22:53 Şygyrlardan parçalar | |
ŞYGYRLARDAN PARÇALAR
Goşgular
...Ýazylmadyk goşgylarmyň ençesin, Göterip gezdim men ejiz gursakda. Olar bolsa öz ahmyrly penjesin, Ýüregime urup dyrnagyn sokdy. Diýýän deýin goýber bizi erkine, Boşat gursagyňy giç dälkä şindi. Kemçilikler hakda ýazmak herkime, Başardyp duranok, kyn boldy ýazmak, Ýöne ýazman gezmek, ondanam kyndy. *** Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal, Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl. Özge birniň ýazan kada-kanunna, Uýup ýaşamaklyk adatmy munda? Eginlerňi gysyp, başyňy egip, Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp. Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp, Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp, Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir. Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr. *** Belkide bu zatlar meň göwnümedir. Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir. Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir? Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur. Onda näme üçin meniň kalbym hem, Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly. Nämüçin gussaly geldikä ylham? Entek bir goşgy hem ýazmadym doly. Wagt ber bir şygyr döreder ýaly... Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||