14:10 Täze rubagylar | |
TÄZE RUBAGYLAR
Dymýandygy üçin diýme «Gara ýer». Gaýta näçe renjiň bolsa ýere ber. Bereketli toprak beren zadyňy Altyn eder, merjen eder zer eder. *** Topragyňy suwar, depip-agdar, ek. Gül ýetişdir, nahal oturt, bag döret. Öwret ogullarňa bu ajap kesbi, Ýagşylyk dowamat saklanjak döwlet. *** Birsi gapdalyňda ýatsa hyk-çoklap, Aýyp bolar gülüberseň jak-jaklap. «Ýoldaşyň kör bolsa gözüň gyparak,» Agsagyň ýanynda durma bökjekläp. *** Depsem sarsdyrardym gaýa-dagyňny, A, indi, ah çekýän aýgagyrly. Bir dostum hem bu gün gülüp, şat bolup, Tans edeli diýip toýa çagyrdy. *** Ýas tutsaň daşyňy almasa hossar, Toý etseň toýuňda bolmasa dost-ýar, Muny öwüt bilme ýöne sen diňle Bu altyn ömürler mis deýin poslar. *** Peýdasy ýok eken belent boýlaryň, Pes bolsa içdäki pikir-küýleriň, Kimleriň arslan-şir ady bar, ýöne, Itiň gapysynda ýör-dä aýlanyp. *** Ýitirmejek bolgun sabyr-takady, Hak başa inderse agyr apady. Biabraý bolmak ölümden beter Diýip gözýaş etdi gyzyň agasy. *** Maşgalasyn taşlap, aýnap, mes bolup, Öz göwnüni hoşlap, pula beslenip, Indi ömri geçip barýar bimany, Ýata suwdan çykýan warryk ses bolup. *** Büdreseňiz, aýak çekip bir salym, Yza bakyp, yzyňyza ser salyň. Ýalňyşlyklar sizi kejikdirmesin, Gaýta ondan ybrat alyň, ders alyň. *** Goşgym gowşak, pikirlerim pes häli, Ýöne ýürek arzuwlaýar asmany, Meň ganat ýaýjgyma ynanmadyklar, Boldy gowşak pikirlermiň gassaby. *** Dabanyma darka çümen çüý ýaly Bu kellede bähbit aran küý doly. Il derdine çapsak özümiz undup, Diňe bir il üçin bolmaz peýdaly. *** Ýüzlerem, kalplaram nur dek, ýazyna, Köller hem guwanýar ördek-gazyna. Köňlümiň kölünden uçdy bir gazym, Indi, gam düşüp ýör mar dek, yzyma. *** Ýöräp däl-de, ýeriň üstünden göýä, Gaýyp gelýän ýaly, göterlip howa. Sessiz gadamlaňdan aşyk ýüregim, Älemi sarsdyryp, edip dur gowga. *** Ýar wysaly dilim baglap, lal eden, Derde saldy, kem galmadym däliden. Ýarym ýitirenme üç müçe boldy, Ýöne wagtam güýçli lukman däl eken. *** Gynanan ýerimde maňa sen gerek, Begenen günümde ýene sen gerek, Bir zada düşündim şu ýaşa gelip, Maňa her demimde diňe sen gerek. *** Düýedenem uly pil bar ekeni, Ony menden öňňe bilýär ekeni. Pili düýäň gapdalynda görmedik, Mydam düýä sežde kylýar ekeni. *** Şeýtanyň uzadan miwesi ýaly, Owadandy onuň hilesi-aly. Şondan bärik bokurdagy ynsanyň, Tümmerip dur ogryň kisesi ýaly. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Metamorfoza / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Bentler-rubagylar / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |