08:04 Tansyñ täsin döreýşi | |
TANSYŇ TÄSIN DÖREÝIŞI
Edebi makalalar
Onlarça ýyllaryň dowamynda türkmenlerde tans bolmandyr diýip ýazyldy. Bu pikire öz alymlarymyzam goşuldy. Kommunistik ideologiýanyň sözde garyby gowy görmek häsiýeti diňe adamlaryň aýrylykda başyny aýlaman, geçmişi öwrenilmedik, tozgun halklara-da ýaýraýardy. Bilimsiz, nadan halk sähelçe hemaýata-da monça bolar, alkyş aýdar oturar diýen isleg, ynam bardy. Islege-de ýetdiler. Uçdantutma sowatsyz, malyň yzynda taýagyny süýräp ýören türkmen sosializme towusdy geçäýdi. Medeniýeti pajarlap ösmeli sosialistik milletde tans bolmasa gelşiksiz bolar-a! Ideologiýanyň almajak galasy bolmaz, nädersiň, çokaýyny süýräp ýören türkmen täze mazmunly tanslara maýyl bolup böküberse! Türkmenler üçin milli tans tapmaly diýen görkezme berildi. Tapaýjak adamlar çagyrylyp getirildi. Olar halkyň geçmişi, gylyk-häsiýeti bilen gyzyklanyp ýörmediler, rast türkmen tans etmänmi, gözläp ýörmegiň zerurlygy-da ýok. Hudaýa şükür, sazy bar ekeni, hereketi tapsa bolar diýdiler. Ondan aldylar, mundan aldylar, tasladylar. “Bibijan” diýdiler, “Pyýala” diýdiler, garaz, sosialistik mazmunly medeniýet geçmişi garyp türkmene milli formaly tans döredip berdi diýmäge delil etdiler. Bu tanslar konsert nomerleri üçin öwrenildi, emma halk köpçüligi olary meýletin öwrenjek bolanokdy. Olar halkyň häsiýetlerine gabat gelenokdy, nätanyşdy, köpçüligiň durkuna, aňyna gabatlaşanokdy. Ondan-mundan işlemäge gelýänler gazanç üçin, at üçin ýene bäşlän-üçlän “türkmen tansyny” gurnap berdiler. Halkyň welin, göwni bir ýaly, toý şagalaňynda ürç edip goňşy halk- laryň köpçülikleýin tanslaryny oýnap başlady. Günbataryň ýomutlary öz tanslaryny edip ýören ekeniler, asyl biziň habarymyzam ýok, ne olar hakynda ýazýardylar, ne-de bir görkezýärdiler. Ýazyberseler görüň, türkmenler tans edýär eken-ä diýilmegi ähtimaldy. Garaz, neneňsi ýagdaý bolandygyna garamazdan, ahyry "Küştdepdi" tansy merkeze aralaşdy, folklor hökmünde sahnalara çykdy. Indi ony diňe günbatarda ýaşaýanlar oýnanoklar, türkmeniň ähli welaýatlarynyň toýlarynda oýnalýar. Indi türkmeniň tansy bolmandyr diýip dissertasiýa ýazanlar nätmeli? Olaryň ýalňyşypdyrys diý- mejekleri belli. Olar başga ýol tapyp gygyryp ugradylar: “Küştdepdi” halk tansy däl, ol dini ritual, ony propagandirläp başlasak, söweşjeň ateizmi gowşadarys” diýdiler. Ýöne sada halk göwnünden turan zady alyberýär, ulanyberýär. Muňa “Küştdepdi” jaýdar mysal. 1968-nji ýylda režissýor Bulat Mansurow rus ýazyjysy Andreý Platonowyň “Takyr” hekaýasynyň äheňinde “Gyrnak” atly çeper filmi gutarypdy. Filmiň ykbalynyň ýeňil bolmandygyny, ondan birnäçe bölegiň Merkezi Komitetiň emri bilen aýyrdylandygy barada men öň ýazypdym. Häzir tans bilen bagly bir görnüşini ýatlajak. Hally baýyň alamana ugraýan atlylary kasam içip, bir çukura tüýkürýärler. Olaryň hereketleri “Küştdepdi” tansynyň ritmini ýatladýar. Bu epizody filmden tutuşlygyna zyňdyrdylar, siz türkmeniň geçmişini ýoýýarsyňyz, mertebesini peseldýärsiňiz diýdiler. Sungatyň döremegine dini rituallaryň ýardamyny inkär etmek mümkin däl. Din hem özboluşly medeniýet, ony halkyň umumy medeniýetinden aýralykda göz öňüne getirip bolmaz. Eýse, häzir Ýewropanyň ösen sungatyny hristian dininden üzňelikde göz öňüne getirip bolarmy? Ýok. Adamzat durmuşynda tansyň döreýişi örän täsin Awstriýanyň görnükli ýazyjysy, filosofy, Nobel baýragynyň eýesi Eli- as Kanettiniň “Köpçülik hem häkimiýet” atly ajaýyp kitabyny okanymda şol täsinlige göz ýetirdim. Kanettiniň pikirine salgylanyp aýtsak, has gadymy döwürde adamlaryň bilimi olaryň töweregini gurşan haýwanlaryň gylyk-häsiýetlerni öwrenmekden başlapdyr. Adam şol haýwanlary awlapdyr, olaryň hüjüme duçar bolupdyr. Haýwanlaryň hereketleriniň ritmine görä parhlandyrmagy başarypdyrlar. Adamyň ilkinji özleşdiren elipbiýi ýerdäki yzlar bolmaly. Gulagyna eşidilýän galmagaly şol yzlara gabatlaşdyrmagy endik edinýär. Aglaba uly sürülerden galýan yzlar ünsi çekýär. Kiçijek topary düzýän adamlar haýwanlaryň sürüsine garanyňda özleriniň ujypsyzdygyna düşünipdirler. Olar hemişe aw gözläpdirler, şol bir mahalda-da olar özleriniňem sanynyň köp bolmagyny küýsäpdirler, köpelmäge isleg döräpdir. Sürüdäki haýwanlaryň köplügi, şolar bilen baglylykda özleriniňem sanyny artdyrmaga ymtylyş olaryň kalbynda galkynyş duýgusyny döredipdir. Şol duýgyny olar köpçülik bolup bir ritmde aňladypdyrlar. Esasy agram aýaga düşüpdir. Ädimleriň çaltlygy, yzygi- derli gaýtalanmasy adamlaryň sanynyň köplügini aňladýan alamat bolup hyzmat edipdir. Olar kiçiräk aýmançadan çykman, şol bir hereketlerini gaýtalapdyrlar, gaýtaladyklaryça-da hereketleri çaltlaşypdyr. Şeýdip, sanlarynyň azlygynyň öwezini dolupdyrlar. Aýaklarynyň tapyrdysy güýçlendigiçe adam sany artyp barýan ýaly bolupdyr Şol pursat olaryň aňynda san taýdan süri bilen tapawut ýitipdir, özlerini güýçli saýypdyrlar. Şeýlelukde, tans döräpdir. Ösüş taýdan Afrikanyň yza galan taýpalarynyň tanslaryna seretseňiz, ýokarky elementleri saýgarmak kyn däldir. A.Golanyň belleşiçe, ilkidurmuş ýöntemligindäki taýpalarda keramatly ruh tans edýän adama ylham berýär diýen düşünje bolupdyr. Tans sungatynyň gözbaşyndaky çeşmeler bir däl, birnäçe. Dini ynançlaryň, kultlaryň gapdaly bilen şahsy düşünjeleriň, duýgularyň ýetirýän täsiri-de önjeýli. Gadymy medeniýetiň ösüş ýolunda tansyň dini ritual bolandygyna has üns berse bolar. Hindileriň ynanjynda doga okamazdan tansa başlamak oňlanmandyr. Hristiançylygyň ilki döwürlerinde tans butparazlygyň elementi hökmünde ýazgarylypdyr. Dogrudanam, neolit zamanynyň ynançlary, Beýik Aýal hudaýyň kulty bilen bagly dessurlarda ýerine ýetirilen ritual tanslar şeýle diýmäge esas berýär. Ilkidurmuş medeniýetinde tansyň nähili ynançlara hyzmat edendigini bu gün siwilizasiýanyň ösüşinden yza galyp, gadymy däp-dessurlaryny öňki bolşunda saklan taýpalaryň rituallarynda görýäris. J.Frezeriň “Altyn şahasynda” muňa mysallar bar. Madagaskarda ärleri uruşdan dolanýançalar aýallar gyzlary bilen ýatman tans edipdirler. Eger tansy bes edäýseler, şol halat ärle- riniň öldürilmegi ähtimal diýen gorky olary ýadatmaýar. Tans dowam edýärkä erkekler has güýçli, has batyr bolmaly diýen ynanç olara höwes hem gaýrat berýär. Britan Kolumbiýasynda erkekler uruş ýodasyna düşen dessine aýallar tansa başlapdyrlar, ýeňişe ýardam beripdirler. Olaryň ähli hereketinde many bolupdyr. Ellerinde pyçaklary talawladyp, ujy çişli taýaklary zyňypdyrlar. Urşa mahsus hereketler jeň meýdanynda olaryň ärlerine hemaýat bermeli. Ynanjy, islegi hereketiň üsti bilen beýan etmek ritual tanslarda hasam göze ilýär. Muny “Küştdepdiniň” mysalynda tekrarlap bolar. M.Annamuhammedowyň “Magtymguly, gizlin syryň bar içde” diýen kitabyndan bir jümle: “Halkymyzyň fetişizm, totemizm, şamanizm, antropomorfizm ynançlarynyň dowam eden kultlary folklor, däp-dessur medeniýetimizde şu günki günem saklanyp galypdyr. Meselem, folklor medeniýetimizde täzeçe ruhy sypatlary alan “Küşt depdi”(bu däp-dessur Magtymgulynyň ýaşan sredasynda gaty meşhur) zikr-porhançylyk däbi örän gadymy döwrüň medeniýetinden galan nusgadyr. Arwah-jynlary kowmak, öliň ruhuny ruhlar dünýäsine uly içki joşgun, gam-gussa bilen ugratmak we hemaýatçy ruhlardan dileg dilemek zikri (ritual) biziň taryhymyza şamanizmiň eden täsiridir. Zikriň ady hem şondan galan, ýagny “küşt, küşt, küşt” diýilmeginiň özi zalym arwahy kowup, hassany, ölüni, derde uçrany goramakdan ybaratdyr. “Dep, dep, dep” bolsa, beladan soňky saplanyşdyr. Meselem, husurly garrynyň biline, aýagyna çykyp bolanyňdan soň, ýere aýagyňy depip, özüňden belany kowan ýaly, “depiň” manysy belany arwahy dep etmek manydadyr”. Sufizmde sama (sema -t.b.) diýen ugur bar. Ol “diňlemek” diýen manyny aňladýar. Samanyň döremeginde, ýaýramagynda XI asyrda musulman dünýäsine meşhur bolan şyh-pir Abu-Seýidiň, türkmenleriň atlandy- ryşy boýunça Mäne babanyň hyzmaty örän uly. Ol öňden halk arasynda belli bolan aýdymlary, rubaýylary alyp, olara täzeçe dini many berýär. Sopuçylyk söhbetleri gidip durka rubaýylary sazyň gapdaly bilen aýdýarlar, soňra ýuwaş-ýuwaşdan muňa tans hem goşulýar. Asyrlaryň dowamynda ol derwüşleriň ritual aýdymlaryna öwrülýär. Zikr hem şonuň hasylydyr. Halkyň tans sungatyny tarpdan döredip bolanok, onuň taryhy köklerini yzarlamaly. Islendik hereket ýöne ýerden döremändir, ol halkyň häsiýetini, täsin filosofiýasyny aňladýan özboluşly hatyň şertli belgisidir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |