08:12 Taryhyñ iñ baý patyşasy Mansa Musanyñ Mekge ýolagçylygy | |
TARYHYÑ IÑ BAÝ PATYŞASY MANSA MUSANYÑ MEKGE ÝOLAGÇYLYGY
Taryhy makalalar
Taryhy neolitik eýýamlara çenli uzaýan Mali Afrikanyñ gadry bilinmeýän merjen däneleriniñ biridir. Niger derýasynyñ bereketli suwlary sebiti ekerançylyk taýdan diýseñ baý topraklara öwrüpdir. Mali - balykçylyk üçin oñaýly şertler we geografiki taýdan ýerleşiş şertlerine mahsus, düýp azyk önümleri bilen ýer ýüzünde ýaradylan jenneti ýatladýar, emma Maliniñ baýlyklary diñe ýeriñ üstündäkiler bilen çäklenmeýär. Dünýäniñ iñ gymmatly altyn rezerwleri Malide ýerleşýär. Dürli taýpalardan jemlenen mali jemgyýetinde ilatyñ agramly bölegini mande halky düzýär. Adamlar dürli taýplardanam bolsa, bir dilde gürläp, birmeñzeş däp-dessurlary bolandygy üçin aralarynda medeni taýdan ullakan bir gapma-garşylyk ýok. Ykdysadyýetiñ daýhançylyga esaslanýan bu jemgyýetde agalyk edýän garaýyşy bolsa yslam dinidir. Muña garamazsan ýerli urp-adatlar we ynanç rituallary malilileriñ yslamyýet garaýşynda özünde güýçli ýer edinipdir. Häzirkizaman mali jemgyýetiniñ binýady XIII asyrda patyşa Sundiata Keýta tarapyndan tutuldy. Niger derýasynyñ boýunda ösen medeniýet gurmagy başaran Keýta Sakura atly serkerde tarapyndan tagtdan agdaryldy. Kän wagt geçmänkä Mansa Musanyñ häkimiýeti eýelemegi bilen Mali pajarlap ösjek täze döwrüne gadam basdy. • Afrikanyñ gören iñ beýik hökümdary Doly ady Mansa Kanku Musa Malide 1312-nji ýylda tagty eýelände Mali üçin taryhyñ akymy başga ugra akmaga başlapdy. Musa tagta geçen badyna serkerdesi Saran Mandian bilen birlikde Afrikanyñ birnäçe ýurduny basyp alypdyr. Çeşmeleriñ habar bermegine görä, hökümdar Musa az wagtyñ içinde 100 müñ ýaýçydan we 100 müñ atly esgerden düzülen ägirt uly mali goşunyny toplapdyr. Eýeleýän ýerleri we harby güýji bilen Mansa Musanyñ garşysyna çykyp biljek ýeke-täk güýç mongollardy. Geografik şertleri we ykdysady taýdan kuwwatyny göz öñüne tutanyñda, eger Musa mongollar bilen uruşsa, ýeñiş gazanyp biljegine şek-şübhe ýokdy. Mansa Musanyñ ümmülmez territoriýany tutup ýatan imperiýasy göz gamaşdyrýardy. Ol Afrikanyñ ýerasty magdanlaryny çykaryp, ýurduna bolçulyk we baýlyk eçildi. Mali halky oña "Magdanlaryñ hojaýyny" diýmäge başlapdyr. Mansa Musa basyp alan ýerlerini eksplutaturlemän, gaýtam tersine, abadanlaşdyrýardy, baýadýardy. Sebitleri welaýatlara bölüşdiren Musa her welaýata mynasyp işbaşarjañ häkimleri belläpdir. Muny edende-de garamagyndaky ýerli halkyñ talaplaryna we gymmatlyklaryna üns beripdir, mümkin boldugyndan häkimlerini ýerli halkyñ arasyndan saýlap-seçip alypdyr. Yslam dinine jany-teni bilen uýýan Mansa Musa Afrikada on müñlerçe adamyñ öz meýline musulmançylygy saýlap almagyna sebäp bolupdyr. Elbetde, munda arap söwdagärlerine berilen ýeñillikleriñem ullakan täsiri az bolmandyr. Mali topraklaryna kowçum-kowçum bolup gelen arap söwdagärleri we syýahatçylar sebitiñ dini taýdan geçiren öwrülişiginde uly rol oýnapdyr. Halkynyñ yslamyýeti oñyn kabul edendigini gören Musa Timbuk şäherinde deñi-taýy bolmadyk metjidiñ gurulmagyny buýrupdyr. Netije hakykatdanam ajaýyp bolupdyr. 1327-nji ýylda gurlup gutarylan Djinguereber (Jenne) metjidiniñ owadanlygy ýaly owadan metjit Afrikada bolmandyr. Mansa Musa Afrikanyñ ähli estetiki düşünjesiniñ "Jingereber" metjidine siñdirilmegini gazanypdy. Mansa Musa munuñ bilenem çäklenmän, astronomiýa, medisina, inženerçilik ugrunda işler alyp barýan ýokary okuw jaýlaryny gurupdyr. Gysga wagtyñ içinde yslam dünýäsinden köp sanly meşhur işan-mollalar we alymlar kowçum-kowçum bolup, Malä gelmäge başlapdyr. Musa ýurduna gelen biri-birinden wajyp bu şahslaryñ gymmatbahaly sowgatlardan ýüküni ýetirip, erkin şertlerde işlemegini ýola goýupdyr. Yslam dünýäsindäki ylym adamlaryna bular ýaly jomart çemeleşjek ýene bir kişi Stambul fatihi Soltan Mämmet II-di. • Mekgä guralan uly ýolagçylyk Yslamyýete yhlas bilen ýapyşan Mansa Musa Malide esaslandyran beýik imperiýasy bilen Afrika asudalyk we bereket getiripdir. Mundan soñ ol Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý edip gelmek isläpdir. Paýlaýan hüşür-zekadynyñ özi Karunyñ baýlygyndan iki esse köp Mansa Musa Mekgä gidende ýolboýy paýlap giden sadakasyny adamlar asyrlar geçenden soñam ýatlar ýaly etmegi niýetine düwüpdir. Bu ýolagçylyk üçin Mansa Musanyñ geñeşdarlary birnäçe ýyla çeken taýýarlyk işlerine başlapdyr. Diñe 100 düýä on müñlerçe külçe altyn ýüklenipdir. Altynlaryñ howpsuzlygy üçin 500-e golaý gul berkidilipdir. Paýtagt Niani bilen Mekgäniñ arasy bäş müñ kilometre golaý ýol bar eken. Şonuñ üçinem janpenalyk etjek on müñlerçe esgeriñ ýany bilen logistik maksatly san-sajaksyz baş haýwan we agzyna-burnuna çenli doly däneli arabalar hökümdara ýoldaşlyk edipdir. Mansa Musa garamagyndaky adamlaryñ hemmesine eýran ýüpeginden tikilen altyn nagyşly ýörite eşikler taýýarladypdyr. • Birinji duralga Kair Taryhyñ gören iñ uly haj kerweniniñ birinji duralgasy Müsür boldy. Piramidalaryñ eteginde çadyr diken Mansa Musanyñ kerweniniñ bir ýere jemlenmegi üçin tegelek sekiz aý gerek bolupdyr. Musanyñ düşläp geçmek üçin säginen Kair şäheriniñ ykdysadyýeti uruşlardan we gurakçylykdan ýaña ýitip-ýok bolup gitmegiñ gyrasyna gelen wagty malili zyýaratçylar ýurda aýak basanda gaýtadan silkinipdir. Müsüriñ soltany el-Nasyr Mansa Musa ýurtdan çykýança, Müsüriñ patyşasy ýaly hereket edipdir, emma müsürli taryhçylaryñ aýtmagyna görä, Mansa Musa el-Nasyryñ huzurynda onuñ aýagyny däl-de, elini ogşandygy üçin az wagtlyk diplomatiki dartgynlylyk bolup geçipdir. Ýogsam bolmasa, Mansa Musa birinji duşuşygynda el-Nasyra 50 müñ dinar eçilipdirem. Elbetde, diñe Musa däl, onuñ aýaly melike Inari Kunate-de göz gamaşdyryjy owadanlygy we özüne çekijiligi bilen bütin Müsüriñ akyl-huşuny başyndan uçurypdyr. Meşhur arap taryhçysy Makrizi Musany şeýle suratlandyrypdyr: "Kofereñk saçly, hoş ýüzli, polat ýaly berk bedenli ýaş ýigitdi. Kim onuñ ýanyna barsa, sowgat-serpaý bilen baranyñ akylyny başyndan alardy". Arap taryhçylarynyñ aýdýan ýene bir täsin ýagdaýy bar. Kairliler Mansa Musanyñ ýany bilen gelenlere haýsydyr bir harydy ýüz esse gymmada satmaga şeýle bir öwrenişipdi welin, malililer gidenden soñ ynjalan müsür ykdysadyýeti nyrh maklerleri sebäpli az wagtyñ içinde gaýtadan düýpli bankrota batypdyr. • Soñky duralga Mekge Mansa Musa Kairden çykandan soñ Mekgä ýetmek üçin çöli kesip geçipdir. Patyşanyñ ýany bilen alyp gaýdan hazynalarynyñ owazasy bütin dünýä dolupdyr. Elbetde, bu ýagdaý onlarça garakçy toparlarynyñ onuñ geçýän ýoluny garawullap oturmagyna sebäp bolupdyr. Garakçylaryñ çozuşlarynda birnäçe esgeri wepat bolan Mansa Musa geñeşdarlarynyñ beren maslahatlaryny diñlemän, yza dolanmakdan ýüz öwrüp, Mekgä sary hereket etmegini dowam etdiripdir. Mekgä baryp ýetende, dünýäniñ çar künjünden gelen musulmanlar Mansa Musany görjek bolup şäheriñ derwezeleriniñ agzyna üýşüpdir. Üç aýa golaý wagt Mekgede ýaşap, ybadat bilen meşgullanan Mansa Musa ýurduna gaýdyp barmak üçin gelen ýoly bilen yzyna öwrülipdir. Ol Kaire gelende, garaşmadyk krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Musa bärden gitmänkä Kairi altyna gark edipdi, emma altynyñ aşa köplügi we nyrhlaryñ keýgiñ şahyna çykmagy taryhda görlüp-eşdilmedik baýlyk krizisini döredipdir. Mansa Musa Soltan Nasyryñ haýyşy bilen Kairdäki altynlary ýokary göterimine söwdagärlerden alypdyr. Şeýtmek bilen Kairiñ ykdysadyýeti hemä ertirini kepillige alypdyr, hemem bular ýaly köp altynyñ bazarda emele getiren deñagramsyzlygy aradan aýrylypdyr. Mansa Musa ýolagçylygy ýewropalylaryñ ünsüni çekipdir we olaryñ Günbatar Afrikanyñ baýlyklaryna bolan gyzyklanmalaryny artdyrypdyr. Ilkinji nobatda nemes, italýan, ispan kartaçylary Mansa Musanyñ baýlygynyñ mukdaryny anyklamak üçin Mali boýunça ençeme ýyllap barlag işlerini geçiripdir. Jöhit kartografy Awraam Kreskesiñ düzen tebigy baýlyklar boýunça mali kartalary ýakyn wagtda başlajak ýewropa basybalyjylygynyñ we kolonializminiñ binýadyny tutdy. Ýewropalylar gün geçdigisaýy güýçlenip barýan Osmanly döwletiniñ hötdesinden gelip bilmejekdiklerine düşünenlerinden soñ ümzüklerini Afrika öwürip, materigiñ tebigy baýlyklaryny talamak üçin biri-birlerine bilen ýaryşa girdiler. Üstesine diñe Afrikanyñ tebigy baýlyklaryny talamak bilenem çäklenmän, hut adamlaryny-da ogurlap we gul edip, dünýäniñ dürli ýerinde satlyga çykarypdylar. • Ibn Battutanyñ we Mansa Musanyñ duşuşygy Meşhur arap syýahatçysy Ibn Battuta Maliniñ beýik hökümdaryny görmek üçin köşgüne çenli ýol söküp gelipdir. Mansa Musa tarapyndan myhmansöýüjilik bilen garşylanan Battuta şaýat bolan gorkunç wakasyny şeýle beýan edipdir: "Biz köşkdekäk şazada Mansa Süleýman (Musanyñ ogly) musulman däl we uýat ýerleri doly açyk adamhorlary köşgünde kabul edip bir zatlar gürleşdi. Ol adamlaryñ gulagynda ýarymaý şekilli ullakan gulakhalkalar bardy. (Olar magdanlaryndan Musa patyşanyñ köşgünde külçe-külçe altynlary paç hökmünde getirýän adamlardy). Musa patyşa bu adamhorlara çäksiz myhmansöýüjilik bilen hormat-sylag edip, olar bilen bile oturyp-turuşýardy. Beren altynlarynyñ deregine bezemen eşik geýinen garaýagyz aýaly adamhorlar toparyna getirildi. Olar aýaly duran ýerinde bölekläp iýenlerinden soñ ellerine we ýüzlerine çyrşalan gan bilen hökümdara minnetdarlyklaryny bildirdiler. Ýanymdakylar munuñ her gezekki köşk saparynda bolýan däpdigini aýtdylar". (Ibn Battuta, "Travels in Asia and Africa" 1325-1354, tr. and ed. H.A.R. Gibb (London: Broadway House, 1929). Battutany birahat eden ýene bir ýagdaýam aýal-gyzlaryñ ýalañaçlygy bolupdyr: "Bu ýerdäki iñ erbet däpleriñ birem hyzmatkärleriñ, gyrnaklaryñ we ýaş gyzlaryñ ýalañaç gezmekleridi. Uýat ýerlerine çenli görnüp duran bu aýallar başyna hyna meñzeş kül sepinerdiler. Ýene bir erbet edim-gylymlarynyñ birem at, eşek, it etini iýmäge çekinmeýänlikleridi". (Agzalan çeşmä seret). Mansa Musa 1337-nji ýylda 57 ýaşynda aradan çykypdyr, onuñ ýerine ogly Mansa Süleýman geçenem bolsa, Mali öñki gülläp ösüşini dowam etdirip bilmändir we beýik hökümdar Mansa Musanyñ beýik imperiýasy taryh arenasyndan çekilipdir. Soñky geçirilen barlaglar Mansa Musanyñ baýlygy häzirki döwrüñ iñ baý adamynyñam baýlygyndan dört esse köp bolandygyny görkezýär. Ýöne bu maglumatam onuñ diñe anyklap bolan hazynasynyñ gymmaty hasaplananda çykarylan iñ bärkije hasap bolmagynda galýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 21.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |