men daşdan Apollony ýasamagy başarýan! – Onda sen jadygöý bolaýma? Ýa öwünjeň alasamsyksyň? Heý gudraty güýçli hudaýam bir daşdan ýasap bolarmy? – Meni satyn al. Bolýanyny-bolmaýanyny onsoň görersiň. – Sen heýkeltaraşsyň. Mermerden Apollon hudaýyň şeklini ýasaýansyň, şeýlemi? Gül eýesi ara goşulyp, harydyny öwmäge başlady: – Bu satylýan – paýhasly grammatik2, süýji, dilli filosof. Bu özüniň adatdan daşary sungaty çagalaryň aňyna zerur kada-kanunlary hem keramly bilimleri guýmagy başarýan adam. Özem ähli sapaklary ellinleriň3 üýtgeşik dilinde geçýär... Hormatly adamlar, munuň ýaly paýhasly mugallymy elden sypdyrmaň. Howlugyň! Duranlaryň käbiri «paýhasly mugallymdan» nämeden, nähili sapak berjegini sorady. Grek olara sesini ýakymly sogduryp, şahyrlaryň dilinde jogap gaýtardy: – Gulmy ýa-da at-owazaly hökümdarmy – biz hemmämiz ýalaňaç dogulýas. Zerur gymmatlyklary bize baýlygam, gelip çykyşymyzyň derejesem berenok: bedeniňi hem aňyňy ösdürmäge ukypky zat diňe ylymdyr. Onuň, güýji bilen men baryp ýatan tentekdenem Marsa1 kybapdaş gahryman ýetişdirip bilerin. – Sen nähili ylymlary öwredýäň? – diýip, märekeden biri sorady. – Mekdebi men berk hem takyk ylym bolan grammatikadan başlaryn. Şeýle hem gimnastika bilen çaganyň bedenini berkitmäge çalşaryn. Uly ýaşlylara matematikany hem paýhasly filosofiýany öwredýärin. Meniň okuwçylarym «adam» diýen belent ady buýsanç bilen götererler. Duranlar biri-biriniň ýüzüne seredişip, şeýle alym guluň näçä durýanyny soraşdylar. – Iki müň sestersiý2. Pähim-paýhasy Sokrata, bilimliligi Aristotele deň bu filosofy arzanjak satýan... ine, bu frakiýaly deňsiz-taýsyz tansçy gyz Amika3. Munam satyn alyp bilersiňiz. Dürli halklaryň tanslaryny ýerine ýetirýär. Çakganlygy nimfleriň4 dagam çaky däl. Bir wagtyň özünde iki tüýdükde saz çalmagy başarýar. Aýdym aýtmaga-da, çagalara gorkunç ertekiler gürrüň bermäge-de ökde. Bulardan başga-da, mata dokamagam, köýnek tikmegem, gutap bişirnegem onuň elinden gelýär. Bahasam bary-ýogy üç müň sestersiý. Kim satyn alyp, meýdanda märekäň öňünde tans etdirse, bir ýylyň içinde muňa tölän bahasyny on esse edip üzlüşer. Nimflerdenem çakgan diýlip öwgüsi ýetirilen garaýagyz, bedeni güne ýanan, burnundan kümüş halka geçirilen tansçy gyz köne boýranyň üstünde aýaklaryny aşagyna ýygnap oturyşyna hojaýynyna hem töwerekdäki mähellä ýigrenç, gorky bilen nazar salýardy. – Bu frakiýaly oglanjyga-da syn ediň – diýip, hojaýyn sözüni dowam etdi. – Häzire çenli hiç biriňiz munuň ýaly oglany gören dälsiňiz. Güýji hem batyrlygy boýunça bu tizden iň meşhur gladiator5 bilen deňleşer, Gyrmyzy reňkli toga6 çolanan garynlak adamyň oglanjygy has içgin synlasy geldi. Oglanjyk uzyn saçlaryny silkeläp, ýabany haýwanyň çagasy ýaly özüne golaýlaşýan alyjyny ýiti nazary bilen synlaýardy. Haçan-da garynlak adam onuň gulaklaryndan tutup, agzyna seretjek bolanda, oglanjyk bir gapdala towsup düşdi, alyjy bolsa elini silkeläp, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. – Itiň biri! Ýylanyň çagasy! Dişläp, tas barmagymy goparypdy! – Guduz eken-ow bu oglanjyk! – diýşip, olaryň töweregini gallap duran adamlar gülüşdiler. – Munuň ýalyny satyn alyp, kim başyna ýapsyn? – Şunuň ýalyny satyn alýarlar-da – diýip, gul eýesi olara garşy çykdy. – Öýňüzi gorar ýaly gaharjaň güjük çagasyny satyn alaňzokmy eýsem? Dagly sparta taýpasyndan bolan bu frakiýaly oglanjykdan ygtybarly sakçy tapmajagyňyz hak. Höçjet guly ujy üç dilkaw gaýyş gamçynyň ýola getirýänini bilýäňiz-ä. Ulalansoň muny iň çakgan hem edermen gladiator hökmünde sirkde-de görkezip bilersiňiz. – Oglanjygy näçe bahalaýaň? – Getanyň bahasy müň sestersiý. Ýola getir ýaly gamçynam üste berýän. – Ha-ha! – diýip, duranlaryň käbiri gülüşdi. – Onça puly tölemek üçin Krass ýaly depseň deprenmez baý bolmaly! – Krass ýaly? Hormatly Mark Lisiniý Krassyň belent adyny agzan kim? – diýip, inçejik aýal sesli biri jyňňyldady. Hemmeler töweregine ýaltaklady. Ýöne golaý-goltumda aýal maşgala hiç kimiň gözi ilmedi. Şol wagt gullaryň garşysynda bir geň adam peýda boldy. Onuň garry aýalyňka çalymdaş limon ýaly sargylt ýüzi, halparyp duran çekgeleri ýygyrt-ýygyrtdy. Goşarynda lowurdap duran tylla bilezik bardy. Egnindäki geými parslaryň gök hem gyrmyzy güller urlan gyzgylt-sary matasyndan tikilendi. Onuň öňüne düşüp gelýän uzyn boýly urşujy elindäki naýzasy bilen märekäni gödeksi iteläp, ýol arçaýardy, Yzdan gelýän ýarym ýalaňaç negr guluň bir elinde ak ýüň toga, beýlekisinde bolsa daşyna demir halkalar aýlanan agaç guty bardy. – Eýsem, Krassyň adyny agzanyňyz ýok-da onda? – diýip, nätanyş öňki sowalyny gaýtalady. –Elbetde, hökmürowan, baý Krassyň gowy, yhlasly gullar bolsa bahasyna seretmän satyn almak meýli ýok däl. Men bu üç guly satyn alýan. Maňa ýene-de meýdanda işlär ýaly daýawlykda atyň deregini tutjak berk bedenli gullaryň ýüzlerçesi gerek. Ýöne beýle ýokary bahadan däl. Biziň ýeňilmez serkerdelerimiziň uruşdan topar-topar ýesir sürüp getirýän häzirki döwründe bazarda gullaryň nyrhy doňuzdan ýa-da goýundanam arzan boldy. Baý nätanyşyň gaşyna ýüwrüp baran gul eýesi ellerini döşüne gowşuryp, kasam içip, harydynyň bahasyny barha kemeldip, söwdalaşmaga durdy. Uzak mahal çekeleşip, ahyry ylalaşyga geldiler. Negr gutudan sanap alan iki gysym altyn hem kümüş pullaryny boýranyň ýanynda ýazylgy duran plaşyň üstüne dökdi. Söwdagär gamyşdan edilen ýüpüň bir ujuny eline aldy. Beýleki gullar bilen birlikde grek filosofam, tansçy gyzam, dişlek oglanjygam şol ýüpe daňylandy. Soň olaryň ählisini şäheriň daşyndaky, iki gyrasyndan hem garalyp duran ussahanalar uzalyp gidýän ýola tarap alyp gitdiler. Bu ýerde gullary birnäçe adamdan toparlara bölüp, aýaklaryny zynjyr bilen baglaýardylar. Saklaw hem özlerini sürüp äkitmeli adamlar bilen daşlary gurşalan gullar zaryn aýdyma hiňlenip, demirgazyk taýa ýöneldiler, Olaryň öňünde Italiýanyň paýtagty Rime çenli bolan agyr ýol uzalyp ýatyrdy. Gullaryň dördüsi kejebe ýaly tagtanyň üstünde inçejik aýal sesli adamy eginlerine göterip barýardy. Ol adam Rimiň iň uly baýy, patrisisi1 hem ýer eýesi Krassyň ynanylan hazynaçysydy. Ýol tizden daglara siňdi. Gämi kürekçileri bolan gullaryň gadymy aýdymy gaýalara düşüp güňleç ýaňlanyp ugrady: Mährem enem-atam, aramyz yrak, Size ogul didaryny görme ýok. Batly ur küregi, batly ur ýene, Güýç düşsün goşara, güýç düşsün egne! Gomlar tirkeş gurap gidýär kenara, Dogduk ilden barha açylýar ara... Batly ur küregi, batly ur ýene. Güýç düşsün goşara, güýç düşsün egne!... ■ U L Y Ý O L D A Sürüp barýanlaryň howlukdyrmagyna garamazdan, kerwen haýallyk bilen hereket edýärdi. Keselli ýa-da entek ýaralary oňly bitmedik gullar töwerekdäkileriň aýaklaryna eýermän, beýlekilerem saklaýardylar. Olar häzir bazarda satylan günlerindäki ýaly ýalaňaç däldiler: Köpüsi ýesir düşen mahallaryndaky bezemen geýimlerini geýipdi, başga birnäçeleri bolsa tapan-tupan letdelerini egnine atany üçin, mähelläniň görnüşi diýseň alabederdi. Gelip çykyşlary boýunça dürli taýpalardan bolan bu adamlaryň ählisine mahsus bir alamat bardy: olam – bularyň barynyň guldugyna kepil geçýän zynjyrlary hem saçynyň ýarysy syrylan kelleleridi. Has beterem duş gelýän adamlaryň ünsüni geň lybasly gullaryň uly topary özüne çekýärdi: olaryň aýagynda ýabynyň hamyndan edilen, topuklaryny ýapyp duran uzyn balaklary, eginlerinde gödeksi zygyr matasyndan tikilen kelte köýnekleri, başlarynda-da tilki derisinden telpekleri bardy. Tilkiniň gaba guýrugy bolsa ýeňselerinde saklanyp durdy. – Serediň, ana, hol barýanlar – frakiýalylar! – diýşip, ýolda duşýan obalaryň ilaty ol gullary görkezip gygyryşýardylar. – Indi birnäçe ýyl bäri biziň goşunymyz şolar bilen urşup ýör! Frakiýalylar dagda ýaşap, hiç kime boýun egesleri gelenok. Olaryň dünýäde iň söýýän zatlary erkinlik. Özlerem söweşde hiç wagt yza çekilmeýämişler... Hemmeler aýaklaryndaky zynjyrlaryny şykyrdadyp, gamgyn aýdym aýdyşyp barýan eginlek frakiýalylara gorky hem bilesigelijilik bilen syn etdiler. Geta uzak gün ýol ýöränleri sebäpli çaň-tozanyň derdinden ählisi birmeňzeş çalaran gullaryň mähellesiniň arasynda ýitip gitdi. Ol frakiýaly gyz Amikanyň köýnegine ýapyşyp ýöräp barýardy. Tansçy gyz çetine degiberseler tiz gahary gelýän oglanjygy beýlekileriň teýeneli dilinden goraglap saklaýardy. Kerwen agşamlaryna duş gelen şäheriň meýdanynda ýa-da obanyň bir çetinde düşleýärdi. Mümkin bolşuna görä, ähli gullary bir üýşmege toplap, töwereklerinde ot ýakýardylar: sakçylar gullaryň hiç biri gaçmasyn üçin uzyn gije garawullaýardylar. Ýoluň ýarpysy kerwen gaty kän gülüň eýesi baý Krassa degişli mülkleriň birinde düşledi. Ol ýerde baýryň üstünde mermerden salnyp, owadan heýkeller bilen bezelen, daşyny seýrek duşýan miweli baglar gurşan zynatly willa1 bardy. Gözegçiler gullaryň uly torparyny böleklere böldüler-de, hersine aýratynlykda düşündirdiler: – Siz – Pil, siz – Kätmen, sen – Azal, sen – guýunyň Çarhy, sen – Mala, sen bolsa – Galtak... Iň güýçli bolanlary üçin frakiýalylary Degirmen daşy hem Külüň diýip atlandyrdylar2. Olar dürli işleri ýerine ýetirmelidi: birnäçesi harazda degirmen daşyny aýlamalydy, bir topary bolsa daş goparylýan ýerde ullakan mermer böleklerini çapmalydy. Soňra ol mermerlerden baýlar mülklerinde ajaýyp jaýlar gurup, gözel heýkeller ýasadýardylar. Frakiýalylar biri-biri bilen hoşlaşyk alamaty hökmünde aýalaryny ýokary göterip, gussaly aýrylyşdylar. Tizden ýene-de duşuşmaly boljaklaryndan olaryň hiç biriniň habary ýokdy. ■ Ö L Ü M E B U Ý R U L A N L A R Gullaryň beýleki topary demirgazyk taýa ýollaryny dowam etdirip, birnäçe günläp ýöränlerinden soň, ir bilen uly hem baý Kapua şäheriniň derwezesine ýetdiler. Geta, Amika, grek filosofy üçüsi hem şol topardady. Uzak gije dynç berilmän, aç-suwsuz kowalanan adamlar ysgyn-mydarlary bolmansoň şäher diwaryna ýeten batlarynaözlerini ýere goýberdiler. Derweze entek ýapyk bolany üçin eşekdir öküzlere ýükläp gök önümler, towuk, goýun peýniri hem beýleki dürli-dümen iýmitleri satmaga getiren adamlaram uly topar bolup üýşüşip durdular. – Derweze haçan açylýar? Garawul entegem köp ýatjakmyka? – diýip, olar hasalaryny demir halkalar bilen mäkäm berkidilen agyr derwezä gütledip urýardylar. – Derwezäni kakýan kim? – diýip, garawul gygyrdy, – Bürünç galkanlar günüň doganyny ile jar edip zarňyldaýança hudaý Apollonyň žreslerem3 sabyr edip garaşýarlar. Tarkyldyňyzy bes ediň, ukyma päsgel bermäň! Meniň dünýäde ýeke-täk şatlygym –düýşüm. Onam ine-gana görmäge goýanoklar. Diňe düýşümde alysda galan watanyma gitmäge erkim ýetýär... Derwezäniň, tarkyldysy galmansoň, içerden çykýan hüňürdi hasam gatalyp, deşikden iki eliniň hem iki dyzynyň üstünde towsaklaýan geň jandar çykdy. Ol sakçydy. Bulaşyk uzyn saçlary ýüzüni ýapyp, ýere degip durdy, Endamynda geýim deregine haýwanyň bölek-büçek derileri sallanyşyp görünýärdi. Bilindäki demir halka uzyn zynjyr bilen diwara berkidilipdir. Ol towsaklap, diwar, tarkyldadýan adama topuldy. Ol gaçansoň, sakçy düşnüksiz dilde sögünmäge başlady. Beýleki duranlar gülşüp ony gižželediler: – Ýet oň, yzyndan, Serber1! Tutup, eýini ýetirsene! – Bolanok-da. Zynjyr goýberenok – diýip, sakçy öňki bolşundan üýtgemän, jogap gaýtardy. – Ýogsam dagy aýaklarymyň döwükdigine garamazdan o bihepbäni tutardym-la. – Aýaklaryňy näme üçin döwdüler? – Watanyma gaçjak, boldum. Üçini şol. – Köpden bäri sakçy bolup işleýäňmi? – Otuz ýyl-a bar, belki, köpräkdirem. Ýesir düşemde ýaş ýigitdim. Ýaňy murtum tabapdy. Indi bolsa saç-sakgalym agardy. Ýöne barybir öz dogduk obama gaçaryn. Ellerim bilen süýşerin welin, bu zalymlardan syparyn! Ol süňkleri somalyşyp duran ýumrugyny şäher tarapa uzadyp haýbat atdy. Birden duran adamlar gozgalaň tapdy. Eşekler ürküp, towuklar wagkyldaşyp, bir gyra çekildiler. – Ölüme buýrulanlar! Şolar gelýä! Häzir boluň! Bir topar adam ýoly ala tozan edip gelýärdi. Ýaraglar şakyrdaşyp, ýaňy ýaňy dogup gelýän günüň şöhleleri, naýzalaryň ýiteldilen uçlaryna hem geýimleriň balygyň teňňeleri ýaly arassalanan demirlerine düşüp ýaldyraýardy. Töweregi esgerler bilen gurşalan syrdam boýly, güýçli adamlar dört-dörtden hatar tutup gelýärdi. Olaryň egninde dürli reňkli kelte geýimleri bardy. Aýaklary zynjyrlam bolsalar, olaryň ädim uruşlary şadyýandy. Ýiti, batyrgaý nazarlaryna gözi düşen adamlar olar golaýlaryna gelenden, bir gyra çekilýärdiler. – Bular kim bolmaly? – Ölüme buýrulan gladiatorlar. Sirkde adamlar bularyň ýolbars, aýy hem gazaply öküz bilen ýekme-ýek söweşişlerine tomaşa edýärler. Ýa-da bolmasa elleri ýiti gylyçly biri-biri bilen söweşýärler. Ol söweşde haýsy ýeňilse, beýleki ony hökman öldürlemi. Gladiatorlara gözi düşen Amika syçrap ýerinden turdy-da, içgin synlap durşuna ýanyndaky oglanjyga ýüzlendi: – Seret, Geta, olaryň arasynda biziň frakiýalylarymyzam bar! Hol öňden barýan uzyn boýly ýaş ýigidi görýäňmi? Onuň döşünde atyň arkasyna hopba bolan barsyň, suraty çekilipdir. Beýle belgi biziň dagly taýpamyzyň ýigitlerinde bolýar. Onuň güne ýanan ýüzüne üns ber! Ana, ol basym öljeginden bihabar ýaly, gülüp barýar... Belki, ol bularyň içinde iň batyrydyr! Üç ýyl mundan ozal rimli itler biziň ýigitlerimiziň köpüsini ýesir alypdylar. Amikanyň görkezen gladiatory barýan hataryndan çykdy-da, ürken kürräniň gulagyndan ýapyşdy, Malynyň yzyndan kowalap barýan garry daýhan: – Baş üstüne, göwnüň halan zadyny al-da iýiber! – diýip, merhemet etdi. – Belki, basym ömür tanapyň üzüler? Armanyň galmasyn! Gladiator sebetden iki sany alma bilen bir döwüm nan aldy. Soňam zynjyryny şakyrdadyp, mylaýym ýylgyrdy-da, garrynyň egnine kakyp: – Haýsymyzyň, uzak ýaşajagymyzyň bellisi ýok – diýdi. Derweze entek ýapyk bolany üçin gladiatorlar aýak çekip, ýoluň gyrasynda dynç almaga oturdylar. Amika frakiýaly gladiatoryň ýanyna barjak bolup ugranda gullaryň gözegçisi onuň çigininden gödeklik bilen penjeledi-de, bir gapdala südürläp, yzyndanam gamçysyny aýlady. Öz dostunyň urlanyna gözi düşen Geta böküp turdy-da, pişik ýaly çalasynlyk bilen gözegçiniň ýagyrnysyna hopba bolup, boýnundan agyz saldy. – Ol möjek çagasyna garaň! – diýip, töwerekdäkiler gygyryşdylar. – Sölütäň ony aýyrmaga hem ýetenok. Bolsa-da, ýeser oglanjyk eken! Frakiýaly gladiator bu tutluşygy gördi. Gözegçi oglanjygy zordan ýere taşlap, bogup öldürmäge synanyşýardy. Ol haýal etmän sakçylary iteleşdirip, gözegçiniň ýanyna bardy-da, onuň guşagyna gysdyrylgy gylyjy sogrup aldy. Töwerekde duranlar jyn dagan ýaly boldy. Ölümini boýnuna alan gözegçi bolsa elini ýüzüne tutup ýere ýazyldy. Frakiýaly boglup ysgyny alnan oglanjygy ýerden göterdi-de, Amika ýüzlendi: – Yzymdan galma! Görýän welin, senem biziň taýpamyzdan ýaly. – Reňki agaran, ýöne buýsançly, garpyşmaga taýyn halda ol öz ýoldaşlaryna tarap ýöneldi. Garaşylmadyk bir zat bolar öýdüp bütin töwerek dymdy. Esgerler naýzalaryny taýyn tutup, oňa golaýlaşdylar. Frakiýaly elindäki gylyjy entegem tükge düşüp ýatan gözegçä tarap zyňyp goýberdi. Howada ýaldyran gylyjyň ujy baryp onuň edil kellesiniň sähelçe beýle ýanyna sanjyldy. Gladiatorlaryň eýesi çaknyşyk bolan ýere ylgady. Krassyň ýüzi ýygyrt-ýygyrt hazynaçysam oturan kejebesinden böküp turdy-da, gorkusyna gözegçileri penalap, Gladiatorlaryň ýanyna geldi. – Şöhratly Mark Lisiniý Krassyň gullaryna el götermäge het eden kim? Bu işe ähliňiz jogap okamaly bolarsyňyz! – Jyňňyldaman dur, gojajyk! – diýip, Gladiatorlar gygyryşdylar. – Öz işiňden başga zada burnuňy sokma. Ýogsam Gladiatorlaryň oýnuny şu ýerde – siziň başyňyzda turzup, senem, ýigrenji kömekçileriňem dünýä inmedik ýaly ederis! Olar öňe okdurylyp gyssanyp, özüni ýitiren hazynaçyny tutdular-da, süýräp öz hatarlaryna goşdular. – Şundan şeýläk bu-ýa meniň uýam, bu-da doganym! – diýip, frakiýaly gladiator Amika bilen Getany görkezip, hazynaça düşündirdi – Olary menden aýra salmak islän ýeriňde, özüňi edil kädi ýaly iki çapyp taşlaryn. Yhlasly baş egip, gorkusyndan titräp duran Krassyň, hazynaçysynyň ýanyna gelen lanista1 howlukmaçlyk bilen oňa düşündirmäge başlady: Bu biziň iň gowy gladiatorymyz: henize çenli arenada ony ýeňip bilen ýok. Şol gatnaşjak diýip yglan edilse, sirk mydama adamdan hyryn-dykyn dolýar. Bu gyz bilen oglanjyk seň nämäňe derkar? Olary maňa satyp goýber. Men bahasyndan gaçjak adam däl. Ölüme buýrulanlar özüni düýt-müýt eder öýdüp gara jany galmadyk hazynaçy sakawlap, dessine guly satmaga razylaşdy. Lanista içi pully haltajygy onuň eline tutdurdy. – Ýarysy biziňki! – diýşip, ölüme buýrulanlar gygyryşdylar. Hazynaçy saňňyldaýan elleri bilen haltajykdaky puluň ýarysyny gladiatorlara böldi-de, uzyn geýminiň synyny gysymlap, kejebesine bakan ýumlukdy. – Meniň adym Spartak! – diýip, frakiýaly gladiator Amika gygyrdy. Belent diwaryň ýokarsynda Apollon hudaýyň žresleriniň bürünç galkanlara batly urgulary ýaňlanan badyna agsak sakçy derwezä tarap ýöneldi. Ol bilinde sallanyp duran ullakan posly açar bilen derwezäni açansoň, bütin mähelle gyslyşyp şähere girdi. ■ G L A D I A T O R L A R Y Ň M E K D E B I N D E Ýaz çykdy. Ak gülli akasiýalar göýä gar bürenip oturan ýaly görünýärdi. Güýçli ýagyş ähli ýollary şalpy-şaraň etdi. Gladiatorlaryň Kapuadaky mekdebiniň derweze sakçysy saralyp giden ýama-ýama plaşyna galanyň diwaryň ykyşak ýerinde gizlendi. Onuň diňe reňki solan üç sany gyzyl ýelekli ýemşik bürünç tuwulgasy hem düwün-düwün barmaklaryna berk gysan naýzasy görünýärdi. Bir garaýagyz ýaş aýal ýüzünde akasiýanyň ak gülleri gaýyşyp ýören kölçeleriň töwereginden köw urup geçdi-de, derwezä golaýlaşdy. Egnindäki,gyzyl reňkli geými hem burnuna ildirilen kümüş halka gündogaryň «wagşy» taýpasyndan bolan gyrnakdygyny äşgär edýärdi. Ol eýýäm ukuda ýatan sakçynyň horruldysyna biraz diňşirgenip durdy-da, çekinjeňlik bilen diwara ýaplandy. Tizden derwezäniň aňyrsyndan gara gözli oglanjygyň buýra saçly kellesi göründi. Oglanjyk töweregine ýaltaklap, birden aýala gözi düşensoň, oňa tarap süýşüp gaýtdy. – Amika, men birnäçe ýola bu ýere çykyp seretdim. Ahyram munuň ýaly ýagyşda gelmersiň öýtdüm. – Sag bol, ezizim Geta. Yhlasyň üçin bir gysym hoz berýän. Şu nany Spartaga ber. Bilip goý, başga hiç kime däl-de, diňe öz eline gowşurgyn! Şuň içinde sogan bilen gaýnadylan goýun kellesem bardyr. Oňa «Sirkdäki tomaşa ýene sekiz günden bolýar. Şoň üçinem, gaty gyssansyn» diýen habarymy ýetir. Eýýäm ýeňilmezek frakiýaly gladiator Spartak ýeňilmezek gall gladiatory Kriks bilen bilen söweşýär diýip bütin şähere jar edildi. – Aýdanlaryň baryny oňa ýetirin, Amika. – Her gezek sirkde söweş bolanda ony ýene diri görermikäm diýip gara janym galanok. Eşidýärmiň: nany onuň hut öz eline bergin. Güýçli gök gümmürdisine ukudan oýanan sakçy gyşaran tuwulgasyny düzedip, Amika tiňkesini Dikdi. – Sen bu ýere ýene geldiňmi? – diýip, ol boguk sesi bilen gygyrdy. – Indi olar bilen duşuşyk gadagan edildi. Hany, ugra! Göresiň gelse, sirkiň arenasynda synlaý. Geta getirilen iýmitleri plaşynyň aşagynda gizläp, yzyna – derwezä dyrmaşdy. Ol giň, dörtgyraň howlynyň ortasyndan ylgap gitdi. Iki gapdaldaky hapa kazarmalaryň açyk gapylarynyň öňünde dürli taýpalardan bolan gladiatorlar gyslyşyp durdylar: olaryň arasynda geýimleri endamyna syrlaşyp duran gallar-da, alabeder eşikli, sakgallak skifler-de, endamlary şar-gara, boýunlaryndan maýdajyk ak balykgulaklary monjuk ýaly edip dakynan nubiýalylar-da, ýüzleriniň reňki öçük, zolak-zolak plaşly siriýalylar-da bardy. Bularyň bary harby ýesirlerdi. Ählisiniň günäsi meňzeşdi: bular öz watanlaryny rim goşunlaryndan gorap, ýesir alynypdylar. Geta frakiýalylaryň bolýan kazarmasyna tarap ugrady. Süňkbaşy iri, garaýagyz, seçelenip duran saçlary iki örüm edilip goýberilen frakiýalylar ýerde ýyrtyk boýranyň üstünde otyrdylar. Olaryň biri mis iňňe bilen geýmini çatýardy, beýleki käbirleri süňk oýnaýardy, birnäçeleri bolsa dyzlaryny gujaklap, yranyşyp, ses goşup gussaly aýdyma gygyrýardylar. Frakiýalylaryň ählisiniň endamynda ýyldyzlaryň, bürgüdiň ýa-da wagşy haýwanlaryň iňňe bilen dürtülip çekilen şekilleri bardy. Bu şekiller olary beýleki taýpalardan bolan gladiatorlardan saýlaýardy. Olaryň arasynda Spartaga gözi düşmedik oglanjyk başga tarapa ýöneldi. Birden barýarka tanyş at gulagyna degdi-de, biygtyýar aýak çekdi. Geta gladiatorlaryň köpüsiniň diline düşünýärdi. Hojaýyny ony çakgan gladiator edip ýetişdirmegi ýüregine düweni üçin, oglanjyk indi iki ýyl bäri şu mekdepde ýaşaýardy. Ol gallaryň, numidiýalylaryň1 hatda şar-gara nubiýalylaryň dilinem az-owlak bilýärdi. – Spartagy öldürmek gerek! – diýip, gallaryň toparynda gürrüň edýärdiler. – Ol ählimizden güýçli hem çakgan. Biz oň bilen söweşip bilmeris. Ony garawullamaly-da, amatyna garap, üstüne çozagadan, syrtmak bilen bogup öldürmeli. – O diýeniňi şu gün ederis... Bu gürrüňlerden gorkan Geta eşiden zatlaryny Spartaga ýetirmek üçin ylgap gitdi. Oglanjyk ony diýseň gowy görýärdi. Spartagam onuň bilen nanyny, soganyny, üzümini paýlaşýardy, hiç kime göwnüne degdirenokdy. Spartak ençeme ýola oglanjygyň döşündäki çapyp barýan atyň şekilini görkezip, şeýle diýipdi: «Bu biziň atymyz. Sen bolsa oglanjyk, edermen getleriň taýpasyndansyň. Biziň ganymyz birdir». Spartagy hiç ýerden tapmadyk Geta daşky diwara çykdy. Birden onuň gözi dostuna düşdi. Spartak bir daşyň üstünde ýagşa-da üns bermän oturdy. Ol alysdaky daglaryň entegem gara basyrylgy diş-diş gerişlerine seredip oturyşyna, öz ýanyndan nämedir bir zatlar hümürdeýärdi. – Spartak, aýňal! Spartak! – diýip, oglanjyk onuň egninden silkeläp pyşyrdady. Oňa tarap öwrülen Spartagyň ýüzünden ýagyş damjalary syrygýardy. – Bu ýerde ýeke özüň oturma. Öz frakiýalylarymyzyň arasyna bar! – diýip, Geta tekrarlady. – Hany, beýläk – hol alyslyga seret, oglanjyk! – diýip, Spartak onuň sözlerine pitiwa etmän seslendi. – Men çagalykdan bäri ana, şolar ýaly belent gaýalarda aýlanmagy halaýan. Ol ýerlerde diňe ýeňil dag geçileridir kuwwatly aýylar duşýar. Ine, häzirem oturan diwarymdan mawy alyslyklary synlaýan. Olar meni bu kapasany terk edip, dag şemalynyň öwüsýän ýerine hem uçutlaryň ýokarsyndaky buz ýataklarynyň ýanyna çagyrýar. Biçäre ýetim, sen daş ýerzeminlerde ösüp-ulalýanyň üçin, azatlygyň nähili zatdygyny bileňokda. – Spartak, seň üstüňe howp abanýar!.. – Geta şeýle diýdi-de, gallardan eşiden gürrüňleriniň ählisini oňa aýtdy. Aýdylanlary üns berip diňlän Spartagyň gyşlary gerildi. Ol ýumrugyny düwüp, syçrap ýerinden turdy, – Akmaklar! Köralakalar! Käşgä, meniň ölümim olary sirkde peýmanasy dolmakdan halas edýän bolsa?! – Ol plaşynyň etegi bilen ýüzüni süpürdi-de, güýçli goluny Getanyň egnine goýdy. – Zyýany ýok! Nähili bolsa, olar bilen dil birikdirjek bolup synanyşaýyn. Näme saňňyldaýaň? Amikanyň gelenini-gelmänini görmediňmi? – Wiý, men ony gördüm. Şu zatlaram saňa iberdi. Spartak ýaglygy çözdi-de, şatlyk bilen gataňsy arpa nanyna elini ýetirdi. Goýunyň kellesini bolsa oglanjyga uzatdy: – Bu saňa. Grek mugallymym bir gezek maňa: «Gadymky gahrymanlar, güýçli bolup ýetişerleri ýaly, öz çagalaryny kiçijikliginden goýnuň beýnisi bilen bakypdyrlar» diýipdi. Şu kelläni iý. Belki, senem gahryman bolarsyň. – Ana, olar gelýär! – diýip, oglanjyk howsalaly seslendi. Gallar diwaryň üsti bilen hatar tutup gelýärdi. Eginlek, edil deňiz leňňejiniňki ýaly berk ýapyşýan penjeleri güýçli, uzyn boýly ýaş gall Kriks iň öňdedi. Spartak diwara ýaplandy-da, sygyrdy. Diwar insizdi. Bir adam gelýän bolsa, ikinjä ýer ýokdy. Aşakda – diwaryň düýbünde gallaryň uly topary üýşüp durdy. Olar ellerindäki daşlaryny mazamlap, haýbatly gygyryşdylar: – Kriks, ony biziň ýanymyza okla! – Ugur haýyr bol-a? – diýip, Spartak ýaňsyly ýylgyryp gygyrdy. – Näme niýet bilen gelýäniňden habarym bar, Ilki maňa gulak as, Kriks: biziň ählimiziň kysmatymyz meňzeş. Hemmämiziň ömür tanapymyzyň üzülmeli ýeri – sirkiň arenasy. – Ur ony – diýip, aşakdan biri gygyrdy, – Ol gep bilen seň başyňy aýlajak bolýar. – Kriks aýak çek! – Spartak yza çekildi-de, nany iki döwüp, içindäki hanjary aldy. Soň ol bir elinde hanjary tutup durşuna beýleki eli bilen nany uzatdy. – Gowusy, dostluk alamaty hökmünde şu nany bölüşeli. Kriks, sen batyr hem güýçli adam. Gel, gowusy, öz gollarymyz bilen zyndanyň derwezesini döwüp, hol gök daglara gaçmak hakynda ähtnama baglaşaly. Ol ýerde gaty kän erkin gaçgaklar bar. Sirkde öz dostlarymyzyň ganyna galandan erkinlige çykyp, azatlyk ugrundaky göreşde jan berenimiz müň paý gowy. Sirkiň arenasynda ýaralanan ýoldaşlaryňyz çägäň üstüne ýykylanda, Olaryň bedeninden akýan gana syn edip gördüňizmi? Gören bolsaňyz – gyzyldyr. Hemmämiziňkem gyzyl. Rimliler bilgeşlin bir halky başga halkyň üstüne küşgürýär: Frakiýalylary gallara, siriýalylary samnitlere garşy öjükdirýär. Olar biz biri-birimiz bilen has gazaply urşarymyz ýaly, özleri üçin bolsa gyzykly tomaşa bolar ýaly şeýdýärler. Bizden gorkýandyklary üçin olar biziň garadan gaýtmaz batyrlarymyzdan dynmak isleýärler. Eger-de biz birleşäýsek, onda hatda kuwwatly Rimi hem gorkusyndan titremäge mejbur edip bileris: Biz Italiýanyň ähli gullaryny göreşe galkyndyrarys. Gaçalyň bu ýerden! Gallar onuň sözlerini üns berip diňleýärdiler. Käbiriniň elindäki daş ýere gaçdy. – Ýaragy nireden tapjak? – diýen ynamsyz sesler eşidildi. – Ýarag taparys! – diýip, Kriks gygyrdy. – Sen hak aýdýaň, Spartak. Seniň garşymyza däl-de, biz bilendigiňe men örän şat. Saňa ömürlik elimi berýän. Dostlugyň nyşany hökmünde nanyň ýarysyny alýan hem-de mundan beýläk hasratam, şatlygam seň bilen bölüşmäge taýýar. Kim biz bilen azatlyk ugrundaky söweşe gitjek? Gaçmaga taýynlyk göreliň! – Hüşgärligi elden bermäň. Diliňize berk boluň! – diýip, Spartak olara sargady. – Gaçmaga synanyşan gula nähili jezanyň garaşýanyny unutmaň. ■ B A T Y R G A Ý G A Ç Y Ş Şol gije esasan gallardan hem frakiýalylardan bolan iki ýüz çemesi gladiator beýlekiler ukuda ýatyrkalar ses-sedasyz ördüler-de, derwezä tarap ýöneldiler. Olaryň az sanlysynda ýönekeý pyçaklar hem aşhanadan ogurlanan demir syhlar bardy. Galanlary daşyna gön dartylan agaç gylyçlar hem tygy agaçdan edilen naýzalar bilen ýaraglanandy. Ol agaç ýaraglar mekdepde her hili maşklary öwretmek üçin ulanylýardy. Olara tarap eýýäm kimdir biri tarapyndan duýdurylan garawullar hem bir elleri ýanýan letdeli, beýlekisi ýalaňaç gylyçly rim legionerleri1 eňişip gelýärdiler. – Topalaňçylar, yza dolanyň! – diýip, mekdebiň hojaýyny gygyrdy. – Ýenjiň olary! Rim urşujylary ýaragsyz gladiatorlaryň üstüne, topuldular. – Yza dönäýmäň! Azatlyga tarap öňe! – diýip, Spartak bilen Kriksiň sesi ýaňlandy. Olar ýetip gelen ýoldaşlarynyň kömegi bilen agyr derwezäni açdylar. Diňe ýetmiş adama bu tutluşykdan aman sypyp, meýdana gaçyp çykmak başartdy. Galanlarynyň birnäçesi öldürildi, beýlekileri bolsa garaňky zyndanlara taşlandy. Indi edermen gaçgaklary saklap biljek güýç ýokdy. Olar erjellik bilen jeňňelleriň hem meýdanlaryň içinden günorta dumanda çala salgym atyp görünýän daglara tarap barýardylar. Daňdanlar olara ýarag ýükli arabalar gabat geldi. Uly şatlyk bilen ýüke çozan gladiatorlar söweşde derde ýaraýjak ýaraglaryň ählisini aldylar. – Bizem sizden galjak däl! – diýşip, ýük alyp barýan gullaram olara goşuldy. Arabalardan aýrylan atlardyr gatyrlara agyr ýaralylary mündirip, otrýad howlukmaçlyk bilen günorta ugrady. Olar uly ýollara golaýlaşman, gatnalmaýan gumak ýodalara düşüp, öňe hereket etdiler. Agşama golaý bir ýerde düşlemek gerek boldy. Näçe diýseň ýadan gladiatorlar aýak üstünde zordan durdular. Spartak bir çetde baýryň üstünde zordan mermerden salnan kaşaň jaýa tarap elini uzatdy. Jaý hem töwerekdäki tutuş mülk tomusy şu ýerde geçirýän bir atly baýyňkydy. Jaý zeýtun hem serwi agaçlarynyň gür tokaýlygy bilen gurşalandy. Baýryň eteginde gaty kän gul zynjyrlaryny şakyrdadyp, üzüm agaçlarynyň düýbüni agdarýardy. – Biz gijämizi şu mülkde geçirmelidiris – diýip, Spartak seslendi. Soňam işleşip ýören gullara tarap elini uzadyp: – Olar bolsa ertiriň özünde biziň hatarymyza goşularlar – diýdi. Gladiatorlar baýra çykyp, töwereklerine garawul goýdular. Ýerzeminleri dörünip, oda tutulyp bişirilen, kakadylan butlary, tegelek peýnirleri hem köne çakyrlardan doly küýzeleri tapdylar. Şol gün agşam gaçgaklar üç ýolbaşçyny saýladylar: olar – frakiýaly Spartak, gall Kriks hem Enomaý üçüsidi. Otrýadyň esasy baştutany edilip Spartak saýlandy. Gijeki howsala ähli kişini örüzdi. Mülke bir nätanyş geldi. Garawullar uzak ýol söküp, diýseň ýadan atyň jylawundan ýapyşdylar. Atyň üstünde bir ýaş aýal bilen oglanjyk otyrdy. – Bizem sizlik! – diýip, oglanjyk gygyrdy. – Spartak nirede? – Amika! Geta nädip tapaýdyňyz? – diýip, garawullar begençli seslendiler. – Siz söweşip durkaňyz men ýüp bilen diwardan sallandym – diýip Geta düşündirmäge başlady. – Soň şähere ylgadymda, Amikany tapdym. Siziň hiç wagt dolanmajagyňyzy bilenimizden soň, yzyňyzdan ýetmek kararyna geldik. Ýolda sataşa gullaryň ählisi Kupuadaky gladiatorlaryň gozgalaňy hem olara nädip goşulyp boljagy hakynda gürrüň edýärler. Biz Amika bilen münüp gelen atymyzy bir baýyň mülkündäki sürüden ogurlap aldyk. Indi hiç wagt sizden aýrylmarys. Ir bilen töwerekdäki mülklerden onlarça gul olaryň ýanyna geldi. Olar aýaklaryndaky zynjyry hem boýunlaryndaky demir halkany döwdüler-de, ýarag bermeklerini haýyş etdiler. käbirleriniň ýanynda bolsa palta çalgy, ussaň çekiji ýaly gurallar bardy. – Kimde ýarag ýok bolsa, eline çiş demir alsyn. Duşmana garşy onuň bilen söweşeris! – diýip, gladiatorlar üýşen mähellä ýüzlendiler. Ýeriň aşagynda bendi gullar ejir çekýär. Şolary boşadaweriň! – diýip, soň goşulanlar ýalbardylar. Spartak gorkusyndan galpyldaýan mülk dolandyryjysy bilen ýerasty zyndana düşüp ugrady. Ol ýerde çygly, ala-garaňky jaýlarda boýun egmedik ýa-da günälenen gullar saklanýardy. Zynjyra berk baglanan gullar äpet degirmen aýlaýardylar, jaýlaryň düýbüne goýuljak daşlary ýonýardylar. Olaryň ýerine ýetirýän işleri adam ederden çökderdi. Haçan-da Spartak ussalara olaryň zynjyrlaryny owratmagy buýruk berende, gullar özlerine bagt gülüp bakanyna ynanmajak boldular. Spartak wagt ýitirmän, tizlik bilen öňe hereket etdi. Agşama golaý deňiz ýakasyndaky Neapol şäheriniň etegine baran otrýad ýene baý mülke düşdiler. Ýolboýy gullar topary bilen gozgalaňçylara goşulýardylar. Iki günüň içinde otrýadyň sany iki müň adama çenli ýetdi. Kowgudan howatyr edýän Spartak öz adamlaryny mümkin boldugyça daşyraga äkitmäge gyssanýardy. Bir ýerde atly goragçylaryň otrýady olaryň ýoluny kesdi. Ýaraglary kümüşden, syçrap duran atynyň arkasyna gaplaňyň hamy atylan ýaş rimli esli aralykdaş üst-başlary durşuna çaň, ýadaw gladiatorlara gygyrdy: – Yza dönüň, ykmandalar! Aýak çekiň! Senatyň1 adyndan size yglan edýän: eger-de gozgalaňy başlanlary tutup biziň elimize berseňiz, günäňizi geçýäs. Dyza çöküň-de, çep eliňiziň barmagyny ýokary göteriň. Şonda size zat degmejegimize söz berýän. Öňde duran gladiatorlar gazap bilen olaryň üstüne topuldylar. Atlylar jyn dagan ýaly bolup, çar tarapa ýazzyny berdiler. Olaryň daş jaýdar degen baştutany ýere ýazylyp Ýatyrdy. Gladiatorlar onuň atyny Spartaga getirip berdiler. Ol atyň altyndan ýasalan esbaplaryny goparyşdyryp zyňdy-da, özüne diňe gaplaňyň hamyny galdyrdy. – Azatlyk ugrunda göreşe çykan adam hiç wagt rimlileriň şunça gan döküp gazanýan altyny bilen özüni bezemek! Ine, şu ham atyma içirgi, özüme-de düşek bolar. (Dowamy bar)... ____________________________ 1 Papirus – müsürlilerde we beýleki gadymy halklarda hat ýazmak üçin ulanylan gargy ýapragy. (Terjimeçiniň belligi). 2 Grammatik – mugallym. 3 Ellin – gadymy grek. _______ 1 Mars – gadymy rimlilerde urşuň hudaýy. 2 Sestersiý – 6 köpük çemesi rim puly. 3 Amika – köne at, Latynça bu söz «jora» diýmegi aňladýar. 4 Nimfler – Grek mifologiýasynda tebigatyň dürli güýçlerini janlandyrýan ikinji derejeli hudaýlar. (Terjimeçiniň belligi). 5 Gladiatorlar – Gadymy Rimde sirkiň arenasynda wagşy haýwanlar ýa-da özi ýaly adamlar bilen ýekeme-ýek söweşe çykýan göreşiji. 6 Toga – plaş ýaly daşyna çolanýan inli mata bölegi. _________ 1 Patrisiý – Rim han-begleriniň wekilleri. __________ 1 Willa – şäheriň daşynda salnan jaý, mülk. 2 Ol döwürlerde gullaryň öz atlaryny tutman, hersiniň işleýän guraly boýunça atlandyrypdyrlar: «Pil», «Azal» we ş.m. Olar hakynda: «Gul – dilli guraldyr» diýipdirler. 3 Žresler – Din hyzmatkärleri. __________ 1 Serber – Gadymy adamlaryň Ynamyna görä, merhumlaryň şalygy hasaplanýan Aidden çykylýan gapyny goraýan üç kelleli gorkunç it. __________ 1 Gladiatorlar haýsam bolsa bir adamyň garamagynda bolupdyrlar. Ol adam gladiatorlary sirkde görkezeni üçin pul alypdyr. Adatça şeýle adamlary «lanista» diýip atlandyrypdyrlar. Bu söz «fehtowaniýa mugallymy» diýmegi aňladýar. __________ 1 Numidiýalylar – häzirki Alžiriň territorýasynda göçüp-gonan Demirgazyk Afrikanyň bir taýpasy. __________ 1 Legionerler – urşujylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |