17:33 Şumerler hem özümiz hakda | |
ŞUMERLER HEM ÖZÜMIZ HAKDA
Edebi makalalar
Sowet assirologiýasynyň atasy atlandyrylýan Nikolskiniň pikirine görä, şumerler Mesopotamiýa Köpetdagyň eteginden barypdyrlar. Dürli çeşmelerde gabat gelýän faktlar esasynda, baglanyşygyň bardygyny inkär etmek mümkin däl. Alty müň ýyl ozal Tigr hem Ýefrat derýalarynyň aralygynda siwilizasiýa uly goşant goşan, güýçli şumer döwleti döreýär. Tigirli furgony, plugy, seýalkany, ýelkenli gaýygy tapan, misi, bürünji alanam, metaly eredenem şumerler. Gurak klimatda daýhançylygyň nusgasyny görkezen halk. Olaryň başarnygy gatlalary, kanallary, zeýkeşleri, daýhan kalendaryny döredipdir. Köpetdagyň etegem ekerançylygyň iň gadymy mesgeni, muny arheologlaryň tapan materiallary subut edýär. Belki, şumerler täze mekanda daýhançylygy has kämilleşdirendirler? Aňyrda-da, bärde-de howa şertleri meňzeş, gurak. Arheologlar W.Masson, W.Sarianidi gaplaryň ýüzüne çekilen suratlaryň mysalynda gyzykly deňeşdirmä ünsi çekýärler. Garadepeden tapylan gabyň ýüzünde ala bars bilen dag geçiniň şekili bar, olar gapdallaşyp parahat ýöräp barýarlar Şumer hekaýasynda iki çopan ruhanyny derýa zyňýar. Ruhany dag geçisini kömege çagyrýar, geçi ýetmänkä-de ony ala bars alyp gidýär. Alymlar Garadepeden tapylan şekiller şol hekaýaty beýan ed- ýändir diýip çaklaýarlar. Şumerleriň hekaýatlary Töwratdanam iki-üç müň ýyl gadymy. Taryhda çarwalar bilen çomurlaryň arasynda göwniýetmezçilik, çaprazlyk bolupdyr. Gözbaşy Adam atanyň ogullary Kain hem Awelden başlanýar. Bu hakda Töwratda aýdylýar. Kain daýhan, Awel mala seredýär. Olar atalaryny hezzetlemek isleýärler. Adam ata Aweliň getiren toklusyny kabul edýär, Kainiň bag-bakjaly miwelerine seredenogam. Kainiň gahary gelip, hudaýyň haýyr- sogap hakynda öwdüne-de gulak asman, dogany Aweli öldürýär. Indi Töwratdan iki-üç müň ýyl öň dörän şumer mifine ýüzleneliň. Baş hudaý Enlil mallaryň hudaýy Lahary, onuň uýasy dänäniň hu daýy Aşnany döredýär. Olar asmandan düşüp daýhançylyga, maldar çylyga goldaw beripdirler. Bir gün olar şerap içip hersi öz hyzmatyny ýokary goýjak bolup dawalaşyp, tersleşipdirler. Baş hudaý Enlil dawanyň arasyny açyp, dänäniň hudaýy Aşna birinjiligi beripdir. Ýewreýler çarwadar Aweli artykmaç görseler, şumerler dänäniň hudaýyna öňdeligi berýärler. Çarwa bilen çomuryň arasyndaky garşylyk biziň taryhymyzda-da dowam eden. Harby taýdan ykjam, güýçli çarwa taýpalary hemişe ekinzarlyga çozuş edip, bag-bakjaly meýdany hazan urana dönderipdirler. Gadymy şumerler bilen baglanşyga ylmy taýdan düýpli esas bermek üçin taryhçylaryň, dilçileriň, edebiýatçylaryň ýadawsyz gözlegi gerek. Sowet imperiýasynyň ideologiýasy golasty halklaryň taryha ymtylyşyndan gorkýardy, her ädimde onuň öňüne böwet basýardy. Gazak şahyry Oljas Süleýmenowyň Almatada 1975-nji ýylda çykan “Aziýa” kitabynyň töwereginde galdyryldan galmagaldan habarly bolsaňyz gerek. Ýazgysyny ýagşy niýetli okyjynyň kitaby hökmünde hödürlän awtor milletçilikde, tüntlikde aýyplandy. Kitap türki halklaryň taryhy köklerini yzarlamaga synanyşdy, ýöne agalyk ediji ideologiýa beýlekilere-de sapak bolsun diýen maksat bilen awtoryň ganatyny gyrypdy, kitaby zyýanly zat hökmünde gadagan edipdi. O.Süleýmenow kitabynda gadymy şumer hem umumy türki leksikasyny deňeşdirip, haýran galdyryjy meňzeşlikler tapypdy. Meselem: Ata umumy türküçede Ata (Ada), şumerlerde Ada, ene: umumy türküçede Ama (Aba, Apa, Ana), şumerlerde Ama, doguldy: umumy türküçe Tud (tugd, tuwd, turd), şumerlerde Tud, tirik: umumy türküçe Tirik (tiri), şumerlerde Tir (Til, ti), gülmek: umumy türküçe Kuliş (guluş), şumerlerde Gulşe.. Awtor şeýle sözleriň altmyşysyny görkezýär we fonetiki meňzeşlikler hakynda giňden durup geçýär. Dogrusy, şeýle barlaglary öňi bilen türkmen alymlary başlamalydyr, sebäbi biziň dilimiz türki dilleriň arasynda iň gadymy, hamyrmaýalyk orny eýeleýär. Muny O.Süleýmenow hem inkär edenok. Ol kitabynda “Türki dilleriň deňeşdirme fonetikasy” atly ylmy monografiýany ýazan rus alymy Şerbagyň işini derňeýär: “Häzirki zaman dillerinden (türki) türkmen dili nusga bolupdyr. Eger A.M.Şerbaga ynansaň taryhy döwre çenli ähli türkler türkmen diliniň biraz ýoýu- lan görnüşinde gepläpdirler”. Diňe şu pikirem ylmy derňewe höwes döredip biljeg-ä! Türkmen diliniň köklerini yzarlamakda uniwersitetiň dosenti Ýazmuhammet Çöňňäýew düýpli ylmy barlaglaryň başyny başlapdy, birgiden zatlary etmäge-de ýetişipdi. Emma agyr kesel alymyň höwesine palta urdy. Biziň wezipämiz onuň bitiren işlerini çap edip, gyzygýan adamlara ýetirmekden ybarat. Gözläp otursaň çeper edebiýatda-da, sungatda-da gadymyýet bilen bagly uşlyplary tapsa bolar. Arheologlar iňňän täsin şumer çeper eserini tapdylar. Onda kätmen bilen kündäniň aýdyşygy berlipdir. Olaryň hersi öz bitirýän işini mahabatlandyrýar. Kätmeniň kündä ýüzlenmesinden: “Suw joşup gelende onuň öňüne böwet basýan sen däl, Gum daşalýan gaplary gyrmançadan doldurýanam sen däl. Horjunlary jaýdan doldurýan-da, kerpiç guýýan-da sen däl. Sen jaýlaram guraňok...” Kündäniň jogabyndan bölek: "Men künde, kuwwatly gollardan çykan, Enliliň meýdanlara goýan gözegçisi men! Adamzadyň wepaly guraly-da men. Şunumyň aýynda, baýram mahaly, Şalar meň şanyma öküz kesýärler. Bihasapdyr gurban edilýän dowarlaň sany, Gaplary dolduryp meýler içilýär..." Men bu eseri okap, XVIII asyr türkmen şahyry Mahmyt Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasy” eserini ýatladym we zähmet gurallarynyň, tohumlaryň, miweleriň, haýwanlaryň özara bäsleşigini çeper beýan etmek däbi aňyrdan gelýär ekeni diýen netijä geldim. Fizulynyň miweleriň söhbetini, Magtymgulynyň haýwanlaryň söhbetini beýan edişleri ýokarky pikirimize urna bolsun gerek. Bu eserleň äheňinde bir bada tutup bolmaýan gizlin bir meňzeşlik bar. Şumer eserlerini okap otyrkam, “Gorkut atadaky” aýdyşyklaryň äheňi ýaňlanyp gitdi. Owaza meňzeş äheňleri derňäp olary göze ilerlik zada öwürmek wezipämiz. Ony amal etmäge belki, indi päsgelçilik bolmaz, eger gaýratymyz çatmasa, bu başga gep! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |