22:20 Taryhyñ iñ uly ýer titremesi | |
TARYHYÑ IÑ ULY ÝER TITREMESI
Taryhy makalalar
Täze geçirilen barlaglar 20 metrlik äpet tolkunlaryñ ilatly ýerleri ýer bilen ýegsan edendigini görkezdi. Tsunamileriñ 80%-niñ Ýuwaş okeanynda emele gelýändigi mälim. (Pixabay) Arheologlar adamzat taryhynyñ iñ uly ýer titremesiniñ yzlaryny tapdy. Täze barlaglar sekiz müñ km-lik tsunaminiñ döremegine we adamlaryñ müñ ýyla golaý wagt golaý-goltumdaky kenarýaka ýerlerden gaça durmagyna sebäp bolan 9.5 ballyk megasarsgynyñ bolandygyny ýüze çykardy. Salgylanýan tapyndylar ýer titremesiniñ mundan 3 müñ 800 ýyla golaý wagt öñ tektoniki gatlagyñ döwülmegi netijesinde häzirki Çiliniñ demirgazygynda emele gelipdir. Ýer titremesiniñ yzysüre emele gelen tsunami 20 metr belentlikdäki tolkunlary döredipdir. Tolkunlaryñ Täze Zelandiýa çenli baryp ýetendigi we bu ýerde ýüzlerçe kilometr içine awtoulagyñ ululygynda harsañ daşlary zyñandygy çaklanylýar. Häzire çenli anyklanan iñ uly ýer titremesi ýene Çiliniñ günortasynda 9.4 bilen 9.6 ball aralykdaky Waldiwiýa ýer titremesidi. 1960-njy ýylda emele gelen we 6 müñ adamyñ ölümine sebäp bolan bu sarsgynda ýer gatlagynyñ döwülmeleri 800 kilometre çenli uzady. Ýöne 6-njy aprelde "Science Advances" ylmy-populýar žurnalynda çap edilen ylmy-barlag işinde täze anyklanan gadymy megasarsgynyñ has güýçli bolandygyny ýüze çykardy. Maglumatlara görä şol sarsgynda ýer döwülmesi müñ kilometre çenli uzapdyr. Waldiwiýa ýer titremesi ýaly bu gadymy ýer titremesi-de dünýäniñniñ gadymy sarsgyn görnüşijden "megamündürme" sarsgynydy. Şeýle ýer titremeleri dünýäniñ tektoniki gatlaklarynyñ biri beýlekisiniñ astyna girmäge mejbur bolanda emele gelýär. Gürrüñi gidýän äpet ýer titremesiniñ galyndylary Çiliniñ Atakama çölüniñ jümmüşinde adatça kenarýaka sebitlere mahsus kert gaýa bölekleriniñ, deñiz gabyklarynyñ we süñkleriñ tapylmagy bilen ýüze çykdy. Angliýanyñ Southampton uniwersitetiniñ geology we ylmy işiñ şärikdeş awtory Jesus Goff "Deñizde we çöketliklerde ýaşaýan köp sanly janly-jandaryñ galyndylaryny tapdyk" diýd: "Özem bularyñ hemmesini deñiz derejesinden kän-kän belentlikde tapdyk. Ep-esli "ýol söküp" gelendiklerini göz öñüne tutsañ, onda bularyñ ýeke tupanyñ güýji bilen şu ýere zyñylmajagyna düşündik. Gürrüñi gidýän galyndylary deñizden şunça aralyga zyñanyñ nämedigune has gowy göz ýetirmek maksady bilen radiocarbon seneleme tilsimi ulanyldy. Çiliniñ demirgazyk kenarynyñ 600 km-lik meýdanynda aýry-aýry ýedi ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerini geçiren barlagçylar içerä zyñlan zatlaryñ mundan 3 müñ 800 ýyla golaý wagt öñ şu ýagdaýa düşendigini anyklady. Gazuw-agtaryş işleriniñ geçirilen meýdanynda gadymy adamlara degişli daş diwarlaryñ bölekleri-de ýene bir taraplaýyn subutnamany emele getirdi. Daş duwarlar tsunaminiñ zarbyndan gyşarypdyr. Käbirleri yza uzap, deñize tarap öwrülipdir. Bulam tsunaminiñ gaýtgyn müddetine yşarat edýär. Goff: "Ol ýerde ýerli ilata degişli hiç hili yz galmandyr" diýdi: "Arheologik işlerimiz köpçüligiñ tsunamileriñ baryp ýetip bilmejek ýerlerine süýşmegi bilen birlikde uly sosial oñşuksyzlygyñ dörändigini görkezdi". Çağla ÜREN. Çarşenbe, 20.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |