01:45 Janköýerleriñ samahyllysy | |
JANKÖÝERLERIÑ SAMAHYLLYSY
Psihologiýa
Okyjy soraýar: "- Trabzonspor-Fenerbahçe futbol duşuşygynda bolup geçen hadysalaryñ üstünde nämüçin durup geçeñzok?" Okyjylaryñ aglabasy "öz kellesindäkileriñ makullanmagyny" isleýär! Oýun hakda aýdyp geçerin, ýöne ilki bilen şu jümläniñ üstünde durup geçesim gelýär. Size birini tanadaýayn: Uilýam Bernstaýn (1948-nji ýylda doglan)... ABŞ-ly neýrolog, maliýe teoretigi, mediýa taryhçysy... Häzirkizaman portfolio teoriýasynyñ düýbüni tutujy... "Bolçulygyñ döreýşi", "Ajaýyp üýtgeşme. Söwda dünýäni nähili şekillendirdi?" atly birnäçe kitabyñ awtory... Onuñ "Köpçüligiñ samahyllysy. Jemgyýetler nähili we nädip dälireýär?" kitabyny okadym. (Kitap ("Okuyan Us" neşirýaty tarapyndan geçen ýyl türk diline geçirildi). Kitabyñ yzky sahabyndaky şu jümlesi ünsümi çekdi: "Hekaýany gürrüñ berýän maýmynlar biziñ özümiz. Ýalandygynyñ ýa-da ýalñyşdygynyñ tapawudy ýok, özune ýetik gyzygy bolan hekaýa hemişe hakykaty aýdyp biler". Umuman alanda kitabyñ maksady "Adamzadyñ nämüçin aram-aram her dürli global samsyklaçlygyñ jebir çekeni bolandygynyñ düşünilmegine ýol arçamakdy". Ýogsa-da, dini-ykdysady ynanç hakda ýazylan bu kitabyñ "Trabzonspor-Fenerbahçe" futbol duşuşygyna näme dahyly bar? Käbir setirlerini paýlaşmagyma rugsat ediñ: * * * "- Adamlar analitiki ukyplaryny hadysalary analiz etmek üçin däl-de, öz ornaşykly şek-şübhelerine laýyk getirmek üçin ulanýar... - Adam ogly akyl-paýhasyny köplenç rasionallyk üçin däl-de, faktorlary romantiki röwüşde rasionallaşdyrmak üçin ulanýar... - Rasional düşünje yatlamaga mynasyp tagalla talap edýär we adamlaryñ doly diýen ýaly düşünje nukdaýnazaryndan ýalta ýa-da psihologiki dili bilen aýtsak, aýry-aýry "kognitiw husytdyr"... - Berk rasionallyk işjeñ kognitiw zähmet talap edýär, şoñ üçinem köp azap siñdirmeli zähmet adamlaryñ hiç göwnüne ýaramaýar, mundan gaça durulýar. Beýni diñe şowsuzlyga uçralan wagty aýaga galdyrylýar... - Köpçülikleýin gatlaklaryñ danalygy ullakan ýalandan ybaratdyr. Mantyksyzlyk ýokanç kesel ýalydyr". Meselem, ABŞ ýaly birnäçe ýurtdaky ekssentr tarykatlar ("Gün ybadathanasy", "Jennet gapysy" ýaly) müritlerini öz janyna kast etmeklige iterdi. Ýogsa-da, bu adamlar lider-şeýh saýýan adamlaryna (Dewid Koreş, Lýuk Žýure ýaly) nämüçin ynandylar. Mysal üçin, dünýäde kyýamatyñ turmagyna birnäçe sagat galanda öz janlaryna kast etjek bolsa, "Heýla-Boppa" guýrukly ýyldyzynyñ guýrugynda aaklanýan kosmos gämisi bilen "o dünýä" geçip gitjekdikleri hakdaky ýalana nädip ynandylar? Geñ-tañsy gürrüñler (öñdengörüjilikler, welilik satmalar), pikir-düşünjeler adam añynda elmydama hakykaty bilme-gözleme isleginden has köp ýer tutýar. Adam öz düşündirişiniñ guluna öwrülýär... Hawa, adam oglunyñ duýgularyna ýüzlenýänler has añsat ynandyryp bilýär. Rasionallyk analitik ukyp-başarnyk bilen utgaşanda, adam her dykgatyna ýetirilýäniñ añsat müşderisine öwrülýär... Entek oýun barada aýdaryn, ýöne ilki şuny aýdyp geçeýin: * * * Edil şumatky günlerde häkimiýet tarapdarlarynyñ üns merkezinde "desse-desse pul" spekulýasiýasy bar. “Baýesiñ teoremasyny” bilýärsiñizmi? Iñlis filosofy Tomas Baýes tarapyndan döredilen şeýle analiz metodikasy bar: "Adam halamaýan syýasatçysynyñ günäli bolup bilme ähtimallygyny, aýdaly, 70%-digini pikir edýär, emma munuñ tersini subut edýän deliller bilen şol syýasatçynyñ arassadygy mälim bolandygyna garamazdan, gülkünç ýagdaýa düşýänem bolsa, pikirini üýtgetmeýär!" Ýagny, adamlar haýsydyr bir mesele boýunça bir zada berk ynanan bolsa, munuñ tersini görkezýän maglumatlardan gaça durýar, olar ynanýan zatlaryny püçege çykarjak maglumatlary göresi gelmeýär. Gynansak-da, ýagdaý şeýle. Köp adam zehinini dünýäniñ agyna ak, garasyna gara diýip bilýän sowukganly analiz üçin ulanyp bilmeýär. Zehinlerini mantyksyz şübhelere gurban edýärler! Şeýdibem, hakykatyñ tassyk bolmagy elmydama uzaga çekýär... Ynha... Adam oglunyñ üýtgedilmesi kyn dürli hili tarapdarlygyna şu nukdaýnazardan baha beriñ... Nişse şeýle diýýär: "Dälilik şahslarda seýrek duş gelýär, emma jemgyýetlerde köp duş gelinýän kadadyr..." Adamlar süri-süri bolup dälireýär, ýöne olaryñ juda az sanlysy akyl-paýhasyny haýal gazanýar! Häzirem "Gürrüñiñ gutaryp barýar, "Trabzonspor-Fenerbahçe" futbol duşuşygynda bolup geçen hadysalaryñ üstünde durjak dälmi?" diýmegiñiz mümkin. Aslynda diñe şonyñ gürrüñini etdim. Kim islese, gaýtalap okap göräýsin... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.03.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |