16:39 SZC tapawudy | |
SZC TAPAWUDY
Publisistika
Mediallaşma... Bu adalga 90-njy ýyllardan bäri ulanylýar. Mediýanyñ syýasaty, ykdysadyýeti, dini medeniýeti, şol sanda jemgyýeti, ýurdy nähili özgerdendigi hakdaky sowala jogap gözlemäge başladylar. Meselem, Bremen uniwersitetiniñ professory Andreas Hepp kitap ýazdy: “Mediallaşan medeniýetler.” Kitapda şu sowallary orta atdy: - Mediýa, reklama we täze aragatnaşyk organlary bilen şekillenen bu populýar medeniýet sferasyndan nähili adamzat dörär? - Mediýanyñ şekillendiren syýasy ykdysady medeniýetsizliginiñ täsirlerine sezewar bolan adamzat näderejede sagdyn jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyk gurap biler? Andreas Hepp Ine... Mediallaşan durmuşyñ nämäni ýüze çykarandygyny görýäris: Sözüñ doly manysynda çüýremek! Täze sığ “reallygy ” dayatan bu medial “kiber” hüjüm, sözüñ doly manysynda medeniýetsizligi döretdi. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa: Esasy alada ýurdumyzda teleýaýlymyñ işini ýola goýmak däl-de, jemgyýetçilik özgerişi sagdyn forma getirmek bolmaly... Şu gün işe başlan täze SÖZCÜ TV/SZC-niñ maksady-da, size diñe täzelikleri, iñ soñky habarlary ýetirmek däl-de, ýurduñ durmuşyndaky adatdan daşary çüýreýişiñ öñüni almak. Ýurdy goramak üçin "kibergalkan" bolmak... Şular ýaly agyr wezipäni boýnuna alan kärdeşlerimiñ işi hakykatdanam kyn. Ýöne şuny magat bilýärin: - Ýok edilen adalat ýaly gymmatlyklaryñ bardygy ýatladarlar... - Içi köwülen watan, halk, garaşsyzlyk ýaly düşünjeleriñ hakyky many-mazmunyny ýatladarlar... - Utanç duýgusynyñ bardygyny ýatladarlar... - ýatladarlar. Meselem: * * * Añ-düşünjäm, garaýşym, duýgularym sebäpli... türk syýasy durmuşy bilen gatnaşmaz ýaly ýagdaýa düşdüm. Elli müñe golaý adamymyz öldi. Şäherlerimiz ýok boldy. Syýasatyñ üns merkezinde bolsa saýlaw bar! Syýasatçylaryñ köpüsiniñ güni geldi, häkimiýet we oppozisiýa muny "sese" öwürmegiñ ýaryşyna girdiler! Haýp. Olar üçin gynanjagymy, utanjagymy biler ýaly bolmadym... Mediallaşmagyñ netijesi bu: özüne we maşgalasyna dahylly däl gynanja saýrylaşmak, parhsyzlaşmak. Şekspir şeýle diýipdir: "Gynanç bir sagady on sagat ýaly edýär". Gelsin, biziñ ýurdumyzdaky syýasatçylary bir görsün: gynanjyñ bir sagady bir sekunda çenli-de dowam etmedi. (Käbir ýek-tük syýasatçyny bulardan aýry görýän.) Hakykatda syýasy razlom halkasynyñ jemgyýetçilik durmuşynda goduklama döredendigini hiç kim görenokmyka? Ine... Şu sebäpli alternatiw mediýa häzir ýiti mätäçligimiz bar... * * * Gynançly günlerimizde saýlawyñ gürrüñini etmek diñe ahlak problemasy däl. Biz diñe janlarymyzy ýitirmedik. Bütindünýä banky ýaly global guramalara çenli ýer yranmasynyñ ykdysady ýitgisi boýunça maglumatnama taýýarlady. Ýurt şeýle agyr ykdysady ýüküñ astyndan nädip çykarka? Şonsuzam býužet boşlañlygy, işsizlik, inflýasiýa we beýleki faktorlar sebäpli ýurt agyr ykdysady krizisiñ astynda. "Durnañ üstüne urna" diýlen ýaly şindem uly ýer yranmasy! Saýlawlar bilen ýurduñ ykdysadyýetiniñ arasynda köp ugurly gatnaşyk bar. Ýagny, saýlaw diýmek - gaznadan gitmeli pul diýmek! Şular ýaly döwürde gaznanyñ partiýalara saýlaw ýardamyny etmeginiñ býužete täze ýük getirjegini bilmek üçin ykdysatçy bolmagyñ geregi ýok. Ýer yranmalarynda heläkçilik çekenleriñ ahy-nalasy diñmänkä partiýalara milliardlarça liralyk saýlaw pulunyñ berilmegini halka nädip düşündirjeklerkä? Serediñ: Kanuna laýyklykda gazna kömegi halk deputatlarynyñ saýlanýan döwründe üç esse ýokarlanýar. 2023-nji ýylyñ saýlawlary alkymlap gelýärkä Ýokary Saýlaw edarasy tarapyndan saýlawyñ geçirilýändigi hakdaky yglannamasy çykandan soñ on günüñ dowamynda partiýalar täze tölegler geçirilmeli. Meselem, gazna diñe AKP-ä 1 milliard 961.3 million lira bermeli, JHP-ä bolsa 1 milliard 43.9 million lira... A beýlekileri? Jemi alanda, gazna partiýalara 5 milliard lira golaý pup geçirmeli. Gürrüñsiz... Partiýalar haýyr-sahawat kömeklerindenem ep-esli pul toplarlar Ýer yranmasynyñ ýetiren zyýanlaryny düzetmek üçin sarp etmeli pullar saýlawlara sarp ediler! Şunuñ ýaly zatlara ünsi çekmek, tapawutlylyk döretmek maksady bilen SÖZCÜ TV (SZC) aýny wagtynda işe başlaýar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |