06:57 Taryhyñ iñ uly jansyz döwleti: Ysraýyl | |
TARYHYÑ IÑ ULY JANSYZ DÖWLETI: YSRAÝYL
Taryhy makalalar
Birinji jahan urşunyñ aldym-berdimli ýyllarynda Palestinadan Biladüş-Şam sebitine çenli uzaýan zolakda basybalyjy goşunlardan has beter harap ediji duşman orta çykypdy: Çekirtgeler. Türk goşunynyñ moral ýagdaýy-da juda pese düşüpdi. Halkyñ bizar-peteñi çykypdy we ünji-aladasy başyndan agdykdy. Jemal paşa şu problemany çözmegiñ ýoluny gözleýärdi. Oña munuñ üçin Aaron Aaronsony teklip etdiler. Aaronson tanymal botanikleriñ biridi. Onuñ çekirtge belasyny başdan sowmaga mümkinçiligi-de, ukyp-başarnygy-da bardy. Şonuñ üçin oña Osmanlynyñ birnäçe aýgytlaýjy front liniýalaryny-da öz içine alýan ýerlerde iş geçirmegi üçin möhüm ygtyýarlyklar berildi. Aaronsonyñ bolsa pirimi başgady. Ol iñlis kontrrazwedkasy bilen dilleşip, jöhitleriñ mukaddes saýýan ýerlerinde sionistik Ysraýyl döwletini gurmak üçin maglumat toplaýardy. Aaronsonyñ gaýyrýan işleri iñlislere ýaransoñ, oña has guramaçylykly jansyzlyk gullugyny gurmak tabşyryldy. Bu gulluk Mossadyñ atasy hasaplanýan "NILI" gullugydy. "NILI" gullugy aýratynam aýal jansyzlary ulanyp, türk ofiserleriniñ fiziki aýratynlyklary we söweşjeñ ukyplary baradaky taktiki maglumatlary toplap, iñlislere ýetiripdir. Hususanam Ahmet Jemal paşa bu gullugyñ esasy üns merkezindedi. Jemal paşa hakdaky islendik maglumat iñlisler üçin gymmatlydy, sebäbi ol Gaza hüjümine garşy goranyşa ýolbaşçylyk etjek osmanly paşasydy. Jemal paşa Osmanly kontrrazwedkasy 1916-njy ýyla çenli Aaron hakda-da, Sara hakda-da ýeterlik maglumat toplap ýetişmändi, has dogrusy tutuş iki ýyllap şeýle adamlaryñ bardygynam bilenokdy. Sara öñki adamsy Haýim Abrahamyñ üstüniñ açylmagy bilen ilkinji gezek osmanly kontrrazwedkasynyñ ünsüni çekipdir. Abraham gönüden-göni "NILI"-niñ haýryna hereket etmese-de, başga jansyzlyk hereketlerine goşulmagy onuñ öñki aýaly Saranyñam yzyna düşülmegine getirdi. Umumy howpsuzlyk müdirligi (Emniýeti-Umumiýe Müdüriýeti) ahyrsoñy 1917-nji ýylda Adanadan Gazä uzaýan sebitde, esasanam Ýewropadan gelen sionist jöhitleriñ içalyçylyk edýändigini duýupdyr. Gaza söweşi Beýleki bir tarapdan biziñkilere bu gullugyñ adyny, operasiýalaryny, maksadyny doly anyklamak başartmandyr. Aslynda Osmanly döwleti öñräkden bäri sebitde jöhitler we hristian araplar tarapyndan Müsürde we Beýtulmukaddesiñ (Ierusalimiñ) töwereginde ot kakyp ýören içalyçylykly toparlaryñ üstüni açyp, gerekli öñüni alyş çärelerini geçiripdi, emma Aaron Aaronson şeýle bir hüşgär we güýçli gulluk döredipdi welin, onuñ edýän işleri hiç göze iliberenokdy. "NILI"-niñ iñ uly üstünligi we güýji osmanly býurokratiýasynda düýpli korrupsiýa toruny emele getirmegidi. Käbir işgärleriñ hökümete garşydaş pikirde gezmegi, käbirleriniñem pula ejiz bolmagy, olary bu gullugyñ çeññegine añsat düşüripdir. Şeýle-de, bu gullugyñ özüni derñemek üçin üstüne gelýän añtawçylary-da bir alajyny tapyp satyn almagyñ hötdesinden gelmegi işi gitdigiçe çylşyrymlaşdyrypdyr. Ähli kynçylyklara garamazdan "Ittihat we Terakki" häkimiýetiniñ iñ ykjam ugurlarynyñ biri kontrrazwedka bolupdyr. "Teşkilaty-Mahsusa" ýörite gullugynyñ bu boýunça anyk ädimleri ädip biljek derejede güýji bardy. Jemal paşanyñ özem muny ünsden düşürenokdy, çünki ol gullugyñ esasy ünsüniñ özünde jemlenendigini bilýärdi. Gullugyñ möhüm adamlaryndan Ýosef Lişanskiniñ üstüniñ açylyp, soraga çekilmegi "NILI"-ä uly zarba inderipdi. Munuñ yzy ýumak çöşleşen ýaly çöşlenipdi. Ahyrsoñunda "NILI" gullugy jöhit sionistlere möhüm tejribe öwredip bilipdi. Ýakyn Gündogarda ýaşamak üçin Ysraýylyñ güýçli jansyzlyk we konrrazwedka toruna eýe bolmagy gerekdi. Şonuñ üçinem Ysraýyl döwleti uly jansyzlyk we kontrrazwedka torunyñ üstünde guruldy. Mossadyñ, AMAN-yñ, ŞABAK-yñ taryhy perspektiwada guran kontrrazwedka torlaryna, taktikalaryna, edýän işlerine seredenimizde, gullugyñ nähili bulaşykdygyna we howpludygyna has gowy göz ýetirse bolýar. • Ysraýyl we jansyzlyk operasiýalary • Müsür tory Sionistleriñ kontrrazwedka taýdan iñ kritiki görýän ýurtlarynyñ birinjisi Müsür bolup garşymyza çykýar. 1945-nji ýylda Müsürdäki işleriñ başyny çekýän jansyz Dawid Hamiridi. Hamiri meýdan operasiýalaryny ýöredýän bolsa, Rut Kliger atly sionist bu toryñ Ysraýyl bilen habarlaşmagyny ýola goýýardy. By tor garaşylan netijäni bermänsoñ, Müsüriñ raýaty doktor Witkor Saadä täze topar döretmek tabşyryldy. Ysraýylyñ täze jansyzlary öñki jansyzlardan başgaça taýýarlanypdy. Olar şäher merkezlerine bomba ýerleşdirip partlamak boýunça hünärmendiler we ýarag geçirmek işiniñem ussadydylar. Toparyñ gurlanyna kän wagt geçmänkä, 1950-1952-nji ýyllar aralykda müsür metropoliýalarynda yzly-yzyna bombalama teraktlary bolup geçdi. Müsürliler köçelerde bir ýere jemlenişip bilmez ýaly derejede terrorizlenipdiler. Eliýahu Şaul Koen atly jansyzyñ müsürli harby gullukçylar tarapyndan paş edilmeginden soñ müsürli döwlet ýolbaşçylary osminogyñ gol-ganaty ýaly ýaýran howply topar bilen garşylaşandyklaryna göz ýetirdiler. Beýleki bir ýandan sionist jansyzlaryñ alýan iñ soñky we iñ aýgytlaýjy tälimi "ele düşmezlikdi". Müsür toparyñ üstüni açandygyna garamazdan, jansyzlaryñ birinem ele salyp bilenokdy. Bu işi soñlandyrmak üçin ýurt derejesinde giñ gerimli adam awy başlandy, emma munuñ üstüne gidildigisaýy işiñ gyrasynda müsürli syýasatçylaryñ we döwlet işgärleriniñ bardygy görünýärdi. Müsürli köp sanly adam dürli hili emel-tilsimler bilen satyn alynypdy. Müsür hökümeti muny halkara konflikte öwürdi we Ysraýyly günäkärledi. Bu ýagdaý taryha "Lawon dawasy" bolup geçdi. Ysraýyl hökümeti yza ädim ätdi we Goranmak ministri Isaak Lawon wezipesinden gidip, nägilelikleri ýatyşdyrmaga synanyşdy. Lawon dawasy Bu dawa Ysraýylyñ Müsürde guraýan operasiýalaryny duruzyp bilmändi. 1958-nji ýylda Žan Lon Tomas atly ysraýylly jansyz täze topar gurup, işleri hasam ýaýbañlandyrypdy. "Lawon dawasy" ysraýyllylaryñ operasiýalary babatda täze taktikalary işläp düzmegine mümkinçilik berdi. Bu gezekki maksat harby bölümlere aralaşmakdy we ýerli gullukçylardan peýdalanmakdy. Ahmet Hassan atly ýerli gullukçynyñ beren maglumatlary Müsür üçin ýykgynçylykly we öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolupdy. Müsür hökümeti watan dönügi Ahmet Hassana 1961-nji ýylda atuw jezasyny berdi. • Liwan tory Ysraýylyñ ýakyndan yzarlaýan ýene bir ýurdy Liwandy. Ol bu ýerdäki operasiýalaryny fransuz ruhanysy Ýusuf el el-Dabbadh bilen başlady. El-Dabbadhyñ beren maglumatlary 1948-nji ýylyñ uruşynda kän peýda beripdir. Şol sanda Liwanyñ geostrategiki ähmiýeti-de Ysraýylyñ barha artýan gyzyklanmasyna sebäp boldy. Beýrutda ownuk jöwher satyjysy Khamis Ahmet Baýoumi atly jansyza liwan toruny gurmak tabşyryldy. Palestinalylaryñ Liwandaky işleri Ysraýylyñ bu ýerde giñ gerimli tor gurmagyny kynlaşdyrypdyr. Şuny göz öñüne tutup, Yragyñ palestinalylara bolan ünsüni ýolup taşlamak üçin sebitdäki yrak ilçihanasy asmana uçuryldy. Ýagny Ysraýyl jansyzlaryny diñe maglumat toplamak üçin däl, terrorçylykly aktlary amala aşyrmak üçinem giñden ulanýardy. Beýrutdaky Palestinany Azat-ediş guramasynyñ ştabyna edilen raketaly hüjümem jansyzlaryñ amala aşyran esasy teraktlarynyñ biridi. Liwan, esasanam Beýrut sionist kontrrazwedka toparlary üçin ylla türgenleşik meýdany ýalydy. • Siriýa tory Ysraýyllylar ilkinji gezek 1951-nji ýyldan başlap Siriýadaky dürziler arkaly jansyzlyk işlerine başlady. Sionist kontrrazwedkasy ýerli faktorlardan peýdalanmagyñ ýany bilen Kemal Emin Sabit, Eli Koen, ýaly jansyzlary bilen iñ ýokardaky ýerlere aralaşyp biljek usuly-da ilkinji gezek Siriýada ulandy. Koen 1967-nji ýylyñ uruşynda Ysraýylyñ gazanan ýeñişinde uly rol oýnapdy. Siriýa kontrrazwedkasy 1965-nji ýylda gijem bolsa ony paş edip bilipdi, emma bireýýäm iş işden geçipdi. Eli Koen Koen öldürüldi. Onuñ jesedi boýunça syrlaryñ üsti häzirem açylanok. Elbetde, Ysraýylyñ guran tory diñe bu ýurtlar bilen çäklenmeýärdi. Türkiýä, Iordaniýa, Eýrana, Kipre, Gresiýa çenli uzaýan toruñ gürrüñi gidýär. • Ýerli faktorlardan peýdalanmak usullary Sionost kontrrazwedkasynyñ ýerli işgärleri özüne öwürmek babatda ulanýan usullary çeper edebiýatda we real durmuşda seýrek gabat gelýär. • Jynsy şantaž Ilki bilen ýerli jansyz ulanylmazdan öñ onuñ gowşak taraplary öwrenilipdir. Şu maksat bilen iñ köp ýüz urulýan usulyñ jynsy gatnaşyklardygyny görmek mümkin. Ýerli obýektiñ eger bar bolsa, owaly bilen jynsy taýdan gowşaklygy anyklanýar. Şahsy kompýuterinde internetiñ gözleg düwmesine basyp girýän, gyzyklanýan zatlary, telefonda kimler bilen näme hakda habarlaşýandygy, görýän suratlary we wideolary arkaly ol boýunça häsiýetnama çykarylýar. Soñra ony tora düşürip, öz hasaplaryna işlär ýaly edýärler. Aýal-gyzlardan ybarat ýerli işgärlere ýa-da ar-namysyna bek erkeklere bolsa bu gezek jynsy şantažlar ulanyp, güýçli artykmaçlyk gazanýarlar. Türkiýede FETÖ-nyñ şeýle usuly ulanyp, köp sanly wezipeli işgäri gysymlaryna gysandygyny gõz öñüne tutanymyzda, gürrüñimiziñ ugry başga-başga ugurlara gidýänem bolsa, bu usulyñ üstünlikli ulanylýandygy belli. Käbir habarlarda görşümiz ýaly, wagtal-wagtal palestinaly aýal-gyzlaryñ Ysraýylyñ hasabyna jansyzlyk edýändigine şaýatlyk edýäris. Gynansak-da, bu aýal-gyzlaryñ aglaba bölegini jynsy şantaž ulanmak arkaly öz taraplaryna çekýärler. Beýle zatlardan ýüz öwren aýal-gyzlaryñ köpüsi başlaryna inýän gorkunç basyşlara döz gelip, öz janyna kast edýär. Bular ýaly wakalar çuññur öwrenilip äşgär edilenok. Häzire çenli näçe aýal-gyzyñ ysraýyl kontrrazwedkasynyñ toruna düşüp öz janyna kast edendigi hakdaky tema aýratyn öwrenilmegine garaşýar. Bu wagşyýana tilsim ysraýylly harby hünärmenler we otstawkadaky kontrrazwedçikler tarapyndan teleýaýlymlarda öwnüp diýen ýaly gürrüñ berilýär. • Pul bilen özüñe öwürmek Kontrrazwedkanyñ iñ köne taktikalarynyñ biri bolan pula satyn almak sionistik taktikalaryñ esasylarynyñ arasynda. Polkownik Moşeniñ 5 müñ şekel berip arap ýaşlaryny jansyzlyk üçin ulanýandygyny öwnüp aýtmagy ýönelige däl. Meýdan operasiýalary bilen birlikde dürli musulman ýurtlarda fondlaryñ üstünden, ABŞ-da bolsa lobbileriñ eli bilen syýasatçylaryñ satyn alynýandygyny görýäris. Bärde kän göze ilmeýän başga bir faktor bolsa uly kapitally kompaniýalar. Söwda dünýäsinde aýratyn orny eýeleýän jöhit kapitaly käbir möhüm firmalary ideologiki gural hökmünde ulanmak bilen bir hatarda kontrrazwedka operasiýalary üçinem ulanyp bilýär. Soñky ýyllarda käbir harytlara "boýkot" çagyryşlary diñe ykdysady howp abandyrmaýar, işläp ýören firmalaryñ birdenkä sebitden çekilmegi ýa kiçelmegi ysraýyl kontrrazwedkasynyñ sebitiñ sosiologiki dinamikasyny gowy bilýändigini görkezýär, hatda dürli ýollar bilen päsgelçilik döredýändigi mundan üstünlikli peýdalanýandygyna güwä geçýär. Ysraýyl ýola goýan bu jansyzlyk tory bilen iki ýol bilen habarlaşýar: Birinjisi, klassyky usullaryñ biri hasaplap boljak telefon, internet saýtlary we başgalardygyny aýdyp bileris. Ikinjisi bolsa, "kör nokat" diýlip atlandyrylan usul. Başga tüýse girizilen gapyrjaklar we şoña meñzeş zatlar bilen ýeri näbelli nokatlar saýlanyp alnyp, kontrrazwedkaçylar bilen habarlaşylýar. • Sionist kontrrazwedka garşy göreşde ulanylýan usullar we öñüni alyş çäreleri Mossad hernäçe güýçli kontrrazwedka toruna eýe bolsa-da, ahyrynda adam eli bilen döredilen gulluk we ony hiç ýeñip bolmaýar diýen zat ýok. Birnäçe arap ýurdy we türkler kontrrazwedka operasiýalary bilen sionist kontrrazwedkasyna agyr urgulary berip bilýär. Umuman alanda iñ ýüzleý maglumatlara eýedigine garamazdan, palestinalylar ysraýyllylary birnäçe ýyllap ýakyndan synlap gelýärler. Megerem şonuñ üçin ýer ýüzünde Mossady iñ gowy tanaýan halk palestinalylardyr. Çünki ençeme ýyllap sezewar bolup gelýän gynamalary we erbetlikleri olara uly kösenç-horluklary başdan geçirtse-de, duşmanlaryny has gowy tanamaga mümkinçilik berdi. Şonuñ üçin Mossadyñ duzaklaryna iñ az düşýänlerem palestinalylardyr. Iñ esasysy-da, olar ýalñyş maglumat berip, sionist kontrrazwedkasyna ummasyz zyýan ýetirip bilýärler. Ysraýylly harby hünärmenleriñ aýdýanlarynyñ tersine, palestinaly ýaşlary şekel (ysraýyl walýuta birligi) bilen satyn alaýmak olar ýalam añsat däl. Üstesine ulanýandyryn öýdýän arap ýaşlarynyñ köpüsi ikitaraplaýyn jansyzlyk edip, Mossada uly urgulary ýetirip bilýär. Döwlet derejesinde ysraýyl kontrrazwedkasyna garşy iñ uly arhiwi we operasiýalary bolan ýurt Müsürdi, emma harby döwlet agdarlyşygyndan soñ müsür kontrrazwedkasy doly tary-mar edildi. Ýogsam bolmasa, Mossada aralaşma operasiýalaryny üstünlikli amala aşyryp bilýän ýeke-täk kontrrazwedka gullugy doly bökdençliklere garamazdan Müsüre degişlidi. Raafat Al-Jamal wakasy bularyñ biridir. Aslynyñ müsürli harby gullukçydygyna garamazdan Al-Jamalyñ Mossada aralaşyp başarmagy (1967-1973) sebitdäki kontrrazwedka gulluklaryny ruhlandyrypdy. Onuñ Ysraýylyñ Harby-howa güýçlerine aralaşyp, ele salan maglumatlary 1973-nji ýylda Ysraýylyñ uly gyrgynçylyklary etmeginiñ öñüni alypdy. Ýene bir aralaşma operasiýasy-da "Ofiser Ysraýyl Pýer" wakasydyr. Pýer ahlak taýdan bozuk, jynsy meýillerine ejiz adam bolansoñ, añsatlyk bilen müsür kontrrazwedkasynyñ toruna düşüpdi. Ine, şeýle gorkunç we häzir Ýakyn Gündogarda osminog deýin ýaýylan gullugyñ garşysynda Gazada az sanly gahryman gazaly watançylyk uruşyny alyp barýar. Palestinalylaryñ ähli ýeter-ýetmezçiligine we Ysraýylyñ bütin güýjüne garamazdan jöhit kontrrazwedka sistemasyny çökerden iñ esasy faktor gazalylaryñ XXI asyryñ ruhundanam beter at-abraýlary bilen we şirin janlaryny orta goýup göreşmegidir. Ýogsam bolmasa, telli-pelli döwletleriñ ysraýyl kontrrazwedkasynyñ elinde oýunjaga öwrülen wagtynda, Gazadaky ýagdaý başga hili düşündirişi mümkin dälleşdirýär. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 21.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |