06:17 Syrly bukja / hekaýa | |
SYRLY BUKJA
Hekaýalar
Dynç günidi. Iş otagyndaky stoluň tekjesine düşen hatly bukja el degmän duraandygyna, on bäş gün bolupdy. Bu hat özüniň gowuşmaly eýesine, öz wagtynda poçta işgäri tarapyndan, işe howlukmaç ugrap barýarka gowşurylypdy. Şol wagt bukjanyň eýesi geňirgenip seretdi-de, "Kamaam iberipdir, Näme jaň etmäge eli barmaýarmyka?, soň okarynla" diýip, bukjany iş otagyndaky stolunyň tekjesine salypdy. Ondan bäri göni ýarym aý bolsa-da, bukja öz wagtynda gowuşsada hatyly bukja açylmandy. Mundan bir ýyl öň, kakasynyň ogluna öýlenmegi teklip edeninde, öýlenmegi göwnemeýändigi üçin, kakasy ogluna käýäp, "seni gözüm görmesin, öýi terk et ...." diýipdi. Aý, näme ýaş ýigit, ýokary okuw jaýyny gowy tamamlan soň, ony öz obasy ýa etrabyň çäginden däl-de, şäherde iş bilen üpjin edipdiler. Ýörite jaýam berdiler.... aý garaz, öz başyna ýokary wezipeli, aýratyn otagly, birnäçe işgärleriň ýolbaşçysy bolup, işläp ýören, işewür adam höküminde ýokary abraýa eýe bolan ýigitdi. Hawa, dogry bir ýyl mundan öň, özüne ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilen soň, kakasyny ýanyna alyp gaýtmak üçin obasyna barypdy. Kakasynyň obadan gitmekligi göwnemeýänligini aýdyp, gaýtam öz ýanyna gelmegi, hiç bolmanda saýlan gyzyna öýlenip, öýüne gelin getirmegi teklip, edipdi. Muňa oglunyň ilkinji gezek kakasynyň ýüzüne gelip, öýlenmegi ret edipdi we iş ýerinde gowy ornaşyp, doly taýýar bolan soň, özüniň saýlap seçip öýlenjekdigini aýdypdy. Elbetde, biraz gödek çykan bolmagam mümkin kakasynyň "Öýi terk et..., seni gözüm görmesin..." diýen, paýynçly sözüne gahar edip, çykyp gaýdypdy. Hat ogluna gowşan wagtynda, ondan öňem, kakasyna jaň etmek üçin jübi telefonyny eline alanynda-da, kakasynyň şol aýdan sözleri ýadyna düşüp, öýkeli hüňürdeýärdi. Haçanda öýkesi ýazan wagty bolsa, ýadyna düşmeýärdi, ýa-da iş ýüzinden wagt tapmadyk pursaty-da bolýardy. Şeýdip bir ýyl geçipdir... Gör wagt çalt geçäýşini. Hawada poçtanyň çapary gapynyň jaňyny basjak wagty gapy açyldy. Syratly owadan gara saçly ýigit çykdy. Bir ýere gyssanýan bolmagyda mümkin, dogrusy häzir ähli kişi işli, howlukmaç ahyryn. Çapar bukjany öz gowuşmaly eýesine gowşuryp, aladygy üçin gol çekdirip, öz ýoly bilen gitdi. Elbetde, haty ýollanyňam gözi ýoldady. Hatyň gowuşanlygy hakynda habaram gelip gowuşdy. Bu gün geler, erte geler, ýa entek okan däl bolmagam mümkin, diýip, garaşyp ýörşüne on bäş gün geçipdi. Ýöne, ne garaşýany, ne-de hatyna jogap. Özi bolsa, hassalykdan ejir çekýärdi... Ýogsa-da, haty şeýle bir sünnäläp ýazypdy. Onuň üçin bir günini sarp edipdi ahyry. Ol hatynda şeýle ýazypdy: - Salam meniň mähriban, gadyrly oglum!.. belki sen menden gaty öýkelän bolmagyňam mümkin, şeýle bolsa-da men senden habar tutmagyňa garaşýan. Sen hakynda daş gulakdan eşidýän, öz ýanymdan guwanýanam. Men seni gowy terbiýe beripdirin, diýip özüme buýsanýanym, ýöne şol wagtyň özünde öz-özümi ýigrenýänem, sebäbi men saňa gaty daraýardym. Belki şonu üçin bolmagam mümkin, seniň öýkelemegiň. Her näme bolsa-da, men seni küýseýän. ...Haçan-da sen bolanyňda, ejeň bilen seniň geljegiňi arzuw edip, saňa guwanyp, seniň üçin gowy maksatlary, arzuw edipdik. Gynansakda sen bir ýaşyňda, ejeň bizi taşlap gitdi( iman baýlygyny bersin), bu-da ýazgytdyr. Seniň ýetimligiňi bildirmejek bolup, elimden gelenini aýamadym, saňa öweý ejäniň elinde ulalmagyňy islemänim üçin, gaýtadan öýlenmedim. Sen üç ýaşaýançaň, özüme belli bir işiň başynada baryp bilmedim, haçanda üç ýaşanyňda, şu günki ýaly ýadymda, seni çagalar bagyna eltip, terbiýeçiniň eline berenimde we yzyma gaýdanymda, yzymdan aglap, " Kaka-aaa, menäm ýanyňda alyp git" diýip, gygyryp galanyňda, yzyma garaman, (geň bolsa-da) gözüme ýaş aýlap, işe ugrapdym, şol wagt yzyma öwrülip, seni bagryma basasym gelýärdi. Ýöne men muny etmedim. Ýene bir gezek ýalňyşmasam bäş ýaşlaryňda bolmagyň mümkin, indi çagalar bagynada, enekäde, garaz gowy öwrenen wagtyň, seni çagalar bagyna goýup, gaýdanymda; - Kaka men seni gowy görýän, men saňa garaşjak - diýip eliňi galgadanyňda, ýada seni almaga baranymda, oýnap ýören çagalaryň arasyndan, iki eliňi gerip: - Kaka, kakam geldi, diýeniňde saňa gaharly, lellim bolma diýipdim, ýogsa şol wagt seni gijagyma basasym, ýaňagydan ogşasym gelmän duranokdy. Okuwa gidip, gowy baha alanyňda-da, berekella diýip dyzymyň üstünde oturdyp, gündeligiňi göresim gelýärdi. Ýöne bu zatlary etmedim. Çünki sen ýaşlykdan gatybaş, mert bolmagyňy isledim. Ýadyňdamy saňa, eşikleriňi hapalap, üst-başyňy palçyk edeniňde, gulagyňdan çekip özüň gazanan bolsadyň, ýa özüň ýuwýan bolsaň beýle etmezdiň diýenim. Elbetde bu gahardan bolubam biler, sebäbi seniň iýjek naharyňy, geýjek geýimiňi, seniň özüň edip bilmeýän ähli zatlaryň bary meniň boýnumady. Käwagt, gije basyrganyp, eje, diýip meni gujaklardyň, men bolsa, uzak gije seniň başyňy sypap, gözüme çirik çekmän, aglardym, saňa diňe süýji arzuwlar ederdim. Dogrysy, seniň ýanyňda gatyrgansamda, özümi nähili horlaýandygymy, özümden başga hiç kim bilenokdy. Ýogsa-da men saňa has ysnyşypdym, şol sebäpli, seni öz ýanymda galmagyňy isledim. Sen watan gullugynda wagtyňam, ýokary okuw jaýynda wagtyňda, häzirem şol başyňy sypap, ýanymda dünýäni unudyp, ýatyşyňy synlasym gelýär. ýöne sen indi uly adam bolduň, hiç bolmanda ejeň bilen eden arzuwymy edip, seni öýli işikli etsedim. Saňa näçe gödek daranam bolsam, her gezek seni ynjydanym üçin, ýüregimiň bir tary üzülýär. Seniň öýkeläp gideniňden bäri indi, özümde erbet hassalyk duýýan, saňa gowy kaka bolup bilmedim, her gezek seniň garşyňa gitdim, seniň pikiriňe garşy boldum.Men şu wagt şu haty ýazýarkamda, gözlerimde ýaş dolup dur. Meni bagyşla eger mümkin bolsa, saňa her gün garaşýan, meni gelip ýanyňa alyp gitjek diýseň men razy, indi mende artyk güýç, kuwwat galmady. Saňa garaşýan, hormat bilen kakaň. *** Hawa bu hatyň gelenine on bäş gün boldy. Şol iş stolunyň tekjesine düşeli bäri eýýäm , çaň basyp başlapdy. Şol garaşyp ýatyşyna wagt geçip gidipdir. Ýogsa, näme sebäp bolup biler. - Haty soň gelip okaryn, diýip tekjä saldy. işine howlukmaç ugrady. ýolda gidip barşyna, şol hat hakda oýlandy. Kakam näme üçin hat iberdikä, näme sebäpden. jaň edip göreýin, diýip eline telefonuny alanam şoldy, iş ýerinden jaň geldi.... Howlukmaç ädimini çaltlandyrdy. Iş ýerine baranynda, iş sapary bilen daşary ýurda ugradylýanlygyny, näçe gyssansa şonça gowy boljagyny duýdyrdylar. Mundan öňem iş sapary bilen birnäçe gezek gidipdi... Ýöne bu gezek iş saparyna gitmeklige hiç hili aýagy çekmedi. Şu oý-hyýal bilen gümra bolup, göwünli-göwünsiz, iş saparyna taýynlyk görüp başlady. Birdenkä başlygyndan öz ýerine başga işgär ugratmagyny haýyş etmek pikiri geldi we şol maksat bilen iş otagyndan çykyp , başlygynyň otagyna tarap ädimini ädip başlapdy. Şol wagt yzyndan Tahyrym diýip, gulagyna tanyş ses geldi. Yzyna seretse özüniň işdeş halaşýan gyzy, mähirli ýylgyryp gelýärdi. Ýigidiň bar pikiri başyndan uçup gitdi. Gyzyň şeýle ýylgyrşyny öň birnäçe gezek görenem bolsa, häzirki ýylgyrşynda, bir jadyly güýç bar ýaly, dünýäni unutdy. Sebäbi özüne mynasyp gören we durmuş gurmagyň kül-külüne düşüpdi, hatda bu barada ikisi maslahat edip, sawçylyga iberiljek gününiň sähedini hem özara belläpdiler. Yzyna öwrüldide gyz bilen iş otagyna girdi. hem de öz aralarynda mesawy gürrüň alyşdylar . Gyzyň ilkinji söz açmasy bilen oglanyň iş saparyna gitýänliginiň uly abraýa ýetip, gowy iş görkezendigini we köp kişiniň beýle üstünlige ýetip bilmeýändigini aýdyp, ony ýürekden gutlady. Garaz, ýigidiň gowy tarypyny ýetirip, hatda özüniň käbir joralarynyňda ikisiniň halaşýanyna gözi gidýändigini aýtdy. Bu ikisi işe başlandada deň işe kabul edilipdi. Şonda ikisiniň tötänlikde duşuşmagy şu günki günde hem işdeş ýoldaşlarynyň dilinden düşenok, ilkinji işe kabul edilýän günleri bolansoň, gökden düşen ýaly iş resminamalaryny kärhananyň başlygyna alyp, gelýärkä, biri birine petepet gabat gelip, çakyşyp, elindäki kagyzlary gaçyrypdylar. (göýä, hindi kinolaryndaky ýaly) ýalňyşlyk bilen resminamalaryny çalşan bolsa nätjek, gyz eýýäm başlygyň otagyndan çykyp, gelýän ekeni, ýigit bolsa indi kabul edilmelidi. Bu waka oglany ilkinji güni utanja goýupdy. Ondan bäri birýarym ýyl geçdi, indi bolsa kärhananyň işgärleri bu ikisine degişip, Zöhre Tahyr ýada Şasenem Garyp diýip ýüzlenýärdiler. Umuman alanyňda hakyky adyny tutýanam ýokdy, Üstesine başlygyda oglana Tahyrjan ýada Garybym diýýärdi. Başda ýokyş görenem bolsalar-da, soňabaka özleri hem biri birine şeý diýip, ýüzlenip başladylar. *** Gyzyň öwgüsinden soň, öňem özüni unudan ýigit indi hasam, kellesi başga hyýallarda gaýyp başlady. Gyz: - Garybym biziň toý tutmak pikirimizi, sen iş saparyndan gelen soň, sähetli günini belläýeli, diýdi we ýylgyrdy-da: özüňem bu barada kakaňa aýdyp, begendirersiň hemde sawçylyga iberersiň diýdi. Şol wagt ýigidiň kakasyndan gelen haty ýadyna düşdi we ýene öýkeli hüňürdäp. Aý, bilmedim.... kakam hata ýollapdyr, gyssagly ýagdaýda bolanym üçin öýde tekjä oklap gaýdyberdim, ýanymda alyp gaýdaýanymdada boljakdy welin, bu hakda oikirem etmändirin... - Şeýlemidi asyl, onda saňa möhüm bir zat aýtmak islän bolmagyda mümkin ahyryn. - Bilmedim.. şol öýden git diýenden bäri, men jaň edemok, özide jaň edenok, öýlenjek diýäýenimde-de ýumşar öýdemok. - Elbetde ýumşar, ol seniň kakaň ahyry, seniň özüň hem şol kejirligiňi edip ýörşiň. bir gezek halyndan habar tutsaň, öýkesi ýazardy. - Näbileýin, öň birnäçe gezek sowgadam, kemçilik çekmesin diýip pulam ugratdym, baryny yzyna iberipdir. Kakamy menden gowy tanaýan dälsiň. - Ýöne bu ýerde başga zat bar, hat ýazany geň galdyrýar, jaň edip bilmese-de, sms arkaly näme aýtmak islesede bordy ahyry. Belki bir zat bolaýdymyka.... Toba her näme-de bolsa, jany bir sag bolsun. Şonuň üçin iş saparyna meni dälde, başga bir işgäri ibermekligi, haýyş etmek maksady bilen, başlyga ýüz tutmaga barýadym. Sen näme diýersiň, maslahatly don gysga bolmaz diýilýär. - Gyý, oglan o nähili başga kişi, seniň ýaly iş saparyna gitmeklik hiç kime ýetdirip baranok, onsaňam bu iş ýöne iş däl bolmaly, göni saňa bagly iş, senden başga hiç kimi gözöňüne getirmeýän bolmaly, Başlygam seni ibermek islän bolsa, haýyrly bir işiň başyny tutan bolmaly. meniň pikirimçe sen inkär etmeseň gowymyka diýýän, kakaň barada bolsa alada etme, özüm habar tutaýaryn. Öýkesi bolsa, sen gelinçäň ýaz ýaly eräp gider. - Ýogsa-da, sen näme, kakamyň ýanyna baragada, men ogluň bilen halaşýan, siziňem geljeki gelinligiňiz diýäýjekmi? diýip, oglan myssa ýylgyrdy. - Ýokla, heýem men şeý diýmände başga söz gytmy? bu işleri maňa goý, özüm hötdesinden gelerin, iň gowysy sen ýol şaýyňy düwde, taýynlan öýüňem, kakaňam, hatyda alada etme. Üstesine-de öňkiň ýaly sowgatlyja gelgin, diýip ýylgyrdyda üstünlik diläp, otagdan çykyp gitdi. Şu wagt hem Selbi şol Güljemal daýza bilen gepleşýärdi. Ol nämedir bir zatlary gürrüň berýärdi. Birdenkäde Gerçek gitmezden öň kakasyndan habar aljakdygy we hat barada aýdanda, Güljemal daýza telofonda bolsada sesi bir tüýsli üýtgäp gitdi, Selbiden hat barada anyk bilmek üçin birnäçe gezek sorady. Selbi : -aý Güljemal daýza, haty Gerçegiň özüde okamandyr. Ýöne men kakasyndan habar alaryn diýip ynandyrypdym Gerçegiň gelmeli wagtam golaýlady ahyryn, diýip howsalaly jogap berdi. - Wah gyzym, Selbijan sen kakasyny alada etmän şol haty okap bilermiň diýdi. Selbi biraz dymdy, soň şadyýan jogap berdi. - Bolýa, bolýa, kakasynyňam alajyny tapdym, hat barada bolsa, siz alada etmäň, okarynam we size mazmunyny aýdaryn. Haty okanym bilen Gerçek bilsede gatyrganasy ýok diýdi. ondan soň başga gürrüň aýdyşmadam hoşlaşyp, jübi telefonyny öçürdide, Gerçegiň goňşy gyzynyň telefon belgisini gözläp başlady. Uzak eglenmän derrew jaň aýlamaga durdy. Jaňy uzak eglenmän jogap berdi. - Alo, salam ! - Alo, salam, Oguldursunmyka? - Hawa, hawa aýdyberiň. - Meni tanadyňmy, Gerçegiň işdeşi, Selbi men. -hawa tanadym, näme hyzmat. - Aý, neme, Gerçegiň kakasynyň halyndan habar alaýyn diýdim, özi şu wagt iş sapary bilen daşary ýurda gidipdi, özem bir, iki günden gelerem welin, habar al diýen soň, sen ýadyma düşüp, saňa jaň edip durşum.... Kakasynyň ýagdaýlary gowmy. - Wiý şeýlemi, alada galmak hökmanam dälle, gowy, gowy, işi bilen gümra bolup ýörşi, şu wagt hem ýanyndan gelip, durşum diýdi. - Hä şeýlemi, gowy bolsa bolýa, eger zerurçylyk çyksa, maňa jaň edäý, diýip, mylaýym gürleşdide hoşlaşyp telefony goýdy. indi näme etmeli, bir bahan edip, başlykdan rugsat alaýynda, Gerçegiň öýüne baryp haty okaýyn diýen pikir geldi. Näme bolsada, Gerçek iş sapary bilen gideninde, öňem, häzir em öýüniň açaryny Selbä goýup, gidipdi. umuman Gerçek Selbini şeýle bir söýýärdi, heý goýaý. ähli zadyny şondan başga ynanmäýardy, hatda özüniň käbir aýtmasy kyn bolan diýmeseň, ähli syryny paýlaşýardy. Garaz Selbi özüniň alçaklygy, näzi, owadanlygy we mekirligi bilen Gerçegiň daşyna ýylan ýaly çolaşypdy, indi Gerçek meniň diýenimden çykmaz diýen pikirdedi. Şol sebäpli haty okap göräýendede, onuň şahsy işine goşulaýandada özünde şübhe duýmaýardy. şol maksat bilen rugsat alyp, Gerçegiň öýüne barmagyň külüne düşdi. «Selbi Gerçegiň iş saparyna gidenine 15 gün bolanam bolsa, öýüne gelmändi, diňe Güljemal daýza bilen gürrüňdeş bolanyndan soň, Gerçegiň hatyny okamak maksady bilen Gerçegiň öýüne gelipdi. Gapydan girip, bir sellem öýüň içine göz aýladyda, öýüň içini tertipleşdirdi, arassaçylyk geçip çykdy, bu onuň iň ýönekeý we gowy görüp gümra bolýan işidi. Şol sebäpli günüň batyp barýanynam unudan bolmaly. näme üçin gelenini unudan ýalydy, ýöne howlukman hereket edýärdi, ýuwaşlyk bilen haty eline aldy we ýan torbasyna saldyda, öýüne tarap ädimini gyssanmaç ädimläp ugrady. Öýüne gelip agşamlyk edinenden soň, öz otagyna geçdide, emaý bilen bukjanyň gatyna zeper ýetirmän, açdy we okap başlady. Uzak okamaly hem bolmady, "Salam oglum, meni alada etme, janym sag, goňşular meni ýekesiredenok, jaň edip, rahatsyz etmäýin diýdim, hat bilen beýan edeýin diýdim, umuman aýdanyňda sen mamla". Selbi haty okap, näme pikir etjeginem bilmedi, hatda gülesem geldi, Gerçegi şonça alada goýan hat üstesinede Güljemal daýzada alada etdiren hat şu sözlermi. diýip, pyşyrdap göýberdi. Her näme bolsad Selbi ýüregine sowuk suw urdy, hemde hat barada Güljemal daýzada jaň edip aýtdy. Öz aralarynda birnäçe wagt gürleşip şadyýan gülüşdiler. Ertesi gün Selbi, işine baranda Gerçegiň iş saparyndan gelendigini eşitdi we başlygyň otagynda wagty, Selbi Gerçegiň otagyna bardy-da, bukjany öňküsi ýaly edip, ýelimläp, ýanynda kiçijek ýazgy goýdy. - Ezizim, öýüňi tämizledim, bukjany hem alyp geldim we ýene-de maňa duşman hiç ýere gidäýmegin. Ogşaýan - diýip bukjaly hatyň üstünde goýup gitdi. Soňlanmadyk. dowamyny indi ýazmaly. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||