18:53 Süleýman hemişe premýer-ministr, Wladimirem hemişe prezident | |
SÜLEÝMAN HEMIŞE PREMÝER-MINISTR, WLADIMIREM HEMIŞE PREZIDENT
Publisistika
Putin prezidentlik saýlawlaryna kandidaturasyny goýan badyna, käbir "oppizisioner" partiýalar "ony biz kandidat hökmünde hödürlemekçi diýip, beýanatlar berdi. Türkiýäniñ 9-njy prezidenti Süleýman Demirel we Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin Ýatan ýeri yagty bolmuş Fikret Kyzylok ölmezinden alty ýyl öñ sarkazm aýdymlarynyñ birini ýerine ýetiripdi. Dilden düşmedik aýdymyñ gaýtalamasy şeýle: "Süleýman hemişe premýer-ministr, premýer-ministr hemişe Süleýman" (“Süleyman hep başbakan, başbakan hep Süleyman"). Şunça ýyl geçenem bolsa, Kyzylokyñ Süleýman Demirele haksyzlyk edendigini aýtmaga rugsat ediñ. Muny aslynda Demireliñ özem telim gezek aýdypdy: "Bir fedora şlýapam bilen alty gezek gitdim, ýedi gezek geldim. Binaenaleýh…” Ýagny, Demirel "hemişe premýer-ministr" däl, ol gitdim-geldim oýnaýardy. Kyzylok aýatda diri bolsa, häzir muny göz öñüne tutup, ondan aýdymy täzeden işlemegi haýyş edip bilerdik. Hawa, käbirleri kürsä oturybilse bolany... Oturşy oturyş bolýar... * * * Öññin "Medyascope" saýty "AFP" habarlar gullygyna salgylanyp, bir habary çap etdi. Onuñ sözbaşysy şeýle: "Dünýäde iñ köp wezipede oturan liderler kim?" Bu täsin sanawy siziñem dykgatyñyza ýetireliñ: - Ekwatorial Gwineýada Obiang (81 ýaşynda) - 44 ýyl; - Kamerunda Biýa (90 ýaşynda) - 41 ýyl; Kongo-Brazzawillede Sassou Nguesso (80 ýaşynda) - 39 ýyl; - Ugandada Museweni (79 ýaşynda) - 37 ýyl; - Täjigistanda Emomali Rahmon (71 ýaşynda) - 31 ýyl; - Eritreýada Afwerki (77 ýaşynda) - 30 ýyl; - Belarusda Lukaşenko (69 ýaşynda) - 29 ýyl; - Jibutide Guelleh (76 ýaşynda) - 24 ýyl: - Russiýada Putin (71 ýaşynda) - 24 ýyl; - Ruandada Kagame (66 ýaşynda): 23 ýyl. * * * Täsin sanaw gerek, şeýle dälmi? "Kürsi bilen bile biten ýalylar" iñ köp haýsy sebitden diýip sorasañyz, Afrikadan (on lideriñ ýedisi) we öñki sowet geografiýasyndan (üçüsi) diýerdim. Emma dogruçyl bolmaly bolsa, Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putiniñ geçen 24 ýylynyñ dört ýylynda (kimsine görä "formal taýdan", kimsine görä "hakykatdanam") ýurdunyñ birinji belgili ýolbaşçysy bolup däl-de, ýerini belli bir wagta çenli Dmitriý Medwedewe berip, onuñ ýanynda premýer-ministr bolandygyny aýdalyñ. Şony hasaba goşsag-a, onda 20 ýyl bolýar. Ýagny, ýene bir öñki sowet respublikasynyñ lideriniñ - Azerbaýjanyñ prezidenti Ylham Aliýewiñ häkimiýet başynda oturan döwrüne deñ. Birnäçe gün öñ biri-birine meñzeş iki habar gelip gowuşdy: Putinem, Aliýewem (saýlawlary bir ýyl öñe süýşürip) ýurtlarynda bäşinji gezek prezidentlik saýlawlaryna kandidaturasyny goýjakdyklaryny mälim etdi. Käbir kommentatorlar Putine "Staliniñ rekordyny täzelär" diýdiler. Stalinem 1924-nji ýylda häkimiýet başyna gelip, 1953-nji ýylda aradan çykýança wezipede oturypdy. Putin saýlawlarda üstün çyksa (muña şübhelenýän adam bir barmy beri?) 2030-njy ýyla çenli, soñky saýlawlarda-da ýeñse 2036-njy ýyla çenli wezipesinde oturyp biler. Rus lideri 2036-njy ýylda segsen dört ýaşaýar. Uzak wagta çeken beýleki häkimiýetleri-de ýadyma salýaryn. Meselem, Müsürde Hüsnü Mübärek tegelek otuz ýyllap oturypdy. Gazagystanda Nursoltan Nazarbaýewiñ şonçarak oturypdy. Tunisde Zeýnel Abidin Bin Ali 24 ýyllap wezipede oturdy. Liwiýada Muammar Kaddafi bolsa 42 ýyllap ýurduñ baştutany bolup oturdy. * * * Üç hepde öñ "Lider gowy bolsa, tä ölýänçä dolandyrsyn, näme bolýarmyş?" atly makala ýazypdym. Şonda-da aýdyşym ýaly, saýlaw kampaniýasy üçin Putine garaşan "sözde oppozisionerlerden kommunisti, nasionalisti we başgasy birnäçe kandidat çykarar we ahyrynda Putin hemmesinden atgaýtarym öñde ýeñiş gasanar. Saýlawa gatnaşanlaryñ 75-80%-niñ sesini alar". Häzir bularyñ käbirleri göz üçin edýän "oppozisionerligindenem" el çekip, "Putini biz kandidat hökmünde hödürlemek isleýäris" diýýär. Nädip ýöne!.. Pikir soralşyklar kommunistleriñ, bagyşlañ, "kommunistleriñ" we başga "oppozision" partiýalaryñ saýlawçylarynyñ aglaba böleginiñ prezidentiñ ornunda Putini görmek isleýändiklerini görkezýär. Bu atmosferany biraz içgysgynç görenleriñizem bolup biler. Ýöne darykmañ, rus lideri 1-2% ses aljak käbir kandidatlar ýaly saýlaw kampaniýasyny-da geçirmek islänok, olar bilen mawy ekrana çykyp syýasy çekişmelere hem giresi gelenok. Ine, şuña-da saýlaw diýilýär, eger sizem diýip bilseñiz... * * * Putiniñ 2024-nji ýylyñ mart aýyndaky saýlawlar üçin kandidaturasyny goýmagyna uzak wagtlap garaşylyp ýördi. Dürli belli seneler we köpçülikleýin çäreler üçin çaklamalar we taýýarlyklar görüldi. Emma lider garaşylmadyk pursatda Doneskden bir komandire sylaglandyrylan wagtynda, onuñ haýyşyndan ýüz öwürmän: "Wagtal-wagtal başga hili pikirleri-de edipdim. Emma dogry aýdýarsyñyz, häzir belli karara gelmeli wagt. Russiýanyñ prezidentligine kandidaturamy goýmaly bolaryn" diýiberdi. Käbirleri Putiniñ "wagtal-wagtal başga hili pikir edýänine", ýagny prezidentlikden gitmegi kellesine getirýänine ynanmady. Dogrymy aýtsam, men-ä Putine ynanasym gelýär. Megerem ol, birnäçe gezek ýerini başgasyna berip, yza çekilmegi pikir etdi. Emma munuñ iki şerti bardy: 1. Ýerine gelmeli lideriñ we ýakynlarynyñ jan howpsuzlygyna kepil geçmegi (Putiniñ özi şular ýaly formulada Boris Ýelsiniñ ýerine geçipdi we beren sözünde-de durupdy). 2. Öz aralaryndaky buýr-bulaşyk gatnaşyklary, diñe Putiniñ ýolbaşçylygynda durnuklylyk bilen dolandyryp bilýän rus ýolbaşçy elitalarynyñ muña razy bolmagy ýa-da durnuklylygy bozmajak şertleri döretmegi gerekdi. Netijede Russiýanyñ lideri "prezidentligi dowam etdirmegi" makul bildi. Muny "garaşylmadyk pursatda" mälim eden adamam uruşyñ gidip duran Ukrainasyndaky Donbasdan gelen rus komandiridi. Munuñ düşündirişi-de, saýlaw kampaniýasynyñ esasy ugrunyñ uruş bilen baglanyşyklylykda şekillenjegine yşarat edýän bolsa gerek. Hakan AKSAÝ. "T24" gazeti, 14.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |