15:34 Tebip / hekaýa | |
TEBIP
Hekaýalar
Mundan ýigrimi ýyl gowrak öň, Esenmyrat aganyň on ýaşlaryndaky gyzy merduwandan ýykylyp bilini agyrtdy. Üç-dört sany oňurgasy ýerinden üýtgedi. Çaga sähelçe wagtyň içinde bükreýdi. Gasygynda käse ýaly çiş emele geldi. Dogtora görkezselerem: - Üç ýyl galman galypda ýatmaly bor – diýdiler. Esenmyrat aga şoňa-da kaýyl boldy. Ýöne ätiýaçdan: -Şondan soň bir galyp gidermikä? Gowy gutularmyka? – diýip, çekine-çekine sorady. - Görmeli-dä... — diýdiler. Şol ýekeje sözem onuň gonjuna gor guýdy. - Uly şäherlere äkidip göräýsem näderkä? – diýen maslahatam dogtorlar gaty bir unamadylar. Gaýtam gatyrgandylar. - Ady dogtor dakylan bolsa, biziň şu diýenimizi diýerler. Medisinanyň mümkinçiligi şol. Şolaryň bilýänini bizem bilýäs. - Üç ýyl gozganman ýatmaly bolsa, soňunyňam näme bilen gutarjakdygy näbelli bolsa, özem gyz maşgala – diýip, Esenmyrat aga iki ýana zowzludaberdi. Gyzyny galypa salmak uçin dogtora eltjeginem bilmedi, eltmejeginem. Wagt bolsa geçip barýardy. Ýaranyň könelişäýmegem, soň bejermekligiň has kyn düşäýmegem daş däldi. Ahyram ol, onuň-munuň maslahat bermegi bilen tebibiň gözlegine çykdy. Tebiplerň yzarlanýan döwri bolansoň, tanamaýan ýerlerinde-hä oňa ýüzem bermediler. Gorkdular. -Biz olar ýaly iş bilen meşgul bolamzok, siz ýalňyşyp gelipsiňiz – diýdiler. Tanyş üsti bilen baran ýerleriniňem köpüsi el-aýagyň ýeňil-ýelpaý döwük-ýenjiklerini bejerýänler ýa-da käbir iç kesellerinden dert çekýänlere dermanlyk odur-budur, ot-çöp salgy berýän tebipler bolup çykdylar. -Aý, bu döwürde indi bular ýaly duýpli keseli bejeribiljek tebip galanam däldir. Tohumyny tüketd-ä hökümet olaryň – diýip, Esenmyrat aga halys ugruny ýitirip otyrka-da obadaşlarynyň biri gelip: -I-i... Maryda Ussa Haýtyň ogly bolmaly. Şoňa gitsene sen – diýdi. Dertli bolsaň, salgy berlen tarapa eňiberýän ekeniň. Esenmyrat aga-da şol günüň ertesi ýola düşdi. Birigüni diýlende-de, bir wagtlar tebipçilik sungaty boýunça külli türkmene belli bolan Ussa Haýtynyň ogly Ýalkaby ýany bilen alyp geldi. Gyzyny görkezdi. -Gül ýaly çaga solup barýa, gaýrat ediň – diýip, gyzyň ejesem gözüne ýaş aýlady. Ýalkap ussa gyzyň bilini, gasygyndaky çişi üns bilen synlady. Oňurgalaryny sanaýan ýaly, barmaklary bilen ýeke-ýeke basyşdyryp gördi. -Şu ýeri agyrýamy, bu ýeri agyrýamy, ine, bu ýeri nädýä? – diýip sorady. Soňam içini hümledip oturdy-oturdy-da, ýolboýam telim gezek sorandygyna garamazdan, Esenmyrat aga ýüzlenip: -Dogtorlara görkezdik diýdiňiz dälmi? – diýdi. Är-aýal ikisi iki ýerden “hawa-da-hawa” boluşdylar. Ýalkap ussa şondan soňam sesini çykarman ep-esli oturdy. Çaý içdi. Burçak-burçak derledi. Öý eýeleriniň tukat oturandyklaryny görüp ýuwaşja seslendi! -Gaýgy etmäň, Alla bizlik bolsa, hassaňyz gutular işalla. Esenmyrat aga muňa çaga ýaly begendi. Aýalam begendi. Uýalarynyň gutuljakdygy üçin, doganjyklaram begendiler. Gyzyň özem begendi. Olaryň begenendiklerini görüp, Ýalkap ussa-da begendi. Ertesi irden ol Esenmyrat aga bilen aýalyny| ýanynda oturdyp şeý diýdi: -Siz üstünden birküç ýyl aşan iküç litr sary ýag, bir sany ýag meşigini, bir litr ýaly çörden ýasalan garaýag, ýumurtga ýagyndanam tapybilenjäňizi tapyň-da, bir aýlap gyzyňyza günde bir gezeg-ä ýarym käseden saryýag içiriň. Günde bir gezegem güneşe çykaryň-da, oňurgasynyň yzaly ýerine ýumurtganyň ýagyny çalyň. Ýag meşigini gasygyndaky çişe daňyň. Bir aýlap aýyrmaň. Şu zatlary edip bolanyňyzdan soň meni çagyraýyň. Esenmyrat aga ýadyndan çykarmazlyk üçin, aýdylan zatlary okuwçy depderinden goparylyp alnan bir tagta kagyzyň ýüzüne ujy küti galam bilen belleşdirdi. Ussa gepläp durka telim gezek sözüni bölup: -Ýyl aşan diýdiňmi?.. Ýag meşik haýsy malyň derisinden edilen bolmaly?.. Ýumurtga ýagy nememi?.. Özümjik o zat etsemem bormy? Hä?.. Şeýlemi?.. Garaýagam diýdiňmi? Çörden ýasalanmy? Oý-ho-o... – diýip, çintgeşdirdi. Iň soňunda-da: -Galan zatlaňňa düşnükli welin, garaýagy nätmeli onsoň? – diýdi. Ussa etjek işiniň netijesini öňünden göz öňüne getirip bilýän ökde hünärmendiň sowukganlylygy bilen howlukman gepledi. -Oň bu wagt geregi ýok. Ýöne tapyp goýuň. Gelemde taýýar bolup dursun. Ýalkap ussa gitdi. Esenmyrat aga bar işini terk edip ýaňky zatlaryň gözlegine çykdy. Galan zatlar-a kynam bolsa nägerek-eýle tapyldy welin, bir wagtlar islendik öýüň dulunda asylgy durýan ýag meşigini tapmak kyn boldy. Bolsa-da ilçilik, dagda-düzde oturanlaryň üstüne gitdi, gum içindäkilerden soraşdyrdy, garaz, onam tapdy. Bir aýlap ussanyň aýdanlaryny berjaý etdi. Gyzjagazynyň biliniň göz-görtele gönelenini, çişiniň aýrylanyny görübem begenjine maşyn tutdy-da, göni Ýalkap ussanyň üstüne eňdi. Günübirinem alyp geldi. Ussa ýene-de gyzyň bedenini birlaý gözden geçirdi-de, gapydaky gara öýe tarap eňegini ülňedi. — Şol öýüň içinde ojar ýakyň. Közi köp bolsun. Ojagyň gapdalyna tämiz düşek atyň-da, gyzam şol ýere eltiň. Hemme zat aýdylyşy ýaly bolandan son, ussa gyzy düşegiň üstünde ýüzin ýatyrdy. Oňurgasynyň üýtgän ýerine hamyrdan “ýürek” etdi. Içine-de gyrmaladybraga-da garaýag guýdy. Ojakdaky gülberişip duran çog-gyzyl közleriň birini ätişgir bilen jüpläp alaga-da, garaýagyň bir barmak ýalyrak ýokarsynda saklap durdy. Köz köräberse ony zyňdy-da, başgasyny aldy. Hä diýmänem ýüregiň içindäki garaýag “bygyr-bygyr” gaýnap başlady. (Tenine ötmeýän bor-a çemeli, gyz tisginmedem.) Zol-zolam egilip gyzyň agzyny ysgady. Gyzyň agzyndan garaýagyň ysy gelip ugrandanam: -Boldy! – diýip gygyrdy. Gyzyň bilindäki “ýüregi” aýyrdy. Köýnegini çekişdirdi. – Tur, gyzym! Bar, özüňem emiň-ýomuň şu bolsun!.. Ata-enäniň şol wagtky begenjini heý, ýazyp beýan edip bolarmy? Esenmyrat aga şol gün toý etdi. Oba bagşylaryny ýygnap aýdym aýtdyrdy, Ussa serpaý ýapdy. Telim wagt bäri ýorgan-düşekli ýatan gyzynyň baýdak ýaly parlap, deň-duşlary bilen iki-ýana daz ýasaýandygyny görende bolsa begenjine gözlerine ýaş aýlady. - Bendäm-bendäme sebäp diýenleri-dä. Ömrüň uzak bolsun, ussa – diýip, öwran-öwran Ýalkap ussanyň dyzyny penjeledi. ...Şol gyzy soň Esenmyrat aganyň ähli çagalaryndanam daýaw bolup ýetişdi. Durmuşa çykdy. Üç-dört çaganyň enesi boldy. Ol häzirem tut ýaly sagat. 1990 ý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||