22:05 Sünnet hakynda aýtsak... | |
SÜNNET HAKYNDA AÝTSAK...
Edebi makalalar
Sünnet hakynda köp gürrüň edilýär, emma taryhy faktlary ýeterlik bilmeýändigimiz biziň birtaraply netijelere gelmegimize sebäp bolýar. A.Öräýew “Adat” kitabynda sünnet hakynda sekiz sahypa ýazypdyr. Ol ýerde türkmenleriň sünnet adaty bilen bagly bilmeli birgiden gyzykly zatlar beýan edilýär. Awtor: “Yslam dininiň taryhy ýazylan kitaplarda ilkinji sünnet edilen adam Ybraýym halyl diýip görkezilýär. Ol segsen ýaşan wagtynda allanyň emri bilen özi özüni sünnet edipdir” diýip, türk alymy Mehmet Faruk Gürtünjanynyň “Pygamberler taryhy” diýen kitabyna salgylanyp ýazýar. Indi mysal getiren setirlerimiziň edil ýokarsyndaky jümläni okalyň: “Bu adat Türkmenistanda, hatda tutuş Orta Aziýada we Eýranda örän gadym döwürde döräpdir. Onuň Ahuramazdanyň, ýagny milady eradan hem öň ata-babalarymyzyň ynanan Zoroastrizm dininiň bir talaby bolandygy barada maglumatlar bar. Şeýle talap bir çakda Türkmenistana hem ýaýran Iudaizm dininde hem bar ekeni”. Awtor bu jümlä salnan pikiri 1968-nji ýylda Moskwada neşir edilen “Ateistiň stol kitabyna” salgylanyp aýdýar. Üns berip otursaň, awtoryň salgylanan iki çeşmesiniň arasynda näsazlyk bar. Zoroastrizm dini yslamdan takmynan müň ýarym ýyl öň döräpdir. Ýewreýlerde bir hudaýlylygy berkarar eden pygamber Abraam. Yslamda oňa Ybraýym diýip at berilýär. Ol dört müň ýyl mundan ozal ýaşap geçipdir. Sünnetli bolandygy-da çyn. Emma sünnetiň yslama degişli edilip görkezilmegi, belli bir derejede, ateizmi, ýagny hudaýsyzlygy ündeýän sowet ideologiýasynyň musulmançylygyň garşysyna işeňňirlik bilen jeza çärelerini ulanmagyna delil boldy diýsek öte geçmeris. Muny ýetmişinji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ýüz beren repressiýa şekilli ahwalatam subut edýär. Hakykatda welin, sünnetiň taryhy iudaizmdenem, zoroastrizmdenem, yslamdanam has gadymydyr. Bu däbi nähili ynanç, nähili zerurlyk döretdikä? Sünnet dessurynyň berjaý edilmeginiň bähbitli taraplaryndan söz açyp, A.Öräýew esasy bähbit hökmünde şuny belleýär: “Birinjiden, sünnetlenen oglanyň jyns agzasynyň arassa hem sagat bolýandygy üçin. Oglanyň jyns agzasynyň ujunda ham pürçük bolup, onuň ýygyrtlarynyň arasyna köplenç hapa ýygnanyp galypdyr. Yssy howa şertlerinde oňa dürli keselleriň mikroby, wirusy düşüp, çaganyň jyns agzasynyň kesellemegine, ýara çykmagyna getiripdir. Çaga sünnetlenenden soň şeýle dertlerden azat bolupdyr”. Gigiýena tarapdan awtoryň aýdýany dogry, emma bu delil häzirki zamanyň hukdaý nazaryny aňladýar. Gadym zamana häsiýetli bolan ynançlar başgadyr. Sünnetiň döremegini gigiýena ýaly praktiki zerurlyklara syrygdyrmagyň ýerliksizdigine A.Golan hem “Mif we simwol” kitabynda ünsi çekýär. Eýse Ýewropada, Aziýada saglyk, arassalyk babatda Afrikada, Amerikada, Awstraliýada ýaşaýanlar- dan az alada edilipdir diýip bolarmy? Diýen sowaly keserdip goýýar. Başky iki kontinentiň köp halkynda sünnet etmek däbi ýok. A.Golan sünnetiň döremeginiň başlangyjynyň dini ynançlar bilen baglydygyny birgiden fakt arkaly nygtaýar. “Nika ýüzügi” atly miniatýurada ýüzügiň halkasynyň Asmana erk sdýän Beýik Aýal hudaýyň nyşanydygyny, barmagyň bolsa, Zemin hudaýyny, has dogrusy, bu erkek hudaýyň jyns organynyň şekilini aňladýandygyny aýtdyk. Käbir taýpada ol hudaý Gara hudaý diýip atlandyrylýar. Onuň gana suwsaýandygy adamlary howatyrlandyrypdyr. Gadymyýetde Ortaýer deňiziniň gündogar kenaryndaky ýurtlarda erkekleriň ujydyny şol hudaýa gurban etmek däbi bolupdyr. Bu däbiň köküni irki daş eýýäminden gözlemeli. Başda ujydy tutuşlugyna aýrypdyrlar, soň adamlar rehimsiz, gazaply hudaýyň gözüne çöp atmak mümkindir öýdendirler-dä, ujydy tutuşlugyna kesmek endiginden el çekipdirler, diňe onuň ujuny kesmek bilen çäklenipdirler. Kesilip aýyrlan pürçügy zyňmandyrlar. Bu däp türkmenlerde-de bar. Ujydyň aýrylan pürçügini gamyş taýajygyň ujuna geýdirip, öýüň tärimine gysdyryp goýýarlar. Munuň näme sebäbe edilendigini açyk aýdanoklar. Emma Awstraliýanyň asyl taýpasynda onuň manysy aýdyň. Asmandan ýagyş dilänlerinde ony keramatly alamat hökmünde ulanýarlar Bu däp ujydyň asman hudaýy bilen baglydygyna güwä geçýär. Sünnetiň gadymydygyny subut edýän ýagdaýlar bar. Gadymyýetde sünnet diňe daş pyçaklar bilen edilipdir. Muňa daş eýýäminden galan alamat diýse bolar. Döwürleriň dolanmagy bilen sünnet dünýäniň dürli künjüne Müsüre, Afrika, Awstraliýa, Amerika ýaýrapdyr. Türkmenlerde sünnet edilýän jaýda aýallaryň bolmagy unalmaýar. Çaga bäş gün öýde ýatmaly, gözegçilik astynda bolmaly. Bu çäreler ýaranyň çaltrak bitmegi bilen bagly. J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda Täze Gwineýada ýaşaýan taýpalaryň sünnet dessurlary beýan edilýär. Olarda sünnet edilen oglana birnäçe aýyň dowamynda töwerege çykmak gadagan, aýallar bilen gürleşmek, hatda olara tarap garamagam bolanok. Oglan oba dolananda ony dabara bilen garşylaýarlar. Aýallaram hamala ol direlip ol dünýäden dolanan ýaly begençden gözýaş dökýärler. Olaryň ynanjyna görä, göze görünmeýän gorkunç jandaryň garnyna düşen oglan sünnetden soňra sag salamat dolanypdyr. Merkezi Awstraliýanyň taýpalarynda sünnet edilen oglanyň ejesi ýara bitýänçä berhiz tutýar. Hažžyklaryň, ýylanlaryň käbir görnüşiniň etini iýmek, ýag içmek gadagan, sebäbi bu iýmitler ýaranyň bitmegine päsgel berýär diýýärler. Günorta-Gündogar Afrikanyň daglarynda mesgen tutan taýpalar batyrlykda aýratyn tapawutlanan duşmanlaryny öldürip, olaryň bagryny, gulagyny, maňlaý hamyny alyp ýakýarlar, külüni öküziň şahynda saklaýarlar. Oglana sünnet edilende taýpanyň ruhanysy külleri mazaly garyşdyryp oňa içirýär. Bagyrdan batyrlyk, gulakdan akyl, maňlaý hamyndan çydamlylyk sünnetli oglana geçýär diýen ynanç bar. Awstraliýada sünnetde oglany taýpadaşlaryň üstünde ýatyrypdyrlar, goý gan olaryň bedenine damsyn, sebäbi adam gany siňen topraga nälet siňýär, ösümlik bitmeýär. “Töwratda Moiseýiň (Musa) oglunyň jany alynjak bolýar, oglan sünnetsiz. Sünnetden soň hudaý gazabyndan köşeşýär, rehim edýär. Sünneti amal edip, adamlar betbagtlykdan dynmagyň, çagalara rowaç getirjegine ynanypdyrlar. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |