17:41 Syçan ýyly | |
Syçan ýyly
Yryma görä, syçan ýylynda doglan adam, başgalaryñ nazaryndan sowarak görünmäge çalyşýar, ol elmydama maýda-çüýde zatlara gümra bolup gezmegi gowy görýär.Daşyndan görsen ol hatyrjem, sussypes we pes päl, emma ilki göreniñde parahat, arkaýyn adam diýdirýände bolsa, olarda içgi joşgun möwç urýan bolmaly. Bu ýylda doglan adamlaryñ daş keşbi-de özüne çekiji bolýar. Bu adamlar özüni tutup bilýär. Başyna iş düşende çekip bilýär, gam-teşwişi içine ýuwudýar.Syçan ýylynda dogulanlary gowy tanamak üçin onun bilen köpräk söhbetdeş bolmaly. Şonda ilki bada olaryñ galjañlyk, biynjalyk, hatda gaharjañlyk ýaly häsiýetlerden daşda däldigini görersiniz. Adatça bu adamlar zor bilimli däl, emma, dili arassa, sylaşykly, özlerem bir iş başlasalar ahyryna çenli yetirmän goýmaýarlar. Olar tygşytly, puluny özüne sarp etmegi gowy görýär, özüni zatdan gysmaýar, başgalara karz pul bermegi halamaýar.Baýlygy köprak toplamaga çalyşýar. Käbir adamlara örän gysgançlyk mahsus, ýöne hemmesi beyle dal, kähalat zerurlyk ýüze çyksa ýa-da göwnese, olar zady, puly gaýgyrman hem harçlaberýärler.Emma bu ýagdaý syçan ýylynda dogulanlarda ýygy-ýygydan bolybermeýr.Eger-de bu adamlar birini söýse, gadyrny bilmäni başarýar. Köpçüligi halaýarlar, esasanam aýallar gybat etmäni govy görýärler, bularyñ arasyndan ölermen gybatçylaram döreýär. Hakyky dostlary az bolsa-da, gowy gatnaşykdaky tanyş-bilişleri köp.Goñşylary bilenn onşukly. Aýallary arassaçylygy gowy görýär, yöne käbir edýän işleriniñ manysy az. Bu ýylda dogulanlar köplenç adamlara däl-de özüne bil baglaýarlar, köp kişä ynanmaýarlar, hyşy-wyşy gürrüñlere az ähmiýet berýärler, öz gününi özleri dolajak bolmaga ýykgyn edýärler. Şol bir wagtyñ özünde-de her bir zatdan bähbit agtarýarlar, azajyk hem bolsa peýda görüp galmaga ymtylýarlar.Öziniñ mylakatlylygyndan başardygyndan peýdalanýarlar, kähalat öte geçýänleri hem bolyar. Bu adamlar özüni çäklendirilmän ýaşamak isleýärler, köplenç başarýarlar. Emma olary gelejek az-kem gorkuzyar, şonuñ üçin ertirini hem ýatdan çykaranoklar, başarsa ikini birini ertire-de goýaslary gelýär.Garran çagynda hor bolmazlyk üçin artan-süyşenini aýawly tutup, ýygnap goýmaga çalyşýarlar. Esasan, bulara göwnündäkä ýetmek başardýar.Göwnüne almasynlar, öz ýagdaýyny bilip goýsalar gowy, syçan ýylynda dogulanlaryñ özi az zähmet çekip, başganyñ hasabyna yaşaslary gelýär.Başganyñ güýjünden başardygyndan peýdalanýarlar. Syçan ýylynda dogulanlaryñ ömrüniñ birinji bölegi asuda geçýär, ikinji ýarymynda şowsuz başlan işi ýa-da başa barmadyk söygüsi zerarly pent görmekleri mümkin. Garran çagy olaryñ durmuşy ýene-de asudalaşýar.Bu adamlaryñ ukyplary barada şu aşakdakylary aýtmak bolar. Ilki bn bular çeper döredijilige ukyply, aýallaryñ dokan haly-palasy basan keçesi, nagyş işleri beýlekileriñkiden tapawutlanýar. Çaga hüwdilemäge ökde, käbir-ä çagany salançaga salyp hüwdi aýdyp, arzuw edip otyrmany gowy görýär. Erkekleri töwella ökde bolýar. Erkeklerem, aýallaram zat ýygnap goýmaga ýykgyn edýärler.Olaryñ goş saklaýan ýerinde haçan görsenlñ gerekmejek zatlaram üýşüp ýartýar. Syçan ýylynda dogulanlaryñ maýmyn, luw, sygyr yylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy makul. Bularyñ häsiýeti köplenç biri-birine layyk gelýär, hatda biri-biriniñ ýetmeziniñ üstüni-de doldurýar. It, doñuz, ýylan ýylynda dogulanlara Syçan yylynda dogulan bilen nikalaşmak nämakulyrak görülýär.Biziñ asyrymyzda syçan ýyly: 1912, 1924, 1936, 1948, 1960, 1972, 1984, 1996, 2008, 2020-nji ýylara gabat gelýär. Arazbaý ÖRÄÝEW. Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |