20:13 Şrek obrazyna ylham beren Moris Tiýäniñ täsin hekaýaty | |
ŞREK OBRAZYNA YLHAM BEREN MORIS TIÝÄNIÑ TÄSIN HEKAÝATY
Geň-taňsy wakalar
Moris Tiýäni (Maurice Tillet) bular ýaly geñsi sypata öwren sebäp akromegaliýa keselidi. Akromegaliýa eliñi we ýüzüñi göwräniñ beýleki synalaryna garanda hakyky bolmalysyndan ulalmagyna sebäp bolýan hroniki keseldi. Tiýe pälwan göreşçileriñ biridi, emma 1946-njy ýylda Irwing Penn tarapyndan düşürilen suratda Tiýe jandara meñzänokdy. Şular ýaly gorkunç ýüzi we elleri bilen jandara meñzeýändigi pikir edilse-de, göreniñ kalbynda merhemete we ýakynlyga sebäp bolýan täsin duýgynyñ döremegine sebäp bolmagy Tiýäniñ az salymda bütin jemgyýetçiligiñ halaýan adamyna öwrülmegine getirdi. Tiýe indi jandar ýa-da şeýtan ýaly sözler bilen däl-de, "perişde" ýaly ýatlanmaga başlandy. Penniñ düşüren suratlarynda meşhur amerikan modelýerasy Dorian Liniñem bolmahy Tiýäniñ meşhurlygyny bütin dünýä ýaýdy. Dorian Li we Moris Tiýe 1903-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Russiýanyñ Ural daglarynyñ eteginde ýerleşen posýolokda ýaşaýan fransuz maşgalasynda dünýä inen Tiýeniñ iñ uly arzuwy ökde aktýor bolmakdy. On dört dili suwara biljek derejede intellektual şahs bolan "Şregiñ" prototipi 17 ýaşynda kellesiniñ we elleriniñ göwresi bilen utgaşykly ösmeýändigini duýdy. Şeýle-de bolsa, arzuw-hyýallaryndan el çekmedik Tiýe bir ýandan hukuk boýunça bilimem aldy. 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasy Tiýäniñ durmuşyndaky öwrülişik sepgidi boldy. Ýurtda emele gelen graždanlyk urşundan soñ onuñ maşgalasy Ýewropa gaçdy. Pariž Tiýäniñ durmuşynda öwrülişik nokady boldy. Sahnanyñ gelşikli obrazy bolmagy arzuw edýän ýigit başdan geçiren keseli zerarly çeper filmlerdäki mahluksypat we ýaramaz adam obrazlarynyñ gözlenýän adamy boldy. Moris Tiýe 1937-nji ýylda başlan professional göreş karýerasy ajaýyp ýeñişlerden doludy. Fiziki daş keşbi bilen garşydaşlaryny psihologiki taýdan eýmendirýän Tiýe hiç ýeñilmeýärdi. Onuñ deñsiz-taýsyz ýeñişlerine bu gezek Gitler el gardy we uruş ýene Tiýäni tapdy. 1917-nji ýylda watanyny terk eden Tiýe, Ikinji jahan urşy başlansoñ, bu gezek Ýewropany terk etmeli boldy. Onuñ ABŞ-daky günleri garaşyşyndan has gowy başlady. 1942-nji ýylda göreş boýunça ABŞ-nyñ çempiony boldy. Üstesine täsin ýüzi we elleri amerikanlara gorkunç görnenokdy. Gaýtam, Tiýäni amerikanlar diýseñ gowy görýärdi. Moris Tiýe Tiýe mahabat žurnallarynyñ sahabyny bezeýärdi we dürli komediýa filmlerinde oýnaýardy. Elbetde, ýaramaz adamyñ obrazy gerek bolanda-da ýene Tiýäniñ gapysyny kakýardylar. 2001-nji ýylda görkezişe giren we bir nesliñ hakydasyna siñen Şrek obrazyna Tiýäniñ fiziki aýratynlyklary esas bolup hyzmat edipdi, emma çeper filmde diñe onuñ fiziki aýratynlyklary ulanylmandy. Tiýäniñ hakuky durmuşyndaky köp sanly aýratynlyk Şrekde filme goşulypdy. Tiýe ýaşan ömründe, aýratynam Ýewropada mahluk hökmünde görlüpdi. A amerikanlar bolsa özüneçekiji we hoşniýetli ýüz sypaty bolansoñ, amerikanlar oña "perişde" diýýärdi. Çeper filmde ýönekeý halk ýewropalylar hökmünde sypatlandyrylypdyr we gereksiz ýere Şrekden gorkmalary tankyt edilipdir. Şeýle-de Şregi bagryna basyp garşylan we ony halas ediji perişde hökmünde gören ertekiniñ gahrymanlary amerikanlardy. Şol sanda Tiýe ömri ötinçä ýeke ýaşady. Ol bu ýekeliginden hoşaldy, çünki hiç kim onuñ daşky sypatyna geleñ edenokdy, emma beýleki bir tarapdan Tiýe hem günüñ ahyrynda adamdy. Tiýe ýañy 51 ýaşanda, 1954-nji ýylyñ 4-nji sentýabrynda Fransiýada ýüregagyry zerarly aradan çykdy. "Şrek" animasion çeper filmindäki mahlugyñ obrazyna esas bolup hyzmat eden Tiýäniñ ýüzündäki simmetriýa we geñsilik "DremWorks" kinostudiýasynda köpleriñ ünsüni çekensoñ, şu obraza siñdiripdiler. Mehmet Mazlum ÇELIK. Penşenbe, 20.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |