12:45 Täsin ogry / kiçijik hekaýa | |
TÄSIN OGRY
Satiriki hekaýalar
Her kimiň öz işi özüne ýetik. Ogulhajadyňky-ha hasam. Sebäbi ol - öý hojalykçy. Onda-da çül çagaly, Mal-garaly öýüň hojalykçysy... "Aýalymy öldüren içeriniň ownuk işi" diýenleri rast eken-ow. çagalary hemem olaryň geýim-gejimlerini ýuwup-artmaly, mallara ot-iým bermeli, içerini süpürmeli, nahar atramlay, çörek bişirmeli, dükandan gerek-ýarak zatlary getirmeli... Garaz, sanasaň, sanap oturmaly-da. Uzynly gün dyzyňy epmän işläbem, ýetişip bilseň, zor boldugyň. Iň ýamany-da, ol işler ertesi günem, ýeneki bir günem... şol gaýtalanyp dur. Heý, onsoň oňa-muňa çykmaga eliň degermi? Başyny-a bilemok weli, Seýitmuhammediň aýaly Ogulhajadyň-a aýagy iliň gapysyndan ýygnananok. Haçan görseň, goňşularynyň öýünde. Nädip wagt tapýarka diýýäňizmi? Muňa menem haýran. Ýöne onuň ýokarda agzalan işleriň birine-de barmagynam batyrmaýandygyny men magat bilýän. ...Hemişe daň atanyndan gün batynça özüniň myş-myş habarlary, gep-gybatlary, boş söhbetleri bilen köçäniň o başyna deňiç ňýme-öý aýlanyp çykýan Ogulhajat ol gün öýüne adatdakysyndan ir köwlendi. Bu nä boluş?! Daşky gapynyň gulpy ýok. Ony kim döwüp aýyrdyka? Içeriniň haly-palaslary dalanda çaşyşyp ýatyr. Şifonerlerdäki, şkaflardaky goş-golamlar akanda-dökän. Öň nagyşly sandygyň üstüne galdyrylgy duran ýorgan-düşekler häzir sandygyň astynda. Ogulhajadyň: "Dat, içerimizi ogry ýarypdyr" diýen çasly sesine mähelle bary ýygnandy. Sähel salymdan Seýitmuhammedem işden geldi. Nätmeli?! Elbetde, milisiýa habar bermeli. Ýöne Seýitmuhammet: "Ilki içerini barlalyň. Näme alnypdyr, näme alynmandyr. Birden milisiýa işgärlerini ýersiz-ýere azara goýaýmalyň" diýip, bir depen berini depip duransoň, hemmeler öý goşlaryny tükellemäge başladylar. Haýranlar galaýmaly! Alnan zat ýok. Halylaryňam, palaslaryňam, geýim-gejimleriňem... ählisi bar. hatda nagyşly sandykda ýygnalyp goýlan pully düwünçegem tapyldy. Ogry, näme üçindir, ony şkafyň aşagyna zyňyp goýberipdir. düwünçekdäki puly sanap gördüler. Laýyk üç ýüz manat. Ogry onuň bir köpügine-de degmändir. Ähli zadyň ýerbe-ýerdigine göz ýetiren adamlaryň hersi bir zat diýmäge başlady. - Ependiniň öýüne giren ogrudan özge iki barmagyny burnuna sokup giden ogryny eşidenem däldiris, görenem. Ýöne Ependiniň öýüne giren bedähet alara zat tapmansoň boş gidipdir. Ýeri, bu ogra näme diýjek? Hiç zat alman gitmesi birhili düşnüksiz. - Gyssanjyna ähli zady taşlap gidipdir diýere-de esas ýok. Honha, düýbüne çenli çekilen çilimiň galyndysy ýatyr. Diýmek, ol içerini gaty arkaýyn tutupdyr. - Ogrularyňam ynsaplysy boljak eken-ow. - Ogurlygy kesp edinende ynsap näme işlesin. Ol bir başyna gezip ýören telbe bolaýmasa. Ol täsin ogry Ogulhajady eýmendiren bolara çemeli. Şondan soň ol içersini taşlap, gapy-gapy syryp ýörmesini tapba kesäýdi. Haçan barsaň, öýünde bir işe gümra bolup oturandyr. Arada oba adamlaryndan bir gürrüňi eşidip, ýylgyranymy duýman galypdyryn. Asyl: "Ogulhajady gorkuzsam, düzelmezmikä?" diýip, öz öýüni Seýitmuhammediň özi "ýaraýan" bolsa nädersiň. Guldurdy SÄHETDURDYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 26.11.1977 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||