17:35 Şu günüñ garşylygy düýnde gizlenýär... | |
ŞU GÜNÜÑ GARŞYLYGY DÜÝNDE GIZLENÝÄR...
Publisistika
1979-njy ýylda yslam dünýäsini sarsdyran iki möhüm waka bolup geçdi. Biri Eýran Yslam Rewolýusiýasy... Ikinjisi Mukaddes Käbä çozulmagy... Birinjisiniñ dünýä ýetiren täsirlerini hemmeler bilýär. Ikinjisiniñ üstünde kän durýan yok. Sünni dünýäsinde düýpli üýtgeşmä sebäp bolan çozuşy ýatladaýyn: Mekgede 1979-njy ýylyñ 20-nji noýabryndan başlap 1979-njy ýylyñ 4-nji dekabryna çenli dowam edej ýaragly çaknyşyk 68 adamyñ ölüm jezasyna höküm edilmegi bilen birlikde 287 adamyñ ölümine sebäp boldy... 1955-1973-nji ýyllarda Saud Arabystanynyñ Döwlet gwardiýasynda gulluk eden Juheýman el-Uteýbiniñ baştutanlygyndaky topar ertir namazynda "Mesjidi-Haramda" çaklamalara görä 50-100 müñ aralygyndaky adamy girewine alyp, çozuş gurady. Gaýynarasy Abdylla el-Kahtanyny "Mäti" yglan etdi. Saud Arabystanynda şerigat düzgünleriniñ ýöredilmegini talap etdi! Diñe dini däl, syýasy talaplary-da bardy: Daşary ýurt firmalary bilen hyzmatdaşlyk edýänleriñ derñewe çekilmegi, nebit önümçiliginiñ azaldylmagy, ýurtdaky daşary ýurt harby bazalaryñ ýapylyp, goşunlarynyñ çykarylmagi, medeni çagşamalaryñ öñüni almak üçin Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklaryñ kesilmegi ýaly... ABŞ şobada Päkistanyñ ýöriye goşun bölümlerini (spesnaz) aýaga galdyrdy. Olam peýda bermänsoñ Fransiýadan terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýörite gulluklaryñ harbylary çagyryldy. Emma gaýry dinlilere Mekgä girmek gadagandy. Gadagançylyk Mekgäniñ kazysy Bin Basyñ fetwasy bilen aradan aýryldy: Fransuz harbylary kagyza ýazylan kelimäýi-şahadaty okamak arkaly Käbäniñ töweregine ýerleşdirildi. Iki hepde dowam eden çozuş fransuz antiterror goşun bölümlerinden alynan goldaw bilen basylyp ýatyryldy. Juheýman el-Uteýbi bilen birlikde 63 protestçi gollarydyr aýaklary, kelleleri kesilip ölüm jezasyna höküm edildi... Ýöne entek gürrüñ gutarmady: * * * Käbe çozuşlygy radikal sünni syýasy yslamyñ ilkinji "dünýä inişi hasaplanýar! 1979-njy ýylyñ trawmasy-çozuşlygy Saud Arabystanynyñ (we oña akyl öwredýän mugallymy ABŞ-nyñ) çemeleşmelerinde düýpli üýtgeşmelere sebäp boldy! Saudlar hem-ä şaýy rewolýusiýasy, hemem Käbe çozuşlygy sebäpli "kellesini" ýurduñ daşyna uzatdy: Ganatynyñ aşagyna alan wahhaby-selefi taglymatyny başga ýurtlara ýaýradyp başladylar. Türkiýe bilen birlikde yslam ýurtlarynda metjitleri gurdular, kružok-jemgyýetleri açdylar, dini taýdan bilim almak isleýänlere ýurtlaryny açdylar... (Saud Rabytanyñ segseninji ýyllaryñ ikinji ýarymyndan bäri daşary ýurtdaky türk dini işgärlere hak töleýändigini ýatladaýyn). Patyşanyñam unwany üýtgedildi: "haşmet" ýa-da "alyhezretleri" däldi, “Hadimül-haremeýnüş-şerifeýn”, ýagny "Mekge-Medinäniñ hyzmatkäridi"... Bu uzyn girişi ýazmagymyñ sebäbi türk konserwatiw syýasatyndaky, mediýasyndaky we intelligensiýasyndaky eýran duşmançylygynyñ sebäbini öwrenmek... * * * Eýran Yslam Rewolýusiýasy türk musulmab ýaşlaryna ýiti täsirini ýetirdi. Meselem, musulman sosialist Ali Şeriatiniñ kitaplary 1979-njy ýyldan başlap türk diline terjime edilip başlandy: “Medeniýet we modernizm”, “Haj” ”Yslam we beýleki günbatar düşünjeleri”, “Yslam sosiologiýasy barada”, “Medeniýet we ideologiýa”, “Näme etmeli?"... Aralaryndan "Musulman doganlar" ("Ihwan") gatlagyndan käbirleri Ali Şeriatiniñ kitaplaryna nägilelik bildirdi, garşysyna Seýit Kutuby, Hasan el-Bennany we başgalary çykardy. Yslamçy ýaşlaryñ arasynda düýpden gelýän bölünişikler başlady: Eýranda bolup geçenlere garşy çykýanlar wahhaby-selefi ugra gönükdirildi. Hem: Sedat Ýenigün ýaly "eýrançy", Metin Ýüksel ýaly MSP-li "akynjylar" öldürildi... Kadir Mysyroglundan başlap Osman Ýüksel Serdengeçdä çenli "yslamçy münewwerler" Saud Arabystanynyñ maliýeleşdirýän neşirleri bilen eýran rewolýusiýasynyñ türk ýaşlaryna ýetiren täsirine garşy diwar ördi... Häzir "Hizbullah" ýaly sünni "Hamasyñam" şaýy Eýranyñ kontrollygyna girme ähtimallygy bizdäki käbir yslamçylary (aýratynam ABŞ-Ysraýyl-Saud tarapdarlaryny) gorkuzýar! Ismail Haniýäni "Eýranyñ özi öldüren bolmagy mümkin" diýen ýaly kelle garjaşdyryjy habarlary bermeleriniñ sebäbi düýnde gizlenýär... Wahhaby-selefiligiñ ýurdumyzdaky täsirleriniñ üstünde "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresi" kitabymda giñişleýin durup geçipdim. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |