TAURLAR
Strategik taýdan möhüm ýerleriñ biri hasaplanýan Krym ýarymadasynyñ ilkinji ýaşaýjylary hasap edilen taurlar Krymyñ Kerç diýen ýerinden başlap tä Rumyniýanyñ Danube sebitlerine çenli aralykda uzap ýatan Krym daglarynda ýaşapdyrlar. Iññän gadymy döwürde "Tawrika", "Tawris", "Tawrik peninsula" diýip tanalan bu ýarymadanyñ ady taurlar bilen baglanşykly dakylan atlardyr.
Miladydan öñki 700-nji ýyllardan başlap Krym ýarymadasynyñ Kefe, Kerç we Balaklawa ýaly port şäherlerde antiki grek köpçülikleýin göçüp gelmeleri başlaýar, göçülen ýerler b.e.öñ 100-nji ýyllarda Rim imperiýasynyñ düzümine birikdirilýär. Taurlar bolsa gadymy Gresiýanyñ we Rimiñ sebitdäki agalygyna galtamançylykly hereketleri sebäpli uly howpa öwrülipdur we olar häzirki Balaklawa sebitinden hüjüm edipdirler.
B.e.öñ 64-nji we miladynyñ 24-nji ýyllarynda ýaşap geçen Strabon atly taryhçy we geografiýaçy tarapyndan ýazylan 17 tomluk "Strabonyñ geografiýasy" ("Strabo Geographica") atly taryhy-dokumental işinde taurlaryñ skif-sak taýpasydygy anyk ýazylan. [Seret: W.W.Latyşew1893, 122]
Türkolog alym Mirfatyh Zakiýew “Origin of Türks and Tatars, 2002” atly eserinde taurlaryñ skif-sak taýpa konfederasiýasynyñ bir bölegidigini, skifleriñ pers patyşasy Dariniñ basybalyjylykly ýörişlerini yza serpikdirmek üçin taur, agatyr (Agaç-äri), neuri, androfag, melanhlen, gelon (Gilaki-Gilan-Gaýy), budin we sauromat (sarmat) taýpa kethudalary bilen duşuşyk geçirendigi Gerodotyñ taryhynda [Herodotus, 1972, B. 4, 102] aýdylýandygyny bellemek bilen taurlaryñ kiçi-kirim jemagat däldigini, Gerodota salgylanyp olaryñ Krymyñ Kerç diýen ýerinden Rumyniýanyñ Danube diýen ýerine çenli ýaýylyp ýatan daglyk zonada ýaşaýandyklaryny [Herodotus, 1972, IV, 99] ýazýar.
M.Zakiýew iñ gadymy türki dilinde we türki dilleriñ häzirki gypjak şiwesinde "tau" sözüniñ "dag", "tau - er" sözüniñ bolsa "Dag äri - Dag ýigidi" (ýagny "daglylar") manysyny berýändigini, her ikisiniñem antiki türki taýpalaryna degişli Itil (Idil-Wolga) bulgarlaryna we krymly taurlara soñra tatar diýlendigini aýdýar.
Şeýle-de belli alym skifler döwrüni perslere baglanyşdyrjak bolýan käbir taryhçylaryñ Taur (Tagar, Togar, Toçar, Tokar, Dogarma) atlandyrmasyny eýran dillerine iltejek bolmagynyñ ýerliksizdigini, bu atlandyrmalaryñ fonetiki taýdan "Tau" sözi bilen ýakynlygynyñ görnüp durandygyny ýazýar.
Tokarlaryñ aslynyñ kimligini eýran dilleri boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goran Walter Bruno Henning 1938-nji ýylda ýazan “Tokhars and Türks – Argi and the Tokharians” atly makalasynda aýratyn nygtap "Tokhar-Tau-ar- dag halky" manysyny berýär we olar Turfan, Karaşar sebitinde ýaşapdyrlar. Hun we Göktürk(men) döwletleriniñ agzasy hökmünde ýatlanýar, subarlar we asesler bilen birlikde Baktriýa sebitinde ady geçýär. Ttaugara, Ottokars ~ As-Tokhars, Düger we Tuhsi ýaly atlar bilen atlandyrylypdyr" diýip ýazýar.
[Seret: W.B.Henning, "Tokhars and Türks – Argi and the Tokharians", 1938]
Hasan Mamaý “Alans in Pyrenees” atly makalasynda ruslaryñ Demirgazyk Osetiýa diýip at beren Digoriýasynyñ aslynda Toksi-Tokar-Düger diýen türki sözüniñ adygeý dilinde aýdylyşydygyny belleýär.
Togarlaryñ (toçar-tokar) türki taýpadygy Mahmyt Kaşgarlynyñ "Diwany lugat-et-türk" eserinde-de agzalýandygyny belläp geçen Zakiýewiñ pikiriçe, hristian we ýewreý dini kitaplarynda ady geçýän "Togar" (Togarma - ibrany dilinde -ma köplük san goşulmasy) sözüniñ we skif taýpalaryna "taur" diýilmegi bilen "Tokar" atlandyrmasynyñ iññän ýakyn baglanyşygy bar.
Günbatar göktürkmenleriñ budun begligi soñabaka kuwwatly kaganlyga öwrülip, tutuş 500 ýyllap Kawkaz we Garadeñiz sebitlerinde höküm sürüpdir. Olaryñ Krymdaky bölegi bolsa Hazaryýa ady bilen kiçeñräk hanlyk hökmünde 1100-nji ýyllara çenli dowam edipdir. Özlerini "Togarma"-nyñ on oglunyñ ýedinjisinden gaýdýar diýip hasaplaýan hazarlar bilen taurlaryñ ýakynlygy şol bir wagtyñ özünde türki halklaryñ bu sebitlerde iññän gadymy döwürlerden bäri ýaşap gelendigini görkezýär.
Taurlar Anadoly ýarym adasynda-da ýaşapdyr. Gadymy gresiýalylaryñ aýtmagyna görä, Tauris (Toros) daglarynda taurlar ýaşapdyr. Grekler şol daglara Taur daglary (Taurus Mountains - Toros daglary) diýip at beripdir.
[Seret: I.W.Pýankow 1997, 283].
M.Zakiýew Anadola göçen taurlaryñ Toros daglaryna (Taurus Mountains) öz atlaryny goýandyklaryndan ugur alyp, b.e.öñ 3000-nji we 2000-nji ýyllar aralygynda Anadolynyñ demirgazyk-günbatarynda ýaşan troýalylaryñ (Troýans) aslynyñ türki taýpalara degişlidigini orta atan Ibrahim Kafesoglynyñ we beýleki türkologlaryñ çaklamalarynyñ tassyk bolmagy üçin seresaply ylmy barlaglaryñ geçirilmeginiñ gerekdigini ýañzydýar. Şeýle-de alymyñ aýtmagyna görä, täze barlaglaryñ netijesinde gadymy döwürde Anadoly, Ýakyn Gündogar, Kawkaz-Garadeñiz we Idil sebitlerinde, Günbatar Sibirde we Orta Aziýada, hatda Günbatar Ýewropada türki dilde gepleýän zonalaryñ bolandygy köplere mälim hakykatdyr. Şol sebäpli troýalylaryñ hem türki taýpalardan bolup çykaýma ähtimallygy uludyr.
Halit ÝAŞARKURT.
Taryhy makalalar