21:49 Süleýman pygamberiñ möhürini nädip sionizme aldyrdyk? | |
SÜLEÝMAN PYGAMBERIÑ MÖHÜRINI NÄDIP SIONIZME ALDYRDYK?
Taryhy makalalar
Yslam ynanjynda iñ soñky pygamber Hezreti Muhammetdir (s.a.w), emma mukaddes kitabymyz Kurany-Kerimde yslam pygamberinden öñ ýaşap geçen Hezreti Süleýman, Hezreti Musa, Hezreti Isa ýaly nebilerem aýry-aýry yslam pygamberleri hasaplanýar. Şol sanda beýleki pygamberlere çuññur hormat goýulýar. "Dawut ýyldyzy" diýilýän "Hezreti Süleýmanyñ möhüri-de" yslam medeniýetinde hormat goýulýan nyşanlaryñ biridir. Hezreti Süleýmanyñ möhüri Häzir Süleýman pygamberiñ möhüri "sion ýyldyzy" hökmünde Ysraýylyñ baýdagynda bolandygy üçin käbir musulmanlar ýaramaz nyşandyr öýdýär. Aslynda bu nyşan azyndan "palestin dawasy" deýin gymmatlydyr, şonuñ üçin Palestinanyñ ýekeje daşy-kesegi sionizme nähili rowa görülmejek bolsa, bu nyşanam garañkylygyñ nyşany hasaplanmaly däldir Süleýman pygamberiñ (a.s) möhürini sionizmiñ bir parçasy saýýan wyždanlar wagtyñ geçmegi bilen Palestinany-da Ysraýylyñ topragy hasaplamakdan çekinmez. Hezreti Süleýmanyñ möhüri • Sionistler möhüre 1882-nji ýylda eýe çykdy Taryhy çeşmeler öwrenilende, Süleýman pygamberiñ möhüri mukaddes kitaplaryñ birinde-de agzalmaýar, emma yslam pygamberi Hezreti Muhammet (s.a.w) bu möhüre uly ähmiýet beripdir. Tirmiziniñ "Hadysynda" möhür barada şeýle diýýär: "(Kyýamatdan öñ ýeriñ aşagyndan) elinde Süleýmanyñ möhüri we Musanyñ hasasy bolan halda bir dabbe (dört aýakly haýwan) çykar we hasasy bilen musulmanlaryñ ýüzüni ýagtylandyrar, möhüri bilenem kapyrlaryñ ýüzüni möhürlär". Şu sözlerdenem düşünilişi ýaly, Süleýman pygamberiñ möhürine umuman syýasy many-mazmun beren ilkinji adamyñ Hezreti Muhammetdigini (s.a.w) bilse bolýar. Yslam pygamberi möhüri musulmanlar üçin syýasy ýüzüñ we azatlygyñ nyşany hökmünde ele alýar. "Möhri-Süleýmanyñ" ilkinji gezek yslam äleminde ulanylmagyna bolsa, 691-nji ýylda emewi halyfy Abdylmäligiñ döwründe gabat gelinýär. Kuddusyñ "Kubbetüsahra" metjidinde Süleýmanyñ möhüriniñ iñ esasy yslam simwollaryñ biri hökmünde hut şu döwürde öñümizde çykýar. Şeýle-de "Kasrul-Haýrul-Garbi"-niñ motiwleri şu möhür bilen bezelendir. Fatimi hökümdary Mustansur Kairdäki "Hakim" metjidine we döwletiñ pul birligine şu möhüri ýerleşdiripdir. Müsürde gurlan Tolunogullary türk(men) döwleti-de şu ýyldyzy kümmet diwarlarynyñ dört tarapyna çekdiripdir. Beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznaly bilen bitewileşen nyşanam Süleýman pygamberiñ möhüridir. Tagtyna barýan agaç gapynyñ öñündäki altyburçly bezeg onuñ hökümdarlygynyñ iñ esasy motiwidir. Günbatarlylaryñ "Dawudyñ galkany", biziñ bolsa "Hezreti Süleýmanyñ möhüri" diýýän ýyldyzymyz musulmanlar üçin syýasy güýji añladypdyr. Iudeý medeniýetinde-de, hristianlykda-da 1882-nji ýyla çenli bu ýyldyza meñzeş ýeke syýasy nyşan bolmandyr. Pul iñ esasy syýasy figuradyr we türk-yslam döwletleriniñ köpüsinde çykarylan pullarda Süleýman pygamberiñ möhüriniñ yzlaryna duş gelýäris. Meselem, Seljukly-türkmen döwletinde Togrul beg garaşsyzlygyñ nyşany bolan pulunyñ bir tarapyna doly şu möhüri goýdurypdyr. Iñ esasysy-da Süleýman pygamberiñ möhüri Kuddus fatihi Selaheddin Eýýuby bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Selaheddin Eýýuby Kuddusy (Ierusalimi) azat edenden soñ çykardan kümüş pullaryna Süleýman pygamberiñ möhürini basdyrypdyr. Diýarbekıriñ Baş metjidiniñ eýwanynda garaşsyzlygyñ nyşany hökmünde Süleýman pygamberiñ möhürini görýäris. Yslam dünýäsi üçin "Kelimäýi-Töwhit" baýdagyndan soñ iñ esasy simwolyñ Süleýman pygamberiñ möhüridigini görmek bolýar. Malatýanyñ Baş metjidiniñ diwarlaryna salynan nagyşlarda "garaşsyzlygyñ siwmoly" hökmünde Süleýman pygamberiñ möhüri bar. Artykly türkmenleriniñ gurduran her arhitektura eserinde syýasy garaşsyzlygyñ nyşany hökmünde ýene şu möhür öñümizden çykýar. Andaluslylaryñ çyzan meşhur "Katalan kartasynyñ" (Dünýä kartasy) ýüzünde ata watan saýylan Alžirde ýene Süleýman pygamberiñ möhürine gabat gelýäris. Katalan kartasy Osmanlylar hakda aýtmaly bolsa, bularyñ döwründe-de niräñe seretseñ Süleýmanyñ möhürine gözüñ ilýär. Hammamlaryñ, gümmezleriñ, fondlaryñ, köşkleriñ niresine seretseñ şu möhür bar. Fatih Soltan Mämmet Stambuly eýeländen soñ çykardan puluna şu möhüri basdyrypdyr. Fatih Soltan Mämmet Fatihden başga-da Mämmet Çelebi, Beýazit II we Osmanlynyñ iñ azmly patyşalaryndan Ýawuz Soltan Selim çykardan pullaryna şu möhüri basdyrypdyr. Barbaros Haýretdin paşa Ortaýer deñzine çykanda gämilerinde pasyrdan baýdaklaryñ içinde iñ esasylaryndan biri-de Süleýman pygamberiñ möhüri bolan baýdakdy. Osmanly patyşalarynyñ özlerini her dürli ýaramazlyklardan gorajagyna ynanyp geýen köýnegindäki iñ esasy simwol Süleýman pygamberiñ möhüridir. Tilsimli köýnek Sanasañ sogaby bar. Şonuñ üçin şu ýerde durmaly bolýarys. Geliñ, indi bolsa bu möhüri nädip ýitirendigimiziñ, nädip elden giderendigimiziñ üstünde durup geçeliñ. Bu möhüri ilkinji gezek XVIII asyrda günbatarlylar jöhitleri tapawutlandyrmak üçin ulandy. XIX asyrda bolsa milli kimlik gözlegleri artan jöhitler bu simwoly kem-kemden özlerine almaga başlady. Teodor Gersl 1882-nji ýylda sionizmiñ resmi "Die Welt" propoganda gazetiniñ nyşany edip almagy bilen möhür wagtyñ geçmegi bilen jöhitleriñ syýasy argumentine öwrüldi. Iudeý dini yslamyýetden öñ döränem bolsa, altyburçlyk ýyldyz, "Dawudyñ galkany" ýa-da sion ýyldyzy diýilýän Süleýman pygamberiñ möhürini nyşan hökmünde musulmanlar has ir we has köp kabul edipdir: baýdaklarynda, pullarynda, arhitektura eserlerinde, egin-eşiklerinde ulanypdyr. Musulman galkanlaryndaky möhür Bu nyşan XVIII-XIX asyrlardan bäri sionistler tarapyndan eýe çykylyp, ulanylmaga başlanypdyr. Häzir hamana "sionistik Ysraýylyñ baýdagynda Süleýman pygamberiñ möhüri bar eken" diýip, bu möhüre duşmançylygyñ etmegiñ özi "Kelimäýi-Töwhit" baýdagyny görende duşmançulyk eden añyýetiñ birikýän ýeri bolan jahylyýetdigini (nadanlykdygyny) arkaýyn aýdyp bileris. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 21.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |