23:38 Tapagan -7/ romanyñ dowamy | |
• On dördünji kyssa
Romanlar
• ÇEPIKSIJE ENÄNIŇ SYRY Atda tapagan tomsuň tüp yssysynda günorta çagy içi her hili tapyndydan doly giň otagda her aýagyny bir tapyndysynyň üstüne taşlap, çiň-arkan myrlap uklap ýatyr. Onuň başujunda ýaşy bir çene baran, çal saçly, çepiksije aýal aglamakdan ýaňa gyzaryp giden gözüniň ýaşyny negada bir sylyp otyr. Ol uklap ýatan pälwansypat Atda aram-aram umyt bilen seredýär, onuň turaryna garaşýar. Pälwansypat ýigit ýerinden tursa, enäniň göwnüne, daralan çytawun dünýäsine ýaz geläýjek, gazan deýin düňderilen dünýäsi göteriläýjek, solan bagty çarpara bolup açylaýjak ýalydy. Ýatan bagtyny, ykbalyny oýaryp biljek Atdady. Ene üçin ýatan ýöne bir Atda däldi, ýok, ýatan ene üçin öz bagtydy. Bagt Atda meňzäp ýatyrdy. Atdanyň oýanmagy ene üçin goşa oýanyş boljakdy: Atda oýansa, enäniň bagty hem oýanmalydy. Atdadan başga onuň ýatan bagtyny oýaryp biljek güýç bu älemde-de, o älemde-de ýokdy. Hudaý hasrat çekmegi enelere beripdir. Enelerem özgeler bir ejir çekmesin diýip ähli muşakgaty öz gerdenlerine alypdyrlar. Eneleriň hasraty bilen deňeşdireniňde başgalaryň hasraty witjik. Ine, Atdanyň başujunda oturan enäniň hasraty-da öz göwresinden çökder uly. Ene maşgalasynyň ähli betbagtçylygyny çekýär. Ýeke özi çekýär. Şu güne deňiç gözýaşsyz geçiren gününden, gözi ýaşly, gamly-aladaly geçiren güni känse kändir, ýöne az däldir. Ýöne onuň soňky bir hepdäniň içinde çeken hasratyny hiç bir şumluk bilen deňär ýaly bolmady. Hasrata çümüp oturan ene ýeke däldi. Onuň yzynda ýigrimi-otuz ýaş aralygyndaky iki sany girdeneje ýigit hem ýekedyz otyrdy. Türkmen ýasda başyna niredenem bolsa başgap tapyp geýýär. Bu iki ýigidem tomsuň jokrama yssysynda başlary telpeklidi. Telpeklerinden, enäniň perişan halyndan çen tutsaň, olaryň maşgalasynda kimdir biriniň ýogalandygyny duýup bolýardy. Olaryň umyt baglap oturyşlary ýogalan görgülilerini Atda ýalbaryp direltmekçi bolýana meňzeýärdi. Ýigitleriň eşiginden çen tutsaň, olaryň biriniň gara zähmet bilen güzeran dolaýandygyny, beýlekisiniň bolsa, gara zähmet çekmän maşgala ekleýändigini duýmak üçin üýtgeşik bir üşük gerek däldi. Ýüzi güne ýanan girdenäniň çal köýneginiň ýokarky iki iligi ýokdy, aşaky ilikleriniň hersem biri-birine meňzänokdy, köýneginiň ýakasy kirliginden ýaňa saň-gaty bolup durdy. Beýleki girdenäniň gara balagy täzeje ütüklenipdir. Akja köýneginiň üstünden gyzyl galstuk dakynypdyr. Ol ejesiniň gapdalynda başyny aşak salyp, elindäki bir penje açar daňysyny, «Palmall» çilim gutusyny saklap oturşy hasratly däl-de, haýbatlydy. Ol öwran-öwran ejesine: «Beýdip oturman, turuzaly-la. Näme, şazadamy bu? Tursun!» diýip iňirdeýärdi. «Wah, Atda janyň haçan ýatandygyny soramandyrys. Birazajygam bolsa ýatsyn, özi derrew turar-da» diýip, çepiksi ene töwella edýärdi. Ýakasy kirli ýigit bolsa: «Bir ýatan kişiniň törüne geçip oturman daşarda garaşalyň» diýip, zol-zol gaýtalaýardy, ýöne onuň sözüne pisint edilenokdy. Ene iki ogluň pikirine goşulman, Atdadan didesini aýyrman üznüksiz, sessiz gözýaş edýärdi. — Eje, aglamasana. Aglanyň bilen düzeljek zat ýok ahyryn. Aglanyň bilen kakamyz geljek bolsa, biz gije-gündiz gözýaş döküp Amyderýa ýaly derýa döretjeg-ä. Bize aňsatdyr öýdýäňmi? Biziň ýagdaýymyzam edil siziňki ýaly. Ýöne erkek kişi aglamaly däl diýseler, bar zady içimize salyp, içimizden aglap otyrys. Garamaýak ýigit söze goşuldy: — Biz nähak basga düşýän bolaýmalyň. Belki, kakamyz bir ýerden ýylgyrjaklap çykar. Kakam aýdýardy mydama: «Meni Ezraýyl başyna ýapsynmy?» diýip. Başujundaky pyşyrda Atda tapagan gazan ýaly kellesini galdyrdy. Görse, gapdaljygynda öz ejesiniň ýaşlaryndaky bir çepiksi ene gözlerini ýaşdan dolduryp, perişan halda otyr. Yzyndaky oturan iki kişiniň ogullarydygyny bilmek kyn däldi. Iki ýigidiň garaýagyz ýüzünde, selçeň gaşlarynda, başaşak goýlan nas kädä meňzeýän kellesinde gaty bir synçy bolmasaň hem ilki bakyşda duýlup duran meňzeşlik bardy. Ýanynda olaryň perişan halda oturmagy Atda tapagy derrew ukudan açdy. Nämedir bir zatdan howatyr edýän dek, ol ýuwaşja yza tesdi, bir gapa, birem oturanlara göz aýlady. — Turduňmy, ogul?! — diýip, ene sandyrawuk sesli dillendi. — Siz bu ýerde näme üçin aglaşyp otyrsyňyz? — Biz Çekir obasyndan geldik. Biziň aslymyza Seýit külal diýerler. — Men Seýit külaly tanamok. — Tanamaýan bolsaň, häzir gürrüň bereýin. Seýit külal Kerki begligi barka, şäherde külallyk eder eken. Işine çulum eken. Onuň ýasan zatlaryna Buharadanam, Marydanam, Antguýudanam hyrydar geler eken. Onuň Artyk, Möwlam, Jöwlan diýip üç ogly bolupdyr. Artykdan iki gyz, bir ogul, Möwlamdan bir gyz, Jöwlandan bolsa sekiz ogul, üç gyz galypdyr. Jöwlan edenli, diýenini gögerdýän, hötjet adam bolupdyr. Ol sekiz oglunyň körpejesine atasynyň adyny dakypdyr. Ana, şol atasynyň ady dakylan Seýit hem biziň kakamyz bolmaly. Meniň adamym, ýigitleriň kakasy. Ol işe berlen adam. Elinden dür dökülýär. Smeninden gelende külallyk edýär. Ol çopan. Ol kolhozda iň ökde çopan. Oňa hökümet üç gezek orden, iki gezek medal berdi. Bir gezek sergä gidip geldi. Ýöne şeýle ökde adam bolsa-da, bir kemi bar-da. Araga göwün beripdir. Moskwada sergide bolanda-da, içip-içip masgara bolupdyr. Oňa içmedik bolsa, Geroýlyk berjek ekenler. Indi bolsa bu iki oglum hakda aýdyp bereýin. Özüm hakda iň soňundan aýdaryn. — Dur, dur, jan daýza, dur. Maňa siziň awtobiografiýaňyzyň gerek ýeri ýok. — Sen Atda tapaganmy? — diýip, galstukly ogul sorady. — Atda tapagan men. — Onda diňlemeli bolarsyň. Aýdylanyny ýat tutup, soňundan gaýtalap ber diýýän ýok saňa. — Maňa bu gürrüňleriňiziň bir köpüge-de gerek ýeri ýok. — Bir köpüge-de gerek dälmi? — Bir köpüge-de gerek däl. — Be... — diýip, galstukly ýigit meseläni nähili çözjegini bilmeýän dek çuň oýa batdy. — Sen Atda tapaganmy? — Men Atda tapagan bolanymda näme? Siz içerik nädip girdiňiz? — Türkmende gapy gulplanýan däldir. Türkmende biriniň öýüne girilende «možnamy?» diýip soralýan däldir. Türkmen haýsy öýe barsa, edil öz öýüne baran ýalydyr. Bu biziň ata-baba ýöredip gelýän asylly däbimizdir. Ýa beýle däp-dessur Saganaly obasynda ýitdimi? — diýip, galstukly ýigit şelaýyn ýylgyrdy. — Ata-babalarymyz bilen işim ýok, dawamam ýok. Siziň bilenem işim ýok, dawamam ýok. Nätse şeýtsinler. Haýsy gapydan girýän bolsaňyz, şol gapydan giriň. — Kimiň öýüne?.. — Ata-babalaryňyzyň, ýöne meniň başujumdan aýrylyň. — Bizi kowýaňmy? Ata-babalarymyz gelen myhmany duşmanam bolsa kowmandyr, «Gelen — döwlet» diýipdirler. Geleniň öňünde duz-tagam goýupdyrlar, habaryny alypdyrlar. — Bir nätanşyň başujyna baryp, ata-babaňyz, yždymagyňyz hakda leksiýa okap oturyşyňyz göwnüňize makulmy siziň? — Biziň gyssagly işimiz bar. — Şo gyssagly işiňiz ýorganyň içinde bitirip bolýan işmi? — Ýorganyň içinde bitir, ýorganyň daşynda bitir, ol öz işiň, bize kakamyzy tapyp berseň bolýar. — Gaýrat et, kömek et, jan dogan — diýip, ýigitleriň ulusy — garamaýagy özelendi. — Biz tölejek. — Kakaňyzy eşigimi geýmän tanaýynmy ýa eşigimi geýenimden soň tapsam hem bolýarmy? — Näme aýnan bolýaň? Eşigimi geýdiriň diýmekçi bolýaňmy? — Galstukly ýigidiň gahary geldi. Atda öwhüldedi: — Gaýrat edip daşary çykyň. Men geýneýin. Onsoň, näme gürrüňiňiz bolsa diňläýin. Häzirki gürrüňleriňize-hä men düşünip bilmedim. Men geýneýin, el-ýüzümi ýuwup, ukudan mazaly açylaýyn. Gyssanyp aljak galaňyz bolmaz. — Nähili adam-aý sen. Saňa arassa türkmen dilinde düşnükli edip aýtdyk, biz gaty gyssanmaç diýip. Senem men geýneýin, men ýuwunaýyn, men ukudan açylaýyn diýen bolup, biziň betbagtçylygymyzyň üstünden güljek bolýaňmy? — Men geýinjek, öýden çykyň! — Ýörüň, ogullarym, daşaryk çykalyň. Atda dogry aýdýar. Ol geýinmese, ýuwunmasa pal atyp bilýän däldir. Bu görgülä-de düşüniň siz. — Myhmana daşary çyk diýen bolýar. — Men myhman çagyramok! Atdanyň soňky oýnam sözi iki girdenegiň öňem köräp duran gaharyny ýetjek derejesine ýetirdi. Galstukly ýigit durşy bilen titredi: — Şu ýaşymyza çenli daşary çyk diýen sözi hiç kim aýtmaga het edip bilmändi. Gaýtam, özüm aýdýan işgärime çyk daşary diýip. Bu sözüň üçin men dogram-dogram ederdim welin... — Ýörsene! — diýip, gara girdenek galstukly girdenegiň synyndan çekdi. — Owganda gulluk edenleň içinde kellesi abady ýok. Atda öňler ýarym ukuda halda hem ýarym sagat çemesi böwrüne diň salyp ýatyp, ukudan açylyşardy. Ýöne bu sapar ol derrew ukudan açyldy. Hasyr-husur geýindi-de, daş çykdy. Çepiksije ene onuň alkymyna dykylyp geldi: — Atageldi jan, sen meniň ogullaryma gaharlanma. Jany ýanan taňrysyna gargar edýär olar. Bagtymyz ýatdy biziň. Ogullarym bu mahal näme edip, näme goýanyny bilenoklar, ýogsam ogullarym gaty meniklije bolmaly meniň. Men seni ogullarym bilen doly tanyşdyraýyn. Olaryň haýsy kärdedigini, maşgalalary hakda aýdaýyn. Soň özüm hakda aýdaýyn. — Daýza jan, maňa siziň şejeräňiz gerek däl. — Tohum-tijiňiz hakda doly bilmese, palçy pal atyp bilmez diýýärler. Dogrudyr. Menem saňa özümiz hakda doly gürrüň bereýin. Saňa düşnüksiz zat bolmasyn. Betbagtçylygymyzam gürrüň bereýin. — Siziň ýatan bagtyňyz bilen meniň nähili dahylymyň bardygyna, ynansaňyz, teý düşünip bilemok. — Men saňa düşündireýin, oglum — diýip, ömrüniň jebir-jepa bilen geçendigi ýüzüne möhür deýin basylan çepiksije garry demini dürsedi. — Ýaňy aýdyşym ýaly, biziň kakamyz çölde çopandy. Smini gutaryp öýe gaýtjak diýip, goşdan çykyp gaýdanyna şu gün tegelek on gün. Ogullarym çölüň içini elekläp çykdylar, tapmadylar. Hiç ýerde gördüm, bildim diýýänem ýok. — Menden näme kömek isleýäňiz? — Wah, jan oglum, biz seniň at-owazaňy eşidip geldik. «Prawda» diýen gazetde-de sen hakda ýazanmyşlar. Gaty kän adama ýagşylyk edeniňi eşitdik, saňa alkyş aýdyp ýören adam kän. Bizem şolaryň biri bolaly, enşallasa. Atda nämäniň-nämedigine düşündi-de, öwhüldäp goýberdi: — Eý, daýza jan, men bilgiç däl. Kim bilgiç diýip aýdan bolsa, ýalan sözläpdir. Ynanaýyň, men bilgiç däl, size-de edip biljek kömegim ýok. — Ogullarym seni närazy etmezler. — Bahaňy aýdaý! — diýip, galstukly girdenek jübüsine elini sokan boldy. — Islän summaňy aýt. — Bu ýerini bazardyr öýdýäňizmi? Mende baha ýok. — Kommunistsiremesene! Men açyk söwdany gowy görýän. Kireýsiz kilim kakmaýandygyňy eşidip geldik. — Eşiden ýeriňe git! — Siziň bu bolşuňyz nähili? Haýyş bilen gelip, bu bendäniň üstüne sürünip durmaňyz näme? Kakaňyzyň aryny Atageldiden çykarjak bolýaňyzmy? — diýip, ene ogullaryna azgyryldy. — Eje, bu biziň janymyzy ýakýa. Pul alamok diýen bolýar. Käşgä biz bular ýala näbelet bolsak. Atda gaharyna titir-titir etdi, hyrçyny dişledi. «Maňa gaharlanmak gadagan!» diýip içinden öwran-öwran gaýtalady. — Daýza, bu ýigitler siziň ogullaryňyzmy? — Hawa, hawa, ogullarym. Ýene bir oglum bar. Ol ýaňy şäheriň keselhanalaryny ýekänme-ýekän aýlanyp görmek üçin gitdi. Hudaýa şükür, üç sanak oglum bar. — Onda ogullaryňyz köçede garaşybersin. Üç adam bilen gürleşseň, gaty kyn bolýa. — Wah, jan oglum, sen düşün. — Daýza, sizem maňa düşüniň. Eger üç bolup dursaňyz, meniň edip biljek kömegim ýok. Men öz ýagdaýymy aýdýan. Diňe biriňiz galyň. Ýogsam diňe ärsiz däl, ogulsyzam galarsyňyz. Ene düşündi. Haýdan-haý daş işikden ogullaryny äkitmek bilen boldy. Köçede ogullaryna «düşündiriş işini» geçip, ýene Atdanyň ýanyna geldi: — Atda jan, sen bizden aýyplaşmaweri. Ine, şujagaşjany ýygna, süýji alarsyň. Toýuňda gerek bolar. Üç adamyň öňünde söýünji almak, elbetde, saňa gelşiksizdir. Şonuň üçin ogullarymy köçä ugradanyň dogry boldy. Ýöne sen arkaýyn bol, bizden hiç ýerde gep-gürrüň çykmaz. Ene gaýta-gaýta ýuwdunyp matlabyny aýtdy: — Sen, Atda jan, şuny alyp, maňa adamymyň nirededigini aýdyp ber. — Maňa puluň gerek däl-how, jan daýza! Nirelerdendir bir ýerlerden Hemra illew peýda boldy: — Atda jan, gaharlanma. Men her bir çatrykda akyl berip ýören adam däl. Men göwnümiň ýetýän adamyna akyl berýändirin. Meniň akylymy alan adamyň nähili uly wezipelere ýetýändigini saňa ýatladyp oturmaýyn. Öde ýaşlykda ýetim galypdy. Men onuň bilen bile okadym. Okaýşyna göwnüm ýetdi. Onsoň men oňa göni aýtdym. «Öde, sen hökman okamaly, sen ullakan adam bolarsyň» diýdim. Ol maňa: «Hemra jan, ýaşuly adamlaryňam gelip senden akyl soraýandyklaryny men bilip ýörün. Seniň maslahatyňa eýeren adamlaryň işiniň şow alýandygyny men bilýän ahyryn. Sen her çatrykda akyl berip ýören adam däl. Rast, sen maňa şeýle akyl berýän bolsaň, men okaýyn» diýdi. Ilki Kerkiniň peduçilişesini gutardy, soň uniwersitete gitdi, şol ýerde-de üşükli adamlar bar, Ödäniň zehinli ýigitdigini derrew bilipdirler. Uniwersitetde... — Hemra aga, sen bularyň näme üçin gelendiginden habarlymy? — Sen meniň sözümi bölme. Ödäni uniwersitetde starşiý mugallym edip işe alyp galdylar. Ol meniň ýanyma geldi. «Alymlyk dissertasiýamy goraýynmy?» diýdi. Menem: «Arkaýyn gorap goýber» diýdim. Görsem, ol birki ýylyň içinde alym bolup dur. Öz-ä ýaş ýigit, şonda-da alym. Soň Öde birki gezek gelip menden maslahat sorady, menem, näme akylymy gysganmadym. Iller agzyny açyp galyberdiler. Meniň akylymy alan Öde sähel ýylyň içinde ylmyň düýbüni deşdi. Haýsy gazedi görsem, Öde. Haýsy kitaby okasam, Öde. — Hemra aga, men bu gürrüňi öň telim gezek diňledim. Siz bu diýýänleriňizi, isleseňiz, ine, şu daýza gürrüň beriň. Bu daýza-da size Sähet külal hakda gürrüň bersin. — Kim ol Sähet külal? — Sähet däl, Seýit külal. — Seýit külalam tanamok. — Seýit külaly tanamaýan ýok. Men size gürrüň bereýin. Soňundan özümiz hakda aýdaýyn. Daýza gürlemäge ýetişmedi: Hemra illew sesine nazym berdi: — Atda jan, men bu gelenleri tanaýan. Bular gowy adamlar bolmaly. Bir mahal men bulara ak pata beripdim öýdýän. — Meniň ýadyma düşenok. — Ýadyňa düşmeýänligi üçin şu güne düşüp ýörensiň. Ýagşylygyň gadyryny bilmeli. Hudaý hemme zady görüp-bilip dur. — Bizi Hudaý tutdy. — Uzak tutup durmaz, goýberer. Seýit külallardan bolsa, bular gowy adamlar bolmaly. — Tanamok diýdiňiz-ä. — Tanamasamam, aňýan. Bular gowy adamlar. Getir puluňy! Atda, sen bu ýeňňäň hödürleýän puluny almajakdan bolma. Al! Adamyňky bir göwün-dä! Bu puljagaz bilen Balyş Öwez bolmajagyň belli. Bular yrym edýändir, almasaň, göwünlerine makul bolmaz. — Dogry, yrym edýäs. — Diýdim-ä men. Kitap okap bilmesemem, men bularyň içindäkilerini okapjyk otyryn. — Maňa pul gerek däl. — Pul gerek däl diýme. Puluň gerek däli bolmaz. Pul ilki bilen baýa gerek, soň garyba gerek. Pul, hemmä gerek, özem hemişe gerek. Pul Garbaçip bolsaňam gerek. Pul Lenin bolsaňam, Gagarin bolsaňam gerek. Ýeňňe, sen arkaýyn bol, Atageldi ýaş ýigit. Pul almaga utanýandyr. Men bu pullaryňy muňa ýeke wagty özüm elinje gowşuraýaryn — diýip, Hemra illew böwrüni diňledi. — Haçan gerek diýse, meniň ýanyma baraýsyn!.. Bu pul obamyzyň garyp-gasarlaryna Atageldiniň kömegi bolsun. Men obamyzyň garyp-gasarlaryny ýygnap, deňje paýlaryn. Ýa başga bir iş ederin. ...Hemra illew enäniň pully düwünçegini goltugyna gysdyrdy-da, duýdansyz gelşi dek, duýdansyz hem çykyp gitdi. — Hiç bolmanda, sen, Atageldi, meniň adamymyň diridigini ýa ölüdigini anyklap berseň hem bolýar. Muny seniň başarjakdygyňa gaty berk ynanýaryn. Mekdepde diňe bäşlik baha alyp okandygyňy, gaty göreldeli ýigit bolandygyňy eşidip geldik. Sen hakda gaty kän gürrüňler eşitdim. Seniň üýtgeşik ýigit bolup ýetişjekdigiňi öňem bilýän ekenler. Ýaňky ýaşuly bize baryny gürrüň berdi. Sen, ogul maňa-da gudrat görkez. Çepiksije ene şeýle bir naýynjar dillendi welin, Atdanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ene sessiz aglaýardy. Gözünden düwme-düwme ýaşlar biygtyýar dökülýärdi. — Daýza, aglamasana! — Aýt, jan ogul, adamym dirimi? — Bilmedim. Men bilgiç däl, jan daýza, halysalla çynymy aýdýan, ynanaý maňa. — Jan ogul, adamymyň nirede ýatanyny bilip ber. — Daýza... — Göwnüm üçin synanyşyp bir göräý! Atda gapdalynda peýda bolan syrdaşyň bir zat diýerine garaşdy: «Men kömek ederin» diýdi. Syrdaşyň sözünden soň Atda ekezlendi: — Bolýa, daýza, göwnüňiz üçin synanyşaýyn. Ýöne garanty beremok. — Synanyşsaň bilersiň. Garantymy-beýlekimi, näme gerek bolsa, biz bereris. — Bar, onda ogullaryňyzyň birini çagyr. Iki bolsalar-a meniň aňkamy aşyrjak olar. Daýzanyň süňňi ýeňledi. Ol köçä bakan ýumlukdy. Atda daýzanyň yzyndan gygyrdy: — Köp gepleýäniňi getirmäweri. — Köp gepleýäni haýsy onuň? — Galstukly gelmesin! Ene sähel salymda Atdanyň gaşynda häzir boldy. Yzynda bolsa, ýüzi Güne ýanan garaýagyz ogly dur. — Ikiňizem gaşymda oturyň! Atda syrdaş näme etse, şony hem gaýtalady. Eneli ogluň ýüzlerine çiňerilip kän durdy, göz atuwynda olaryň hossaryny janlandyrmaga çalyşdy. Gözleri ýumuldy. Atda tümlügiň içinden «Tiz kömek» maşyny bilen barýan ýalydy. Ol hyýalynda tümlügi şeýle ýokary tizlikde parran dilip gidip ugrady. Ol öň hiç mahal hyýalynda şeýle tizlik bilen gidip görmändi. Birden tümlügiň aňyrsynda — gözýetimde al şapak ýiti ýalkymy, şöhlesi bilen göz gamaşdyryp ugrady. Öňündäki zatlar açyk göründi. Hana, tozanly ýol bilen oba adamlary bir merhumy alyp barýarlar. Atda gölegçileri tanamaga çalyşdy. Olaryň birinem tanap bilmedi. Gölegçileriň ählisem nätanyş adamlardy. Syrdaş Atdanyň gulagyna çawuş çakdy: Atda öňünde doňan dek bolup duranlara ýüzlendi. — «Kakaňyz näçe günden bäri ýok?» — On gün bäri. — «Öň onuň ýüregi agyrýardymy?» — Ýüregini operasiýa etdiler onuň. Ýüregi agyryp alty aý ýatdy. — «Operasiýadan soň ony çöle ibermeli däl ekeniňiz». — Wah, ol bizi diňlemese näme. Obada onuň ýüregi ýarylyp barýar. Ölsemem çölde öljek diýdi. Bar maksady çölde ölmekdi onuň. — «Onda kakaňyz şu gün şol maksadyna ýetipdir. Siz öýüňizden nä wagt çykyp gaýtdyňyz?» — Daňdan altylara çykdyk. — «Şondan bäri öýüňizden habaryňyz ýokmy?» — Bir smenada işlän çopanlaryň ikisi bilen gürleşdik. Ähli kişi seni maslahat berdi. Hemra aga-da sen hakda iki sagatlap leksiýa okap berdi. — «Häzir sagat näçe?» — Iki bolmaga on bäş minut bar. — «Öýüňizde kim bardy?» — Üçünji oglum öýe barandyr bireýýäm. Ol şäheriň keselhanalarynda kakamyzyň bardygyny-ýokdugyny anyklap öýe barmalydy. — «Dogan-garyndaşyňyz känmi?» — Köçämizde ýat adam ýok, ählisi kakamyň ýa inisi, ýa daýysy, ýa dolanany. — «Adam-a kän obaňyzda kakaňyzy gowy görýän ekenler». — Gowy görýärler. Ýöne ol käte arak içip başlasa, bir hepdeläp, iki hepdeläp yzyny üzmän içýär, serhoşlykdan açylanok. — «Ýüregi agyrýan adama arak içirmeli däl-ä». — Giň ýeriň gürrüňini edýäň, dogan. Kakam bizi diňlänog-a. Ol öň kän içmeýän eken. Ýöne soňky bäş-on ýyllykda kän içmäge başlady. Içse-de, derrew ejem bilen urşup başlaýar. Soňky döwür ejeme gahar edip içdi ol. Ene oglunyň bu sözüne gaşlaryny çytdy. — Atageldi, bir zatlar görýäňmi, ogul? — «Görýän daýza, görýän». — Näme görýän bolsaň, sen bizden gizlemän aýt. On günläp onuň sag gezmejegine gaty gowy düşünýäris. Sen näme görýän bolsaň aýdyber. — «Men obaňyzyň adamlaryny görýärin». — Olar näme iş edýärler, ogul? — «Olar merhumy alyp barýarlar. Merhum siziň kakaňyz bolmaly. Ol bir hepde ýüreginden tutup ýatypdyr. Şu gün ir bilenem jan beripdir. Siz howlugyň, mundan hiç ýerde eglenmän gitseňiz ýetişersiňiz». Atda gözüni açdy, gören zatlaryny, aňynda aýlady. Ol sözleri Atda däl-de, syrdaşy aýdypdy. Syrdaşynyň diýen sözlerini eşidip Atdanyň depe saçy düýrükdi. Megerem, beýle ahwalatyň ilkinji gezek bolanlygy üçin bolsun gerek, Atda hälki sözleriniň täsirlerinden aýňalyp bilmän, esli wagtlap durdy. Garry enäniň, ömri agyr zähmet bilen geçendigi garaýagyz ýüzüne gödeklik bilen ýazylan ýigidiň doňan dek bolup duruşlaryny gören Atda olara göwünlik bermäge çalyşdy: — Mert boluň! — Ýalňyşýan bolaýma? — Garamaýak ýigit Atdanyň sözüne ynanasy gelmän, müňkürlik bilen bakdy. — Belki, men ýalňyşýandyryn, kepil geçip biljek däl. Başda-da aýtdym: «Men bilgiç däl» diýip. Sizem ynanmadyňyz. Hernä kakaňyza hiç zat bolmadyk bolsun! — Açyk gürrüňmi özi? — «Adamlaryň ylgaşlap mazarlyga barýandyklaryn-a açyk gördüm. Biziň obamyzda sagat on ikiden gijä galman merhumy çykarýarlar. Häzirem sagat iki bolup barýar. Men size ýene bir zady aýdaýyn: merhumyň gözi doly ýumulmandyr. Ol armanly ölüpdir. Garaşýan adamy jaýlamaga gatnaşsa, merhumyň gözi ýumular». — Ýetişermikäk? — diýip, girdenek titir-titir etdi. — «Ýetişersiňiz». — Bir sagatlyk ýol... — «Merhumyň içki jaýyny täzeden gazmaly boljak. Gyssanyp onuň içki jaýyny kiçi edipdirler. Merhum haýrandepede bir sagat saklanar diýdiler». Eneli-ogul haýrandepäniň nämedigine, bir sagat çemesi saklanar diýip kimiň aýdanyna akyl ýetirip bilmedi, ýöne bu zatlar barada soramadylaram. Esasy zat — ýetişmek. Olar gözýaş döküp köçä çykdylar. Galstukly ýigit hem uzakda däl eken: ol Atda görünmän ähli gürrüňi diňläp duran eken. Bu waka Atdanyň göwnüne düýşde bolan ýalydy. Edilen gürrüňler, dyzmaç girdenekler, gözi ýaşly ene onuň aňyndan çykanokdy. Şol wakadan soň üç-dört gün geçensoň gözi ýaşly ene Atdanyň düýşüne girdi. Şol öňki gölegçiler. Olar adat boýunça ylgaşlap mazarlyga bakan barýarlar. Tabydy göterip barýanlaryň biri şol tanyş ene. Erkek kişiler oňa ünsem berenoklar. Atda baryp: «Daýza, siz mazarlyga barmaly däl. Siz tabydy götermeli däl. Siz öýüňize gaýdyň. Size derek getiriň men götereýin» diýdi. Ene ör-gökden geldi: — Muny menden başga göterip biljek ýokdur, ogul. Senem göterip bilmersiň. Ýaňy öýden göterip ugranymda şu gölegçileriň ählisi meniň üçin tabyt göterjek boldy, ýöne eýgermediler». «Eýgermän näme?» Atda tabydyň enäniň göterip duran tarapyny götermäge synanyşdy. Oh-o! Ene hak aýdan eken. Tabyt Atdanyň egninden basyp, synalaryny şakyrdadyp döwüp, ýere sokup barýar. Atdanyň tas gözi hanasyndan çykypdy. Bu gudrata nähili düşünjegini bilmedi, tabydyň beýleki tarapynda barýan kişiler başlaryny aşak salyp, göýä Atdanyň düşen ahwalatyny görmeýän, duýmaýan ýalydylar. Atda aýal maşgala tabyt berýändigine utandy. Ene Atda ünsem berip durmady, tabydyň bir tarapyny egnine alyp ýene gidiberdi. Atda gölegçileriň yzyndan garap galdy. «Eje, eje gördüňmi, bir çepiksije aýal gölegçilere goşulyp gitdi. Bu nämäniň alamatyka?» diýip, Atda ejesinden sorady. «Bilmedim men-ä, balam. Hakylym çatýan däldir». «Ol daýza sen düşündirip aýdaý. Belkem, ol seni diňlär...» — Atageldim! Atda ejesiniň aladaly sesine gözüni açdy. Görse, ine, başujunda ýene şol ýaşy durugşan daýza bilen ejesi gamgyn halda otyrlar. — Bir bende alys bir obadan seniň bilen gürleşmäge gelipdir. Bu bende seniň bilen gürleşmäge gorkup, titräp dur. Näme, sen bu bendäniň üstüne gygyrdyňmy? — diýip, Aýjan eje geňirgenmesini daşyna çykardy. — Ýok, ýok, Atageldi jan üstümize gygyrmady, jora jan. Seniň juda edepli ogluň bar, ol biziň bilen örän gadyrly gürleşdi. Ömri uzak bolsun. Bir hoşsurat, menikli perizat ýary bolsun. Siziňem ömrüňiz uzak bolsun — diýip, çepiksi daýza howlukdy. — Jora jan, eger rugsat berseň, ogluň bilen meniň ýekeje agyz gürrüňim bar. — Näme gürrüňiňiz bar bolsa, çekinmän arkaýyn aýdyberiň. Ejemden meniň gizlin gürrüňim ýok. Ogryn aýtsaňyzam, barybir, men ol gürrüňiňizi ejeme aýdaryn. — Boýdaş, dyzyňy ep, näme gürrüňiň bolsa, ogluma çekinmän göni aýdyber. Men häzir çaý getireýin. Gürleşip bolanyňdan soň meniň hälki oturan ýerime baraý. Bir käse çaý içeris — diýip, Aýjan eje daş çykdy. — Daýza, size nädip gepimi düşündirjegimem bilemok. Ynanyň, halysalla ýüregimi aýdýan: men bilgiç däl — diýip, Atda tapagan gorkan öňürder etdi. — Öňem menden edil siziňki ýaly haýyş edip gelenler boldy. Gelenleriň ählisine düşündirip goýberdim... — Wah, jan ogul, bize-de ile diýýäniňi diýäýmeli ekeniň-dä! Bilmeýän bolsaň, bilgiç däl bolsaň, näme üçin pal atan bolduň? Boýuň-syratyň hiç kimiňkiden kem däl, şu boýuň-syratyň bilen başarýan işiňi eden bolsaň, biz şu günlere düşmezdik. Bäş şaýy üçin bizi ne günlere saldyň sen. Ile çykmaz ýaly etdiň, metdi-masgara etdiň. — Meni bagyşlaň... — Gep meniň bagyşlanymda, bagyşlamanymda däl. Gep biziň öýümize müňkürlik belasyny saldyň. Ana, şol başymyza kyýamat gopdurýar. Öýde-de, ilde-de rahatlyk ýok. Mojukdan-mojuk myş-myşlar tapyp gidip otyrlar. Seniň bu hokgaň ölümden agyr degdi. Ölüm adam döräli bäri bar zat. Ýöne seniň döreden masgaraçylygyň biziň obamyzda öňem-soňam bolan zat däl. — Çepiksi ene şeýle bir aglady welin, Atdanyň ýüregi üzüm-üzüm boldy. Näme bolandygyny, ölümden erbet nähili masgaraçylygyň bardygyny teý bilesi geldi. Hasraty ýetik eneden ol masgaraçylyk hakda soramagyň ebeteýini tapmady. Köne aýnaly şkafdan täzeje hanýaglygy çykaryp, çepiksi daýza uzatdy: — Daýza, bagyşlaň, men sizden almajak bolupdym. Ýöne, almajagam bolsam, öýlenseň gelniň atynsyn diýip, özüňiz goýup gidipdiňiz. Şonuň üçin gelen bolsaňyz, ine, alyň. Men size şo gezegem özümiň bilgiç däldigimi zynharlap aýdypdym. Ýöne meni günüme goýmadyňyz. — Ýadyma düşýär, baryna özümiz günäkär, sende günä ýogam-la — diýip, ene agy gatyşykly aýtdy. — Ine, alyň. — Men muny alaýyn. Seniň gelniň bu ýaglygy atynmasyn. Seniň bu ýaglyga mätäç däldigiňi bilýän. Seniň päkize gelniň päkize adamyň beren ýaglygyny atynsyn. Men yrymçyl, şonuň üçinem men ýaglygy yzyna alaýyn — diýip, çepiksi ene ýaglygy aldy. Atda bu kempiriň çaltrak çykyp gitmegini isledi: — Size menden başga hiç zat gerek dälmi? — Maňa senden gerek zat ýok, oglum, sende jinnek ýalagam günä ýok. — Daýza, men-ä saňa düşünýän däldirin. Bir sözüňde sen baryna günäkär, bizi masgara etdiň diýýärsiňiz. Bir sözüňizde-de sende jinnek ýalagam günä ýok diýýärsiňiz. Men-ä size düşünýän däldirin. Men siziň haýsy sözüňize ynanmaly. — Saňa nähili aýtjagymy bilemok. — Adamyňyz sagmy, ölmänmi? — Sag diýsemem boljak, öldi diýsemem. — Diýýän sözleriňizi gulagyňyz beri eşidýärmi? — Eşidýär. — Ýaglygyňyzy berdim, siz menden başga näme isleýäňiz? Çekinmän göni açyk aýdyň. Ýumşuňyzy aňrujy bitirjek bolaryn. — Sen meniň ogullarym bilen gürleşip ber. — Men olara näme diýeýin. — «Men bilgiç däl» diý. — Men bilgiç däl diýip ilkinji gezek geleniňizde müň gezegem aýdandyryn. Ýöne siz meni diňlemediňiz. Gerek bolsa ýene aýdyp bereýin. Hany olar? — Olar öýde. Men hiç kime aýtman, awtobusly ýeke özüm geldim. Häzir bile öýe gideli. Adamymdan ötünç sora. Men ýalňyşypdyryn diý. Men bilgiç däl diý. Men aldadym diý. Ogullaryma-da aýt, men bilgiç däl, men sizi aldadym diý. — Men şu sözleri siziň öýüňize baryp diýmelimi? Men bu gün-ä gidip biljek däl, ýöne birki günüň içinde baryp gaýdaýyn. Siz maňa adresiňizi goýup gidäýiň. — Onda bazar güni baraý, adamym häzir keselhanada. Bazar gününe çenli ol keselhanadan çykar. Men ogullaryma hem aýdaýyn. Hemmämiz jem bolup saňa gündiz sagat on ikide garaşarys. Bolýamy? — Men bararyn. Atda «Men bararyn» diýse-de, barmaly bolmady. Şol günüň ertesi çepiksi enäniň ogullary ot bilen ýalyn bolup geldiler. Hersiniň elinde degenek taýak. Üç kişi üç ýerden topuldy. Dzýudonyň goranmak tilsimatlaryny Atda peýdalanyp biljekdi, ýöne parahat durmuşda ony ulanmazlyk üçin goşun gullugynda kasam içipdi. Aslynda, ol ömründe biri bilen urşup ýa birine el göterip gören adam hem däldi. — Düşünişeliň ahyryn, oglanlar! — diýip, Atda öwran-öwran gaýtalady. Üç dogan gazaplydylar! Ellerindäki taýaklaryndanam diýýän sözleri çökderdi. Okyjylara düşnükli bolmagy üçin olaryň ýekejesinem arassa ak kagyza geçirer ýaly däl, dessine kagyz, kitap hapalanjak. Ol sögünçler edebiýatyň hiç bir žanrynda-da peýdalanyp bolmajak, juda bir pariografik eser bolanda-da peýdalanyp bolmajak sözlerdi. Türkmen ol sözleri haçandyr bir wagt gara gün üçin gerek bolar diýip döredenem bolsa, peýdalanmaýan sözüdi. Türkmene ol sözi ulanmak üçin şu güne çenli-hä gara gün döremändir, indem döremez, enşalla. Ýöne bu üç dogan pisint ýelýaňňy bolsa, haýsy halkda ýok, her halkyň agsak-towsagy bolmaly diýýärler. Şol diýilýän agsak-towsak, megerem, şu üç dogan pisint kişilerdir! Hem dil, hem el bilen ikitaraplaýyn urýanlaryň haýsy-da bolsa birisi şu urgularyň bolmanda ondan birini dadanda-da ýogyn-ýogyn bagyryp, Saganaly obasynyň zähresini ýarardy... Atageldi özüne gelende daş işikde ýatan eken. Senem ot-elek bolup ak ýektaýly lukmanlara görkezmeler berýärdi. Ejesi bilen kakasy bolsa, başujunda bir gysym bolşup otyrlar. — Sen olary görseň tanajakmy? Haýsy obadandygyny aňmadyňmy? Maşynynyň nomeri ýadyňda ýokmy? Haýsy tarapa gidenini gördüňmi? — diýip, Mämmet öliniň soragyny bermäge durdy. — Näme üçin soraýaň? — Näme üçini bolarmy, kepbelerini tozduryp gaýtjak. — Beýle tozduryjy bolýan bolsaň, kepbeleri bilen nä işiň, özlerini tozdur. Goý, kim bilen iş salyşýandyklaryny bilsinler. — Senem ot-elek boldy. — Men olary köçä çykansoň görüp galdym — diýip, Kertik aga hyrçyny dişledi. — Ynanaýyň-how, o gelenleň üçüsem ýerkömelek ýaljak zatlar. Üçüsiniň agramy Atageldiniňkiden artyk däldir. Atageldiniň ýaşynda bolsa men ýüz kilelik zady jaýyň üstüne bir elim bilen zyňyp goýbererdim. — Kaka, şu gezek gatyrak gidäýdiň öýdýän. — Gaty dagy gidemok. Öwünýär diýersiňiz öýdüp hälem ýarysyny aýdýan. Hakykatynda ýüz elli, iki ýüz kilelik zady elimiň tersi bilen jaýyň üstüne zyňyp goýbärdim. Hemranyň matoryny öýüniň üstüne zyňypdym. Soň şony ýigrimi bäş adam bolup ýere düşürdiler. Ynanmasaňyz, ejeňizden soraň, ejeňizi özüňiz tanaýaňyz, ol aňsat-aňsat boýun almaz. Siz maňa ynanaýyň. Bir gezek ejeňiz gaharymy getirdi. Ine, şu duran ýerimdi. Aýjan, ýadyňdamy? Men ejeňiziň aýagyndan tutup zyňyp goýberdim. Nirä baryp düşenine ünsem bermändirin. Giçlik öýe gelsem, ejeňiz tuduň üstünden düşüp bilmän, ýarym ýaş aglap otyr. Zyňamda tuduň üstüne düşäýen eken görgüli. Iki sany gapyrgasy döwlüpdir şonda. — Äl, bu çal-a gürledi. Indi muny saklap bolmaz. — Ejeňiz meni ömür gepletmän gezdi. Ejeňiz hökümet siziň. — Aýakdan tutup zyňýan bolsaň, ogluňy urdurmaly däl ekeniň. Olary näme üçin köçä zyňmadyň? — Olar gaty salamlyja ýigitler eken. Olar meni görüp, baş egip salam berdiler. Soň menem ol ýigitleri Atdanyň ýanyna bir ýumuşjagaz bilen gelen ýigitlerdir öýtdüm, ýumruk ýaly girdenejikler-how olar. Şolar adam urupdyr diýseler ynanar ýaly däl. Atda jan, oglum, ýeňsäňden gelip urup ýykaýdylarmy? — Aý, ýok, ýeňsämden-ä gelmediler. — Onda senem jogap ýumrugyny bermeli ekeniň-dä! — Aý, uruşmaýyn diýdim. — Şu döw ýaly göwräň bilen olardan urlup durmaga namys etmediňmi? — Aý, ýok… — Bolupdyr onda. — Näme üçin urdy olar — diýip, Senem başlyk inisiniň möçügen ýerlerini sypalap gyýym-gyýym boldy. — Olar düýn ejeleri bilen gelip gidipdiler. Ejeleri ölen bolaýmasyn? Ejeňiz ölýä diýdiňmi? — Bu sähne ejelerine öler ýaly bir bolgusyz söz aýdandyr. — Bolgusyz söz bilen ölübermeli bolsa, onda men kakaňyzyň bolgusyz sözleri üçin ýigrimi bäşem ýaşaman ölüp gidibermeli — diýip, Aýjan eje kesgitli aýtdy. — Düşüniň, düýn olaryň kakalary ýogaldy. — Kakalary ýogalan ýigitlere-hä meňzänok olar. Kakalary ýogalan ýigitler ýedisini geçirmän seni urmaga gelmezler. Onsoňam, kellelerinde başgaplary bolardy. — Men olaryň ýoluna seredip berdim. Olaryň kakasy on günläp ýitipdir. — Ine, indi bary düşnükli boldy — diýip, Mämmet başyny ýaýkady. — Olaryň kakalary on günläp dereksiz ýitipdir. Soň olar kakalarynyň nirededigini bilmek üçin pal atdyrmaga Atda palçynyň ýanyna gelipdirler. — Dogry, özleri aýtdymy? — Olar düýşüme girip aýtsynmy? — Onda nädip bilýäň? — Seniň gürrüňiňden logiki many çykarýan. — Men olaryň kakalarynyň jaýlanyp duranyny hakyt gördüm, özem gaty oraşan gördüm. — Boldy, boldy. Men size Atda palçynyň olara aýdan palyny aýdyp bereýin. Atda olara «Kakaňyzy jaýlap durlar» diýendir. — Diýdim. — «Obalaryňyz-a siziň öýüňizde ýas tutýar, sizem meniň ýanymda otyrsyňyz» diýendir. — Diýdim. — Men seniň soňky diýjek sözüňem bilýän. «Kakaňyzy jaýlamaga ýetişiň, ylgaň» diýendir. — Diýdim. — Diýensiň, diýensiň. Diýmedik zadyny men aýtjak däl ahyryn. Men seniň içiňi öz maşynymyň içindenem gowy bilýän ahyryn. Sende hiç hili öwrüm ýok. Seniň aňyň birinji klasyň partasynda galan bolmaly. — Şu zatlara soňundan gelip urubermek bolmaz-a! — Olaryň ornunda sen bolan bolsaň, gelip Atdany öldürerdiň. Bir göz öňüne getirip gör-ä! Olar-a bärden «Kakajan-ow, bizi ýetim goýup gitdiň-ow» diýip, bagyryp barandyrlar. — Baranda näme? — O görgülilerde jinnek ýalam günä ýok. Olar Atda palçynyň samsykdygyny bilenoklar. Muny Hudaý tarapyndan döräýen bir gudratly palçy hasaplaýarlar. O görgüliler bir giden gölegçileriň — obadaşlarynyň içinde metdi-masgara bolandyrlar. Göz öňüne getirip görüň. Üç sany obadaşyň mazarlyga baryp, seniň kakaň tabydyny gujaklap: «Kaka jan-ow» diýip, bagyryberseler, aňk-taňk bolarsyň. «Bular şu güne çenli öz aýyplaryny gizläp saklapdyrlar. Kakalary soňky ýola ugradylýan günem saklanyp bilmän, ähli syrlaryny açmaly bolandyrlar» diýip, pikir edersiň. Beýle waka günde-günaşa gaýtalanyp durýan waka däl. Onda-da türkmende. Adamlar käbir syryny ýany bilen o dünýä äkidýärler. — Filosofiýasyz gürlesene, Mämmet — diýip, Senem başlyk barha joşup filosofiki netijeler çykarmaga ugur alan Mämmediň badyny aldy. Mämmet ylalaşdy. «Logiki pikir yzarlamasyny» gysgaça beýan etmäge başlady: — Ilki bilen, kakajan diýip merhumy gujaklap bagyryşýan adamlara hiç zat diýip bilmezler. Adamlar aňlarynda aýlap ýetişmez. Aňlarynda aýlap ýetişensoňam merhumyň ogullarynyň biri bagyryşýanlaryň ýanyna barar: «Eý, akyly çaşanlar, ölen-ä meniň kakam, öli kaka gerek bolsa başga ýerden gözläň, meniň kakama beri eýe çykmaň» diýer. Bärden baranlar gaty ynamlydyr. Sebäbi dabarasy dag aşan, ýokary bilimli, meýletinlik bilen Owganystanda gulluk eden, Wanga mamadanam ýigrimi esse güýçli Atda palçy olary ynandyryp goýberdi ahyryn. Atda palçy olara kakaňyzy jaýlap durlar, baryň ýetişiň diýdi. Kakasynyň ölendigi, jaýlanyp durandygy barada ol üç ýigitde Atda palçydan, bilgiçden, köpbilmişden anyk habar bar. Olar başga kişä ynanmaýarlar. Olar öliniň kepenini sypyryp, başga bir bendäniň ýatandygyny ençe gezek didesine bassaňam ynanmazlygy mümkin. Sebäp olar öz gözüne däl-de, Atda palça ynanýarlar. Olar Atda palçydanam samsyk. Gabryň haýrandepesinde goýlan tabydy: «Meniňkide, meniňki» bolşup çekeleşip ugrarlar. — Mojukdan-mojuk gürrüň tapdyň-la sen, Mämmet — diýip, Aýjan eje oglunyň sözüni böldi. — Eje jan, men bolan zady aýdýan. — Indi senem bilgiçmi? — diýip, Senem tabytly gürrüňi diňlemek islemeýändigini duýdurdy. — Atageldiniň gününe düşesiň gelýär öýdýän seniňem. Mämmet bu mahal joşgunlydy. Ol joşup-joşup bolan kriminaly duranlara düşündirmek, olary geň galdyrmak isleýärdi. — Birje mint meni diňläň. Ähli bolan zatlary men size bolşy-bolşy ýaly aýdypjyk bereýin. Ähli zat size düp-düşnükli bolar. Kakasy ýogalan görgülilerem alasarmyk ýagdaýa düşer, olaryň göwnüne güman gider. Atda aýdan bolsa dogrudyr, bu biziň kakamyz däldir, biziň kakamyz öýdedir. Müňkürlik olara buýruk berer. Müňkürligiň buýrugy bilen kakasy ýogalan görgüliler kepeni ýyrtyp kakalarynyň ýüzüni görjek bolarlar. Täzeje biýzi ýyrtmak aňsat däl... — Bes et, Mämmet! — Senemiň sesine töwerek-daş sarsyp gitdi. Mämmet bes etdi. Ana, şondan soň Atda pal atmak diýen zadyň gapdalynda görünmezligi özüne äht etdi. Hut Hydyr ata gaşyna gelip özelense-de, etmeli däl diýip öwran-öwran gaýtalady. Öz häsiýetini ýigrendi, Hudaýyň özüni aýal maşgala edip dünýä indirmändigine ýüzde müň şükür etdi. Kim gelip haýyş etse, ýok diýip bilmän, onuň aýdanyny edýär. Şol ýagşylygy hem özüne ýamanlyk bolup gelýär. Ine, ol men kepil geçemok diýip ençe gezek aýtdy ahyryn. Şonda-da ony gününe goýmadylar. Olam gören-bilen zadyny aýtdy. Şonuň üçin, heý, şeýdäýmek bolarmy? Wah, ol birinji gezek şeýle güne düşen bolsa, onda beýle ökünmese-de, ökünmezdi. Onuň ömri şeýle ýalňyşlyklar bilen geçip barýar ahyryn... Şol wakadan on-on bäş gün geçenden soň ogullaryny yzyna düşürip gelen çepiksije daýza ýene geldi. Ony gören Atdanyň zähresi ýaryldy. Ol daýzany görüp biraz hekgerdi. Göwnüne, onuň ogullary gelip, uruşmaga başlan dek boldy. Ol butnaman durdy. Gözüni daýzadan aýranokdy. Daýza on-on bäş günüň içinde biraz garran ýalydy. Onuň ýüzi garört bolupdyr. — Tapagan jan, men seniň ýanyňa ýöriteläp geldim. Atda aýdara söz tapman, ýuwdundy. — Men hemmesini eşitdim, ogul. Eşidibem ötünç soramaga geldim. — Sizde günä ýok. Baryny men bulaşdyrdym. — Tapagan jan, sende jinnek ýalagam günä ýok. Seniň dek başyňy depirjek äre beren men. Bar bela mende. Men bir Hudaýyň gargan görgülisi. Men ýaşlykda jüýje kellelik edip atam-enemi närazy etdim. Bu bolýan zatlar meniň eden etmişim üçin almytym. Bu masgaraçylyk entek maňa az. Meni ýerden alyp, ýedi gat ýeriň aşagyna sokmaly, özem kesim-kesim edip sokmaly. Okuwa gidýärmişler diýseler, görgülileriň özelenenine bakman, bir gije bukjamy aldym-da, olara duýdurman zut Aşgabada gitdim. Okuwa girdim. Itiň gününi görüp okadym. Atam-enemiň ýüzüni ýere saldym. Okap ýörkämem süýji sözi bilen süňk döwüp ýören bir ýelemýüwlediň alnyna aldanyp, oňa özümi bagyş etdim. Aldananymy bilip hälem wagtynda ýene atam-enemiň ýanyna geldim. Olar meniň bilen deň bolup durmadylar. Ýagdaýymy aňyp, derrew äre bermek bilen boldular. — Daýza jan, maňa siziň bu gürrüňleriňiziň geregi ýok. Maňa hiç zat gürrüň bermäň. Meniň size edip biljek kömegim ýok. Ölini direldip bilýän güýjüm ýok meniň. — Meniň adamym ölmändir, diri. — Ölmedik bolsa, hasam gowy. — Ölen bolsa gowy bordy. — Ene diýen sözüne howpurgan bolarly, töweregine garanjaklady. — Ol bu dünýäniň adamy däl. Bir çüýşe aragy görkezip, ony islän ýeriňe äkidibermeli. Bir goşda iki ýaşşik aragyň gömlendigini görüp, şol goşda-da oba gelýän maşynyndan ogrynlyk bilen düşüp galypdyr. Goşdakylara-da görünmän o görgülileriň barja aragyny on günüň içinde içip gutarypdyr. Ynanmarsyň, jan ogul, on günde bir iýen zady ýarty çörek, zakuskasam, owkadam şol ýarty çörek. Gatap giden ýarty çöregi bilenem öýe getirdiler. — Sag-aman gelen bolsa bolýa. — Heý, beýdip arak içeniňem jany sag bolarmy. Hana, şondan bäri keselhanada ýatyr. Atageldi näme diýjegini bilmedi. Göwünlik bermegiňem ebeteýini tapmady. — Bu dünýäde jogapsyz galýan zat ýok eken. Menem etmişimiň almytyny alýan. Jezamy çekýän. Wah, indi bilýän-le etmişimi. Ýöne peýdasy näme! Men, Tapagan, ogul, türkmende ýok iş etdim-dä! Ata-babalarymyzyň halamaýan, ýekinde ýigrenýän, näletleýän işini etdim-dä! Aýalda jüýjäniň akylyça akyl bolmaz diýip dogry aýdypdyrlar. Meniň eden işim akyly ýerindäki aýalyň etjek işi däl. Sen, Tapagan, ogul, pal atyp ýalňyşmandyň. Seniň palyň dogrudy. Ýöne ol ile-güne aýdylmadyk, hiç kimiň bilmeýän syrydy. Sen ol syryň üstüni açaýdyň. — Ene şeýle bir zarynlap aglady, titir-titir edip onuň çepiksi göwresi aglaýardy. Atda oňa aglamasaňyzlaň diýsinmi? Ol aglamaly däldigini bilmän durmy näme? Bilýär, özem gaty gowy bilýär. Birmeýdan aglan ene ne Atdadan, ne-de başga kişiden töwella bolmandan soň, öz-özüne töwella etdi. — Barybir, il nämäniň-nämedigine düşünmedi öýdýän. Belki düşünendir. Şol gün Hakykatdanam meniň oglum Adalak janyň kakasy ýogalypdy. Meniň Adalagym üns beren bolsaň beýleki ogullaryma meňzeýän däldir. Oglum baransoň, seniň aýdyşyň ýaly, Hakykatdanam merhumyň gözleri ýumulypdyr. — Daýza jan, siziň gürrüňleriňiziň maňa dahyly ýok ahyryn. — Bilýän, Tapagan jan, bilýän saňa dahylynyň ýokdugyny. Meniň bu gürrüňlerimiň saňa gyzyksyzdygynam bilýän. Ýöne men saňa ýüregimde berç baglan syry aýdaýyn, ýüregimi açaýyn, syrymy özüm bilen o dünýä äkitmäýin diýip ýöriteläp geldim. — O nähili syr? — Sen ýalňyşmandyň, meniň syr diýýänim şol. — Ýalňyşdym men, daýza, ýalňyşdym. Siz maňa göwünlik berjek bolup oturmaň. Men öz eden telek işime aňryýany bilen düşünýärin. Men siziň ogullaryňyzy obaňyzda masgara etdim. Şonuň üçin olar üç gezek meniň üstüme gyzyl ot bolup topuldylar. Müýnüm özümde bolansoň, olar näçe ursalar-da, demimi alman jezamy çekdim. Olaryň meni öldürse-de haklary bar. — Sen ýalňyşmandyň diýýän-ä men, jan ogul. Men saňa başgaça nähili aýdaýyn. — Bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç zat ýok. Bar zat düşnükli. Siz sypaýyçylyk etjek bolup durmaň. Onuň ýaly ýalňyşlyk üçin adam öldürýärler. — Menem şony aýdýan-da, ogul. Meniň günäm çökder. Men muňa gowy düşünýän. Nähili jeza berselerem men razy. Ýöne, ogul, sen arkaýyn müýnsüz ýaşa. Ýalňyşandyryn öýdäýmegin. Ogullarymyň gödekligi üçin meniň günämi öt. — Çepiksi daýza kimdir biriniň eşidäýmeginden howatyrlanýan dek, pyşyrdap gürledi. — Ynansaň, ogul, şu zatlary saňa aýtjagymy-aýtmajagymy ilki bilmän, iki jahan owarrasy bolup gaty kösendim. Sonam öz-özüme: «Eý, Täçsoltan, seniň haýyň gidip, waýyň galdy. Syryňy özüň bilen äkitme. Ol syryňy Tapaga aýt. Goý, ol men ýalňyşandyryn diýip özüni kösäp ýörmesin diýip, ahyr bir pikire geldim. Ana, şu pikir bilenem şu ýere — seniň ýanyňa gaýtjagymy hiç kime aýtman, awtobusa mündüm-de, göni gaýdyberdim. Içimdäkini, Hudaýa şükür, saňa aýtdym, indi ölsemem armanym ýok. Öten agşam ýüregimden bir burgy tutdy. Tapaga aýtmaga ýetişmedim-ow diýip, gaty gorkdum. Ýarygije gaýdybereýinem bir diýdim. Hudaýa hudawende, ýazgydymda bar eken, saňa bar zady bolşy-bolşy ýaly aýtmak. Indi senem arkaýyn bolarsyň. Sen, Tapagan, meni günäkärle. Meni ýigren. Men türkmen aýaly diýen ada mynasyp däl. — Ýok, ýok, daýza, men aýtdym ahyryn sizde günä ýok, baryna meniň özüm günäkär. Sypaýyçylyk näme gerek. Aýjan eje daş işikde ogly bilen çepiksi daýzanyň gürleşip duranyny gördi-de, olaryň ýanyna geldi: — Boýdaş, indi näme boldy? Täçsoltan daýza Aýjan ejäni gördi-de, gözüne ýaş aýlady. Kemligi tutdy. Aýjan ejäni gujaklap, bagyryp goýberdi. — Bagtym gara, ýüzüm gara, jora jan!.. — Aglamak bize aýypdyr, gyz. Täçsoltan daýza agladygyça agysy tutdy. Ol içigip-içigip aglady. — Atageldi jan, näme boldy. Düşündir ahyryn! — Meni gelip urup giden ýigitleriň ejesi bu, eje. Ötünç soramaga gelipdir. Bar günä mende diýýär. Bar günäniň özümdedigine, nädogry pal atandygyma, şeýdibem bu daýzanyň ogullaryny obadaşlarynyň arasynda masgara edendigime, olary agyr güne salandygyma men gowy düşünýärin. Atdanyň ejesiniň gujagyndaky çepiksi daýza aglaý-aglaý halys tapdan düşdi. — Bar, oglum, bir käse suw getir! Atageldi bir käse sowuk suw getirip, daýza uzatdy. Sowuk suwy göwünli-göwünsiz başyna çeken çepiksi daýzanyň ýüzi kem-kem üýtgedi: duw-ak boldy. Aýjan eje mejalsyz göwräni saklap bilmedi. Çepiksi daýza şalkyldap aşak gaýtdy. — Bu näme boldugy? Öläýdimi bu? — diýip, Aýjan ap-ak ýüzi birden gögerip ugran nätanyş daýzanyň ýüzüne gorky bilen seretdi. — Suw diýip getireniň başga bir zat däldir-dä, hernä?! — Bedreden aldym öz-ä — diýip, Atda elden aýakdan galdy. Gözüni guma bulaşyp ýatan çepiksi daýzadan aýryp bilmän, düşnüksiz samrady. — Daýza jan, ölmäweri. Ölseňiz, men siziň ogullaryňyzyň öňünde näme jogap bereýin?!. | |
|
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |