16:41 Tapawudymyz şudur | |
TAPAWUDYMYZ ŞUDUR
Publisistika
Nemes geofizigi Alfred Lotar Wegener (1880-1930)… Elli ýaşynda, demirgazyk polýusyndaky Grenlandiýada iş geçirip ýörkä aradan çykdy. Ylyma bagyş eden ömri ony materikleriñ dünýäniñ daşynda ýuwaşlyk bilen süýşýän "materik süýşmesi" (Kontinentalverschiebung - теория дрейфа материков) teoriýasy bilen tanaldy... Ýer yranmasy sebäpli häzir hemmeleriñ diline düşen "ýer gabygyndaky platolaryñ hereket edýändigini" ilkinji bolup agzan alymdy… Alfred Lotar Wegener Ýöne. Ýazjak bolýanym tektoniki hereketler däl, gürrüñim başga: Wegeneriñ kakasy din adamsydy. Ol oglunyñ Berlinde meteorologiýa we astronomiýa ugrundan okamagyny üpjün etdi. Wegener astronomiýadan doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Agasy Kunt bilen bile uniwersitetde assistentlik etdi. (Ikisi howa kütlelerini synlamak üçin howa şarlarynyñ ulanylmagyna-da öñbaşçylyk etdi). Wegener Birinji jahan urşunda fronta sürüldi. Emma ylym dünýäsine goşan goşandy sebäpli frontdan yzyna getirildi. Ol 1915-nji ýylda "Materikleriñ we okeanlaryñ gelip çykyşy" eserini ýazdy. Uruşdan soñ Germaniýa içerki gapma-garşylygy başdan geçirip ýörkä "Geologiki geçmişiñ klimatlary" kitabyny çap etdirdi. 1929-njy ýyl. Germania agyr ykdysady krizisdedigine garamazdan Grenlandiýa buz gatlagynyñ galyñlygyny ölçemek üçin professor Wegenere 120 müñ dollar (şu günüñ puly bilen 2 million dollar) berdi! Alfred Wegener iş geçirip ýörkä aradan çykdy. Toparyñ başyna agasy Kunt Wegener geçdi. Işler dowam etdirildi... Bu girişi şunuñ üçin ýazdym: * * * Türk alymy... 1947-nji ýylda doglan, "68-nji nesilden"... Stambul Tehniki uniwersitetiniñ (STU) uçurymy, Magdan fakultetiniñ geologiýa inženerçiligi bölümini tamamlady. Şol uniwersitetde mugallym bolup işledi... Döwlet 1977-nji ýylda Londondaky dünýäniñ az sanly saýlama ýokary okuw jaýlaryndan "Imperial Kolleže" doktorlyk dissertasiýasyny ýazmak üçin ugratdy... Naji Görür Gaýdyp gelensoñ, STU-nyñ dosenti we professory bolup işledi... Türkiýäniñ sedimenter çöketlikleriniñ gurluşy, tektonikasy-ýer gabygy we deñizleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdi. Seýmsiki potansialynyñ aýdyñlaşdyrylmagy üçin bilini bek guşap işledi we köp sanly döwlet hem-de halkara taslamalaryna ýolbaşçylyk etdi. 1983-nji ýylda kyrk ýaşa ýetmedik ýiti zehinli alymlary höweslendirmek üçin TÜBİTAK-yñ berýän ýörite baýragyna mynasyp boldy. Türkiýäniñ Ylymlar akademiýasynyñ agzalygyna saýlandy. A soñ? Soñ häkimiýet başyna AKP geldi! * * * 2004-nji ýyl. TÜBİTAK-yñ Gebzede guran Marmara Ylmy-barlaglar merkeziniñ (MAM) ýolbaşçysydy. Şol ýyl ol NATO-nyñ ylym boýunça ýörite baýragyna mynasyp boldy. Emma: AKP-niñ häkimiýet başynda oturan şol ýyly MAM-daky ygtyýarlyklary elinden alyndy: "- Işgär almañ, iş tabşyrmañ, edarañ içinde işgärleriñ ýerini üýtgetmäñ". Gepiñ keltesi, "wezipäñi öz eliñ tabşyr!" diýilýärdi. Kömekçisi bilen bile wezipesini tabşyrdy. Ýerine TÜBİTAK-yñ başlygynyñ aýaly oturdyldy! (Haýsysyny ýazaýyn: TÜBİTAK-yñ Türkiýedäki ähli ylmy edaralaryny biri-birine we halkara ylmy torlaryna birikdiren Döwlet Ylmy tor we Maglumatlar merkeziniñ (ULAKBİM) başlygy edip haýwanat bagynyñ ylahyýetçi müdirini oturtdylar!) Diñe bularam däl. 2011-nji ýyl. AKP "Türkiýäniñ Ylymlar akademiýasyna (TÜBA) biziñ özümiz wezipä bellejek!" diýensoñ, ol Ylymlar akademiýasynyñ özygtyýarly gurluşyna zarba urulmagy bilen ylalaşyp bilmedi (professor Jelal Şengör ýaly alymlar bilen bile) işden gitdi. Emma… Döwletinden hiç öýke saklamady, STU-da şägirt ýetişdirmegini dowam etdirdi. Halk daş-kesegiñ astynda galmasyn diýip, "Okeanlardaky burawlaýyş maksatnamasy" ýaly halkara derejeli işlere gatnaşdy, gatnaşyp ýör... Dünýäniñ az sanly saýlama Stanford uniwersiteti ýaly ylym ojaklaryndan çagyryldy, myhman mugallym bolup sapak berdi... Her ýyl geçirilýän dünýäniñ iñ täsirli alymlarynyñ sanawyna girýär... Kimiñ gürrüñini edýändir öýdýäñiz? Elazigde dört ýaşynda kakasyndan jyda düşensoñ, otly duralgasynda kemput satyp, okamaga dyrjaşan ýetim çaganyñ gürrüñini edýärin.. Ady - Naji Görür... Şindizem ýurdy üçin hozanak bolýan alymyñ gürrüñini edýärin... Hezreti Muhammet (s.a.w) eýeleýän wezipäñe mynasyplyk hakda şeýle diýipdir: "Iş - iş başarýana berilmese, kyýamatyñ ýakynlaşanlygydyr". Takdyr karar berme pursatlarynda şekillenýär. Germania bilen ösüş babatda tapawudymyz şudur. "SÖZCÜ" gazeti, 17.02.2023 ý. Soner ÝALÇYN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |