15:01 Gypjaklar we kumanlar | |
GYPJAKLAR we KUMANLAR
Taryhy makalalar
Taryhçylar gypjak-kumanlaryñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri-de, olaryñ erkeklerden we aýallardan düzülen kuwwatly goşunlarynyñ bolandygyny ýazýar. Şol bir wagtyñ özünde olar ykdysady taýdanam güýçli bolupdyr. "Wizantiýadan Horezme çenli aralykda ýaýylan oturymly ýerleri arkaly Wenesiýadan Orta Aziýa uzalan söwda ýollaryny öz gözegçiliginde saklapdyrlar..." [Seret: Cuman People, Metapedia] Gypjak-kumanlaryñ günbatar göktürkmenleri, kangar bileleşigi we kimek konfederasiýasynyñ düzüminde hereket edendikleri barada beýleki bölümlerimizde belläp geçipdik. Gypjak-kumanlaryñ gelip çykyşy we olaryñ taýpa konfederasiýasyny gurmaklary, has soñrakky döwürleri barada aşakda aýratynlykda maglumat bereris. ■ Kuman sözüniñ gelip çykyşy Boý ady hökmünde kumanlaryñ yzynyñ "ýerli amerikan taýpalaryndan bolan komançelerden (Comanche) çykaýmagynyñ ähtimallygy…” öñe sürülýär. [Seret: Thomas Mayne Reed, 1955] “Koman-çe” sözündäki “Koman” ýaly “Apa-çe” sözündäki “Apa” sözi hem türki sözler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. “…Gadymy hytaý çeşmelerinde aýdylmagyna görä, Altaý daglarynda ýaşaýan demirgazyk hunlara ilki "So" diýilse-de, soñra olar kuman, gyrgyz, çu-kşi we türk diýen dört taýpa bölünipdir…” [Seret: N.A.Aristow 1896; M.Z.Zakiew 1977]. Rim şäherini esaslandyryjy taýpalardan biri bolan etrüskleriñ şäheri Kum, Wengriýadaky Kuman we Makedoniýadaky Kumanowa şäherleri hem kumanlar bilen baglanyşyklydyr. [Seret: M.Z.Zakiew 2002]. Miladynyñ 70-nji ýyllarynda "History of the Judean war by Josephus Flavius" atly köne rus dilinde ýazylan bir taryhy maglumatda hem alanlaryñ ýaseslerdihi we olaryñ kumanlar bilen garyndaş dilde gepleýändikleri aýdylýar. [Seret: Meschersky N.A. 1958, 454] Professor Feridun Agasogly kumanlaryñ b.e.öñ III-IV asyrlarda Ýewfrat derýasynyñ kenarlarynda ýaşandyklaryny ýazýar. “…Mesopotamiýanyñ atly çarwa taýpalary sabyrlar, kumanlar, kutiler, lulular we turuklar baradaky maglumatlar b.e.öñki 2300-2200-nji ýyllara degişli wawilon toýun ýazgylarynda gabat gelýär…” [Seret: A.Klýosow “Overview Of Turkish Genetics” 2010-2012] ■ Gypjak sözüniñ gelip çykyşy Taryh ylmynda “continuity ~ dowamlylyk konsepsiýasynyñ” tarapdarlaryndan professor Mario Alineýiñ “Palaeolithic continuity of Indo-European, Uralic and Altaic populations in Eurasia” atly makalasynda aýdylmagyna görä, iññän gadymy döwürlerde käbir halklaryñ ýerasty kümeler ýasap ýaşaýan waglarynda Ural we Altaý halklarynyñ iki görnüşli öý gurandyklaryny, birinji görnüşli öý derýanyñ ýa-da köplenç iki derýanyñ birleşen iñ beýik alañynda, ikinji görnüşli öýem dereleriñ baýyrlarynda bolandygyny, her iki görnüşde gurlan öý ýere ýarym gömülgi ýagdaýda bolup, üçegini agaç tagtalar bilen ýapypdyrlar, käbir ýerde bu öýleriñ diwary agaçdan, käbir ýerde bolsa daşdan bolupdyr. Makaladan we makalanyñ adyndan hem görnüşi ýaly, Ural-Altaý halklarynyñ Palaeolothic zamanyndaky öýleriniñ agaçdan ýa-da daşdan bolandygy hem-de bu öý görnüşleriniñ ural-altaý halklaryndan hindi-ýewropa dilli kowumlara hem geçendigi mälim bolýar. Gypjaklaryñ taryhy prosesiñ dowamynda Ku (kuçak kukiji, kujşe, kuçe, küeşe, kýueşe, kuşi, kuşu, kuçuk, kumans, kuman, komani, kumandy, kun-ok, kun) ýa-da Ki (kipsak, kipçak, kifjak, kimçag, kimça-ud, kyfçak, kibi, kibir) ýaly atlar bilen atlandyryldylar. Türkolog M.Zakiewiñ aýtmagyna görä gypjak sözi ku-sak (ak sak) sözünden gelýär. Käbir taryhçylar bolsa gypjagy ki-pi - kipsak sözünden emele gelen hasaplaýar. Ku-sak ýa-da ki-pi - kipsak sözüniñ gypjak atly taýpa adyna öwrülmegi bolsa "agaç" we "Oguznama" eposy bilen baglanyşyklydyr. "Oguznamada" aýdylyşyna görä: "...Oguz han ýörişlerini dowam etdirmek üçin Idil (Wolga) derýasyndan geçmäge mejbur boldy. Ol munuñ alajyny tapmak üçin geñeşdarlaryna ýüz tutdy. Serkerdeleriñ arasynda Ulug Orda beg atly paýhasly biri bar eken. Olaryñ duran ýeri gür tokaýlykdy. Ol uzyn-uzyn agaçlary kesişdirip, biri-birine dañyp sal ýasady. Şeýlelikde goşun garşyky kenara geçdi. Oguz han muña diýseñ begendi we bu dana kişä: "Sen şu ýerleriñ begi bol, adyñam Gypjak beg bolsun" diýipdir..." "Oguznamada" Idil derýasynyñ töwerekleri Gypjak begiñ paýyna düşýär we bu sözüñ manysy agaç bilen baglanyşyklydyr..." (Seret: Saadetdin Gömeç "Türk taryhynda gypjaklar"). Wenger türkology Arpad Berta "Kumanlaryñ gelip çykyşy" makalasynda: "Gypjak sözüniñ döreýşi entek belli däl bolandygy üçin, onuñ "köwekde oturan" ýa-da "öýkeli" manylaryny oñlap bilemzok" diýip ýazýar. "Oguznamada" gypjak sözüne "köwekde oturan" ýa "öýkeli" manylarynyñ birem berilenok, gaýtam gypjak sözüniñ agaç bilen baglanyşyklydygy anyk bellidir. Gypjak adyny göteren ilkinji şahsyýet bolsa Ulug Orda begdigi üçin bu ýerde başga çaklamalaryñ geregi galmaýar. Epos-dessanlaryñ iñ esasy aýratynlygynyñ biri-de, taryhda milli jebisligi gorap saklamagyñ zerur döwürlerinde döredilmegine we real wakalaryñ legenda suwy çaýylyp hekaýatlaşdyrylmagyna esaslanýandygy mälimdir. Eposlaryñ bu aýratynlygy nukdaýnazaryndan seredeniñde "Oguznama" siñe seljerilende, gypjak sözüniñ Oguz han döwründe agaç öýlerde ýaşaýan türki taýpalardan söz açýandygy, agaç öýlerde ýaşaýan bu boýlaryñ begleriniñ adynyñ Ulug Orda beg diýip atlandyrylmagynyñ bolsa, onuñ tabynlygynda sansyz leşgerleriñ bolandygyna yşarat edýär. Şeýlelikde, Oguz han zamanyndan başlap demirgazyk sebitde ýaşaýan türk(men)lere gypjak diýlip başlanandygyny we Mahmyt Kaşgarlynyñ "Diwany lugat-et-türk" kitabynda bu sebitde ýaşaýan taýpalaryñ gepleýän türki diline gypjak dili adyny berilendigini görmek bolýar. Professor Mario Alineý “The Paleolıthıc Contınuıty Paradıgm” atly makalasynda “…Ýewropa dillerindäki "Tree" (agaç) sözünuñ “Tar” sözünden gelip çykandygyny..." ýazýar. Günbatar Göktürkmen konfederasiýasynyñ serkerdelerine Tarkan ýa-da Tarhan diýlipdir. Günbatar göktürkmenleriñ ýabgusy Istemi kaganyñ oglunyñ ady-da Tardudyr. Bu atlandyrmalaryñ agaç öýlerde ýaşaýan boýlar bilen baglanşyklydygyny bilse bolýar. ■ Gypjak we oguz dilleri Gypjak sözüniñ häzirem işjeñ ulanylmagynyñ sebäpleriniñ biri onuñ türki dilleri toparlara bölende ulanylmagydyr. Mahmyt Kaşgarly "Diwany lugat et-türkünde": "Gyrgyz, gypjak, oguz, tohsi (türkmenleriñ tahsy taýpasy bolmaly -t.b.), ýagma, çigil, ograk, çaryk boýlarynyñ gepleýän ýeke-täk türki dili bardyr" diýmeklik bilen, birnäçe şiwä degişli getiren mysallarynyñ içinde oguzça we gypjakça sözlere has köp ýüzlenýär. Diýmek, şu ýerden hem görnüşi ýaly Mahmyt Kaşgarlynyñ by gymmatly eseriniñ ýazylan döwründe bu iki taýpanyñ iñ uly we iñ esasy türki taýpadygy belli bolýar. Dildäki bu synplaşdyrma türki dilde gepleýän halklaryñ özlerine beren atlaryna-da täsirini ýetiripdir. Şol sebäpli professor M.Zakiýew "müñ ýyldan gowrak wagt bäri gypjak sözüniñ demirgazyk türklere berilen atdygyny, Ural-Idil türki boýlaryñ we hatda bulgarlaryñam bu umumy at bilen hereket edendigini" ýazýar. Dilçi alymlaryñ aýtmagyna görä, türki dili dürli toparlara bölmek bilen birlikde, türki dünýäsinde oguzlaryñ we ogurlaryñ bilelikde guran Hazar döwletiniñ ýaşan ýyllaryna çenli dil bölünşigi ogur we oguz görnüşinde gidýär. Hazarlar döwründe ogur "r" şahasynda gürlänleriñ oguz "z" dil aýratynlyklaryny özleşdirmegi bilen ogur we oguz diliniñ arasyndaky tapawutlyklar azalypdyr. Ähli türki dünýäsi oguz "z" dilinde gepläp başlapdyr we bir-birlerine has gowy düşünişjek ýagdaýa gelipdirler. Türkiýäniñ Ýyldyz Tehniki uniwersitetinden M.Selda Karaşlar "Diwany lugat et-türkdäki" oguzça sözleriñ köne gypjak türkçesindäki şekili" [Seret: The Journal of Academic Social Science Studies, Ağustos 2012] atly makalasynda "Diwany lugat et-türkdäki" oguz diline degişli 34 sözüñ mamlýuk-gypjak dilinde ýazylan eserlerde bir-bir gaýtalanýandygyny, geçirilen barlaglaryñ dowamynda bu sözleriñ many taýdanam, forma taýdanam oguz-türkmen dili bilen gabat gelýändigini subut edýär. Türkiýäniñ Jumhuryýet uniwersitetiniñ Pedagogika fakultetiniñ türk dili we edebiýaty bölüminin arhiw işgäri Özkan Aýdogdy "Diwany lugat et-türkde" geçen türki boýlaryñ we boýlara degişli dil aýratynlyklarynyñ garşylyklaýyn deñeşdirilmegi ýaşaýan ýer-ýurtlaryna görä baha berilende demirgazyk (günbatar) toparyna peçenegleri, gypjaklary, oguzlary, ýemekleri, başgyrtlary, basmyllary, kaýlary, ýabakulary, tatarlary we gyrgyzlary dahylly edýär. Günorta (Gündogar) toparyna bolsa çigilleri, tohsileri, ýagmalary, ugraklary, çaruklary, çomullary, tangutlary(?) girizýär. [Seret: Ö.Aydogdy, Journal of World of Turks, Vol 1, No 1, 2009] Ýokarda görkezilenlere ser salyp, Mahmyt Kaşgarlynyñ döwründe oguz we gypjak şahalarynyñ many we forma taýdan bir-birine paralleldigini, gypjaklaryñ türkmen diliniñ demirgazyk şahasyna degişlidigini, emma wagtyñ geçmegi bilen Seljuk we Osmanly imperiýalary döwründe Anadoly oguz-türkmen diliniñ Oguz Ýabgu döwletiniñ dilinden tapawutlanyşy ýaly, demirgazyk türkleriñ dili bilenem az-owlak tapawutlanandygyny görmek bolýar. Demirgazyk türkleri bilen osmanly dilinin arasyndaky tapawutlyklary azaltmak maksady bilen krymly Ysmaýyl Gaspyraly (1851-1914) "Dilde, pikirde, işde birlik!" şygary astynda bütindünýä türki kowumlaryñ düşünşip biljek ortalyk edebi dilini döretmäge çalşypdyr. Osmanly türkmençesine esaslanyp çykarylan "Terjüman" ("Terjimeçi") gazeti Krymdan başlap Kawkaza, Kazana, Sibire, Orta Aziýa ýurtlaryna, Gündogar Türküstana, Osmanlynyñ garamagyndaky ýurtlara, Müsüre we Eýrana ýaýradylypdyr. Şol bir dile esaslanyp döredilen jeditçilik ylmy metody bolsa az wagtyñ içinde Kryma, Kazana, Kawkaza, Idil boýlaryna we Orta Aziýa (şol sanda Türkmenistana-da) ýaýrapdyr. 1905-nji ýyla gelinendr eýýäm Russiýada ýaşaýan musulmanlaryñ bäş müñ çemesi mekdebinde Gaspyralynyñ döredip kämilleşdiren täze metodlary ulanylypdyr. Bu irginsiz tagallalar netijesinde türki dilleriñ arasynda belli bir derejede ýakynlaşmalar bolupdyr. ■ Gypjak-Kuman konfederasiýasy Ýokarda görkezilen deliller käbir taryhçylaryñ demirgazyk eýran halklaryndan tölisler käbir kowumlaryñ Orta Aziýanyñ jümmüşine süýşmekleri netijesinde gypjak-kumanlaryñ emele gelendigi baradaky ýalñyş we esassyz gipotezalary öñe sürýändiginiñ açykdan-açyk subutnamasydyr. Galyberse-de Orhon-Ýeniseý ýazgylary diýip at berilen mazar daşlaryndan hem görnüşi ýaly ýeniseý boýlaryndan bolan tölis (Seret: Erhan Aýdyn “Ýeniseý ýazgylarynda agzalýan türki taýpalar baradaky bellikler", Turkish Studies Winter 2011) ýaly at göterýän oýmaklaryñ tölisler bilen bile Demirgazyk Eýranda ady geçen tat, tati, talisan ýaly häzirki wagtda 50 müñ adama ýetýän halklaryñ hem aslynda Demirgazyk Eýrana ýerleşip assimilleşen Ýeniseý-Sibir halklarynyñ bir bölegidigini çak etse bolýar. Gypjak-kumanlar Günbatar göktürkleri diýip atlandyrylýan oguz, türkmen, kangar, peçeneg, gypjak-kuman we kimek boýlarynyñ Birinji Göktürkmen kaganlygynyñ ýykylmagy bilen kangar boýunyñ öñbaşçylygynda döredilen konfederasiýanyñ (659-750-nji ýyllar) agzasy bolupdyr. Agzalan boýlaryñ bir bölegi yslam dinine geçýär, bir bölegi Hazarlara goşulýar, galan bölegi bolsa Gündogar Ýewropa tarap süýşýär. Wagtyñ geçmegi bilen Hazar kaganlygy hem ýykylyp, Sibiriñ ähli türki dilli taýpalary (Anatoliý Klýosowyñ pikirine görä 10%-den başgasy) Aral-Kawkaz-Garadeñiz giñişligine ýaýraýar. Sibiriñ boşap galmagy kangarlaryñ, soñra Aral-Balhaş giñişliginde kimek boýunyñ öñbaşçylyk eden konfederasiýasynyñ düzümindäki gypjak-kumanlaryñ güýjüni artdyrypdyr we bu bileleşik soñabaka Gypjak-kuman konfederasiýasy adyny alypdyr. Emma bu bileleşigiñ belli bir kaganynyñ bolmandygny, şonuñ üçinem özara düşünişmezlikleriniñ bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Günbatarly çeşmeler tarapyndan düşünmesi kyn diýip häsiýetlendiren bu ýagdaýy aýallaryñam, erkekleriñem ýaş parhyna görä hukuklarynyñ we borçlarynyñ bolandygyna, kadalaşdyryjy düzgün-tertipleri amala aşyrmasy mümkin sosial toparlanşyklaryna yşarat edýär. Mysal üçin ýaşlaryñ jogapkärçiligini "gyrjyman" (kyrjyman) ady bilen maşgalaly erkekler topary çekipdir, olara wekilçilik etmegi bolsa ýaşulylar öz üstüne alypdyr. Dürli ýurtlara ýerleşmek prosesi döwründe gypjak-kumanlaryñ 30%-niñ ölendigi baradaky ylmy çaklama (A.Klýosow) hem bar. Gypjak-kuman ady bilen umumy atlandyrylan türki taýpalara açyk reñk tenli we reñbe-reñ gözli manysynda araplar sakaliba, ruslar polowes, ermeniler kharteş, nemesler flawen diýendikleri taryhy çeşmelerde bar. ■ Kawkaz-Garadeñiz giñişligi we gypjak-kumanlar Gypjak-kuman konfederasiýasyna giren oýmaklaryñ iñ gür oturan ýerleriniñ biri-de Kawkaz-Garadeñiz giñişligidir. Gypjaklar Idil-Ural sebitinde bulgar we başgyrt taýpalarynyñ ural boýlary bilen bilelikde guran Idil Bulgar döwletiniñ barlygy sebäpli, Balkan ýurtlaryna tarap süýşen peçeneglerden boşaşan Krym ýarymadasyna we Kawkaz-Garadeñiz giñişligine, Hazar şäherlerine ýerleşýär. Galan bölegi bolsa Rumynyýadan Gazagystana çenli uzalan aralykda maldarçylyga esaslanan çarwa durmuşda ýaşapdyrlar. Gypjaklaryñ Hazar kaganlygyny ýykyp täsirliligini güýçlendirendigine garamazdan peçeneglerden ölüm urgularyny alan Kiýew-Rus knýazlygyny üýşendiren söweşlere girendigi, ahyrsoñunda 1068-nji ýylda bolan Çernigow söweşinde üç rus knýazlygynyñ birleşen goşunyny derbi-dagyn edenden soñ Hazar deñzi bilen Dunaý derýasynyñ aralygynda häkimiýet gurandygy, Kiýew ruslaryny häzirki Ukrainanyñ çäginden Moskwa tarap süýşmäge we olary özlerine paç tölemäge borçly edendigi, şol bir wagtyñ özünde bolsa rus knýazlary bilen garşylyklaýyn gudaçylyk gatnaşygynda bolandyklary barada dürli taryhy çeşmeler habar berýär. Gypjak-kumanlar Kawkaz-Garadeñiz sebitlerine ýerleşmek üçin alyp baran uruşlaryndan soñ esli wagtlap, tä Çingiz hanyñ basybalyjylykly ýörişlerine çenli asuda durmuşda ýaşaýarlar. Mongol goşunlarynyñ Demirgazyk Eýranyñ üstünden Gypjak sähralaryna aralaşmagy bilen gaýtadan uruş ody tutaşýar. Mongol basybalyjylary 1223-nji ýylyñ 31-nji maýynda bolan Kalka söweşinde gypjak-rus birleşen goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Söweşden soñ mongollar gypjaklary we ruslary Dnepr derýasyna çenli kowalap, yzyndanam Idil Bulgar döwletiniñ üstüne ýöriş edýär. [Seret: Kargalov V.V. BSE, 3rd edition, 16, 520]. Emma mongol basybalyjylary Idil Bulgar döwletiniñ goşunlary tarapyndan taryhda ilkinji gezek ýeñlişe sezewar edilýär. 1232-nji ýylda geçiririlen mongol gurultaýynyñ karary bilen 1232-nji ýylda Baty hanyñ ýolbaşçyygynda Idil sebitine aralaşan mongollar ikinji gezegem çym-pytrak edilýär. 1235-nji ýylda Garagurumda geçirilen mongol gurultaýy Gündogar Ýewropany basyp almagy özüne esasy wezipe edip goýýar. 250-300 müñ urşujydan ybarat mongol leşgerleri kynlyk bilenem bolsa bulgarlary ýeñýär. [Seret: A.H.Halykow, 1994, 36]. Netijede 1240-njy ýyla çenli sebit tutuşlaýyn mongollaryñ golastyna geçýär. Baty hanyñ ýolbaşçylygynda Kawkaz-Garadeñiz giñişligini basyp alan mongol goşunlarynyñ esasy düzümi Orta Aziýaly türkmenlerden we beýleki türki taýpalardan ybaratdy. Baty han ýeñlen gypjak-kumanlary we bulgarlary öz tarapyna çekmegi başardy. Netijede Altyn Orda döwleti doly diýen ýaly Gypjak-Kuman döwletine öwrüldi. Hut şonuñ üçinem käbir taryhçylar Altyn Orda döwletini Gypjak kaganlygy diýibem atlandyrýar. Baty hanyñ jigisi Berke han Altyn Ordanyñ hany bolandan soñ (1257-1267) Seýfetdin el-Buhary atly türkmen derwüşiniñ ündewine eýerip yslam dinini kabul edýär. (Berke hanyñ yslam dinini kabul etmegi türkmenler üçinem diýseñ bähbitli bolýar. Eýrandaky Ilhanly mongol döwleti tarapyndan ölüm urgusyny alyp köpsanly türkmen begliklerine bölünen Anadoly Seljukly döwletiniñ türkmen taýpalary Berke hanyñ höküm sürýän ýerlerine göçýärler. Iñ soñky türkmen döwletiniñ hökümdary Alaeddin Keýkubadyñ gyzy Melike hatyna öýlenipdir. Şeýlelikde Berke han Anadoly Seljukly döwletine köreken boldy. Şeýle-de Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopolda bendilikde saklanýan türkmen-seljuk soltany Keýhysrow II-ni hem ýesirlikden boşadyp, Kryma getiripdir. Berke hanyñ musulman bolandygy mynasybetli, Müsürde Mamlýuk türkmen döwletiniñ hökümdary soltan Beýbarsyñ goşun birlikleri bilen ýaranlykda Ilhanly goşunlaryna garşy söweşip ýören Altyn Ordaly mongol garnizonlary köpçülikleýin yslam dinini kabul edýär. Berke han soñra Melike hatyndan bolan ogluna Krymyñ möhüm şäherlerini beripdir. Bu bolsa türkmen taýpalarynyñ Kryma göçüş prosesini hasam çaltlandyrypdyr. Türkmen alymy Soltanşa Atanyýazowyñ bir makalasynda Krymdaky ýer-ýurt atlaryndan we Krym tatarlarynyñ etniki özeninden türkmenleri gözlemeginiñ düýp sebäbinde, ynha, şular ýaly taryhy wakalar bardyr. -terj.belligi H.T.). Altyn Ordanyñ hany Özbek han (1313-1340) döwründe yslam dini Kawkaz-Garadeñiz sebitlerine giñden ýaýrapdyr. Bulgarlar (Kazan tatarlary) baryp-ha 992-nji ýyldan bäri yslam dinini kabul edipdiler. Netijede dürli sebäpler bilen çar tarapa pytran türki taýpalar yslam dini arkaly gaýtadan bir ýere jemlenipdir. Emir Teýmirleñiñ Altyna Orda garşy uruş yglan etmegi Altyn Orda döwletini çagşadýar we tagt dawalarynyñ başlamagyna getirýär. Tagt üstünde turan dawalar zerarly dargan Altyn Ordanyñ ýerlerinde Kazan hanlygy, Krym hanlygy, Astrahan hanlygy, Nogaý hanlygy, Sibir hanlygy ýaly hanlyklar döreýär. (Goşmaça maglumat üçin seret: Mehmet Maksudogly "Tatarlar mongolmy ýa türkmi", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/tatarlar_mongolmy_ya_turkmi/2018-10-04-2730); ■ Gypjaklaryñ integrasiýasy Häzirki wagtda Russiýada tatarlar diýilýän halklaryñ genetiki gan barlaglary geçirilende, olaryñ erkekleriniñ 40-70%-niñ Altaý (R1), Ural (N) Y-gaplogruppasyny, 6-9%-niñ © Y-gaplogruppasyny göterýändigi, aýallarynyñ bolsa hemmesiniñ diýen ýaly Günbatar Ýewraziýa gaplogruppasy diýilýän Ural-Altaý MtDNA gaplogruppasyny göterýändigi anyklandy. Özbegistana we Gyrgyzystana sürgün edilen krymly tatarlaryñ genetiki barlaglary bolsa, olaryñ 41%-niñ (R1) gaplogruppasy bilen birlikde 14% Ýakyn Gündogar-Günorta-Günbatar Aziýa (J2), 5 % Demirgazyk Afrika we 18 % Indus jülgesine degişli gaplogruppasyny göterýändigi seljerildi. Şol bir wagtyñ özünde Orta Sibirde ýaşaýan 100.000 çemesi Abakan tatarlarynyñ (hakaslar) 46%-i Ýakyn Gündogar-Günorta-Günbatar Aziýa (J1-J2), 12 %-i Orta Gündogar gelip çykyşly G1-G2 we 4% derejesiniñ bolsa Demirgazyk Afrika (E1) gaplogruppasyny göterýändigi belli boldy. Krymdan Orta Aziýa göç edendikleri ýa-da sürgün edilendigi çaklanylýan Abakan tatarlary (hakas türkleri we krymly tatarlar) boýunça geçirilen genetiki barlaglar duş gelen bu tapawutlylyk Krym ýarymadasynyñ gadymy döwürlerden bäri taryhyñ dürli döwürlerinde türki taýplarynyñ oturymly ýeri bolandygyny görkezýär. Bu migrasion proses b.e.öñ 700-nji ýyllarda gadymy grekler döwründen başlap Rim we Wizantiýa imperiýalary bilen genuýalylar döwrüne çenli, Krym ýarymadasynyñ 1475-nji ýylda Osmanly türkmen döwletiniñ düzümine girýänçä, umumy alanda 2.200 ýyllap Krym deñizýaka nokatlarynda söwda koloniýalaryny gurmak bilen dowam edipdir. Bu bolsa medeni ýakynlaşyga, ylaýta-da aşhana medeniýetine öz ýiti täsirini ýetiripdir. Hususanam pide-pizza, manty-makaron-wermişel tagamlary we olary bişiriş usullarynda muny duýmak bolýar. Oguz-türkmen dilindäki "ondan-mundan" sözi, krymlarda "ondaý-mundaý", ruslarda "dawaý-dawaý", ýa-da türkmen dilindäki "ata" sözi krymlylarda "ataý", ruslarda "ateý", ýa bolmasa türkmençe "aga" (eke) sözi krymlylarda "aka", türkmençe "däde" sözi krymlylarda "dadaý", ruslarda "dýadýa" görnüşinde duş gelýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, Türkiýäniñ Kastamony welaýatynda taryhy gelip çykyşy iññän gadymy döwürler bilen baglanyşdyrylýan Dadaý etraby bilen Az-dawaý şaglawugynyñ atlarynyñ hem nirden gelip çykandygyny bilmek kyn däl. Kastamony sözüniñ özi "kas-tau-öni" ("gaýalyk dagyñ öñi") sözüne menlik goşulyp "Kas-taum-öñi" (Gaýalyk dagymyñ öñi) manysyny berýär. (Bellik: Kasyr-Kasry sözlerinden we kyn işleri añladýan "kasmak" işliginden görlüşi ýaly gadymy türkmen dilindäki Kas ~ agyr-ýylçyr (türkçe "ýalçyn"), Tau-taw-tag ~ dag manysyny berýär. Professor M.Zakiýew hem Kaukas sözüniñ "Ak ýalçyn - aşylmasy kyn - gaýalyklar" manysyny berýändigini ýazýar. Şeýle-de "Az-dawaý" sözi gadymy türkmen sözi bolup, "az" (as, uz) sözi türkmen taýpasy bolan aslaryñ adydyr). ("Az bolsun - uz bolsun" diýen türkmen nakylyny ýatlañ -terj.belligi H.T.). Kawkaz-Garadeñiz giñişligine ýaýran türki taýpalaryñ iññän gadymy döwürlerden başlap Anadolynyñ Kawkaz kenarlaryna we jümmüşine aralaşandygy baradaky maglumatlar barmak büküp sanardan köp. Kawkaz-Garadeñiz sebitleriniñ XVIII-XIX asyryñ başlaryndan başlap ruslar tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde Osmanly ýurtlaryna ýerleşen taýpalar ähli beýleki bosgunlar ýaly Osmanly we Anadoly halklary bilen garylyp-gatylyp gidipdir. Bugünki gün olaryñ yzyny Anadolyda önüp-ösen nesilleriniñ hakydasynda görmek kyn däl. (Goşmaça maglumat üçin seret: prof. Salim Koja "Türkmen göçleri we ýaýylmalary", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmen_gocleri_ve_yayilmalari/2018-12-20-4061). Krymly taryhçy Sewdiýar Mämmet bu barada şeýle diýýär: "Krym ýarymadasynda taurlar, kimmerler, skifler, sarmatlar, alanlar, hunlar, hazarlar, bulgarlar, wengerler, peçenegler we gypjaklar ýaşapdyr. Olar biri-birleriniñ medeniýetine we däp-dessurlaryna sazlaşykly garylyp-gatylyp parahatçylykly ýaranlygy saklamak bilen bir bitewi halka öwrülipdir. Hatda olara iñ soñky gelip goşulan mongollar hem türkileşip bu bitewüleşen halkyñ bir bölegine öwrülipdir" [Sevdiyar Mamet, Etudes for ethnogenesis of the Crimean Tatars. New York. 1997, s.539] Ýonja Anzerliogly "Krymyñ hristian türkleri: Urumlar" atly makalasynda günorta we demirgazyk türki diliniñ aýratynlyklaryny görkezýän dilleri, urp-adatlary, däp-dessurlary we edim-gylymlary hökmünde gypjak-oguzlaryñ sintezi bolan hem-de häli-häzirem Deşdi-Gypjak sährasynda ýaşaýan prawoslaw urumlar boýunça beren düşündirişinde urumlara soñ-soñlar goşulan we obalaryna Türkiýede ýaşan oturymly ýerleri iñ adyny beren hristian ynançly garaman (karamanlar) türk(men)leriniñ bardygyny aýdýar. Şu ýerde Hazar imperiýasynyñ we Krym-Hazaryýa kaganlygynyñ döwlet dininiñ iudaizm (ýewreý dini) bolandygyny hem belläp geçmek gerek. 1475-nji ýyldan başlap Krym ýarymadasynyñ Garadeñiz kenaryndaky Sudak we başga-da birnäçe galalaryñ Osmanly türkmenleri tarapyndan dolandyrylmagy netijesinde, Anadolydan Kryma goşun gullugy we beýleki hünärmentçilik işleri bilen baglanyşykly göçüp gelen we ýerli halk bilen garyşan köpsanly türkmenleri Krym tatarlarynyñ aýry bir bölegini emele getiripdir. Netijede gadymy döwürlerden bäri türki taýplaryñ oturymly ýerleri bolan Kawkaz-Garadeñiz giñişligi we bu giñişligiñ merkezi hökmünde Krym ýarymadasy ýewraziýa halklarynyñ, olaryñ dinleriniñ we dilleriniñ garylyp-gatylyp özboluşly medeniýeti kemala getiren arenasyna öwrülipdir. Hut M.Zakiýewiñ güwä geçmegine görä, häzirki Russiýa Federasiýasynyñ düzümindäki Tatarystan Awtonom Respublikasynda ýaşaýan Kazan tatarlary - gadymy bulgarlaryñ, nogaýlar - gadymy asesleriñ, başgyrtlar - massagetleriñ we türkmenleriñ (başgyrtlaryñ aslynyñ türkmendigini S.Atanyýazow hem tassyklaýar -t.b.), çuwaşlar bolsa suas-marileriñ neslidir. [Seret: M.Z.Zakiew, 2002] ■ Gürjüstan we gypjak-kumanlar 1118-nji ýylda gürji koroly Dawid II-niñ we 1184-1214-nji ýylda Gürjüstana (Gruziýa) agalyk eden şa aýal Tamaranyñ çagyryşy bilen iki tapgyr bolup Gürjüstana ýerleşen we Gürjüstanyñ goşun güýjüniñ esasy bölegini emele getirip gürjüleriñ ýurdunyñ giñelmegine goşant goşan gypjak-kumanlaryñ bir bölegi soñabaka gürji aristokratiýasy bilen oñuşmandyr. Şeýle-de gürjüler Anadolydaky seljukly türkmenleri bilen aralaryna gorag halkasyny goýmak maksady bilen gypjak-kumanlaryñ ep-esli bölegini Garadeñiz sebitine we Anadola göçüripdirler. Osmanly döwründe gypjak-kumanlaryñ döwlet bilen dostlukly gatnaşyklar saklandygyny we olaryñ yslam dinini kabul edendigini taryhy çeşmeler habar berýär. Gypjaklaryñ bir bölegi gürji-prawoslaw buthanasyna garaşly bolup, ýene bir bölegi 1200-nji ýylda Any-Şetdady emirliginden basylyp alynan ýerdäki Grigorian-ermeni buthanasyna eýeripdir. Ermeni buthanasyna eýerýän gypjaklar Gürjüstandan zorluk bilen çykarlypdyr. Göç etmäge mejbur bolan gypjaklar ilki Kryma ýerleşipdir. XV asyrda Krymdaky gypjaklaryñ sany 35-40 müñ çemesi bolupdyr. Gypjaklar soñra Ukraina göçüpdirler. Grigorian gypjaklar şol döwürde ukrain ermenileriniñ Grigorian buthanasyndan özbaşdak hereket edendiklerine garamazdan, XVIII asyrda Ukrainadaky ermenileriñ içinde assimilleşip gidipdir. Netijede olaryñ yzynda ermeni gypçakçasy diýen garyşyk dilde ýazylan köpsanly ýazuw çeşmeleri miras galypdyr. Türkiýäniñ Gazy uniwersitetiniñ taryh bölüminiñ okuw boýunça işgäri Gülnisa Aýnakulowanyñ "Grigorian gypjaklary barada" [Seret: Türk Tarih Kurumu, Belleten, Aralık 2005] atly makalasynda ermeni buthanasyna eýeren gypjaklar bilen birlikde gypjaklaryñ Gürjüstana ýerleşişi, olaryñ Gürjüstandaky ýagdaýy barada jikme-jik maglumatlar bar. Türkiýäniñ Çankaýa uniwersitetinden Muhitdin Gül bolsa "Türk-gürji gatnaşyklary we Türkiýe gürjüleri" [SAÜ Fen Edebiyat Dergisi (2009-I)] atly makalasynda bolsa gürji taryhynda bir obada ýaşan atabegden başga gypjaklaryñ barlygyna degişli hiç hili maglumat ýokdugyny we Gürjüstandan Anadola göçen halkyñam aslynyñ gürjülerdendigini öñe sürýär. Muña garamazdan Gürjüstanda ýaşan gypjak-kumanlar barada birnäçe taryhy maglumat bar. Şeýle-de gadymy türkmen mifologiýasyndaky möjek mifi bilen kart we swan gürjüleriniñ ynanjyndaky möjek mifininiñ arasyndaky baglanyşygy, "kart" sözüniñ manysynyñ aslynda "gurt" diýen sözdendigini ünsden düşürmeli däl. Belki-de, kart we swan gürjüleriniñ genetiki taýdan barlagy garaşylmadyk täze maglumatlary getirse gerek. Mysal üçin, Tbilisiniñ Ilýa uniwersitetinden Dawid Tarkhnişwiliniñ we onuñ egindeşleriniñ çykarýan "Human Biology" [Seret: Human Biology Vol 86, 2014] atly žurnalynda çap edilen “Human Paternal Lineages, Languages and Environment in the Caucasus” atly makala Gürjüstanda (G2) ata-geni göterýänleriñ sümme tokaýly daglarda, (J2) ata-geni göterýänleriñ aram howaly we seýrek tokaýly daglarda, (J1) ata-geni göterýän dagly halkyñ tokaýsyz daglarda we (Altaý-Sibir) (R1b) ata-geni göterýänleriñ bolsa ýer dannaman her ýerde ýaşaýandygyny ýazýar. Makalada dagly halk bilen gypjaklaryñ arasynda beýleki gaplogruppalary göterýänlerde gabat gelmeýän dil meñzeşliginiñ bardygyna hem ünsi çekýär. Orta atylan deliller bu halklaryñ Gürjüstana ýerleşme döwürleriniñ ýa-da bol hasylly ýerler üçin özara göreşleriñ bolandygyna yşarat edýär. ■ Horezm we gypjak-kumanlar Orta Aziýanyñ iñ gadymy türki taýparyndan bolan we taryhyñ bütin dowamynda hunlar, göktürkmenler, kangarlar, gypjak-kumanlar, oguz-türkmenler bilen garylyp-gatylyp ýaşan horezmlileriñ gypjak-kumanlar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary nesilşalyklaryñ arasynda açylan gudaçylyk gatnaşyklary bilen hasam ýygjamlaşypdyr. (Terj.belligi: Tekeşiñ gypjaklar bilen ýaranlygyny berkitmek üçin gypjak hany Jankişiniñ gyzy Türkan hatyna öýlenendigini taryhçy Jumamyrat Gurbangeldiýew hem "Seniñ ýaşyñda" atly makalalar tapgyrynda belläp geçýär. Maglumat üçin seret, makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/senin_yasynda_2_makalanyn_dowamy/2019-01-31-4904). Horezm türkmen döwletiniñ soltany Tekeş şa gypjak şa zenany Türkan Hatyna öýlenmegi bilen kañly-gypjak taýpalary köpçülikleýin Horezm ülkesine ýerleşip başlapdyr. [Seret: A.Gökbel “Gypjaklar we kumanlar”, Z.W.Togan, “Harizm”, 250-253; Kafesogly, “Horezmşalar döwleti” 878-879] Gypjaklar gysga wagtyñ içinde Horezmşalar döwletinde iñ ýokary harby çinleri eýeläpdir we goşunyñ oñurgasyny şolar düzüpdir. [Seret: A.Gökbel “Gypjaklar we kumanlar”, Atamälik Jüweýni "Älemi eýeleýjiniñ taryhy", Kafesogly “Horezmşalar döwleti”]. (Goşmaça maglumat üçin seret: - Jumamyrat Gurbangeldiýew "Anuşteginogullary döwleti", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmen_dowletleei_anustegin_dowleti/2018-06-26-745); - Osman Öde "Köneürgenç türkmenleriniñ şalygy", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/koneurgenc_turkmenlerinin_salygy/2019-01-10-4579 Horezmlileriñ ilki eýran dilli bolup, göktürkmenler döwründen soñ türki dilde gepläp başlandyklary baradaky esassyz pikiri professor M.Zakiýew gysgaça şeýleräk puja çykarýar: Sogdaklar (sogd-sogdianalylar), partlar (parfiýanlar), kazanlar (kuşanlar) we horezmliler ilkibaşda-da türki dilde gepläpdirler. Wagtyñ geçmegi bilen olaryñ dili eýran diline ýakynlaşsa-da, Horezmiñ gadymy döwürlerdäki ady Horasm (Huarases-Horasmians) bolupdyr. Bu at Huar-Suae we As-Ases görnüşinde iki köke esaslanýar. Suar we As-ases taýpalary bolsa türki taýpalaryñ adydyr. Suar sözüni Subar, Sümer (şumer), Samara we Samarkant ýaly sözler bilen baglanyşdyrsak hakykatdan daş düşülmese gerek. Hut rus alymy S.P.Tolstowyñ özü-de "başga halklaryñ horezmlilere kangarlar diýýändigini" ýazýar. [Seret: S.P.Tolstow "Хорезм", Москва-1948] (Goşmaça maglumat üçin seret: - Jamma Meredow "Hüýr-Ürgenç tapylarmyka?", Saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/dasoguz_beglerbegi_oraz_hanyn_gadymy_oguz_saheri_urgenc/2018-06-25-716; - Osman Öde "Türkmenleriñ gadymy Horezm şalygy", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmenlerin_gadymy_horezm_afrig_salygy/2019-01-01-4308). Horezmlileriñ başga bir şahasy bolan Horasmianlaryñ (horasanlylaryñ) wagtyñ geçmegi bilen eýran diline geçiş prosesini eýran dilleri boýunça doktorluk dissertasiýasyny goran alym W.B.Henning aýdyñ düşündirýär. [Seret: "Selected Citations, Society and History". Essays in Honour Karl August Wittfogel / Ed. by G.L. Ulmen, Hague-Paris-New York, 1978]. Henning "...horesmian diliniñ puştun diline has ýakyndygyny, puştun diliniñ urdu diliniñ bir şiwesidigini we urdu diliniñ bolsa türki diliñ bir şahasydygyny...." ýazýar. (Goşmaça maglumat üçin seret: Jumadurdy Annaorazow "Mahmyt Gaznalynyñ döreden dili", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/mahmyt_gaznalynyn_doreden_dili/2018-12-12-3875). ■ Mamlýuklar we gypjak-kumanlar Gypjak-kumanlaryñ bir bölegi şol döwürde halyflygy elinde saklaýan Eýýuby türkmenleriniñ mamlýuklar goşun birligine goşulýar. Taryhy çeşmeler mamlýuk (memluk) sözüniñ "memalik" sözündendigini we sözünuñ "gul" manysyny añladýandygyny, hatda "Ed-dewlet-üt-türkiýýe" adyny göteren Mamlýuk-türkmen döwletiniñ adynyñ hem "gullaryñ döwleti" diýip terjime edilendigini, şol bir wagtyñ özünde mamlýuk harby ulgamyna meñzeş ýanyçarlaryñ esasy şahsy düzüminiñ ýesir düşenlerden we gullardan bolandygyny habar berýär. Bu bolsa döwleti elinde saklaýan mamlýuklara we ýanyçarlara gul diýilmeginiñ näderejede ýalñyş atlandyrmadygyny görkezýär. (Terj.belligi: Mamlýuklaryñ dürli milletlerden düzülen gullardygy baradaky kabul edilen pikiriñ bardygyna garamazdan, mamlýuk döwletiniñ häkimiýet agzalarynyñ aglabasynyñ türkmen bolandygyna şek-şübhe ýok. Mysal üçin, mamlýuk-türkmen soltany Seýfetdin Guduz Jelaleddin Meñburnynyñ uýasy Hansoltanyñ ogludyr. (Görnüşi ýaly onuñ kakasy hem Garahanly türkmen hökümdary "Soltanlar soltany" derejesini alan Osman soltan bolýar -t.b.) Seýfetdin Guduzyñ (Kutuz) Hansoltanyñ ogludygy baradaky maglumaty okamak üçin Rahmet Gylyjowyñ "Seýfetdin Guduz" makalasyna seret, makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/seyfeddin_guduz/2018-09-11-2409). Abbasy we Eýýuby häkimiýeti zamanynda mamlýuklardan düzülen gypjaklar, oguz-türkmenler we çerkezler 320 ýyl dowam eden Deli türkmen soltanlygyny (1206–1526), Müsürde we Siriýada 267 ýyl dowam eden Mamlýuk-türkmen döwletini (1257–1571) esaslandyrypdyrlar. Mamlýuk döwletini esaslandyryjy soltanyñ ady Aýbek Türkmen bolup, olaryñ iñ meşhur soltanynyñ ady Beýbarsdyr. "Bahry mamlýuklary" ady berilen gepleşik diliniñ gypjak şiwesinde bolandygyny, "burjy mamlýuklarynyñ" bolsa çerkez häkimiýetiniñ döwrüdigini, Mamlýuk-türkmen döwletinde köşk we goşun diliniñ türkmen dilinde bolandygyny bu döwürde çap edilen kitaplardan bilmek bolýar. 1279-1290-njy ýyllarda höküm süren Soltan Kalawun ermeni, frank we mongol ýaranlygynyñ birleşen goşunlaryny derbi-dagyn edip, öz döwrüniñ iñ beýik yslam hökümdary bolmagy başarypdyr. 1382-nji ýylda Mamlýuk-türkmen döwleti "Ed-Dewlet-üt Türkiýýe ýa-da "Dewlet-ül Etrak" ("Türkmenleriñ döwleti") diýip atlandyrylypdyr. [Seret: Ahmet Taşagyl “Kuman-gypjaklar”] (Goşmaça maglumat üçin seret: Rahmet Gylyjow "Faryseddin Aktaý", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/faryseddin_aktay/2018-09-11-2410). Häzirki döwürde geçirilýän genetiki barlaglar hem mamlýuklaryñ öz höküm süren ýerlerindäki ýerli halklar bilen bilen bitewileşip, olaryñ aýrylmaz bölegine öwrülendigini açyk görkezýär. ■ Balkanlar we gypjak-kumanlar Peçenegler hakyndaky makalamyzda aýdyşymyz ýaly, günbatar oguzlaryndan we peçeneglerden soñ köpçülikleýin ýagdaýda Wizantiýanyñ serhetlerine aralaşan (1045-nji ýylda) gypjak-kumanlara Wizantiýa imperatory skif-türk sözüniñ başgaçarak görnüşi bolan “Skythicon” (Skif urşujysy) diýen at beripdir. Hatda wizantiýa goşunynyñ ýokary çinli serkerdeleri türki taýpalardan gelip çykan harby gullukçylardan bellenipdir. Rumyniýa ýerleşen gypjak-kumanlar bolsa käbir feodal döwletleri gurupdyr. Mysal üçin 1310-njy ýylda Bessarab I (Basarab I) Bessarabiýa (Eflak) begligini, 1363-nji ýylda Bogdan I tarapyndan Bogdan begligini esaslandyrypdyr. Häzirki rumynlar Rumyniýa döwletinuñ Bessarabiýa begliginiñ binýadynda gurlandygyny we onuñ düýbüni tutujynyñ Basarabdygyny oña “Basarab the Founder” (Bessarab gurujy) diýmek bilen özlerem kabul edýär. Rumyn taryhçylary Basarab adynyñ kumanlaryñ adam adydygyny, Bogdan adynyñ bolsa heniz näbellidigini, emma onuñam wenger (bilşiñiz ýaly, wengerleriñ asly hunlardandyr -t.b.) ady bolup çykaýmagynyñ ähtimaldygyny öñe sürýärler. Bolgariýa ýerleşip hristianlygy kabul eden gypjak-kumanlar bolsa 1081-nji ýylda Wizantiýa tarapyndan ýykylan Bulgar döwletini gaýtadan dikeldipdirler. Ikinji Bulgar döwleti diýip at alan bu döwletiñ zamanynda hristian ynançly gypjak-kumanlarda Asenidler (Asena), Terteridler (Terter), Şişmanidler (Şişman) ýaly nesilşalyklary höküm sürüpdir. Makedoniýada ýerleşen gypjak-kumanlar bolsa, Makedoniýanyñ iñ uly üç şäherinden biri bolan Kumanowa şäheriniñ düýbüni tutupdyrlar. 1239-njy ýylda Köten hanyñ ýolbaşçylygynda Wengriýa ýerleşmek islän 40 müñ gypjak öýlüsi wengerler tarapyndan mähirli garşylanypdyr we Dunaý, Körös, Maros, Temes sebitlerine ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda Wengriýada ýaşaýan toksaba, borçogly, barak, kongurogly, çertan halas, ýylanjyk, ulaş ýaly taýpalar şol gypjak-kumanlaryñ neslidir. Dary ýa-da mekgejöweniñ bişip başlan miwesine aýdylýan "boza" (goza) sözi hem kuman dilinden galan mirasdyr. [Seret: Arpad Berta, "Kumanlaryñ gelip çykyşy, Wengriýadaky kumanlaryñ irkidöwür taryhy", 1996 – Terjime eden; Emine Ýylmaz, 1998] ■ Balkan türkleri Oguzlaryñ, peçenegleriñ we gypjak-kumanlaryñ yzysüre Balkan ýurtlaryna Osmanlylar aralaşypdyr. Baryp-ha Konstantinopolyñ eýelenmeginden ýüz ýyl öñ (1361-nji ýyldan başlap) osmanly türkmenleriniñ Balkanlara aralaşmagy demirgazyk we günorta türki taýpalaryñ täzeden birleşmegine getiripdir. Sebite göçüp gelen türkmen taýpalaryñ ýerli türki taýpalar bilen garylyp-gatylmagy we netijesinde Balkan ýurtlary bäş asyra çeken parahatçylykly döwrüne gowuşýar. Wizantiýa-Gündogar Rim imperiýasynyñ paýtagty Konstantinopolyñ (Stambul) edil alkymynda ýerleşen Edirne Osmanlylaryñ osmanlylaryñ ikinji paýtagtyna öwürmek üçin Çanakaleden üstaşyr Anadoludan goşun geçireniñ ýeterlik däldi. Trakýa we Balkanlar ýüzlerçe ýyllap, hatda müñlerçe ýyllap Garadeñiziñ demirgazygyndan Balkan ýurtlaryna aralaşan türki taýpalaryñ oturymly ýurdy bolmadyk bolsa, Osmanlylar bu ýerlerde uzak saklanyp bilmezdi. Edil şuña meñzeş ýene bir taryhy fakt ermeni çeşmelerinde ýatlanylýar: "1071-nji ýylda Malazgirt söweşiniñ iñ aýgytlaýjy pursatynda peçenegler we käbir oguz taýpalary wizantiýa goşunyny taşlap seljuk türkmenleriniñ hataryna geçýär". Bu taryhy fakt Balkan türkleriniñ taryhymyzyñ iñ möhüm sepgitlerinde nähili çynlakaý wezipäni ýerine ýetirendigine düşünmäge kömek edýär. (Maglumat üçin seret: Malazgirt söweşinde ilkibaşda wizantiýalaryñ hatarynda uruşmaga gelen gypjak, peçeneg, [o]guz taýpalarynyñ seljuk-türkmen garyndaşlarynyñ hataryna geçişi ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiñ "Seljuklar" romanynda (242-247-nji sah.) we türk ýazyjysy M.Nejaty Sepetçioglynyñ "Badalgam Merw" romanynda (türkmen dilinde) çeper beýan edilýär -t.b.). Generiki barlaglaryñ güwä geçmegine görä, 12 müñ ýyl öñ türki dilde gepleýän kowumlaryñ ýerleşip başlan Balkan ýarym adasy antiki döwürde ýaşan türki dili halklaryñ dowamly ýagdaýdaky oturymly ýurduna öwrülipdir. Ýazuwly taryhyñ başlan eýýamyndan bolsa taurlar, traklar, kimmerler, skifler, sarmatlar, hunlar, alanlar, asesler, bulgarlar, awarlar, oguzlar, majarlar (wengerler), kangarlar, peçenegler, gypjak-kumanlar we osmanlylar bu ýerlere göç edipdirler. Ynha, şeýle uzyn we agyr geçen prosesiñ netijesinde häzirki döwrüñ Balkan türkleri emele gelipdir. Balkan halklarynyñ gurlan ilkinji döwletlerini gurmaga gatnaşan balkanly türki taýpalaryñ Balkan halklarynyñ kemala gelmegine-de önjeýli goşant goşandyklaryny bu ýurtlarda geçirilen genetiki barlaglar tassyklaýar. Balkan türkleri hem beýleki türki taýpalar ýaly taryhyñ belli bir döwürlerinde agyr assimiliýasiýa proselerine uçrapdyrlar. Muña garamazdan edil Owganystandaky, Eýrandaky, Yrakdaky, Siriýadaky we Russiýadaky türki taýpalar ýaly ýaşan ýerlerindäki ýerli halklar bilen çaknyşmagyñ deregine agzybirlige we düşünişmäge esaslanan ýaşaýyş formasyny saýlap alandyklaryndanam, olaryñ umumy medeniýete beýlekiler bilen deñ derejede şärikdiklerini görmek bolýar. Ikinji paýtagty Edirne, üçünji we soñky paýtagty Stambul bolan osmanlylara Balkanlar diýseñ ýarapdyr. Anadolynyñ her oba-şäheri bilen birlikde osmanly türkmenleriniñ ýaşan öýleriniñ ülñüsi we gurluşy Balkan ýurtlarynda bire-bir gaýtalanýar. Bu bolsa osmanlylaryñ Balkan ýurtlaryna üns berip Anadolyny gözden düşürendigi baradaky ýalñyş pikire gulak germegiñ hajatynyñ ýokdugyny aýdyñ görkezýär. Halit ÝAŞARKURT. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |