14:38

Konrad Adenauer

Taryhyñ akymyny üýtgedenler

ZAMANABAP GERMANIÝANYÑ ATASY: ADENAUER

Häkimiýet başynda oturanda iññän berk we aýgytly bolan Adenauer Germaniýany nasistik ýyllaryndan alyp, parlament durmuşyna salan adam boldy.

Konrad Adenauer Gitlerden 30 ýyl soñ geldi.
Onlarça ýyla çeken fransuz-nemes duşmançylygyndan soñ Adenauer iki ýurduñ arasyndaky ilkinji ýaraşyk şertnamasyny baglaşdy.
Konrad Ikinji jahan urşunyñ soñunda kül-peýkun bolan Germaniýany ABŞ-dan soñky dünýäniñ ikinji ykdysady güýjüne öwürdi.
Emma Konrad Adenauer 72 ýaşaýança syýasat dünýäsine girmedi.
87 ýaşyna çenli geñeşçi bolup işledi.
Nemesler oña "Goja" diýýärdiler.
84 ýaşyndaka oña gabatlaşan amerikan žurnalisti "Adenauer 50-55 ýaşlaryndaky adam ýaly sagdyn" diýýärdi.
Adenauer 1876-njy ýylda dünýä indi.
Ýagny korolewa Wiktoriýanyñ hökümdarlygynyñ ortalarynda we Russiýada Nikolaý II-niñ tagtda oturan wagtlary.
Adenauer 1963-nji ýylyñ oktýabryna çenli Germaniýany bütin güýç-kuwwatyny sarp edip dolandyrdy.
Ortatap güzeranly maşgalada önüp-ösdi.
Çörek bişiriji bolup işlän atasy Reýn oblastynyñ fanatydy. Ol Prussiýany we Gündogar Germaniýany hiç halamandyr.
Berline gitmek üçin her gezek otla münende degişme gatyşykly "Ine, ýene Aziýa barýas" diýýän eken.
Adenauer hukuk ugrundan okady.
Karýera basgançagyna Kýolnda dyrmaşmaga başlady.
1917-nji munisipalitet başlygy boldy we 16 ýyllap, tä ony tussag eden nasistler gelýänçä şol wezipede oturdy.
Iki gezek öýlendi, 21 agtygyñ atasy boldy.
ABŞ 1945-nji ýylda Kýolna baranda ony gaýtadan wezipä getirdiler. Şol wagt ol 69 ýaşyndady.
1949-njy Germaniýanyñ kansleri boldy.
Täsin ýeri, ykdysady meselelerden baş çykarmaýandygyna garamazdan, wezipäni has soñra "nemes ykdysady gudratynyñ atasy" hasaplanýan Lýudwig Erharda berdi.
Häkimiýet başynda oturanda iññän berk we aýgytly bolan Adenauer Germaniýany nasistik ýyllaryndan alyp, parlament durmuşyna salan adam boldy.
Muşakgatly geçen ýyllaryñ soñunda Germaniýany täzeden dünýä arenasyna çykardy.
Lýudwig Erhardy öz oruntutary etjek bolup kän dyrjaşdy, ýöne başa barmady.
Adenauer 1967-nji ýylda 91 ýaşynda aradan çykdy.
Görüşýänçäk…

Semir ATAULLAH,
Liwanly žurnalist.

11.05.2020 ý.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 212 | Добавил: Gökböri | Теги: Semir Ataullah | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]