20:51 Taslanan musulmanlar | |
TASLANAN MUSULMANLAR
Publisistika
Hytaýdaky "Parallel gurluş" hakda düýn ýazdym. Şu gün bir musulman ýurduñ "Parallel gurluşyndan" söz açjagymy aýdypdym. Ol ýurt - Aly Jinnahyñ, Muhammet Ykbalyñ, Aly Buttonyñ watany Päkistan!.. Gürrüñi ediljek Jemagat lideriniñ ady - Tahir-ül Kadri... Özüni halasgär "şeýhulyslam" sanýar... Jemagatynyñ ady - "Kuran ýoly" ("Minhaj-ül Kuran")... Päkistanda dinlerara dialogyñ başyny ilki bolup başlanam şu guramady. Lahoryñ merkezinde Halkara "Minhaj-ül Kuran" guramasyny, yzyndan Lahorda Minhaj uniwersitetini we Minhaj fonduny açdy. Dünýäniñ köp sanly şäherlerinde şahamçasy bolan Halkara "Minhaj-ül Kuran" guramasyna BMG-nyñ Ykdysafy we sosial geñeşi tarapyndan "Ýörite konsultant statusy” berildi. Kanadanyñ raýatlygyna kabul edildi... Hawa, indi başlasagam bolar... Muhammed Tahir-ül Kadri… Päkistanyñ Jang şäherinde 1951-nji ýylyñ 19-njy fewralynda doguldy. Kakasy lukmandy. Bilimine bir hristian mekdebinde başlady. Penjap uniwersitetinde hukuk ugrundan okady. Ylmy karýerasyna şol uniwersitetde dowam etdi: yslam hukugy boýunça hünärmen boldy. Otuz ýaşyndady - 1981-nji ýylda "Kuran ýoly" hereketini esaslandyrdy. "Yslam sosializminiñ" tarapdary bolan Päkistan Halk partiýasynyñ başlygy, premýer-ministr Zülfikar Aly Buttonyñ 1979-njy ýylda ölüm jezasyna höküm edilmeginden soñ agdarlyşykçy Ziýa-ül Hak tarapyndan jemgyýeti dinçileşdirmek maksady bilen öñe çykaryldy. Şol sanda: Päkistanyñ iñ uly ikinji holdinginiñ ("Ittifak" holdingi) eýesi, baýlygynyñ bir bölegi Zülfikar Aly Butto tarapyndan döwlet eýeçiligine geçirilendigi üçin maşgalasy bilen bile Saud Arabystanyna gaçyp giden we döwlet agdarlyşygyndan soñ baýlygy yzyna gaýdyp berilen Nawaz Şarif bilen arasyny sazlap ýetişen Tahir-ül Kadri ýokary gatlagyñ birnäçe adamy bilen gatnaşyk açdy. Bir döwür Şerif maşgalasynyñ demir-polat zawodynda we hassahanasynda ymamlyk etdi hem-de wagyzlary bilen Muhammed Şerife ýiti täsir etdi... Bu maşgalanyñ goldawy bilen döwlet teleýaýlymlarynda çykyş etdi. Düýşünde Hezreti Muhammet pygamberi (s.a.w) görendigini aýdýardy. Özüçe toslap ýörite tikdiren şeýhulyslam sarygyny we eşigini geýmäge başlady. "Kuran merkezleri" ady bilen mekdepleri we dünýäniñ togsan ýurdunda wekilhanalary açdy. • Onuñ partiýasy-da bar 1989-njy ýylyñ 25-nji maýy. Tahir-ül Kadri partiýa gurdy: Päkistan Halk Hereketi partiýasy. Dilinden neoliberalizmiñ önümi globallaşmagyñ "jadyly sözleri" düşenokdy: “demokratiýa”, “ykdysady durnuklylyk”, “adam hukuklary”, “adalat”… Düýnki aýdanlarynyñ düýpgöter tersine gürleýärdi: Päkistanyñ "dine hormat bildirmezlik kanuny" barada öñ şeýle diýipdi: "Bu kanuny men işläp düzdüm. Kim dine dil ýetirse musulman bolsun, musulman däl bolsun, aýal ýa-da erkek bolsun, hristian ýa-da jöhit bolsun, tapawudy ýok, ol kişi it öldüren öldürilmelidir!" Soñam şeýle diýdi: "Bu kanun her näme bolanda-da, musulman dällere, jöhitlere, hristianlara garşy ýerine ýetirilip bilinmez. General Ziýa-ül Hakyñ döwründe kabul edilen kanunyñ işlenip düzülmegine meniñ hiç hili dahylly ýerim ýok.” Sünnidi we mezhepleri kabul etmeýändigini aýdandygyna garamazdan, 1991-nji ýylyñ saýlawlarynda şaýy TNJF-Japary Fykhynyñ agalygy partiýasy bilen ýaranlyk gurdy. Nawaz Şerifiñ premýer-ministrlik eden döwründe güýçlenip, ýetjek derejesine ýetdi. 1999-njy ýylyñ 12-nji oktýabry. Premýer-ministr Nawaz Şerif öz wezipä bellän Baş serkerdebaşysy Müşerref Perwez tarapyndan agdaryldy. Döwlet agdarlyşygyna iñ uly goldawy Tahir-ül Kadri berdi! Gaýtargysynam aldy: 2002-nji ýylda yslam partiýalarynyñ koalizasiýasy bolan "Umumy çykyş bileleşigine" (MMA) kabul edildi we halk deputatlygyna saýlandy. Emma... birdenem... 2004-nji ýylda eýeleýän wezipesinden öz islegi bilen el çekip, Kanadanyñ Toronto şäherine ýerleşdi. "Kuran ýoly" akymynyñ işlerini Torontodan dolandyrmaga başlady. Stambul, London ýaly dünýäniñ birnäçe uly şäherlerinde konferensiýalar berdi. 2010-njy ýylda “Fatwa on Terrorism” kitabyny ýazdy, yslamda terrorizme ýer ýokdugyny nygtady. Bütindünýä Ykdysady forumyndan başlap, Awstraliýa parlamenti ýaly birnäçe ýerde terrorizm temasynda nutuklar bilen çykyş etdi. 2011-nji ýylda Angliýada terrorçylyga garşy okuw lagerini açdy. Soñra ýene birden... 2012-nji ýylyñ ahyrky günlerinde ýurduna dolandy. Nämüçin? • Maliýe çeşmesi Päkistanly žurnalist Nawid Ahmadyñ aýtmagyna görä, Tahir-ül Kadri päkistan syýasatynyñ bulanyk we howply suwlaryna ýeñse gapydan girdi. Taýýarlykly gelipdi - wepaly sosial mediýa topary, "anonim çeşmelerden" toplanan pula satyn alynan, añrybaş şertli, ok geçirmeýän lýuks awtoulagy bardy. Päkistandaky korrupsiýany gazaply tankyt eden Tahir-ül Kadri mejlisiniñ güýjüniñ gaçandygyny aýdyp, Lahordan Yslamabada köpçülikleýin ýöriş gurnady. Taryhyñ dili 2013-nii ýylyñ 14-nji ýanwaryny görkezýärdi. Bir million adamyñ gatnaşjagyny aýtdy aýtmasyna, emma bary-ýogy 50 müñ adam gatnaşdy. Ýörişiñ soñunda mejlisiñ öz-özüni ýatyrmagyny, harby we kazyýet býurokratiýasyndan dörediljek täze tehnokrat hökümetiñ gurulmagyny talap etdi. Hyruçly gürleýärdi. Onuñ gahar--gazapdan doly çykyşlary karikaturalaryñ baş temasyna öwrülendigine garamazdan, müñlerçe tarapdary bardy. Howa sowukdy, tarapdarlary daşarda añzakly howada üşemekden ýaña eñek çalýardy, emma Tahir-ül Kadri ýyljak otagynda köpçülikleýin çykyşy gözükdirýärdi. Dördünji günüñ soñunda maksadyna ýetip bilmedik Tahir-ül Kadri hökümetiñ ugradan wekilleri bilen ylalaşyga geldi. Yza ädim ätmäge razy boldy. Ýeri, nämüçin köpçülikleýin çykyş gurnady? Hawa, nämüçin? Päkistanda saýlawlar esasynda gelen hökümet birinji gezek berlen möhletiniñ soñunda ýurdy gaýtadan saýlawlara taýýarlap ýörkä, Kanadadan zompa gelip radikal garşylyk bermegiñ we harbylardyr kazyýet ulgamyndan dörediljek wagtlaýyn hökümeti gurmak talabynyñ düýp manysy nämede? Şeýle-de... Bir aý ýaly gysga wagtda köpçülikleýin ýörişi geçirmäge ukyply guramaçylygy we maliýe üpjünçiligi dürli düşündirişleriñ berilmegine sebäp boldy. Onuñ arkasynda gizlin gulluklaryñ bardygy ýazyldy. Aýratynam ýöriş döwründe howpsuzlyk boýunça hiç bir babatda bökdençligiñ döremezligi-de Tahir-ül Kadriniñ iñ bolmanda hukuk goraýjy edaralarynyñ arasynda täsiriniñ bardygyny görkezýän bir delil boldy. A soñra näme boldy? Nawaz Şerif premýer-ministr wezipesine saýlandy. Emma... Häzir Päkistanda ýene köpçülikleýin çykyşlar bar. Çykyşlaryñ başynda Tahir-ül Kadriniñ tarapdarlary bar. Göreliñ bakaly, kim kimi ýeñerkä?.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.09.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |