10:24 Syrly jümleleri çöşläp... | |
Söz manysyn biler bolsañ...
Türkmen dili
SYRLY JÜMLELERI ÇÖŞLÄP... • Ulama Bu söz alym sözüniñ köplügidir. Orta asyrlarda medresäni tamamlap, şerigat kada-kanunlaryny hem durmuşda ýüze çykýan sowaly änigine-şänigine çenli düşündirip bilýän adama halk içinde ulama diýlipdir. Ulamalaryñ hormaty iki dünýäde hem belent hasaplanypdyr. Hatda yslam alymlarynyñ tassyklamagyna görä, öwlüýä zyýarata baran ulamanyñ hormatyna Allatagala öwlüýädäki günäli merhumlara şol gün gabyr azabyny-da bermeýän bolara çemeli. Nyzamy Aruzy (XII a.) "Çaher makala" atly eserinde dünýäni saklap duran dört sütüniñ biri diýip, ulamalary hasap edipdir. • Eren Är sözüniñ köplügi bolup, "ýetişen, weli derejesine ýeten ynsan" diýen manyny berýär. Gündogar halklarynyñ düşünjesi boýunça şu dünýäde weli derejesine baran adamlar aradan çykandan soñra hem, ynsana aram-aram kömek edip bilýärmişin. Weli adamlar dünýäden gaýdansoñ erenlere goşulýarmyşyn. Halk içinde erenler 360 diýlip düşünilýär. Türkmenler meşhur şahsyýetlerini erenlerden ak pata alan diýip düşünýärler. Mysal üçin, Görogly erenlerden ak pata alyp, 120 ýaşa eýe bolup, duşmanlary kül-peýekun edýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem "Turgul diýdiler" ýaly birnäçe goşgularynda özüniñ erenlerden ak pata alandygyny nygtaýar. Diýmek, halkymyzdaky düşünje boýuna erenler Allanyñ adamzatdan bolan wekilleri hasaplanyp, habarçylyk hyzmatyny ýerine ýetirip, älem-jahanda adalatyñ dabaralanmagyna, haýryñ artmagyna uly goşant goşup durýarlar. • "Guş dili" Poeziýada "guş dili" öwrümli hem çylşyrymly meseleleri aýlawly ýollaryñ üsti bilen beýan etmek üçin ulanylypdyr. Orta asyrlarda ussat şahyrlar "guş diliniñ" üsti bilen gadagan temalar hem meseleler hakynda-da öz pikirlerini aýtmagy başarypdyrlar. Sebäbi bu dile diñe ony bilýän adamlar düşünip, adamlaryñ esasy bölegi "guş dilinde" beýan edilen eserleriñ asyl manysyna düşünmändirler. Allanyñ emri bilen "guş dilini" ilkinji bilen ynsan Süleýman pygamber hasaplanýar. Şonuñ üçinem Gündogar halklarynyñ arasynda Süleýman pygamber ynsyň-jynsyñ diline düşünen adam hökmünde tanalýar. Ilkinji gezek şygyr dünýäsine "guş dilini" ymykly girizen Gündogaryñ meşhur piri hem şahyry Ferideddin Attardyr, çünki onuñ bu dilde ýazylan "Guşlaryñ söhbeti" poemasy bar. Ferideddin Attar ol poemasynda Hudaý hakynda otuz sany guşlaryñ obrazynyñ üsti bilen allegorik (göçme) häsiýetli pikir ýöredýär. Ferideddin Attardan soñ ussat şahyrlaryñ arasynda "guş dili" bilen pikirini beýan etmek gaty ýörgünli bolupdyr. Hatda meşhur türkmen şahyry Ýunus Emre-de: Guş dilini bilerem, Süleýmandan miras maňa - - diýip, özüniñ bu syrly dili bilýändigini hem ylymly adamlaryñ düşünýän gizlin ýoly bilen pikirini beýan edýändigini ýazypdyr. Türki halklaryñ beýik akyldary Alyşir Nowaýynyñam gös-göni Ferideddin Attaryñ täsiri bilen ýazylan "Lisan et taýr" ("Guş dili") atly eseri bar. Soñabaka şahyrlaryñ arasynda "guş dilinde" eser ýazmaklyk ussatlygyñ derejesi hökmünde kesgitlenipdir. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ-da "Jan içinde" ýaly birnäçe goşgulary "guş dilinde" ýazylypdyr. Şeýlelikde, diñe "guş dilini" bilen şahyrlar poeziýada özleriniñ ähli pikirlerini aýlawly ýollaryñ üsti bilen erkin beýan etmegi başarypdyrlar. Şahyrlaryñ "guş dilini" bilmegi, hakykatdanam, olaryñ ussat, halypa şahyrdygyny kepillendiripdir. • Ýagşyzada Bu söz köplenç "eren" diýen düşünjäniñ sinonimi bolup hem gelýär. Ýöne ýagşyzadanyñ erenlerden tapawudy onuñ weli bolmagy hökman däl. Ýagşyzada özüniñ edebi hem haýyr işleri bilen halk içinde uly abraýa eýe bolan ynsandyr. Ýagşyzada sözüniñ "ýagşy" bölegi gowy-haýyr sözüniñ sinonimi bolup, onuñ "zada" bölegi ogul-perzent sözüniñ sinonimidir. Şeýlelikde, ýagşyzada gowulygyñ-haýryñ ogly diýen manyny añladyp, bu ada halk üçin has haýyrly işleri eden ynsanlar mynasyp bolýar. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |