TAPYLGYSYZ MIKROB
Şindi bir gezegem dişi ýyrşarmadyk professor assistentleridir medik-studentleriñ bir toparyny yzyna tirkäp, palata girdi. Göz keselleri bölümine müdirlik edýän professor öz zabunlygy, tekepbirligi hemem dikdüşdüligi bilen medisinanyñ meşhur wekiline däl-de, birinji jahan urşunyñ generalyna meñzeýärdi. Ony göreniñ howy basylýardy. Studentlerdir assistentler-ä beýlede dursun, kärdeşleri-de ondan üzñeräk bolanlaryny kem görmeýärdiler. Ýöne onuñ medisina älemindäki abraýy şeksizdi. Ol medisina we ylym baradaky halkara jemgyýetleriñ aglabasynda agzada durýardy. Onuñ ylmy işleri we açyşlary oftalmologiýada möhüm orny eýeleýärdi.
Ol palatadaky näsaglaryñ başujunda dem salym säginýärdi-de, añry gidýärdi. Assistentlerdir wraçlaryñ oña sorag bermäge batyrgaýlyk edip bilýäni ýokdy.
- Bu näsag golaýda geldimi?
- Hawa, jenap professor, öten agşam geldi... - diýip, çepdäki assistent jogap berdi.
- Oña näme bolýar?
- Keseli şindi anyklanylanok. Iki gözüne-de şikes ýetipdir. Kellesiniñ agyrysy aýrylmaýamyş.
Agyrydan ýaña düwdük bolup ýatan näsagyñ iriñläp, çişen bäbenegine çala nazar aýlan professor dodagyny sähel gymyldatdy:
- Häzir, jenap professor...
Professoryñ ümüne düşüş ýumuşoglanlary onuñ näsagyñ gözünden nem alyp, derrew derñew geçirmegi haýyş edýändigini añdylar.
Iki assistent näsagyñ gözünden akýan iriñli suwuklykdan alyp, professora görkezdi. Professor mikroskopyñ üstüne eglip, ep-esli eglendi. Ahyry başyny galdyranda, onuñ ýüzi-gözi ýylgyryp durdy. Assistentlerdir wraçlar haýran galdylar. Olaryñ nijeme ýyllar bäri, professoryñ ýylgyranyny ilkinji gezek görüp duruşlarydy. Professor tekjedäki galyñ kitaplaryñ birnäçesini aldy-da, olaryñ sahypalaryny ýekän-ýekän, agdaryşdyryp başlady. Okap durşuna: "Hä, hawa... hümm..." - diýip, öz ýanyndan bir zat-bir zatt samraýardy. Soñ ol ýanynda irikgä bolup duran Bir ýerde durup bilmän, mikrob ýumuşoglanlaryna:
- Meniñ beýleki kärdeşlerimem çagyryñ. Goý, studentlerem gelsin - diýdi.
Otag ber-başagaý bolup ýördi.
- Kärdeşler! - diýip, ol studentlerdir assistentler ýaş wraçlardyr studentlerden doldy. Ozalky tutuksy professoryñ ýüzi-gözi gülüp durdy. Ol eý görýän oýunjagy eline berlen çaga ýaly begenýärdi. yñ daşynda e ýüzlendi - Bagtymyz çüwdi... Biçak şowly açyş etdik. Bize iññän üýtgeşik, tapylgysyz mikroby ýüze çykarmak başartdy. Bu juda seýrek hadysa... Göz wraçlarynyñ köpüsi ony gören däldir, görmezem... Siziñ bagtyñyz getirdi. Bu seýrek duşýan hadysa bilen student wagtyñyz tanyşdyñyz... Bu keseli döredýän mikrob million, hatda bäş-on million näsagda bir gezek duşýar...
Professor hoş bolup, elini owkalaýardy. Zol-zol "Tapylgysyz mikrob" diýip gaýtalaýardy.
- Men bu mikroby ömrümde ikinji sapar synlaýaryn. Ony maña şindi assistentkäm, Parižde öz professorym görkezipdi... Bir afrikaly şu kesel bilen kesellän ekeni... Eger şu mikrob düşenden soñ kyrk sekiz sagadyñ dowamynda zyýansyzlandyrylmasa, adam kör bolýar. Göz damarjyklary ölenden soñ, agyry kiparlar. Derrew işe girişmek gerek. Näsagyñ kellesi haçan agyryp başlapdyr?
- Düýn ertir. Keselhana bolsa gije getirdiler...
- Äh-äh! Diýmek, onda biziń ygtyýarymyzda ýigrimi dört sagat galypdyr. Şondan soñ göz görmeden galar... Näsag häzir eýmenç agyryny başdan geçirýän bolmaly... Mikroblar häzir başyna gören ýaly köpelip, beýniniñ görüş merkezine hüjüm edýär. Onuñ dokumalaryny hatardan çykarýar. Häzir gezek-gezegine mikroskobyñ ýanyna geliñ-de, mikroblary synlañ.
Assistentlerdir studentler mikroskobyñ üstüne eglip, mikroby öwrenmäge girişdiler. Professor bolsa tanyş wraçlaryna telefon edip, özüne miýesser eden şowlulyk hakynda habar bermäge başlady. Ol, hamana, buşluk habary bar ýaly tolgunýardy.
- Gadyrdan... ajaýyp zat... Beýle zady synlamak hemişe miýesser edip duranok... Hawa... Diýmek, onda sizem heniz duşmansyñyz-da... Bu iññän seýrek närse. Türkiýede ony gören wraç onçakly kän dämikä diýýän. Men häzir juda tolgunýan. Professional bilesigelijilik-dä...
Ol trubkany asdy-da, töweregindäkilere ýüzlendi:
- Gördüñizmi? Edil aýdyşym ýalydyr. Heniz gabat gelmändirler. Tanymal wraç diýjeksiñiz weli, şu mikrobyñ nämedigini bilenoklar.
Professor bir ýerlere jañ edýärdi. Medisina jemgyýetine, wraçlaryñ assosiasiýasyna habar berýärdi. "Bu mikrob howada derrew ölýär. Hawa, ýaşap bilenok... Şonuñ üçinem bu kesel ýokanç däl. Ýogsa, ähli adam kör bolardy... Onuñ tapylgysyzlygyny diýsene" diýýärdi.
Ol bu mikroby täsin gudrat ýaly arzylaýardy, altyn-kümüş ýaly aýaýardy. Onuñ ölüp, ýok bolup gitmezligi üçin elinden gelenini edýärdi. Tolgunmadan ýaña, naharlanmagy-da ýadyndan çykardy. Assistentlerem dem-dynç alman işlediler. Olaryñ ikisi mikrobyñ müñ esse ulaldylan suratyny çekmelidi. Beýleki ikisi studentleriñ kömegi bilen bu tapylgysyz mikrob üçin ýaramly şert döretmegiñ aladasyny edýärdi. Ony öldürmän saklamak, dürli ýagdaýlarda - her hili gyzgynlykdaky kislotada, aşgarda, çorbada tejribe geçirmek üçin gerekdi.
Şol gün keselhananyñ göz keselleri bölüminde hiç kimiñ mikrobdan başga zada eli degmedi. Şepagat uýalarynyñ, ýara saraýanlaryñ, hatda jaý süpürýänleriñ hem işi ýetdi. Keselhana gurlaly bäri beýle başagaýlygy görmändi. Beýleki bölümleriñ wraçlary-da tapylgysyz mikrob hakynda eşiden batlaryna, göz keselleri bölümine haýdaşyp geldiler. Beýle seýrek mikrobly jaýa girmegem täsin ahyry. Şol arzuw beýleki keselhanalaryñ wraçlaryny-da şu ýere getirdi.
Gijäniñ bir mahalyna çenli hiç kim öýüne gaýtmady. Hemme kişi professorlaryñ ertirki leksiýalaryny taýýarlamagyñ ugrunda boldy. Uzyn gije göz keselleri hakyndaky dünýäniñ medisina edebiýatynda möhüm orny eýelemeli we täsin derñewleriñ başyny başlamaly ylmy habaryñ üstünde işlän professor daña golaý öýüne gaýtdy. Tapylgysyz mikrob hakyndaky pikir ony gysgajyk düýşünde-de erkine goýmady. Jahan ýagtylan badyna, ýene keselhana geldi. Mikrobyñ özüni alyp barşy nähilikä? Esasan hem synag etmäge ýetişmelidi, mikrobyñ gözden daşarda-da ýaşap, ýaýrap biljegini-bilmejegini kesgitlemelidi. Hawa. Mikrob ýaşabam, ýaýrabam bilýär ekeni.
Professor otagyñ içinde uçaýjak bolýardy. Her kime bir ýakymly söz aýtmaga çalyşýardy. Ýara saraýan zenanlar bilen degişýärdem. Mejlisler zalyna tanymal alymlaryñ aglabasy ýygnanypdy. Olar professoryñ leksiýasyny hezil edip diñlediler.
Professor bu täsin hadysa hakynda daşary ýurtlardaky kärdeşleridir halypalalaryna-da habar berdi.
Göz keselleri bölümi hakykatdan-da dünýä ähmiýetli ylmy merkeze öwrüldi.
Iş dowam edýärdi. Üç assistent täze döwrä düşen halka şekilli mikrobyñ keşbini üýtgedil, dartylandygyny gördi. Olar begençlerinden ýaña gapyny-zady kakman, professoryñ kabinetine kürsäp girdiler. Gören zatlaryny oña gürrüñ berdiler.
- Hemmeleri çagyryñ - diýip, alym barmagyny şarkyldatdy.
Otag ýene wraçlardan doldy. Professor ýörite kitap taýýarlamakçy bolýandygyny habar berdi. Ol birden sagyndy-da:
- Hassanyñ haly neneñ? - diýip sorady.
Bejerýän wraç:
- Agyrysy aýryldy - diýdi.
- O nähili?
- Ol kör boldy.
Professor göwnühoş ýylgyrdy.
- Ajaýyp. Eger kyrk sekiz sagadyñ dowamynda mikrob zyýansyzlandyrylmasa, agyrynyñ aýrylyp, näsagyñ kör boljakdygyny aýtdym gerek... Agyrynyñ iki gün ozap başlanandygyny göz öñünde tutsak, näsag şu gün görmek ukybyndan mahrum bolmalydy. Şeýle dälmi?
- Hawa - diýip, assistent jogap berdi.
- Bu ýerde hiç hili ýalñyşlyk bolup bilmez, meniñ gadyrdanlarym... Ylmyñ ýüñsakal etmejekdigini aýtdym ahyry.
Professor, assistentlerdir studentler ylmy derñewlere gaýtadan girişmek üçin, göz keselleri bölüminiñ laboratoriýasyna tarap şadyýan gadam urdular.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Rusçadan terjime eden: Atamyrat ORAZLYÝEW.
Satiriki hekaýalar