09:27 Şübhelendim | |
ŞÜBHELENDIM
Publisistika
Kitabyñ ady: "Nesilşalykdan bir melike. Sabiha" (“Hanedandan Bir Sultan Sabiha”). Awtory Ipek Çalyşlar. Kitaby elime aldym-da, awtorynyñ terjimehalyna seretdim. Okan badyma kitaby elimiñ tersi bilen zyñdym, mundan soñ okarynam öýdemok. Ipek Çalyşlar özüni tanadanda, durmuşynyñ bir bölegini ýok saýýar! Ipek Erkerler bolan döwrüni, "Şapak" žurnalynda işländigini, bildirişini, legal däl durmuşyny we munuñ üçin türmede ýatandygyny ýazanok. "Aydınlık" gazetinde işlän ýyllarynyñam üstünden atanak çekip, žurnalistlige TRT-de başlandygyny, soñra "Nokta" žurnalynda işländigini ýazýar... Ipek Çalyşlaryñ şahsy durmuşynda nämäni ýatlap, nämäni undasynyñ gelýändigi hiç kime gyzykly däl. Emma: Geçmişiñi bukjak bolmak ýaly "etiki kesel" "12-nji sentýabr" döwlet agdarylyşygy we neoliberalizm şemaly bilen globalçylyga tarap gyşaran çepçilerde köp duşulýar! Haýsy ideologik nukdaýnazaryñ "dogrudygynyñ" ýa-da "nädogrudygynyñ" jedelini etjek bolamok, diñe geçen ýoluny gömjek bolýanlaryñ ýazýanlaryna ynanmaýaryn. Ine... Ipek Çalyşlaryñ şular ýaly "gömme" nysagy ýazan awtobiografiki kitabyna ynanmazçylyk etmegime, şübhelenmegime sebäp boldy: Obýektiw bolman, gaýtam syýasy garaýşyna gabat gelmeýäni ýok saýýarmy? Hawa, häzir neoosmanlyçylyk syýasy düşünjesi öte ýoñ boldy! * * * Žan-Pol Sartr geçen asyryñ saýyrdyñ intellektuallarynyñ biridi. Onuñ ýazan "Ýürekbulanjy" ("Тошнота") romany ekzistensialistik çekişmäni gyzdyrdy. Romanyñ gahrymany, taryhçy Antuan Rokanten şeýle diýýär: "Wakalary öz bolan gününde ýazmak has gowy bolýar. Gowy düşünmek üçin gündelik tutmaly. Ähmiýetsiz ýaly görünse-de, ownuk detallary, her gymyldy-hereketi gözden salmaly däl, hemmesini aýry-aýry kategoriýalara bölmeli. Şu stoly, köçäni, adamlary, çilim gutusyny nähili görýändigimi aýtmaly, çünki bu çalşyp durýan zat. Bu çalşygyñ ugruny we özenini gowja kesgitlemeli bolýaryn. Meselem, syýa çüýşämiñ içindäki karton gutyny elime alaýyn. Gürrüñ bermeli zadym şu: ony mundan öñ nähili görýärdim, indi nähili görýärin?" Adam öz gözýetimi we tejribesi bilen başgalardan tapawutlanyp we munuñ bilniginde özgerip durýar. Bulam öz gezeginde bolup geçýän wakalara, ideologiýa, taryha we başga zatlara tapawutly seretmegine sebäp bolýar. Ýagny (jemgyýetçilik durmuşynyñ täsirindäki) raýatyñ 20 ýaşyndaky dünýägaraýşy, pikurleri (jemgyýetçilik şertleriñ üýtgemegi we beýlekiler biken) 40 ýaşynda bir bolman biler. Dialektiki materialistik pelsepäni inkär edip bilerismi? Şeýle bolýan bolsa: Ýetmişiñ onlugyny bir gyra zyñan adam ýigrimi ýaşlaryndaky syýasy kimligini, işlän ýerlerini nädip gömjek bolýarka, nädip ýok hasaplap bilýärkä? Eger şeýdýän bolsa, "añy kütelişen" adamyñ taryh tärlerini we toslaýan taryhy pikirlerini näderejede hakyky hasaplajak? Meseläni şahsylaşdyrasym gelenok, onuñ taryh ýazyjylygyna ünsüm çekdi... Taryh ýazma meselesi Lukian Samosatskiniñ “Tarih nähili ýazylmaly?” eseriniñ ýazylan II asyryndan bäri jedelleşip gelinýär... * * * Ýazan taryhy portretini götergilemegi, sensassion döredijiligi maksat edinen romanlaşdyrylan hekaýatçy taryhçylyk Türkiýede giñden ýaýrady. Ylmy taryhçylygam köp satyn alynýan kitaplaryñ hataryna girmek üçin çaltlyk bilen düşünje dünýämizi dolap alan bu populýar medeniýete ýeñildi. Taryh boş wagtyñy geçirmegiñ güýmenjesine öwrüldi. Taryhçy mediýa fenomeni bolmagyñ yşkyna düşürildi... Hasam beteri: Konýuktrual syýasy atmosfera eýermek üçin taryhy ýoýmakda gypynjam edilenok! Döwlet-musulman däl etniki azlyklar gatnaşygy ýaly temada işlän "Taraf" gazetiniñ žurnalisti Aýhan Aktary mysal bermesem bolmaýar: Birinji jahan uruşynda Çanakkale söweşinde beýik gahrymançylyklar görkezen ýüzbaşy Torosýon hakda ýazdy! Ol söweşiñ ykbalyny özgerden şolar ýaly gahrymanmyş, nähili "minnetdarlak hatlaryny" alanmyş we ş.m. Ýogsam bolmasa, beýle adam ýokdy! Onuñ ýazanlarynyñ doly toslamadygy anyk resminamalar arkaly subut edildi. Şuña meñzeş ýoldan ýöräp taryhy täzeden gurjak bolýan, hakykaty çüýrediji gaty köp taryhçysumak ýazyjy bar. Başymyzda beter uly ahlak problemasy bar. Şuny ýatdan çykarmañ: Her ylmy iş, her eser awtorynyñ şahsyýetini görkezýändir. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |