23:47 Tapawudy seljerip bilmek | |
TAPAWUDY SELJERIP BILMEK
Publisistika
Hadysa (waka) - diýip, amala aşan, başlanan we gutaran wagty hem-de ýeri belli bolan wakalara aýdylýar. Emele gelme (daşyndan görüniş - olgu - явление) - diýip, birnäçe wakalaryñ esaslanýan sebäbine ýa-da şol sebäpleriñ getiren netijesine aýdylýar. Hadysalar birin-birin orta çyksa, daşyndan görünişler hadysalary bitewilikde beýan etmek üçin ulanylýar… Düşünje ulgamynda - hadysa we görünişleriñ tapawudynyñ düşünilmezligi, ýagny hadysa we görünişi aýyl-saýyl edip bilmezlik syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda krizis döredip bilýär. Çünki, sebäp-netije gatnaşygyny gurap bilmezlik düşünmegi kynlaşdyrýar! Döwürdeş şahsy kemala getirýän zat düşünjedir. Sowal berýän we jogabyny agtarýan adamdyr bu. Respublikan ynkylap bu manyda "adam kemala getirme" pikiridir. Mälim bolşy ýaly, hadysalara däl-de, görünişlere seredip bilýän adam jemgyýetiñ we ýurduñ ösüşine goşant goşup bilmäge ukyplydyr. Beýleki bir tarapda dilimizdäk "diplomly jahyllaryñ" meselesi şudur: analitik şowakörler tankydy nukdaýnazaryñ eýesi däldirler, çünki olaryñ hakykat bilen ýüzleşip bilmeýärler… Şuny aýtmak isleýärin: Aýasofýanyñ metjide öwrülmesi hadysadyr. Syýasatyñ üns merkezinde dowamly dini ynanjyñ-medeniýetiñ bolmagy bolsa görünişdir. Aýasofýadan öñ ýurduñ üns merkezinde näme bardy, ýada salyñ: Binaly Ýyldyrymyñ başýapynjaly aýalyna gönükdirlen sms paýlaşymy… Izmir metjidiniñ ses gataldyjy enjamlaryndan goýberilen aýdymlar… we başgalar. Türkiýäniñ üns merkezinde hadysalary dowamly ara alyp maslahatlaşmak-jedelleşmek bar. Görünişe esaslanýan gepleşik-çekişme ýok. Çünki aslyýetinde, hakyky maglumatlary bilemzok. Şol sebäpli-de… FETÖ barada diñe Fethullah Gülen we onuñ sebäp bolan hadysalarynyñ üstünden pikir alyşýarys. Eýse, FETÖ bir hadysa däl, görünişdir. Muña düşünmeseñiz, FETÖ-ny diñe 17-25-nji dekabr ýa-da 15-nji iýul agdarlyşygydyr öýdüp, oña garşy göreşi gahrymançylyk edebiýaty bilen çäklendirip goýarsyñyz… ■ Birmeñzeş kodlarda çekişmek Hadysa-görüniş tapawudynyñ seljerilip bilinmezliginde syýasatyñ we onuñ kölegesindäki metbugatyñ paýy uly. Ýurduñ üns merkezi çalt üýtgäp duran ýaly bolup görünse-de, hemişe diýen ýaly birmeñzeş meseleleri ynançy-medeni kodlar arkaly jedelleşip durýarys. Syýasatyñ esasy ugrunyñ dowamly diniñ üstünden ýöredilmeginiñ, syýsatyñ dini galyplara salynjak bolmagynyñ ýurda berýän zyýany ummasyz. Häkimiýetler giñ gözýetimli raýat däl-de, ruhy gymmatlyklar arkaly mazaly gipnozlanan raýat isleýär. Kişi - öñünde goýlanyñ gürrüñsiz kabul eden galyp ülñüsine salynýar! Syýasat dünýäsi uzak ýyllaryñ dowamynda arman-ýadaman bu görünişiñ üstünde gurulýar, köpçülikleýin medeniýet hut şu maksat bilen diýdimzorlugyñ gysajyna salynýar… Hut şu maksat bilenem žurnalistiñ "mahabatçynyñ" ýa-da "propogandaçynyñ" rolunda çykyş edilmegi islenýär. Muña kaýyl bolmaýana, talap edilýän "artistiñ" rolunda çykyş etmeýäne "ýaşamaga hukuk" berilmeýär: "ýa olardansyñ, ýa-da menden!" Žurnalistlik öldürildi, Baryş Pehliwan, Müýesser Kylyç şonuñ üçin türmede, Odatv şonuñ üçin ýapyldy. Odatv-niñ ýapylmagy hadysadyr. Görünişe esaslanyp seredeniñizde garşyñyzda wehim kartina bar. Özem häkimiýet muña düşünäýesi gelenok. FETÖ garşy göreşen Odatv… PKK terrorçy guramasyna garşy göreşen Odatv… Imperializme garşy göreşen Odatv… Müñ bir howpdan gorkman-ürkmän dogry habarlary halka ýetiren Odatv. We iñ soñunda ýapylan Odatv! Häkimiýetiñ töwereginde bu görünişe akyl ýetirmäge ukyply ýeke adam galmadymyka? ■ Döwlet adamy Bu gün 15-nji iýul... FETÖ döwlet agdarylşygy ýene hadysalar esasynda orta alynar, görüniş esasynda däl. Mysal üçin, Russiýanyñ duşmany FETÖ-nyñ birnäçe ýyllap "Aýasofýa metjit bolsun" diýip ýöreden kampaniýalary görüniş esasynda seljerildimi? Eger-eger… FETÖ-nyñ 15-nji iýul agdarlyşygyny näme üçin amala aşyrjak bolany barada häkimiýet toparyndan görüniş esasly çykyş eşitdiñizmi, okadyñyzmy? “FETÖ ýalançy, FETÖ ikiýüzli, pylan-pysmydan...” sözlerinden başga diýýãn zatlary ýok. Hadysalaryñ çarçuwasyndan daşyna çykyp görünişleýin seredilmese, sagdyn göreş alyp barmak mümkin däl. Iş soñunda "Fethullah Gülen erbet, emma ýanyndaky käbir adamlar gowy" diýen bähbitçil-pragmatik garaýşa tarap egilýär. “Ekrem Ymamogly saýlawda üstünlik gazanyp bilmesin” diýip TRT-niñ ekranlaryna Osman Öjalan nähili çykarylan bolsa, erte saýlawda ýeñiş gazanjak bolup, FETÖ bilen gizlin ýaranlyk gurlup-gurulmajagyna kim kepil geçip biler? Munuñ ýoly arçalmaýarmy eýse? Indi hemmämiziñem bilşimiz ýaly, Erdogan duýguçyl syýasatçy we oña çalt täsir edip bolýar. Ýogsam bolmasa. Görünişleýin seretmek gerek. Sözümi bir henek bilen jemläýin. Bir gün Atatürk ýanyndakylardan sorapdyr: – Aýdyñ bakaly, ölenimden soñ bu halk men barada näme diýerkä? Şol wagt onuñ ýanyndakylar: – Paşam, sizi "geniý", "beýik halasgär", "beýik serkerde" diýip ýatlarlar - diýipdirler. Atatürk şonda: – Ýok, bilmediñiz. Halk men barada "eger onuñ daş-töweregini ýallakçylar gurşap almadyk bolsa, ol bu ýurt üçin has köp peýdaly işleri ederdi" diýip ýatlarlar - diýipdir. Hadysalara görünişleýin sereden döwlet adamy görünişlere hadysa deýin sereden syýasatçydyr! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |