09:37 Sud gaçgagy | |
SUD GAÇGAGY
Publisistika
"The Donald"-yñ hödürlän tomaşasy ýakyn wagtda soñlanjaga meñzemeýär. Onuñ tarapdarlary artýat we ABŞ-nyñ kellesi bulaşyk. (Manhattan Courts) Gazadaky dramatiki wakalar hakdaky habarlar beýleki ähli habarlary we wakalary bir gyra itdi. Ýogsa bu habarlaryñ käbiri dünýäniñ häzirki ýagdaýy babatda alanymyzda juda möhüm. Elbetde, ikinji ýerde Wladimir Putiniñ benzin döküp tutaşdyrýan gorkunç Ukraina urşy bar. "Sanawyñ has aşagraklarynda" bolsa geñ galdyryjy bir adamyñ töwereginde bolup geçýän täsin wakalar bar. Bu adam täzeden ABŞ-nyñ prezidenti bolubam biler, türmä giribem biler, prezidentlik ýaryşyna gatnaşmakdan mahrum edilibem bilner ýa-da özi el çekibem biler. Söweş meýdanynda gahar-gazaba münen öküziñ birdenkä ýuwaşap, şol ýerde özüne seredip duranlar bilen hoşlaşýandygyny gördüñizmi? Bu adam göreşmek üçin ýaradylypdyr. Diñ söwdasynda, "hakyky" oýunçylykda, hakyky aýallar bilen "realist" gatnaşyklarynda... nirede bolanda-da, gopgun-galmagal onuñ yzyndan aýrylanok. Ynanyp bolmajak derejede geñ adam, hiç zat we hiç kim ony saklap bilmeýär. Utanjam ýok, haýasam. Tanymal hukukçylar onuñ prezidentlige kandidaturasyny görkezip bilme hukugynyñ ýatyrylmagyny talap edýärler. Garşysyna on bir gezek derñew işi açyldy. Iki gezek jogapkärçilige çekilen birinji prezidentbwe resmi taýdan oña jenaýat aýyplamasy bildirilen birinji öñki prezident. Edil häzir garşysyna 91 sany jenaýat aýyplamasy bar. Bu aýyplamalardan 34-i meşhur pornoýyldyz Stormi Deniels bilen gatnaşygynyñ bassyr-bussyr edilmegi we kyrky-da möhüm dokumentleri öz öýüne äkitmegi bilen baglanyşykly. Ýedi adamyñ öldürilen Kongres çozuşlygyna meçew berme aýyplamasy-da bar. "Ýerli" detallar bilen wagtyñyzy almalyñ. Amerikadaky syýasat we adalat sistemasy Günbatar hukugy hakda bilýänlerimize onçakly meñzäbem duranok. Emma mesele bu däl. Meselem, bu adamyñ häsiýeti aýagy büdräp agsaýan we resmi çärelerde "uzaboýuna" ýere süýnmekden el çekmeýän segsenlik garşydaşyñ garşysyndaky janlylygydyr. Munuñ özi Donald Trampa bolan janköýerlikmi? Kanunlaryñ yzarlap ýören adamyna nädip janköýerlik edip bilersiñiz? Ýa-da asyl buýsanjy we karýerasynyñ esasy ugry bolan "ylalaşykmy"? Orta çykan ilkinji pursatyndan bäri, ol bize amerikan hukugynyñ ikiýüzliliginiñ deñsiz-taýsyz bolşuny görkezýär: Hamana prezident hem bolsa, hemmeler şol hukugyñ öñünde deñdir, emma prezident dünýäniñ hemme kanunlaryny bozýanam bolsa kandidat hökmünde galyp biler. Soñra öñ prezident bolan we dolanyp gelip biljek biri hakda döwlet derejesinde çekişme bar. Hawa, Ak Tamda köplenç ogryn saklanýan aýal bolýar. Geçen asyrda bu aýal Merilin Monrody we onuñ janyna kast etmegi prezident Jon Kennediniñ janyna kast edilmegi ýaly syrlydy. Eýse, Stormi Deniels we hakyky artistlikden gelen prezident? Amerikan jemgyýetçiligi "Kennediniñ asyryñ blondinkasy üçin aýaly Žakline ikilik etmegi" bilen ylalaşdy. Ol bu gezekki mysalda slowen gyzy Melaniýanyñ owadanlygyndan kimiñ üçin geçýärkä? "The Donald"-yñ hödürlän tomaşasy ýakyn wagtda soñlanjaga meñzemeýär. Onuñ tarapdarlary artýar we ABŞ-nyñ kellesi bulaşyk. Dünýä bir gün oýananda, Kamala Harrisi Ak Tamda görüp biler. Tomaşa dowam edýär... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 05.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |