17:37 Tañry saña ynanýarmy? | |
TAÑRY SAÑA YNANÝARMY?
Filosofiýa
"Güneşli duşenbeler" ("Los lunes al sol"/«Понедельники на солнце») çeper kinofilimden şu replikany ýadyñyza saljaklar bardyr: “Tañra ynanyp-ynanmaýanlygyñ esasy zat däl, esasy zat - Tañrynyñ saña ynanýanlygy.” Bu jümläni bir musulman hökmünde menem şu görnüşde aýdasym gelýär: Tañra ynanýanlygyñ - Tañrynyñ saña ynanyp biljek ahlagyna eýe bolmak bilen amala aşyp biler. Tañry pikiri adamy bar kylyşy deý, adam düşünjesi bilen her gezegindw özüni-de bar kylýar. Tañry bilen ynanýanyñ arasyndaky gatnaşyk garşylyklaýyn esasda bolup geçýär - Allanyñ atlarynyñ arasynda "El-Mömin" diýen adyñ bolmagy tötänlik däl bolsa gerek. Mömin ynanýan we ynanylýan adamdyr, biz Allaha hem ynanýarys, hem bil baglaýarys. Ýeri, Tañry nädip bir adama ynanmak isleýär? Bu sowal islendik ynanýan adamy gyzyklandyrmalydyr. • IMAN - ORTALYK (BITARAP) NÄRSEDIR Täsindigini: “Imanyñyz size nähili erbet zady buýurýar” ("Bakara" süresi, 93) diýýän aýat bar, diýmek islendik iman ýagşy işleri buýrujy, ýagşy işleri ediji häsiýete eýe däl. Islendik gymmatlyk ýaly imanam ortalykdyr (bitarapdyr), ony gözellige öwürjegem ynanjyñ özenidir, eýesiniñ tutumydyr (özüni alyp barşydyr. Mysal üçin, “Meniñ Hudaýym meniñ ýaly ynanmaýanlaryñ öldürilmegini emredýär” diýýän adamyñ imany “oña nähili erbet zady buýurýar”. Ýa-da "men imanly adam" diýýän bolsa, onda şol adam ýalan sözleýändir, adamlary aldaýandyr, şahsy bähbidi üçin her dürli ahlaksyzlygy edýändir we muña-da hut şol imanyñ özi jogapkärdir. Diýjek bolýanym, imanyñ hakyky durmuşda bir garşylygy bar bolsa, onuñ Tañrynyñ gatynda-da garşylygy bardyr. Tersine bolanda, ol iman diñe gury sözden ybarat bolardy. • IMAN - ERKINLEŞME HEREKETIDIR Iman - kişiniñ özüni has ýokary erada, erk-ygtyýara göterme islegidir. Allaha iman - kişini gurşap alan ýagdaýlara garşy erkinlige barýan ýoly arçamak diýibem düşünse bolar. Galyberse-de, masiwa (kişini gowulyklardan daşlaşdyrýan we adama mahsus hemme zat) bizi bizi boýun egdirmek isleýär, şol sanda, biziñ egomyz adamkärçilikli özenimiziñ orta çykmagyna päsgel bermäge çytraşýar. Ýogsa ahlak ärdemliligimiz bilen adam bolup bileris. Bizi adamkärçiligimizden jyda düşürýän isleg-arzuwlarymyza garşy gidip, özümizi has ýokary erada tarap aşyrmaga bolan hereket bizi erkinleşdirýändir. Muña köptaraplaýyn (uniwersal) ahlak kadalary bilen utgaşma hereketi diýseñem bolýar. Tañrynyñ adama ynanmagy, bil baglamagy, onuñ bilen ylalaşyga gelmegi ("Araf" süresi, 172) Tañryny adama adamyñ özüne ynam bildirişinden has artyk ynam bildirýändigini görkezýär. Ynamyñ iñ esasy häsiýeti garşylyklaýynlykdyr we mümkin boldugyça muny pese düşürmezlikdir. Hususanam, ýokardaky agzalan replika dolanyp barmaly bolsak, Tañry saña ynandy, emma, barlyk hökmünde sen ol ýerde ýok bolsañ, hiç bir gatnaşykdan söz açyp oturmagyñ hajaty ýok. Iman - “Sen Ondan razy, Olam senden razy ýagdaýda Rebbiñe dön” ("Fejr" süresi, 28) gatnaşygynyñ aýdyñ ýüze çykmasydyr. • GARŞYLYKLAÝYN RAZYLYK NÄHILI GAZANYLÝAR? Tañry metafiziki barlykdyr. Metafiziki barlyga bolsa, adamyñ fiziki barlygyna düşünmezden many-mazmun çaýmazdan ýetmek mümkin däl. Hususanam, ynanç özüne we öz tarapyndakylara hem-de öz jynsdaşlaryna ynam bildirmek bilen başlaýar. Şol sanda başgalara ynam bildirmek hem wajypdyr. Eger ynam duýgusy ýiten we hiç kimiñ hiç kime ynamy bolmadyk bolsa, ynanjyñ (Tañra imanyñ) gözden geçirilmegi gerek. Kesgitli sözümi aýdýaryn: ynamyñ ýok ýerinde imanam ýokdur. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 23.11.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |