12:44 Sarmatlar | |
SARMATLAR
Taryhy makalalar
Sarmatlar gyrgyz sähralarynda orta çykan skif-sak konfederasiýasynyñ bir agzasy hökmünde skifler bilen 400 ýyllap ýaranlykda bolupdyr. Professor Mirfatyh Zakiýew miladynyñ birinji asyryna degişli taryhy çeşmelerde Skifiýanyñ Sarmatiýa, bu ýurtda ýaşaýan skif (sak) kowumlarynyñam sarmatlar diýip atlandyrylyp başlandygyny aýdýar. B.e.öñ 500-nji ýyllarda ýaşan Gerodotyñ döwründe "Sauromat" diýlip ýatlanýan we olaryñ arasynda türki dilli kowumlar bolan roxalans (roks-alanlar=uraksi alan=ekerançy alan), alanlar, siraklar (sary+ak alan), aorlar (awarlar), ýazular (ýazyrlar, oguzlar) we meotlar bolandygyny, gündogar sarmatlarynyñ bolsa Orta Aziýa döwletleri bilen, aýratynam Türküstandaky subar we ases taýpalarynyñ emele getiren horezmlileri bilen (Huarases/Horasmians) ýakyn gatnaşykda bolandygyny hem sözüne goşýar. M.Zakiýew skif we sarmatlaryñ garym-gatym dilli (türki we arian dilleri) bolandygyny, şeýle-de bolsa olaryñ aglabasynyñ türki dilli taýpalardygyny, sarmat adynyñ hem "sary" sözünden gelip çykandygyny, antik döwürlerde halklaryñ başga halklary şular ýaly reñklerine görä atlandyrmagynyñ köp duşulýandygyny, şonuñ üçinem Gerodot tarapyndanam Sauromat diýlip ady tutulan sarmatlaryñ adynyñ hem türkmen diline esaslanýandygyny, Gerodot hem sauromatlaryñ skif dilinde gepleýändikleri barada ýazandygyny [Gerodot 4-nji paragraf 117], emma muña üns berilmändigini nygtaýar. Sarmatlara hiç hili baglanyşygynyñ ýoklugyna garamazdan rus patyşasy Pýotr I döwründe "sarmatlar kim?" diýen soraga slawýanlar diýip jogap berilipdir. XVIII asyrda slawýan, türk we nemesleriñ aslynyñ sarmatlardan gelýändigi hakyndaky çaklamanyñ öñe sürülendigini, has soñra skifleriñ finleri, sarmatlaryñ slawýanlary emele getirendigi baradaky pikiriñ orta atylandygyny, XIX asyrda skiflere türki taýpalar diýip gutarnykly karara gelinendigini, has soñra ýene olaryñ eýran dilli halklardan, ylaýta-da oset dilinde gepleýän halklardan diýip hasap edilendigini, emma eýran dillerini juda gowy tanaýan antik döwürdeşler bolan assiriýa, hytaý, grek we hatda pers çeşmelerinde bu pikiri tassyklaýan ýeke delile duş gelinmändigini, eger skifler, sarmatlar we alanlar osetik halklara degişli bolýan bolsa, Ýewraziýanyñ çar künjüne ýaýran ýagdaýda osetik ýer atlarynyñ we iñ bolmanda käbir ýerlerde oset kowmunyñ galyndylarynyñ galmasynyñ gerekdigine ünsi çeken M.Zakiýew, skifler sarmat, sarmatlar bolsa alan, hun, awar, bulgar, kuman, gypjak, oguzlardyr diýip gutarnykly netijä gelýär. R.K.Kowalew hem şuña ünsi çekýär: ioniýalylar, grekler, makedoniýalar, rimliler we wizantiýalylar dürli atlar bilen ýatlanylýandygyna garamazdan, şol bir dilde gürleýän halklar tarapyndan döwlet guruşlary we dowamlylyk görkezişleri ýaly, türki taýpalaryñ guran döwletlerinde-de şol bir ýagdaý gaýtalanypdyr. [Seret: “Huns” Encyclopedia of Russian History, 2004] Türk sözi ýazuw çeşmelerinde b.e.öñki VI asyrdanam öñ gelýändigi, heniz I asyryñ başlarynda gadymy rimli geografiýaçy Pomponiý Mela tarapyndan Azow deñziniñ demirgazygyny "Turkae" diýip atlandyrylandygy [C.Beckwith-2009 “Empires of the Silk Road“] [K.Czegledy-1983 “From east to West“] [P.Golden-1992 “Introduction to the history of the Turkic people“] bu sebitdäki taýpalaryñ “Tyrkae” diýilýän “türklerdigi" milady hasaby bilen 77-nji ýylda ýazylan “History of Pliny the Elder” kitabynda-da ýazylan. Şeýle-de tatar alymy Azgar Muhamadiýew antiki eýýamda Türküstan giñişliginde sypat taýdan "döwlet" manysyny añladýan we ýüzüne "türk" sözi ýazylan zikge pullaryñ çykarylandygyny [Problems Of Linguoethnohistory of the Tatar people, Kazan 1995] ýazýar. Miladynyñ II asyrynda ýaşan Ptolemeýe salgylanyp, Karpat daglarynda agathyrlaryñ (Agathyrs= agaç äri) taýpasynyñ, aşakky sebitlerde bolsa ýewropaly sarmatlaryñ, häzirki Moldawiýanyñ çäklerinde ýaşaýan aseslere ýanaşyk hunlaryñ, Don derýasynyñ boýunda sawarlaryñ ýaşaýandygyny ýazan Roman Kowalew b.e.öñ türki taýpalaryñ asla bolmandygyny orta atýan çüýrük pikirleriñ düýbüniñ boşdugyny subut edýär. Alym türki taýpalaryñ Kawkaz-Garadeñiz steplerinde bolmagynyñ, şol bir wagtyñ özünde Orta Aziýada-da bolmaklarynyñ hiç hili çaprazlygynyñ ýokdugyny, hytaý we hindi çeşmelerinde "türkleriñ ol ýerlerde juda gadymy zamanlardan bäri bardyklaryny" ýazandyklary barada gutarnykly delilleri orta atýar. Sarmatlar barada aýdylanda "sarmatizm" barada-da durup geçmek gerek. XVIII asyrda ýüze çykan sarmatizm düşünjesini orta atan polýaklar özleriniñ aslynyñ skandinaw halklaryna däl-de sarmatlara birikýändigine, sarmatlaryñam slawýan we fin-ugor halklaryndan emele gelendigine ynanýardylar. Häzirki wagtda polşalylaryñ ata taýdan genetiki gurluşy seljerilip görüldi. Olaryñ 70 göterimi Altaý-Sibir (R1) ata-geni, 3 göterimi Ural-Sibir Ural-Sibir (N) ata-geni we 17-18 göterimi (I) skandinaw ata-geni göterýär. Olarda asly eýranly günorta osetinleriñ (G2) ata-genine asla gabat gelinmedi. Hasan Mamaý “Alans in Pyrenees” makalasynda ruslaryñ Demirgazyk Osetiýa diýip atlandyrýan Digoriýasynyñ aslynda toksi-tokar-düger bolan türki sözüniñ adygeý dilinde aýdylyşydygyny, orta asyrlaryñ başlangyç döwründe ol ýerleriñ as taýpalaryndan bolan alan-asesleriñ ýerleşen ýurdudygyny ýazýar. Khazaria.com internet saýtynda paýlaşylan “Major studies of Ossetians” atly makalada hem günorta we demirgazyk osetinleriñ Y-DNA taýdan özara tapawutlarynyñ bardygyna, özem demirgazyk osetinleriñ hazarlara we gypjaklara has meñzeýändigine, günorta osetinleriñ bolsa günorta kawkaz halklaryna meñzeýändigine ünsi çekilýär. Halit ÝAŞARKURT. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |