23:07 Şugün-erte ýowar bolar dünýämde | |
ŞUGÜN-ERTE ÝOWAR BOLAR DÜNÝÄMDE
Goşgular
Delmirip durmadym, hörpüňe garşy Uçgun diýdiň, uçdum menem pelpelläp. Atamyň lejigen paltosy ýaly, Duýgularym ga:lyp barýar göwşülläp. Melamat ýapamok söýgüňe, emma, Yşgyň gözüm baglap, içirdi meýin. Indem serhoş bolup köňül köşgümde, Lapykeç otyryn keseki deýin. Bildim ýagty günleň uçursyz gadryn, Gül-gülzar göwünden röwşen gidende. Nakys bolup durka serde pikirler, Nam-nyşan galarmy böwşen bedende?! Düme ekilmändi ekilen yşgym, Jurga-jurga gözýaş damdyrma petden. Şugün-erte ýowar bolar dünýämde, Gyrçaryn ýatlamalary bir çetden. Ylham GURBANALYÝEW. 2022 ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |