TRAKLAR
Rumyniýanyñ Danube etraplary bilen Trakýanyñ aralygyndaky ümmülmez Balkan giñişliginde b.e.öñ VI-III asyrlarda ýaşan ýarym oturymly traklardan (Thracians) biziñ günlerimize ýazuw ýadygärlikleri gelip ýetmändir.
Muña garamazdan traklaryñ hindi-ýewropa dilleriniñ satem toparyna girýän dilde gürländikleri, hatda bir tarapdan-a özboluşly gubur tradisiýasynyñ bolandygy, bir tarapdanam ölülerini ýakandyklary barada ýazylan makalalara duş gelmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, öli ýakma dessury hindi medeniýetine mahsus däp bolup hindi-ýewrola dilleriniñ satem topary pars, ermeni we hindi halklarynyñ gepleýän hindi-eýran dillerine girýär, ýakylan ölüler üçinem hiç hili mazar ulanylmaýar.
Şol sanda altaý-sibir halklary ýaly mazar tradisiýasyna eýe bolan traklaryñ gubur gapylarynyñ Gün we ýyldyz hereketleri bilen baglanyşyklydygy öñe sürülip, olaryñ Gün hudaýyna çokunandygy baradaky çaklamalar bar. Hatda bir tarapdan traklaryñ bu sebitlerdäki taryhynyñ b.e.öñ 1000-2000-nji ýyllaryna çenli uzaýandygy aýdylýar, başga bir tarapdanam ilkinji Ahameni pers imperiýasynyñ b.e.öñ 539-njy ýylda gurulandygyna garamazdan, traklaryñ bu ýerlere persleriñ basybalyjylykly ýörişleri döwründe aralaşandygyna degişli maglumatlar bar. Emma pers imperiýasynyñ çäkleri şol döwürde Gerodotyñam aýdyşy ýaly traklaryñ ýaşan (Danuber derýasynyñ Garadeñiz deltasy) ýerlerini öz içine almandyr. Traklary şuña meñzeş dowamly üýtgäp tasa gelmeýän çaklamalara esaslanýan hindi-ýewropa çarçuwasyna getirjek bolup jan etmeler bilen taryha dogry düşünip bolmajaklygy köre hasadyr. Traklar bilen baglanyşykly orta atylýan pikirleri antik çeşmelere esaslanyp mälim etmek gerek.
Gerodot traklaryñ Danube derýasynyñ Garadeñiz deltasynda, taurlaryñam Danubäniñ daglyk ýerlerinde ýaşaýandygyny ýazýar.
[Seret: Herodotus, 4, 93]
Balkan giñişliginde ýaşaýan skandinaw-ýewropa we demirgazyk afrika kökli halklarda gabat gelinmeýän, emma ähli altaý-sibir kowumlary ýaly traklarda-da at tradisiýasynyñ esasy orun tutýandygyny görmek bolýar.
Şol sanda trak mifologiýasynyñ iñ esasy legendasy hindi-eýran halklarynyñ pisindi oturmaýan böri mifologiýasydyr.
Miladynyñ IV asyrynda Dakiýanyñ ýepiskopy Nikita Remesianskiý hem trak taýpalaryndan bolan bessilere "dag börüleri" diýip at beripdir.
Böri mifologiýasyny Ýewropada ençeme asyrlap ýaşadan get (Getea) we dak (Dakian) ýaly trak taýpalary Gerodot tarapyndan traklaryñ iñ söweşjeñ şahasy hasaplanypdyr.
Prawoslaw buthanalarynda duş gelýän böri şypyrtmaly adamlaryñ haç göterip barýan grawýuralary daklaryñ (Dakian) hristianlaşdyrylandygyhy añladýar.
(Maglumat üçin awtoryñ "Göktürkler" makalasyna seret).
Şeýle-de traklaryñ ýene bir aýratynlyklarynyñ biri hökmünde görkezilen Megalit we Dolmen medeniýeti-de Sibirden Amerikadaky indeýlere, Ýakyn Gündogardan iñlis adalaryna çenli aralykda altaý-sibir halklarynyñ göç eden ähli ýerlerinde giñden duş gelýän özboluşly aýratynlykdyr.
(Maglumat üçin seret: Google-daky suratlar; Gornaya Shoria; Dolmen).
Trak nesilleriniñ häzirki wagtda ýaşaýan Balkan ýarymadasynda geçirilen genetiki barlaglar Balkan halklarynyñ altaý-sibir (R1), d.g afrika (E1b1) we skandinaw-orta ýewropa (I2) Y-gaplogruppalaryny göterýän halklaryñ dürli derejelerde garyşmagyndan emele gelen halklardygyny görkezdi.
Balkan halklarynyñ we prohindi-ýewropa diliniñ emele geliş prosesi-de professor Anatoliý Klýosow tarapyndan jikme-jik düşündirilýär.
(Serediñ: “Gen bilimine görä türkler” bölümi).
Trak sözüniñ düýp gelip çykyşy barada-da şulary aýtmak bolar: rimli geograf Pomponiý Mela I asyrda Azow deñziniñ demirgazygyny "Turkae" diýip atlandyrypdyr.
[C.Beckwith-2009 “Empires of the silk Road“] [K.Czegledy-1983 “From east to West“] [P.Golden-1992 “Introduction to the history of the Turkic people“]
Bu sebitdäki “Tyrkae” diýlen taýpalaryñ “türklerdigini” miladynyñ 77-nji ýylynda ýazlan “History of Pliny the Elder” kitabynda-da aýdylýar.
[C.Beckwith-2009 s.115] [D.Sinor-1990 “Cambridge History of Early Inner Asia“ s.285]
Gürrüñi edilýän antiki çeşmeleriiñ we taryhçylaryñ aýdanlaryndan ugur alyp, trak taýpalarynyñam öz döwürdeşleri we ýanaşyk ýaşan goñşulary taurlar ýaly Kawkaz-Garadeñiz giñişliginiñ üstünden Balkanlara gelen hunlar, awarlar, bulgarlar, oguzlar, peçenegler-bosniýalylar, gypjak-kumanlar ýaly klassyky döwlet toparlanmasy gerek mahalynda konfederasiýalar guran syýasy jemgyýetçilik düşünjesine eýe bolandygyny kesgitläp bolýar.
Türkolog alym, professor Mirfatyh Zakiýew "Thrac-Trak" sözüniñem "türk" sözi ýaly “dağ halky” manysyny berýän “Tau-er” - “Tu-erk” sözüne baglanşykly orta çykandygyny öñe sürýär.
Halit ÝAŞARKURT.
Taryhy makalalar