12:26 Taryhyñ iñ uly garakçysy aýaldy | |
TARYHYÑ IÑ ULY GARAKÇYSY AÝALDY
Taryhy makalalar
Garakçylyk diýlende, tebigy taýdan ýada erkekler düşýär. Hatda gämide aýalyñ bolmagyny-da birnäçe deñizçi şowsuzlygyñ sebäbi hasaplapdyr. Emma pikir edilişiniñ tersine, käbir çeşmeleriñ habar berişi ýaly garamagyndaky adam sany we ýetiren täsiri taýdan alanda taryhyñ iñ uly garakçysy Çžen I Sao atly aýal bolupdyr. Hakyky ady Sian Gu bolan Çžen I Sao 1775-nji ýylda Hytaýyñ Guangdong welaýatynda dünýä inipdir. Hanym I Sao Hytaýda jelepçilik edip gün gören Gu familiýasyny alan garakçy äriniñ adamlary tarapyndan alnyp gaçylýar. Çžen I (deñiz garakçylarynyñ kapitany) Gunyñ owadanlygyndan täsirlenip, oña özüne aýal bolmagy teklip edipdir. Äriniñ ölüminden soñ Gunyñ ady Çžen I Sao (Iniñ dul aýaly) bolýar. Äri ölensoñ onuñ golastyndaky garakçylar flotiliýasy başsyz galypdyr. Çžen I Sao (Hanym Çžen) 400 sany ownukly-irili gäminiñ başyna geçip, özünden garaşylmadyk ädimini ädýär. Ol Çžan Baoszaý atly akylly deñizçuni kapitan belläp, syýasy taýdanam möhüm ädimini ädýär. Kän wagt geçmänkä ýaka tanadan Hanym Çžen sebitde terror ýelini öwüsdirip bilipdir. Hytaý garakçylary Sin hökümetini ýesir alandan enaýy etmedik aýal garakçy gysga wagtyñ içinde 70 müñ adamlyk jemgyýeti eliniñ aýasyna alypdyr (Muña garakçylaryñ aýallary we çagalary-da degişli). Hytaýlylar aýal garakçynyñ hötdesinden gelmek üçin iñlislerden kömek sorapdyr we "Merkuriý" atly agyr söweşjeñ gämiler satyn alynypdyr. Bu gämilerem Hanym Çženiñ ýoluny baglap bilmändir. Iñlis tehnologiýasynyñ derege ýaramandygy gören hytaýlylar deñiz uruşlarynda uly güýçleriñ biri hasaplanýan portugaliýalylardan hakyna söweşmegi haýyş edipdirler. Gabaw operasiýasyny geçirendigine garamazdan, portugaliýalylaram Hanym Çženi ýok edip bilmändir. Hökümetiñ şowsuz tamamlanýan her bir hemlesi garakçynyñ güýjüne güýç goşup, barha ulalmagyna sebäp bolýardy. Hanym Çžen ýurtdaky aýal-gyzlaryñ we garyp daýhanlaryñ goldawyny alyp, barha güýçlenipdir. Onuñ flotiliýasyndaky düzgün-tertipler bolsa diýseñ ýönekeý we berk bolupdyr: Eger biri gämiden rugsatsyz aşak düşse tussag edilipdir we köpçüligiñ öñünde gulaklary deşilipdir. Ýalñyşlyk ikinji gezek gaýtalansa, ölüm jezasy berilipdir. Oljalar hasaba alynmazdan, ýeke iññe, ýeke sapak alynmandyr. Olja on bölege bölünipdir, bularyñ ikisi garakçylaryñ haky bolsa, galan sekiz bölegi umumy hazyna hökmünde saklanypdyr. Rugsatsyz ýeke zat alynmandyr, eger alynsa, alana ölüm jezasy berilipdir. Obalardan tutulyp getirilen aýallary rugsat almazdan eýeçiligiñe geçirip bolmandyr. Aýallary horlaýan ýa-da zor bilen özüne aýal edinjek bolýanlara ölüm jezasy berilipdir. Hanym Çženiñ garakçylary halka zulum etmändir, ejiziñ hakyny iýmändir, gaýtam salgytsyz söwdany ýola goýup, daýhanlaryñ baýamagyny üpjün edipdir. Merkezi hökümetiñ deregine ýönekeý halka garakçylaryñ has köp peýdasy degipdir. Hiç bir garakçynyñ jenaýat etmegine ýol berilmändir, düzgün-tertibi bozanlar suduñ öñünde kelle ýalañaçlamaly bolupdyr. Onuñ merkezi hökümete garşy giren bir söweşinde bolup geçenler aýal garakçyny has ýakyndan tanamagymyza mümkinçilik berýär: Imperator Szýasin hökümdarlygynyñ on üçünji ýylynyñ iýul aýynda Guandongda Lin Guo Liang flotiliýa ýolbaşçylyk edipdir we Gyzyl baýdakly flotiliýanyñ üstüne çozupdyr. Hanym Çžen öz üstüne çozuljak bolunýanyny öñünden duýupdyr we Çžan Baoszaýyñ ýolbaşçylygy astyndaky güýçlerini ugradypdyr. Lin Guo Liang näme bolýandygyny bilmän, Ma Çžou okeanyna gelipdir. Duzak guran Çžan Baoszaý Lin Guo Liangyñ flotiliýasyny dört tarapdan gabapdyr. Çžan Baoszaý komandowaniýanyñ gämisini nyşana alyp, öñe süýşüpdir. Lin Guo Liang Çžan Baoszaýyñ gämide goşuna ýolbaşçylyk edip duranyna gören basyna top atyşyny başladypdyr. Çžan Baoszaý hamana hudaý ýaly, çawup gelýän oklaryñ barsy oña degmän deñzd düşüpdir. Lin Guo Liangyñ we onuñ esgerleriniñ añ ýetirmeýän bir zady bolupdyr: Çžan Baoszaý ençeme ýyllap deñizlerde gezensoñ, uçursyz tejribä eýedi. Ol nijeme jeñleri we çozuşlary başdan geçiripdi. Şonuñ üçinem topçylaryñ oýnuna we oklaryñ ýetip bilýän aralygyna beletdi. Ol gäminiñ palubasynda durup, aralygy gözegçilikde saklap bilýärdi. Deñizde ortalyk toz-dumana bürenipdi we on gämi bir ýere gelipdi. Çžan Baoszaý muny amatly pursata öwrüpdir. Ol ähli urşujylaryna bir wagtyñ özünde ot açmalaryny buýrupdyr. Gämileri oka tutulan hökümet esgerleri girmäge deşik tapmandyr. Çžan Baoszaý bandanyñ agzasy Liang Pi Baonyñ we garakçylaryñ gönüden-göni Lin Guo Liangyñ gämisine çykmaga kömek edipdir. Esgerler öldürilüp Lin Guo Liang diri ele salnypdyr. Gyzyl baýdakly flotiliýa ýene bir gezek ýeñiş gazanypdyr. Ýeñişi gutlamak üçin Hanym Çžen derejesine görä garakçylara baýrak, iýer-içer ýaly zat paýlapdyr. (Guangnan, Zheng, Zhongguo Haidao Shi, Huodong Ligong Daxue Chubanshe, Shanghai, 1998) Hanym Çženiñ yza gaýdyşlygyny gazanjak güýç hytaý hökümeti däldi, onuñ golastyndaky kapitanlardan Guo Po Daýyñ gozgalañy taryhyñ gören iñ uly garakçy flotiliýasynyñ dargamagyna sebäp bolupdyr. Hanym Çžen bu bölünişikden soñ gozgalañyñ ulalyp, garakçylarynyñ ýok bolup gitmeginiñ öñüni almak üçin örän strategiki ädimini ädipdir. Hanym Çžen merkezi hökümet bilen gepleşik geçirip, flotiliýasyny hytaý goşunynyñ düzümine goşupdyr. Şeýtmek bilen ol admiral çinde galyp, azat zenanlygyna galypdyr. Gelinen ylalaşyga laýyklykda ähli hazynalar Çženiñ özünde galupdyr we garakçylar goşunda özygtyýarly hukuga eýe bolupdyr. Kapitany we öñki äriniñ ogullygy Çžan Baoszaý bilen nikalaşyp, adaty durmuşa dolanyp gelen Çžen öñki belet kärine gaýdyp gelipdir we jelephana açypdyr. Jelephanasyny işledip ýörkä, 69 ýaşynda näbelli sebäpler bilen aradan çykypdyr. Hytaý hökümetiniñ Hanym Çženiñ garşysyndaky gowşaklygyny gowy synlap oturan beýleki hanedanlar we iñlisler hökümetiñ ýüpüni çekmek üçin herekete geçipdir. Sin hanedanlygynyñ esasy ýüpüni çeken Çžendir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 23.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |