SYRAK – TÜRKMENIŇ AÇYLYŞY
Belki, siz Jawaharlal Neruwyň «Hindistanyň açylyşy» kitabyny okansyňyz? Neru ony türmede oturan mahaly ýazýar, kitap weli ýarym asyr bäri asuda, erkana, garaşsyz Hindistanyň ruhy ýaly, dünýä ýüzüne aýlanyp, uçup ýör!
Eýse, ilkinji bolup Türkmenistany kim açdy?
Kim ilkinji bolup türkmeni açdy?
Jahankeşde, dünýä aşygy Marka Polonyň «Türkmenistan» ady bilen dünýä kartasyna girizen ýeri – Rum, häzirki Türkiýe Türkmenistanyň açylmagymy ýa syýahatçynyň ýalňyşy?
Türkmen hem Türkmenistan haçan açylyp başlandy? Ol ata-babalarymyzyň hakydasynda galmandyr? Oňa dünýäni öwreniş ylmynyň gözýetimi ýetenok! Taryh bolsa ondan has soň döredi. Sebäbi biz dünýäde näçe müň ýyl bäri ýaşap ýörenimizi hem bilemzok! Ol san biz bilerden çökder.
Biziň alymlarymyz türkmeniň halk hökmünde kemala gelşini orta asyrlar diýip hasaplabersin, ol olaryň öz hasaby! Ýöne meniň hasabym boýunça şumerem, skifem, gunnam, oguzam, sakam, daham türkmen! Şu günki Osman Öde düýn dünýäde Hojageldi Öde bolup ýaşady, öňňün Öde Begenjaly bolup ýaşady, ertir ol Guwanç, Wepa, Sapa, Pena Osman bolup ýaşar. Üýtgeýän zat ýok!
Meniň üçin gadym-gadym zamanlarda uçýan atlary ýetişdiren gunn – türkmen!
Seýishan hem Dehistan sözleri şeýle bir mährem, kalba ýakyn, belki, ol ata-baba mekanymyzlygy üçin-dir, belki, ol sözleri buýsanç bilen Pyragynyň aýdanlygy üçindir. Jawaharlal Neru kitabynda «Seýistan – Sakystan» diýip onuň adyny agzap geçýär. Syrak – türkmeniň açylyşy.
Midiýa şasy Dariý on müň atly ýygyn dartyp kakabaş saklary tutuşlygyna gyrarman bolup gahar-gazaba münüp gelýär. Gapyl galyp duşmana aw boljak bolsa oňa sak diýiljekmi? (Alymlar onuň adyny uzyn aýdýarlar, emma gysga aýdyp, sak – hüşgär diýip düşünmeli). Saklar gaçybatalgasyna ýel bolup göterilýär. Olaryň Hudaýy böri, olar gaçyp-kowup uruşmagyň ussady!
Dariý atyny seýislän bolup ýören Syraga duşýar. Şa ondan habar aldyrýar:
– Haw, ýigit, hany bu taýlarda küren bolup oturan saklar nirede?
– Saklary näme edersiň, şahym?
– Saklaryň tohum-tijini goýman, ýorjugun eder men!
– Hä, şeýlemi...
– Sen, gowusy, maňa ildeşleriňi tapyp ber, men seniň janyňy azat edeýin!
– Şahym, men saňa bir akyl bereýin. Sen şolary tapjagam bolma, gyrjagam bolma. Gowusy, yzyňa git!
– Sen maňa akyl berme-de, ýol salgy ber, ýogsa-da...
– Şahym, sen, gowusy, iliň edýänini edäý.
– Il näme edýär?
– Il ýa-ha sowlup geçýär, ýa pajyny töläp geçýär, sak gördügem gaçýar.
– Sen-ä bir kemakyl ýigit ekeniň! Midiýa şasy sakdan gaçarmy? Men sak tohumyny tüketmek üçin ata çykdym...
– Bolsa-da, şahym, sen päliňden gaýt... Olaryň bir çopany on müň atlyny gyryp, kül-peýekun edip bilýär...
– Tüket!
– Aý, şahym, seniň bar akylyň ýetişi şumy ýa akylyňy köşgüňde goýup gaýtdyňmy? Men seniň ýygnyňy yzyma düşürip barsam, saklar başymy alar! Gitmesem hem sen! Gowusy, men ildeşlerimi agtaryp heläk bolup ölenimden, seniň eliňden ölüp gidibere-ýin...
Fantaziýanyň owsaryny başyna orasaň, Dariý bilen Syragyň arasynda şeýleräk gürrüň bolup, şanyň gahar-gazapdan garagy gapylan bolmaly! Ýogsa ol bir atlyny öňe salyp, ýazyň soňky aýynda Garagumuň jümmüşine gitmekden saklanardy...
Olar ýedi gün ýol ýöreýär, harasat, suw ýok, öň-yz kaýda, belli däl, Syrak bolsa şindem «indiki alaňdan aňyrda» diýip alyp barýar. Çoçgara çolaşanyna akyly ýeten şa Syragy öldürermen bolýar. Syrak:
– Şahym, saňa aýtdym ahyry, sakdan gaç diýip, «sagyň bir çopany on müň atlyny gyryp bilýär» diýip! Sen ynanmadyň! Ynha, sak çopany ýylkyban Syrak men! Häzir sen meni öldürersiň. Seret, on müň atly ýygynyň ýygyn däl, olar on müň sany jeset!..
Meniň ynanyşym boýunça, Syrak türkmeniň açylyşy!
Garagum – Türkmenistanyň açylyşy, elbetde, duşmanlar üçin! Ýygyn dartyp gelen näkesler üçin!
Garagum betpäl üçin mydama Bermud üçburçlugy bolup geldi...
Türkmen, Türkmenistan – jadyly dünýä, gudratly dünýä ol set müň gezek açyldy, millionlap açylmak döwri bolsa indi başlandy!..
Osman ÖDÄÝEW.
Taryhy makalalar