10:15 Suwdan ot çykar | |
SUWDAN OT ÇYKAR
Edebi makalalar
"Magtymguly haýran, her ýana bakar, Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!" Magtymguly metafora hökmünde alýan mysalynyň ýa-da gütüledip goýan sowalynyň nähili ýüze çykýandygyny düşündirmeýär. Bu hakyky şahyrlar üçin tebigy ýagdaý. Ol köplenç öz kalby bilen gürleşýär, öz bilýän zadyny özüne düşündirip oturmaýar, geregi-de ýok. Köp okyjynyň Magtymgula doly düşünip bilmeýänligi-de şu sebäbe. Öwüt nesihat goşgulary diýäýmeseň, şahyryň galan eserleri okyjydan taýýarlygy talap edýär. Magtymguly kitaplarda beýan edilen rowaýaty aýdyp oturmagy ýerliksiz bilýär. Öz pikirine hemaýat berjek ýerinde tutuş rowaýatdan çykýan manyny bir setirde jemläp berip goýberýär. Elbetde, onuň salgylanan rowaýatyndan, filosofiýasyndan bihabar adama şahyryň şol setirine düşünmek hyllalla. Bu babatda onuň “Bilmezmiň” diýen goşgusy nusgalyga mynasypdyr. Indi Magtymgulynyň ýokarky iki setirindäki many hakynda. ”Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!” Magtymgulynyň haýran galma- syny nähili düşündirjegimizi bilmän ýyllar boýy halys derde galyp gelýäris. Muny biwagt aramyzdan giden zehinli alymymyz Muhammetnazar Annamuhammedowam “Magtymguly gizlin syryň bar içde”... diýen göwrümli işiniň ikinji kitabynda bellän ekeni. “Bu pikiri dürlüçe ýormak mümkin, ol şeýle hem edildi. Ony himiki düşünjeler esasynda ýerasty gazyň atylyp çykyş we ot alyş prosesi bilen bagly hem, häzirki elektrik togunyň dörejegi hakyndaky optimistlik bilen hem, öwlüýälerde görünýän fosfor otjagazy bilen baglan hem boldy Şeýlelikde, şahyryň pikirine diňe çaklamalar bilen çemeleşildi”. Geliň indi, ýokarky setirlerdäki syrly manyny Annamuhammedowyň özüniň nähili düşündirendigine üns bereliň: “Şahyryň gahrymanynyň bu ýerdäki haýranlygy biziň ýokardaky nygtaýşymyz ýaly, kämil adama görünýän ot, nur bilen baglydyr”. Alym: “Alla nurdur, Gündür, Ýagtylykdyr” diýen ruhy taglymatyň zerurlygyny sufizmiň ägirtleri Jelaletdin Rumynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň eserleriniň mysalynda subut edenden soňra gös-göni Magtymgulynyň ýokarky iki setiriniň ylmy köküni aýdyňlaşdyrmaga geçýär: “Meşhur Sopy Allaýar “Sebatul ajyzyň” (“Ejizleriň durnuklylygy”) atly sopuçylyk poemasynda Magtymgulynyň mysal alnan ýokarky bendiniň mazmuny-ny doly açyp geçipdir. Allaýaryň pikiriçe, eger Alla “birewge rehmet (mähir) inderse”, dünýäni suw bassa-da, şol adama zeper ýetmez, çünki onuň mähri ony beladan goraýar. Şahyr “rehmet inmedik adamy” jennete eltseňem ýüreginde gam tapylmaýar. Çünki, oňa gamlanmaga, iliň gamyna düşünmäge nadanlygy ýol bermeýär. Şulary aýdandan soň, şahyr kämil mähri (rehmeti) bolan adam bilen nadany deňeşdirip, olaryň birini oda, beýlekisini suwa meňzedýär we birinde allaň mähir ody ýanýar, beýlekisi bolsa, suw ýaly sowuk- diýýär. Allaýar bularyň ikisi hem owal sowukdy, emma olaryň biri nury-rehmet alyp kämil boldy, şeýdip “suwdan ot çykdy”, ýagny Allaň nury göründi- diýýär”. Hawa, alymyň düşündirişinde Magtymgulynyň döredijiligine häsiýetli bolan alamatlardan ugur alynýar. Emma syrly setirleriň düşündirişi entek gutarnykly diýip bolmaz. Men ýokarky düşündirişi düýbünden inkär edip biljek däl, şol bir mahal- da-da ony hakykatyň tamam nokady hökmünde kabul edemok. Munuň hem sebäbi Magtymguly ýaly beýik şahyryň döredijilik dünýäsini haýsy hem bolsa bir teoriýanyň ülňüsine sokjak bolmak hyýalyna, synanyşygyna garşy pozisiýasynda durýanlygym üçindir. Biz öň-ä synpylyk ideologiýasynyň talabyna eýerip, Magtymgulynyň sosial adalatsyzlygyň garşysyna göreşiji, käbir halatda söweşjeň ateist ýasajak bolduk, indem onuň tersine, her edip-hesip edip ony durky bilen sopuçylygyň (sufizmiň) ruhuna çümen, onuň mistikasyndan gaýry zada geň galmadyk şahyr edip görkezmegiň ýoluna düşdük. Magtymguly öňi bilen ruhy belent şahsyýet, beýik şahyr. Magtymgulynyň derejesindäki şahyr, akyldar üçin durmuşyň synag meýdany öz kalby, öz ýüreginiň duýgusy. Belent şahsy duýga, dünýä hadysalaryna işjeň akyl ýetirmek endigine mynasyp adam islendik teoriýanyň, filosofik uguryň ölçeginde bolmagy islemez, boljak hem bolsa başarmaz. Ynha, meniň üçin Magtymgulynyň ýokarky iki setirindäki şahyrana duýgy diňe sopuçylygyň mistik uguryna wepaly Sopy Allaýaryň beýanatyndan has janly, has giň. Ony Sopy Allaýaryň ölçegine getirjek bolmagymyz boýy uzyn adamy kiçi krowatda ýerleşdirjek bolup, onuň artyk ýerini kesip taşlamaly diýen ýaly bir çäre bolmasyn? Magtymgulynyň gütüledip goýan sowalyndan soňky iki setiri: "Ýagşy oguldan rehnet arygy akar, Lagnatkerde ogul boldy bolmady- diýeni şol sowala beren jogaby dälmi näme! diýersiňiz. Hawa, alymyň ýokarky düşündirişine görä jogap ýaly. Emma meni kanagatlandyranok. Soňky iki setirdäki edep-terbiýe bilen bagly hemmä düşnükli, jedelsiz, sada pikiri aýtmak üçin şahyra öňinçä köpleriň gulagyna geň eşidiljek, haýran galdyrjak sowaly bermegiň nämä geregi bolduka? Bu sowalyň äheňinden şahyryň-da haýranlygy duýulýar. Ýok, sen muny juda ýönekeýleşdirjek bolma, soňky iki setirde edep-ekramyň sadaja beýanyndan has çylşyrymly pikir aýdylýar, bu ýerde alymyň Sopy Allaýara salgylanyp düşündirişi ýaly, mistikadan gözbaş alýan päklenmek hakynda gürrüň gidýär ahyryn diýjek hem tapylar. Tapylanda näme! Magtymguly bu mistikadan habarly, ýöne bir habarlam däl, oňa kemsiz düşünipdir, ony adaty ruhy ýörelge hökmünde kabul edipdir diýilýär. Onda, hamala, birinji gezek eşiden ýaly beýle bir geň galyp, şol geňligiň badyna çürt-kesik sowal bermesi näme? Magtymgulynyň sufizme gatnaşygy hakynda öz düşünişim bilen bagly ýene bir pikir aýdaýyn. Magtymguly Allanyň jemalyna ýetmek den, onuň bilen birikmekden ötri, sopuçylygyň ýolundaky ruhy azap lara belet bolsa-da, olary öz durmuşynda, şahsy dünýäsinde, duýgusynda, teninde synagdan geçirjek bolan adam däl. Ol pirlerden hyrka almaga-da dalaş etmändir. Pirler duýgy bilen hakyň jemalyna ýeten bolsalar, Magtymguly Ibn Sina ýaly akyl bilen ýetmegi başaranlaryň hatarynda durýar diýjek. Şahyryň sowalyny ýene gaýtalalyň: “Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?!” Bu sowalyň döreýşini düşündirip biljek aýdyň jogap mende-de ýok, ýöne bir ýagdaýy duýýaryn. Magtymguly özüniň garaşmaýan, bilmeýän hadysasy zerarly geňlige duçar bolandan soň, megerem, ýokarky sowaly berendir? Bu sowalam däl, bu ýerde ahwalata geň galyp, onuň geňligini ykrar etmek äheňi duýlup dur. “Mif we simwol” kitabynda ot bilen bagly düşündirmelerde gabat gelemde Magtymgulynyň ýokarky setiri biygtyýar ýadyma düşdi Eýranda asyrlaryň dowamynda agalyk eden zoroastrizm dininde iki gudratyň: Gün bilen Oduň arasynda aýrylmaz birlik bar. Ot Günüň emrinden döreýär. Ýöne başga bir ynanja görä, ody döredýän çeşmäniň ýerasty dünýä degişlidigini ýokarda aýdyp geçipdik. Adamlar wulkanlar atylanda ýeriň teýinden çogup çykýan ody, hemem ýyldy-rymyň ýakýan oduny görüpdirler, bu gudratlary Gara hudaýyň eradasyna ýöňkäpdirler. Hindistanda mekan tutan arylaryň-wedleriň keramaty Agnisi-ody bilen Gün hudaýynyň arasynda baglanyşyk ýok, ýogsa wedleriň meşhur eseri bolan “Rigweda” Gün hudaýy hakynda-da ýazýar. Wedleriň Agnisi-ody adamzadyň atasy hasaplanypdyr. Ol nikanyň penakäri, däp-dessurlary, ýagyş-ýagmyry döre- diji. Onuň mekany suwuň içinde. Üns beriň, keramatly Ot suwda mesgen tutýar! “Rigwedada” ýyldyrymyň aýdan sözi berilýär: “Agni sen suwuň perzendi” diýýär. Diýmek, keramatly Ot suwuň perzendi ekeni! Ine, Magtymgulyny haýran edip biljek düşünje! Magtymgulynyň ruhy dünýäsini diňe sufizmiň taglymatyna baglap goýmak bärden gaýtmakdyr. Beýik şahyryň ruhy dünýäsi adamzadyň hemme ynançlarynyň ruhundan güýç-kuwwat alypdyr. Magtymgulynyň idealy bilen bagly pikirlerimi “Türkmeniň idealy bolupmy?” diýen essämde dolurak beýan edenim üçin bu ýerde düşündirişi uzaltmaýyn Eger Magtymgulynyň göwni Hindistany talwas eden bolsa, onuň zerurýetini şahyryň ruhy dünýäniň ýesiri, aşygy bolandygyndan gözlemeli. Arap, pars dillerini göwnejaý bilendigi üçin, wedleriň dini ynançlaryndan, meşhur kitaplaryndan, habarly bolandyr diýmäge doly esas bar. Elbetde, meniň aýdanymy şahyryň setirlerindäki syrly manyny açmagyň hatyrasyna nobatdaky çaklama hökmünde kabul ediň. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |