23:32 Täze habarçylyk garaýşy | |
TÄZE HABARÇYLYK GARAÝŞY
Publisistika
Ali Sirmen - türk mediýasynyñ baýry žurnalisti... Faruk Bildiriji - türk mediýasynyñ ýüzüniñ tuwagy saýylýan žurnalistlerden... Bildiriji magdan çykarmak üçin Akbelen tokaýynda agaç çapýan "YK Enerji" kompaniýasynyñ gazetlerde çykan bildirişi hakda ýazdy: "Pul berýäniñ islegini çap etmek - okyjynyñ ynamyny ýer bilen ýegsan edýär. Bular ýaly žurnalistika jemgyýetçiligiñ bähbidini goramak beýlede dursun, güni güýçliniñ elinde oýnawaja öwrülýär". Bildirijiniñ muny ýazmagynyñ sebäbi "YK Enerji"-niñ bildirişini çap etmekden "Cumhuriyet" gazetiniñ ýüz dönderme kararyna redaksiýanyñ işgäri Ali Sirmeniñ garşy çykanlygy boldy. Sirmeniñ tutarygy şeýledi: "Habar beriş serişdesinde bildiriş berip pikiriñi mälim etmek ýa-da harydyñy tanatmagam söz azatlygyna girýär. Metbugat organlarynyñ düzümini ýa-da harydyny halamadyk adamynyñ ýa-da edarasynyñ azatlygyny çäklendirmäge haky ýok. Edil metbugat organynyñ saýlawlar döwründe beýanat bilen çykyş edýän syýasy partiýanyñ öñe sürýän pikirlerini goldamaýandygy üçin beýanaty çap etmekden ýüz öwrüp bilmeýşi ýaly..." Bu örän derwaýys çekişme. Mediýada indi bular ýaly ýokary hilli çekişmelere gözüñ ilenok... Faruk Bildiriji * * * Sirmen bilen Bildirijiniñ etiki cekişmesine başga nukdaýnazardan seredýärin: "YK Enerji" nämüçin bildiriş berme zerurlygyny duýdy? Bildirişi çap edip-etmezlik çekişmesinden öñ, şereketiñ nämüçin bildiriş berme zerurlygyny duýandygynyñ gürrüñini etsek gowy bolmazmy? Çünki meseläniñ ujy habarçylyk garaýşymyzy derñemegimize baryp direýär... Türk mediýasynda birtaraply "habarçylyk" garaýşy hök sürýär. Özem bu "wirus" AKP mediýasynyñ üsti bilen mazaly kök urdy we hemme habar beriş serişdesine ýolukdy. Indi habar taýýarlanda garşydaş tarapyñ pikirine salgylanmak sizi garalamaga ýeterlik bolýar! Şonuñ üçin Akbelen tokaýyny nämüçin çapýandygyny şereketiñ özünden soralmalydyram öýdülenok! Bular ýaly täze habarçylyk düşünjesiniñ gerimi çaltlyk bilen giñeýär, jady awyna-mähelle çozuşyna uçramajak bolup, žurnalist öz ugurdaş gatlagyndaky syýasatçydan, aklawjydan, biznesmenden, intellektualdan we gaýrylardan daşgaryn garşydaş mähelledäkiler bilen hiç hili gatnaşyk saklamaýar! Mysal üçin, birnäçe ýyllap "bäşler bandasy" diýilýän işewürlerden ýeke interwýu alýan, ýeke sorag berýän ýok! Çünki beýtseler çepçi mediýa merkezlerinde "dardan asyljaklaryny" bilýärler. Beýle-de bir žurnalistika bormy? Diñe interwýunyñ hiliniñ, kemçiliginiñ üstünde jedelleşip bileris. (Beýleki bir ýandan ep-esli pul berlensoñ, aklawjylaryñ biri FETÖ boýunça derñew işini alýar, öwrenje žurnalistleriñ üsti bilen suda täsir etmek üçin işine seredilýäni ilki mediýada aklamaga synanşylýar! Žurnalistleri tanyş-biliş gatnaşyklary bilen kabul etme operasiýalarynyñ ulanmaga amatly idiotlaryna öwürýärler. Haýp, ýagny baýrak bilen sylaglanýarlar!). Žurnalist maglumatyñ lokomotiwidir, ol habary jemgyýetçilige bitarap ýagdaýda ýetirmeli adamdyr. Habaryñ özenine aralaşyp, sorag bermäge borçludyr. Haýp! Sorag bermegiñ el-aýagynyñ baglanan döwrüni başdan geçirýäris. Ali Sirmen * * * Güman žurnalistikanyñ ganym duşmanydyr. Bu ýerden habar däl-de, halky başga ugra gönükdirmäge niýetlenen propoganda çykýar. Soñky ýyllarda şuña şaýat bolýarys: kabul etme (восприятие) işi "žurnalistika" diýip ýuwdulýar. Meselem: "Bäşler bandasy" Kylyçdaroglynyñ kandidaturasyna garşy çykýar" diýip ýazyldy. Ýazana alkyş okaldy. Ýogsam bolmasa ýagdaý tersinedi, ýöne muny hiç kimiñ eşdesi gelenokdy. Netije nähili boldy, ýeñiljegi öñünden belli Kylyçdarogly kabul etme (восприятие) arkaly kandidat edildi. Şular ýaly täze habarçylyk garaýşyny hiç kim derñejek bolmaýar... Sözümi jemlär bolsam, habara sebäp bolan kişiniñ ýa edaranyñ edýän işiniñ dogrudygy ýa-da nädogrudygy hakdaky karar köpçüligiñ ygtyýaryna goýulmalydyr. Täze habarçylyk düşünjämiz boýunça obýektiwleýin tankydy guramagymyz gerek. Şuny-da ýatladyp geçsem gowy bor: Dünýäde sany örän az käbir habar saýtlary özünde hiç mahabat-reklama berenok. Çünki şeýle diýýärler: - Ýokary girdejä garaşylýan bank reklamasyny bermek ahlak taýdan dogrumy? - Saglyga zyýanly ýüzlerçe azyk önümlerini satýan marketleriñ mahabatyny bermek ajlak taýdan dogrumy? Sanasañ sanabermeli. Mahabat etikasynyñ ölçegi nähili bolmaly? Häzir YouTube, Facebook, Twitter ýaly ulgamlarda berilýän mahabatlara nähili gözegçilik etjek, nädip çäklendirjek? Çekişme köp taraply we yzy dowam etdirilmäge degişli. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |